Dunyaning halklary Reb Hudaya sejde edyarler!

“Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudayyng hasiyetine eye bolsa-da, Huday bilen dengligi olja hasap etman, gaytam gul hasiyetini alyp, adam keshbine girdi, Ozuni hich etdi. Sypatda ynsan bolup, olume, hatda hach ustundaki olume-de boyun egip, Ozuni kicheltdi. Shonung uchin hem Huday Ony juda beygeldip, Ona ahli atdan belent ady berdi. Ol muny gokdakilering, yerdakilering we yer astyndakylaryng bary Isanyng adynyng hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudayyng shohrat uchin Isa Mesihing Rebdigini ykrar etsin diyip etdi.” Filipliler 2:5-11

Yokardaky ayatlarda aydylyshy yaly bu gunki gun Hudayyng Hosh Habary bolan Isa Mesihing Halasgar we Rebdigini kabul eden ynsanlar dunyaning durli kunjeklerinde Hudaya hakykatda we ruhda sejde edyarler. Hawa heniz, kop yerlerde hakykata dushunman Hosh Habary ret edip gelyanler bar, emma Hudayyng Sozunde aydylyshy yaly bu gun yada ertir yada dunyaning songy gelende hachanda Reb Isa Mesih shohratynda goklerden gaydyp gelende her bir dil Onung onunde dyz epmeli bolar we islese islemese Onung Reb we Halasgardigine goz yetirerler…yone bu gun yagny bu durmushda kabul etmediklere olumden song yada dunyaning ing sonky gununde Onung onunde dyz epenlerinde gaty kyn bolar, chunki Ol guni adamlar eden gunalerining jezasyny baky dowzah odunda alarlar! Emma bu gun gutulysh guni kim kalbynda Hudayyng chagyryshyny duyyan bolsa we Huday bilen diri gatnashygy kuyseyan bolsa onda Hosh Habar barada oylan we hakykaty kalbyna kabul et. Shonda ashakdaky Singapor yurdynda yagny Kichi Aziayada yerleshyan Singaporly Isa Mesihe imanly doganlarymyz yaly Hudaya sejde edip bilersing we gunalerinden, sheytanyng gulchulygyndan ruhy erkinlige chykyp bilersing we Hudayyng baky yashayshyny Isa Mesihde alyp bilersing!

Bu goyjak videomyz English dilinde…



6 thoughts on “Dunyaning halklary Reb Hudaya sejde edyarler!

  1. Salam gadyrdan ildeshim!
    Name uchin sening pikiringche milletler Oz Yaradyjysyna owguler aytmasyn…Uns beren bolsang hakyky sejde her bir milleting dilinde aydymlarda owgulerde, durli saz-gurallarynda, ahli bar zat bilen sejde edyarler!
    Chunki Reb Hudayyng bizden isleyani shol chunki biz hak sejde uchin yaradyldyk we Hudayymyzyng shohraty uchin yaradyldyk!

    Eger sende bashga pikir bar bosla sen paylashyp bilersing!
    admin

  2. Dünýäde her dürli dinler bar. Emma dünýä bilelikde Reb Hudaýa sežde edýäris diýenini eşidilmeýär. Diňe buda däl. Sebäbi biz madda we kanun düşünjesinde ýaşaýan ilatyň içinde. Häzirki günümizde islendik kişiň aňynda esasy zat kanun. Yagny islendik bir sebäbi kanun bilen düşündirmeli. Emma kanunyň özi hem öz dili bilen başarammok diýdi.
    Islendik ilçi (pygamber) hem öz pikirini aýtýan däldir. Onuň Ebedi we Ezeli bolan Alim mugallymy bar. Islendigem islendik asyrda we islendik ýerde ölümiň ýok bolmak däldigini, Haktagalanyň bardygyny, hasabyň bardygyny, Jennetiň we Dowzahyň garaşýandygy we ş.m düşündirdiler. Maksatlary bir. Emma biziň aňymyza mundan başga-da esasy zat bar diýen ynançlar bolýar. Diýmek ölümden soň hasabyň garaşýandygy, Jennetiň we Dowzahyň garaşýandygy belli bolsa, Onda bize diňe Haktagalanyň özüne sygynmak galýar. Çünki her bir zat onuň elinde.
    Islendik ilçini goýberende Oldur. Çünki erte hasapda bahanalary bolmasyn diýip.
    Onda bize Haktagaladan ýokarda zat ýokdyr.
    Onuň şärigi ýokdur. Ol güýç we kuwwat eýesidir.
    Çünki Kuranda hem şunuň ýalyrak manyda aýat bar.
    “Eger Ýerde we Gökde, ilah bolan bolsa onda, ýerde , gökde berbat bolardy” Dogry bu ýazgyny edil göçüribä ýazamok, ýöne ýadymda galan, manysy şeýleräkdi öýtýän.

  3. Sen bizing diyjek bolyanymyza dushunmansing. Chunki elbetde hemme milletler Yaradyjy Rebbe sejde etmezler, dine dogrulyga ajygyp suwsanlar we Yaradyjynyng chagyranlary her bir milletden hakykatda Ona sejde ederler. Huday hemme milletden Oz patyshalygy uchin saylanlaryny gutulysha yetirer we bu gunki gun her bir milletden Hudayyng Isa Mesihde upjun eden gutulysh yoluna iman edip hak yoldan yoreyanler we hakykatda we ruhda sejde edyanler bar! Elbetde kabir yurtda olar kop, kabir yerlerde az, yone bar…
    Yone wagty gelende yagny Isa Mesih dunyaning hokumdary hokmunde ahyrzamanda gaydyp gelende bolsa her bir dyz Onung onunde epiler we Onung Reb Halagardigine dushunerler we iman ederler. Emma ol gun kopler uchin beyle ynam gich bolar, chunki ol gunde dogry imanda yashanlar Hudayyng Patyshalygyna Hudayyng “YOL< Hakykat we Yashayysh" edip bellani Isany kabul etmedikler bolsa baky hokum ediler we jezasyny alarlar.
    Biz Hudayyng "sharigi bolupdyr…" diyip aydamyzok, yada Yazgylar hem muny aydanok… Yazgynyng aydyany, Huday ozal bashda hemishede Ozuni "Ata Huday, Baky Soz bolan Hudayyng Sozi we Mukaddes Ruhda Birdigidir" Bu dushunje dushunmek gaty kyn elbetde, chunki Huday gaty "gozyetmez, beyik we chylshyrymlydyr…" Bu sebapden biz Onung Ozuning Ozi barada ayan edenleri esasynda tanap bilyaris!
    Sening ing sonky yazanyng elbetde hakykatda gabat gelyar, yagny eger Huday Ozuning butin shohraty we bolshy bilen yaradan dunyasine girip gelen bolsa onda Onung onunde hich bir zat durup bilmezdi, but sebapden Huday yaradan dunyasine aralashanda bizing kabul edip biljek yagdayymyzda Ozuni ayan edipdi we edyar, chunki Ol hemme zady basharyandyr! Biz Ony chaklendirip bilmeris we Ol bizden maslahat soramaz nahili etjekdigini, biz dine Onung Ozuning upjun eden "Yoluny, Hakykatyny we Yashayshyny" kabul edip bileris!
    Goy Rebbimiz sening ruhy gozlerini achsyn we sana Onung soygusine, merhemetine we rehimine dushunmegine yardam etsin!
    hormat bilen,
    admin

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *