TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Halasgar Mesihing dogulan guni mynasybetli bayramchylykda esasy orun Isa Mesihe berilmegi baradaky aydym (English)

22nd December 2010

Halasgar Mesihing dogulan guni mynasybetli bayramchylykda esasy orun Isa Mesihe berilmegi baradaky aydym (English)

posted in Гозлеглер ве ачышлар, Filim | 19 Comments

22nd December 2010

Imanly doganlarymyzdan gelip gowushan goshgular…

Doganlarymy berdiň

Dünýä döreli bäri islediň bir maşgala,
Ugrunda ýere gelip, çekdiň köp ahy-nala.
Günäleri göterýän meňzäp gurbanlyk mala,
Ganyň bilen döreden Öz maşgalaňy berdiň.

Sen üçin beýik boldy perişdelerden ynsan,
Ony Senden aýyrdy günä diýlen nägehan,
Oňa gazabyň dökmän, ýöne ah çekip pynhan,
Jezalap Öz Ogluňy, doganlarymy berdiň.

Patyşalygyň taşlap Sen ýere geldiň Isa,
Şahana durmuşyňy öwürdiň uly ýasa.
Halas ediş ýolunda çekip Sen agyr gussa,
Gözýaş bilen döreden doganlaryňy berdiň.

Meniň Size söýgimiň ýokdur hiç çaky-çeni,
Bir-biriňizi söýüň – söýseňiz eger Meni,
Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni
Diýip, tabşyryp maňa, çagalaryňy berdiň.

Söýgi diýmek bermekdir bütinleý jany – teni
Sen hem şeýle söý diýip, doganlarymy berdiň.

Hudaýa ýalbaryş

Dünýä gurulmazdan saýladyň bizi,
Diýdiň siz dünýäniň yşygy, duzy.
Şol yşyk, duz kimin epýäris dyzy:
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama:
Şypa ber, Atajanym,
Doganymyza gelsin rehimiň!
Şypa ber, Atajanym,
Aýama ondan Öz merhemetiň!
Aýama bizden Öz merhemetiň!

Aýan edeniňde  Ogluň Isany,
Mykaddes etdi bizi Onuň gany.
Doganymyz bilen bir etdiň jany,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama

Birek-birek üçin özünden geçen
Etdiň birleşdirip bizi bir beden.
Biz bilen aglap, hem biz bilen gülen,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama

Bile geçeli ýerdäki durmuşy:
Paýlaşyp, deň iýip nany we aşy.
Atam galdyrma ýerde bu haýyşy,
Doganymyza Atam Özüň şypa ber.

Gaýtalama
Doganymyza gelsin rehimiň!
Öz ýygnagyňa gelsin rehimiň!
Öz maşgalaňa gelsin rehimiň!

posted in Шахсы шаятлык | 5 Comments

22nd December 2010

Isa Mesihing dogulan guni bayramchylygy mynasybetli gutlaglar!

Salam gadyrly ildeşler!

Köpümiziň bilşimiz ýaly dünýäniň dürli künjeklerinde köp milletler birnäçe günlerden uly baýramçylyk belläp geçýärler, bu baýramçylygyň orsçada ýörgünli ady “Rojdestwo Hrista” iňlis dilinde bolsa “Christmas” türkmençe göni terjime edilende bolsa “Isa Mesihiň Dogulyşy” baýramçylygy diýip atlandyrylýar! Elbetde köp ildeşlerimiziň içinde bu barada ýazmaly däl ekeniň diýip gürrüň etjekler hem tapylar, ýöne şu taýda-da köpçüligiň Isa Mesihi iň azyndan pygamber hökmünde hormat edýändigi we ynanýandygy köpümize belli. Isa Mesih ýöne bir pygamber bolman ol dünýäniň Halasgäridigini hem size bildirmek we muňa siziň düşünmegiňizi isläp hem Isa Mesihiň dogulyşy baýramçylygy barada kelam agyz söz ýazmagy we siziň hemmäňizi bu ýetip gelen baýramçylyk bilen gutlamagy makul bildik!

