TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Isa Mesihing olumi we olumden direlishi bilen Musa pygambering arasyndaky arabaglanyshyk

31st March 2010

Isa Mesihing olumi we olumden direlishi bilen Musa pygambering arasyndaky arabaglanyshyk

PESAH (PASHA) BAÝRAMY

Bütin Mesihilik (hristian) dünýäsinde Pesah (Pasha) baýramy giňden, aýratyn bellenip geçilýär. Bu sebäpli biz hem Isa Mesihiň yzyna eýerýan ildeşlerimizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys! Size Rebbimiziň ähli bereketlerini arzuw edýäris. Şeýle hem gysgaça bolsa-da bu Pesah baýramçylygynyň taryhy we manysy hakynda ildeşlerimiz bilen paýlaşmak isledim.

Ehudylar üçin bu baýram Ysraýyl halkynyň gulçulykdan azat bolma baýramçylygy. Isa Mesihiň yzyna eýerijiler üçin bu Isa Mesih arkaly günälerden gutulyş we Isanyň ölümden direlmeginiň ýatlanma baýramydyr. Isa Mesihiň ölümden direlmegi bu geljege bolan umydy we baky ýaşaýşa bolan ynamy tassyklaýar. Ýöne hemmeler bu baýramyň gelip çykyş taryhyny we manysyny bilmeýärler. Mukaddes Ýazgylarda bellenmeli diýip görkezilen her bir baýramçylygyň manysy we simwoliki suratlandyrýan bir hakykaty bar. Geliň şu wagt Pesah baýramynyň gelip çykyş taryhy barada gürrüň edip geçeliň. Pesah (Pasha) dien sözüň manysy “sowulup geçme” diýmegi aňladýar. Müňlerçe ýyllar mundan öň Hudaýyň halky diýip at alan Ysraýyl halky Müsürde gulçulyk çekipdi, ýöne Hudaý olaryň ata babalary Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada edişi ýaly olary Müsüriň gulçulygyndan azat etmek üçin we olara yurt bermek üçin Musa atly pygamberi olara ýollapdyr. Musa arkaly Hudaý Müsür patyşasyna gudratlar we alamatlar görkezipdir. Müsür patyşasy Bar bolan Biribara imansyz bolupdyr we Musanyň berýän duýdyryşlaryny kabul etmändir, Hudaý näçe gudrat görkezsede ýüregini gataldypdyr. Hudaý on sany belany Müsür patyşasynyň we halkynyň başyna inderipdir. Şolaryň onunjysy bilen Pesah ýagny “ sowulyp geçme” baýramçylygy dolylygyna esaslanandyr. Şol onunjy bela-da Hudaý Musa şeýle diýipdi, “her bir adam öz maşgalasy üçin bir arassa, çirksiz we sagdyn guzyny alsyn we ony soýup öldürsin. Ganyny alyp şol guzynyň eti iýiljek jaýyň daşky gapylarynyň gapdal we üstki söýelerine şol gany çalsyn. Bu — Rebbiň Pesahydyr. 12Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. 13Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden aýlanyp geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.

14Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.” Hudaý aýdyşy ýaly hem guzynyň gany çalynan her bir öýden “sowulyp geçýär” ýagny ölüm belasy “sowulyp geçýär”. Şol beladan soň Müsür patyşasy Ysraýyl halkyny gulçulykdan azat edýär. Ysraýyl halky soňra Hudaýyň wada eden ýurdyna barýar we ol ýurda eýe bolýarlar. Bu ajaýyp taryh we biziň üçin hem iň wajyp taryh bolup durýar. Munda ruhy many we Hudaýyň bütin adamzat üçin döreden gutulyş ýolunyň nyşany bar. Injilde Isa Alehsalama “Bütin dünýäniň jezasyny öz üstüne aljak Hudaýyň güzusydyr” diýilýär. Ondan başgada Isa Mesih biziň hakyky “Pesahymyzdyr” hem diýip Injil aýdýar. Ysraýyl halkynyň ilkinji dogulan çagalarynyň halas bolmagy üçin guzynyň gany gerekdi. Şol gapylarynyň daşyna çalynan guzynyň gany arkaly olar ölümden halas boldular. Muňa meňzeşlikde Isa Mesih hem adamzat günäsiniň jezasyny çekmek üçin guzy kimin öldürildi we ganyny haçda dökdi. Ölüp jaýlandy we üçünji güni direldi. Hudaý Ysraýyl halkyny gan arkaly gulçulykdan halas edişi ýaly bu günki gün hem her bir ynsanyň günä üçin çekmeli jezasyny Isa Mesihiň gurbanlygy arkaly bagyşlamak isleýär. Isanyň direlmeginiň hakykaty arkaly bolsa diri baky ýaşaýyş üçin ajaýyp umyt berýär. Ysraýyl taryhyndan görşimiz ýaly, olaryň halas bolmagy üçin olaryň erine etirmeli zady bardy. Birinjiden olar Hudaýyň Musa arkaly aýdýan sözlerini kabul edip ynanmalydylar we munuň netijesinde hem şol guzyny öldürip, ganyny bolsa gapylarynyň daşky söýelerine çalmalydylar. Muny berjaý edenler bolsa halas boldylar. Şeýle günälerden gutulyşy hem Hudaý muňa meňzeş ýol bilen amala aşyrdy we aşyrýar. Ol gutulyşda guzynyň gany esasy bolşy ýaly Isa Mesihiň gany hem gutulyş üçin esasydyr. Şol döwürde ýaşaýan jaýlarynyň gapysyna guzynyň ganyny çalmaly boldular, bu gunki gün hem her bir kişi Injiliň Isa Mesih hakyndaky Hoş Habaryna ynanyp, Isanyň döken ganyny iman bilen kabul etse günäleri bagyşlanyp Hudaýyň wada eden jennedine girmäge mümkinçilik alar. Şonda bu baýramçylyk Isa Mesihi Halasgär we Reb hökmünde kabul eden her bir adam üçin hem hakyky manysyna eýe bolar we hakyky baýramçylyk bolar. Isa direldi, Ol hakykatdan hem direldi!

Bu hakynda radio gepleşigimizi hem diňläp bilersiňiz:

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

29th March 2010

Isa Mesihiň adamzadyň günasi üçin haçda çüýlenişi barada suratly wideo

Gadyrly dostlar! Tizara bütin Mesihe iman edenler arasynda Rebbimiz we Halasgärimiz Isa Mesihiň adamzadyň günasi üçin haçda öldürilişi we üçünji gün ölümiň üstünden Isa Mesihiň ýeňiş gazanyp täzeden direlip ähli imanlylara beren ýaşaýyş umydy baradaky baýramçylyk mynasybetli hemmeleri umyt Rebbi Isa MEsihimiziň biziň üçin Öz janyny pida edenden soňra jaýlanyp, üçünji güni direlendigi bilen baglanyşykda baýramçylyklaryňyzy gutlaýarys! Heniz Hudaýyň adalatyny, rehimini, merhemetini we söýgüsini beýän eden Hoş Habara-Injile iman etmedik ildeşlerimize hem bu esasynda imana gelmeklerini we Hudaýyň baky gutulyşyna, şatlygyna we parahatçylygyna eýe bolmaklaryny arzuw edýäris!

Bu baýramçylyga, köp ýerlerde, “Pesah ýada Pasha” “Easter” baýramçylygy hem diýilýär. “Pesah” diýmegiň manysy bolsa “sowulma ýada sowulyp geçiş” diýmegi aňladýar. Bu bolsa Musa pygamberiň zamanyndan galan bir baýramçylykdyr, ýagny Hudaýyň Musa pygamber arkaly Ysraýyl halkyny Müsür gulçulygyndan halas edende, Hudaýyň gudratlar görkezip we ysraýyly boşatmaga garşy bolan Müsür patyşasy fyroana we onuň halkyna on sany belalalar getirip, iň soňky bela ýagny “ilkinji dogulanlara gelen ölüm” jezasyndan gutulmak üçin bolsa ysraýyllylaryň bir guzy ýada goýun öldürip onuň ganyny bolsa jaýlarynyň gapysynyň süýeglerine we gyrasyna gany çalmalydyklaryny we şol guzynyň gany bar oýlerden Hudaýyň ölüm getirmän sowulyp geçendigi baradaky taryhdan galandyr. Şol gurbanlyk guzynyň gany Ysraýyllaryň ilkinji dogulanlaryny ölümden halas etdi we müsürden azatlyga ýetirdi. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň biziň üçin beren “kämil gurbanlyk guzusy kimin Isa Mesihiň haçda döken gany hem bizi baky dowzah odundan we ölümden halas edýär! Bu sebäpden Isa Mesihiň ölmegi we täzeden direlip bize umyt bermegi hem biziň Pesahymyzdyr, ýagny Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň gahar gazabynyň we bakyýet ölüminden “sowulyp geçmesidir”!

Bu baradaky suratly wideo filmini siziň dykgatyňyza hödürleýäris!

This text will be replaced

Isa Mesihiň tutulmagy we haça çüýlenişi…

This text will be replaced

Isa MEsihiň jaýlanyşy we täzeden direlişi…

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

15th March 2010

Hudaý meni bilýär…sen Ony bilmek isleýärmisiň…

Ýa Reb, meni barladyň we tanadyň. Oturyşymy, turşumy bilýärsiň; pikirlerime uzakdan düşünýärsiň. Meniň gezýän ýodamy, ýatýan ýerimi Sen kegitleýärsiň, ähli ýollaryma beletsiň. Dilimde hiç bir söz ýokka, ine, ýa Reb, Sen ony bütinleý bilýärsiň…” Zebur 139

Ýaradyjy Hudaýymyz bizi bilýär, çünki ol bizi ýeriň topragyndan Özüniň keşbinde ýaradyp bize ýaşaýyş demini berdi. Ol biziň adymyzy we biziň her bir pikirimizi bilýär, biziň gözýäşlarymyzy bilýär we biziň dileglerimizi eşidýär…

Sen öz Ýaradyjyňy bilýärmisiň…Ol bilen günä netijesinde gatnaşgyňy ýitirendigiňe ökünýärmisiň we Oňa gaýtmak isleýärmisiň…bu seniň ýüregiň islegi bolsa…onda Hudaýyň meniň we seniň üçin döreden gutulyş Ýoly, Hakykaty we Ýaşaýşy bolan Isa Mesihi tana we Ony kalbyňa çagyr, şonda seniň Ýaradyjyň bilen gatnaşygyň dikeldiler. Hudaý bilen şahsy aragatnaşygymyzy dikeltmek üçin biziň öz ýolumyz ýada düşünjämiz ýada dinimiz bilen baryp bilmeris, diňe Hudaýyň Özüniň biziň üçin ýasan we üpjün eden Ýoly bilen baryp bileris…Muny bolsa Hudaý bize Injilde aýan edendir! Eger sen kalbyňda şol beýik Biribar bilen gatnaşyga bolan isleg we gözlek bar bolsa we muňa nädip ýetip biljekdigiňi bilmek isleseň…Hoş Habar bolan Injili oka we iman et, düşünmedik zatlaryň bar bolsa bu ajaýyp gutulyşy başdan geçirýän biz imanlylar bilen habarlaş!



posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • "...Hudaýda näme barlygyny Hudaýyň Ruhundan başga hiç kim bilýän däldir. Biz bu dünýäniň ruhuny däl-de, Hudaýdan gelen Ruhy aldyk. Biz bulary adam akyldarlygynyň öwreden sözleri bilen däl-de, ruhy zatlara düşünmez, çünki bular onuň üçin akmaklykdyr, bulary bilip bilmez, sebäbi bulara ruh boýunça düşünilýändir. Ruha aýan adam ähli zady saýgarar, ýöne ony hiç kim saýgarmaz..."
  • 1Korintoslylar 2:11-16