Hudaýyň ynsan bilen gatnaşygy

Ilki dünýä ýaradylanda, adamyň Hudaý bilen gatnaşygy kämildi, sazdy we olar
Hudaý bilen jennetdediler, ýagny Erem bagynda. Başlangyç kitabynyň 2-nji babynyň
8-nji aýadynda şeýle diýýär: “Reb Hudaý gündogarda ýerleşen Eremde bag oturdyp,
adamy şol ýerde ýerleşdirdi. Erem ýewreýçe «hezillik» diýmegi aňladýar. Adam
ata bilen How ene şeýle hezillik ýerde Hudaý bilen ýaşaýardylar.

Bu gatnaşyk nähili uýtgedi?

Hudaý Adam ata öňünden: “Ýagşy-ýamany
saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman
ölersiň” ( Başlangyç 2:17)  diýip
duýdurypdy. Hudaýa boýun bolmazlygyň muzdy ölüm. Hudaý 17-nji aýatda şeýle
diýýär: “Sen ölersiň”. Ölüm bärde ‘aýraçylygy’ aňladýar. Öň Adam ata, How ene
Hudaý bilen bagda bile ýöreýärdiler, iň ýakyn gatnaşykdadylar. Başlangyç 3:8-de:
“Salkyn aralaşanda, adam aýaly bilen bagda gezmeläp ýören Reb Hudaýyň sesini
eşidip, bagdaky agaçlaryň arasynda Onuň huzuryndan gizlendiler”. Ýone Adam ata bilen
How ene Hudaýy diňlemän günä etdiler, we şol zerarly Hudaýdan aýryldylar. Indi
günä edilenden soňky gatnaşyk öňki ýaly däldi. Hudaý Adam atany bagdan kowdy
(Başlangyç 3:24).

Ölümiň netijesi näme?

Birinjiden bu günä ruhy aýralyga eltdi. Olar ilki bilen Hudaý bilen
gatnaşyklaryndan aýryldylar. Soň birek-bireklerine bolan gatnaşykdan hem sebabi
olaryň kalbynda sazlaşyksyz duýgular döredi. Şu 1-nji ölümiň netijesi.

Ikinjiden, bu günä fiziki aýralyga eltdi. Haçanda biri ýoglanda onuň teni
ýerde jaýlanyp, Hudaýyň 2:7, 3:19-de aýdyşy ýaly ten çüýräp, topraga öwrülýär.
“Sen
ýerden alnansyň we ýere dolanarsyň”
ýöne onuň ruhy tenden aýry galýar. Adamyň Hudaýa tabyn bolmandygy üçin, ynsanyň
ruhy bölegi, ýagny kalby/ýüregi Hudaýdan aýrylyşdy. Hudaý Adama bu ölüm barada
öňünden duýdurypdy, ýöne adam gulak asmady. Bu baky ölüme-baky aýralyga
getirdi.

Şol Hudaýdan bolan aýraçylyga ýene
öňki derejesine dikeltmäge ýol barmy?

Hawa, Hudaý Isany ýollap, bizi bu baky ölümden halas etdi. Şeýtan hatda şu
gün hem bizi aldawa salmak isleýär, ýöne Isa bizi şeýtana garşy durmaga zerur
bolan zatlar bilen üpjün etdi. Isa şeýtanyň synaglaryna, mekirligine gowy
düşünýär, sebabi Ol hem şu dünýädekä şeýtan tarapyndan synag edildi.

Mattanyň Hoş Habarynyň 4-nj babynyň 1-11 aýatlarynda, edil Adam ataň şeýtan
tarapyndan synag edilişi ýaly, Isa hem şeýtan tarapyndan synag edildi, ýone Isa
şeýtanyň mekirligine tabyn bolmady. Adam ata bolsa onuň mekirligine ynanyp, oňa
tabyn boldy.

Biziň häzirki gündelik durmuşymyzda hem şeýtan tarapyndan şeýle synaglar
bolup geçýär. Şonuň üçin hem biz gaty seresap bolmaly. Ine şu aýatlar size
nähili seresap bolmalydygyny görkezýär.

2-nji Korintos 11:3: “Emma ýylanyň
How enäni kezzaplyk bilen aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde
bolan sadalykdan aýrylarmykan diýip gorkýaryn”.

Ýahya 8:44: “Siziň ataňyz iblis owaldan ganhordy,
hiç wagt hakykatyň tarapdary bolmady, çünki onda hakykat ýok. Ol ýalan sözlän
mahaly öz-özünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy”.

Ýakup 4:7: ” Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol sizden
gaçar”.

1Peter 5:8-9: “Hüşgär boluň, oýanyň. Duşmanyňyz
bolan şeýtan arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir.
Dünýädäki doganlaryňyza-da şeýle görgüleriň sataşýanyny bilýäniňiz üçin, oňa
garşy imanda berk duruň.”

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *