TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Her bir ynsan Isa Mesihiň Halasgär we Rebdigini ykrar eder…(aýdym)

19th September 2010

Her bir ynsan Isa Mesihiň Halasgär we Rebdigini ykrar eder…(aýdym)

“5Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun.6Ol Hudaýyň häsiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän,7gaýtam, gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi.8Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi.9Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi.10Ol muny Gökdäkileriň, Ýerdäkileriň we Ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin,11her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi.” Filipliler 2:5-11



posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 1 Comment

16th September 2010

Dunyaning halklary Reb Hudaya sejde edyarler!

“Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudayyng hasiyetine eye bolsa-da, Huday bilen dengligi olja hasap etman, gaytam gul hasiyetini alyp, adam keshbine girdi, Ozuni hich etdi. Sypatda ynsan bolup, olume, hatda hach ustundaki olume-de boyun egip, Ozuni kicheltdi. Shonung uchin hem Huday Ony juda beygeldip, Ona ahli atdan belent ady berdi. Ol muny gokdakilering, yerdakilering we yer astyndakylaryng bary Isanyng adynyng hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudayyng shohrat uchin Isa Mesihing Rebdigini ykrar etsin diyip etdi.” Filipliler 2:5-11

Yokardaky ayatlarda aydylyshy yaly bu gunki gun Hudayyng Hosh Habary bolan Isa Mesihing Halasgar we Rebdigini kabul eden ynsanlar dunyaning durli kunjeklerinde Hudaya hakykatda we ruhda sejde edyarler. Hawa heniz, kop yerlerde hakykata dushunman Hosh Habary ret edip gelyanler bar, emma Hudayyng Sozunde aydylyshy yaly bu gun yada ertir yada dunyaning songy gelende hachanda Reb Isa Mesih shohratynda goklerden gaydyp gelende her bir dil Onung onunde dyz epmeli bolar we islese islemese Onung Reb we Halasgardigine goz yetirerler…yone bu gun yagny bu durmushda kabul etmediklere olumden song yada dunyaning ing sonky gununde Onung onunde dyz epenlerinde gaty kyn bolar, chunki Ol guni adamlar eden gunalerining jezasyny baky dowzah odunda alarlar! Emma bu gun gutulysh guni kim kalbynda Hudayyng chagyryshyny duyyan bolsa we Huday bilen diri gatnashygy kuyseyan bolsa onda Hosh Habar barada oylan we hakykaty kalbyna kabul et. Shonda ashakdaky Singapor yurdynda yagny Kichi Aziayada yerleshyan Singaporly Isa Mesihe imanly doganlarymyz yaly Hudaya sejde edip bilersing we gunalerinden, sheytanyng gulchulygyndan ruhy erkinlige chykyp bilersing we Hudayyng baky yashayshyny Isa Mesihde alyp bilersing!

Bu goyjak videomyz English dilinde…



posted in Гозлеглер ве ачышлар, Radio | 6 Comments

16th September 2010

Isa Mesih Kim?…

Isa Mesihing kimdigi hakynda durli durli pikirler bar, kabir adamlar Ony bir gowy adam diyip hasaplasa, kopler Ony yone bir pygamber diyip hasaplayar. Ylaytada, Yslam dini Isa Mesih barada Mukaddes Yazgylardaky yazylanlary ret edip Isa Mesihing mertebesini we name uchin dunya gelendigini ashaga dushuryarler. Bu barada musulman we hristian alymlarynyng arasynda kop sanly chekeleshikler bolup gechyar. Sheyle chekeleshiklering biri tazelikde Amerikanyng Birleshen Shtatlarynyng Kalifornia shtatynda Mufti Suleyman we doktor Nabil Kureyshi tarapyndan bolup gechdi. Inlis dilini bilyan ildeshlerimiz uchin biz olaryng chekeleshigining  videosyny hodurleyaris!

“Hakykaty biling hakykat sizi azat eder!” Isa Mesih


Birinji bolum

Ikinji bolum

Uchunji bolum

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 7 Comments

13th September 2010

Bagyshla meni Hudayym….

Imanly bir doganymyzyng kalbyndan Hudaya bolan yuzlenmesi aydym sheklinde!

Bagyshla meni Hudayym

Eger sen hem bu gun gunalerinden gutulysh almak isleyan bolsang, umytsyzlygyng ichinde umyt tapmak isleseng we baky gelejekde baky yashayshy kalbyng kuyseyan bolsa onda gunaleridigini ilki Hudayng onunde boyun al we toba et we Hudayyng Isa MEsihde upjune eden gutulyshyna, yagny Isa MEsihing sening hem gunalering uchin Oz janyny gurban edip mukaddes ganyny hachda dokendigine, jaylanyp uchunji guni olumi yenip direlendigine we goklerden yenede Ozune iman edenler uchin Baky Patysha hokmunde gaydyp geljekdigine kalbyng bilen iman getir we agzyng bilen muny ykrar! Shonda sening gunalering bagyshlanar, we ustunde bolan baky dowzah ot jezasy ayrylyp sana baky yashayysh Hudayyng jennetinde beriler, Huday sening kalbyna Oz Mukaddes Ruhyny girew berer we sana taze imanly yashayyshda yashamagy owreder, indi Huday sana yone bir bendam, yada gulum diyip yuzlenman, balam diyip yuzlener we sana at berer we Oz baky mashgalasyna kabul eder!

…Hakyky Nur (ISA MESIH) dunya geldi. Ol dunyadedi, dunya Ol arkaly yaradylypdy, emma dunya Ony tanamady. Ol ozuninkilere geldi, ozuninkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Ozuni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudayyng oglanlary bolma hukugyny berdi. Olar gandan, bedening islegi bilen yada adamyng islegi bilen dogulman, eysem Hudaydan (ruhy) doguldylar. Soz jan-ten bolup aramyzda yashady; biz Onung shohratyny….merhemetden, hakykatdan doly shohratyny gorduk!” Injil

posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 0 Comments

12th September 2010

Hudayyng On Tabshyrygy…sen olary yerine yetirdinmi?

Hudaý şeýle diýdi: “Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn.
8Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama.
Sen olara sygynyp gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb –
gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň
çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çenli çekdirerin.10Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline tükeniksiz söýgimi görkezerin.
11Hudaýyň Rebbiň adyny ýerliksiz agzama, çünki Reb Öz adyny ýerliksiz agzan adamy jezasyz goýmaz.
12Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, Sabat gününi ýerine ýetirip, ony mukaddes sakla.13Alty günde ähli işleriňi edersiň.14Emma
ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem
hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş
mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin.
Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler.15Müsür
ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň
güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem
Hudaýyň Reb saňa Sabat gününi dynç güni hökmünde saklamagyňy buýurdy.
16Hudaýyň
Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa
berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň.
17Adam öldürme.
18Zyna etme.
19Ogurlyk etme.
20Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme.
21Başga
kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna
ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz gyzdyrma“.

Sen bularyň ählisini berjaý etdiňmi? Mukaddes we adalatly bolan Hudaýyň öňünde bular esasynda jogap berip biljekmi? Bular esasynda sen jennete gidersiňmi ýada dowzaha?

posted in Durmuşyň Manysy näme | 1 Comment

4th September 2010

Hudaýyň Ebedi Sözi -jan ten bolýar!

Ebedi söz jan-ten bolýar


1Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi.2Ol ozal-başda Hudaýdady.3Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.4Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy.5Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir.
6Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady.7Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi.8Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmelidi.9Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi.
10Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady.11Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler.12Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi.13Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar.
14Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýalňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük.
15Ýahýa Ol hakda güwä geçip gygyrdy: «Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur».16Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk.17Çünki Musa arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa merhemet we hakykat peýda boldy.18Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Ogly tanatdy.

Çokundyryjy Ýahýa

19 Ýehudylar Iýerusalimden ruhanylary, lewileri iberip, Ýahýadan: «Sen kim?» diýip soranlarynda, onuň güwäligi şeýle boldy.20Ol ykrar etdi, inkär etmedi. «Men Mesih däl» diýip ykrar etdi.21Onsoň olar: «Onda, sen Ylýasmy?» diýip soradylar. Ol: «Ýok» diýdi. «Şol geljek pygambermi?» diýdiler. Ol: «Ýok» diýip jogap berdi.22«Onda sen kim? Biz özümizi bu ýere ýollanlara näme jogap bereli, sen özüň hakda näme diýýärsiň?» diýip soradylar.23Ýahýa: «Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip, çölde gygyrýanyň sesi» diýdi.24Iberilen adamlar fariseýlerdendiler.25Olar ondan: «Eger sen Mesih, Ylýas ýa-da şol pygamber däl bolsaň, onda näme üçin çokundyrýarsyň?» diýip soradylar.26Ýahýa olara şeýle jogap berdi: «Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz.27Menden soňra geljek Şoldur. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin».
28Bu Iordan derýasynyň aňyrsynda, Beýtaniýada, Ýahýanyň çokundyrýan ýerinde boldy.

Hudaýyň guzusy

29Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: «Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr» diýdi.30Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur.31Men Ony tanamaýardym, ýöne Ol Ysraýylda aýan bolsun diýip, suw bilen çokundyrmaga geldim».32Ýahýa güwä geçip, şeýle diýdi: «Men Ruhuň Gökden kepderi ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm.33Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi.34Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna şaýat boldum».

Isanyň ilkinji şägirtleri

35Ertesi gün Ýahýa ýene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy.36Ol gezip ýören Isany görüp: «Ine, Hudaýyň Guzusy!» diýdi.37Onuň aýdanlaryny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna eýerdi.38Isa yzyna garap, arkasyndan gelýänleri gördi we olara: «Näme gözleýärsiňiz?» diýdi. Olar Ondan: «Mugallym, Sen nirede ýaşaýarsyň?» diýip soradylar.39Isa olara: «Geliň, görüň» diýdi. Olar baryp, Isanyň nirede ýaşaýanyny gördüler we şol gün Onuň ýanynda galdylar. Gündiz sagat dördüň töweregidi.40Ýahýanyň aýdanlaryny eşidip, Isanyň yzyndan giden iki adamyň biri Simun Petrusyň dogany Andreasdy.41Ol ilki öz dogany Simuny tapyp, oňa: «Biz Mesihi (ýagny Hristosy) tapdyk» diýdi.42Ony Isanyň ýanyna alyp bardy. Isa oňa garap: «Sen ― Ionanyň ogly Simun. Seniň adyň Kefas (terjime edilende Petrus, ýagny Gaýa diýmekdir) bolar» diýdi.
43Ertesi gün Isa Jelilä gitjek bolup, Filipusy tapdy, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi.44Filipus hem Andreas we Petrus ýaly Betsaýda şäherindendi.45Filipus Natanaýeli tapyp, oňa: «Biz Musanyň kanunynda, pygamberleriň ýazgysynda ýazylan Ýusubyň ogly nasyraly Isany tapdyk» diýdi.46Natanaýel oňa: «Nasyradan oňly zat çykarmyka?» diýdi. Filipus hem oňa: «Gel-de, gör» diýdi.47Isa Natanaýeliň Özüne tarap gelýänini görüp, ol hakda: «Ine, hilesiz, hakyky ysraýylly» diýdi.48Natanaýel Oňa: «Sen meni nireden tanaýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Filipus seni çagyrmazyndan öň, men seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm» diýip jogap berdi.49Natanaýel Oňa: «Mugallym, Sen Hudaýyň Oglusyň, Sen Ysraýylyň Patyşasysyň» diýdi.50Isa oňa: «Seni injir agajynyň aşagyndakaň gördüm diýip aýdanym üçin Maňa iman edýärsiňmi? Sen mundan uly zatlary görersiň» diýdi.51Onsoň oňa şeýle diýdi: «Men size, hakykatdan-da, dogrusyny aýdýaryn, mundan beýläk siz Gögüň açylyp, Hudaýyň perişdeleriniň Ynsan Oglunyň üstüne inip-çykyşyny görersiňiz».

posted in Гозлеглер ве ачышлар, Kitaplar | 0 Comments