11th January 2010

Dilärin…

Dilärin…

Hoş Habary ele alan badyma

Ruhy doganlarym düşýär ýadyma

Isaň ady bilen doga edemde

Gökdäki Atamdan iman dilärin.

Dilärin ýene-de köp zady

Duşmanymy söýmegi men dilärin

Günde iýjek çöregimi dilärin

Gökdäki Atamdan kuwwat dilärin.

Ýene-de ýüregim urýar ýerinde

Hoş Habary wagyz-ündew dilärin

Isaň patyşalygyna barsam diýip

Gökdäki Atamdan orunumy dilärin.

Imanly doganlam sizem ýadymda

Siziň üçin meniň gapym açykdyr

Isaň ady bilen doga edemde

Gökdäki Atamdan doganlarymyň  dilärin.

This entry was posted on Monday, January 11th, 2010 at 3:57 pm and is filed under Шахсы шаятлык. You can follow any responses to this entry through the RSS 2.0 feed. You can leave a response, or trackback from your own site.

There are currently 2 responses to “Dilärin…”

Bu barada özüňiň komentiňi galdyryp bize pikiriňi bildir! Seniň pikiriň biziň üçin wajyp, bu sebäpden bol...näme pikir edýän bolsaň bize bildir.

  1. 1 On April 1st, 2010, Allahguly said:

    Zordan durdum shu saytda gaytarman
    Sheyle bir icgysgync sayt wallahi billahi kasam edyan.
    Adamyn icini gysdyrmak yaryshy bolaysa hokman birinji boljak sayt ine shu sayt.
    Gokde atan bolarmy ey samsyk. Bar bolsa shu wagt diridir yad-a yerin ashagyndadyr.
    Kellesiz oydyan siz.
    Namanin atasy?
    Mallashyp gidipsiniz.
    Belki molap maleyansiniem siz
    Utandym sizin turkmenliginizden

  2. 2 On April 1st, 2010, messenger said:

    Allahguly ildeş,

    Siziň biziň websaýtymyza girip içiňiziň gysandygyna gynanýas, ýöne bu websahypa siziň içiňizi gysdyrmazlyk üçin hem döredilmändigini bildirmek isleýäris!
    Bu websahypa eger gowyja üns berseňiz Hudaýyň Hak Ýazgylary bolan Töwratdan, gadymy pygamberler ýazgylaryndan, Zeburdan we Injilden gürrüňler, parçalar we maglumatlardan ybaratdyr. Bular arkaly bolsa, türkmen ilimize asyrlaryň dowamynda tümlükde galyp Hudaýyň Ýazgylary barada açykdan açyk eşitmäge mümkinçiligi bolman we diňe yslamyň gözýetimi bilen zatlara seretmäge mejbur bolandyklary emma bu gunki gün bolsa şeýle mümkinçilikleriň açylan wagtynda hakykaty bilmäge haklarynyň bardygy üçin bular bilen paýlaşylýar.
    Gökdäki Atam diýende, siziň pikir edişiňiz ýaly fiziki zat göz öňünde tutulman, Ýaradyjy Hudaýyň biziň Ruhy Atamyzdygy göz öňünde tutulýar, çünki Hudaý bizi ýaratdy, her günki alýan demimizi Onuň özi bize berýär, bize ýaşaýyş berýän, bereket berýän Oldur, Ol biziň her birimiz hakynda atalayk alada edýär, ine bu sebäpden hem Hudaý biziň Ruhy Atamyzdyr! Türkmenlerde hem “Magtymguly şahyrymyza, Magtymguly atamzy diýilişi ýaly, ýada özümize Türkmeniň ogly diýilişinde, munuň fiziki manyda gös göni biziň biologiki atamyz bolmaýşy ýaly ýada göz öňünde tutulmaýşy ýaly, Gökdäki Atamyz diýende hem ruhy many göz öňünde tutulýar!
    Ynsana at dakmazdan öňürti, ýagşy zatlary oýlanyp hoşniýetli bolmaga çagyrýarys! Bu taýda birek-birege at dakmak bilen meşgullanman, ylalaşmaýan bolsaňyz ony deliller bilen esaslandyryp gürrüňdeşlik alyp bilersiňiz we bilmeýän zatlaryňyzy sorap öwrenip bilersiňiz!
    Size we maşgalaňyza ähli ýagşylyklary arzuw edip,
    admin

Pikirini yaz