Beýleki pygamberleriň durmuşyndan tapawutlylykda we başgada tanymal ynsanlardan tapawutlylykda näme üçin Isa Mesihiň dogulmagy uly bir bellenip we ýatlanyp geçilýän gün bolup durýar?! Munuň sebäbini hemişede bolşy ýaly Mukaddes Ýazgylardan jogap gözläp bileris. Mukaddes Ýazgy bolan Injilde Isa Mesihiň dogulyşy barada ajaýyp wagalar gürrüň berilýär. Onuň dünýä geljekdigi we nähili ýaşajakdygy, öwretjek taglymaty, ölümi we direlişi hakynda ýüzlerçe ýyllar öňünden ýüzerçe pygamberlikler aýdylyp geçilipdir. Ol pygamberlikleriň gelip Isa Mesihde ýerine ýetmegi bolsa, Onuň hakykatdan hem şol Halasgär Mesihiň Özüdiginiň subutnamasydyr. Ine Isa Mesihiň dogulmagynyň edil öň ýanyndan dünýä inen Ýahýa pygamberiň kakasynyň aýdan sözlerine üns berip göreliň: “Ýahýanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi: “Ysraýylyň Hudaýy REb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrd. Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi. Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini, biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi… ogly Ýahýa pygamber hakynda şeýle diýdi: Eý çaga, sen hem hemmelerdn beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsy. Çünki sen Onuň ýollaryny taýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň. Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliliginde görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin, aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün (ýagny Mesih kimin) ýokarlardan bizi idemäge geler!” Soňra bolsa edil ýokarda wada edilişi ýaly Halasgär bolup Isa Mesih hökmünde dünýä inýär, ine Onuň dogulyşy hakynda buşlygyň çopanlara bildirilişi: “Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar. Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara şeýle diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz.” Birdenkä perişde bolen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: “Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde Ony razy eden ynsanlara parahatlyk bolsun, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!” Perişdeler çopanlaryň ýayndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: “Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň” diýişdiler. Şeýlelikde ylgap baryp, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar…Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.”

Nahili ajaýyp buşlyk, biz bu buşlyga çopanlaryň ynanyşy ýaly ynanyp kabul edip şatlanarysmy! Şatlanmalydyrys! Çünki Ol dogulan Hudaýyň bütin adamzadyň Halasgäri edip ýollany Isa Mesihdir!

Bu baýramçylyk döwründe Isa MEsihe imanlylar biri-birlerine sowgat bermekleriniň bir sebäbi hem Hudaýyň bize Halasgäri sowgat hökmünde bermegini ýatlap birek -birege hoşniýetli arzuwlar bilen sowgat bermek däbi emele gelipdir. Ondan başgada Isa Mesih dogulanda, diňe bir şol halkdan bolan çopanlar Ony görmäge gelmän, hatda gündogardan, ýagny häzirki Orat Azia we Eýran töwereklerinde muneçjimler ýagny astronomia ylymlaryny öwrenýän alymlar Ony uzaklardan görmäge gelipdirler.

Bu barada Injilde ine şu taryh ýazylandyr: “HIrodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” diýdiler. Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylar, halkyň kanuçylaryny ýygnap, olarda Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: “Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr: “Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr” Onsoň Hirodes müneçjimleri ýaşyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyň haçan görnenini çintgäp sorady. “Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapaňyzda maňa hem habar beriň, men hem baryp, Oňa sejde etjek” diýip, olary Beýtullahama iberdi. Olar patyşany diňläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary öňlerine düşüp, çaganyň bolan ýeriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler. Öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler. Hirodesiň ýanyna öwrülmezlik hakda düýş üsti bilen duýduryş berlensoň, olar öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.”

Ol müneçjimler Isa Mesihi çaga wagtynda görmäge bardylar we Ony tapanlarynda juda begendiler, olary şeýle juda belent begenje eýe eden zat nämekä, näme üçin ol alym adamlar uzak ýurtdan, agyr we howply ýol geçip täze dogulan çagany görmäge geldilerkä? Munuň sebäbi olar hem ol doguljak çaganyň bütin adamzadyň Halasgäri bolup doguljakdygyny öňünden iman edip garaşydylar, Isa Mesih barada öňden aýdylan pygamberliklere iman edipdiler we ol aýdylanlaryň Isa MEsihde ýerine ýetenine ynanypdylar, şol sebäpden hem olar Isa Mesihiň ýanyna baryp görmegi we Oňa sejde etmegi durmuşynyň iň bir wajyp maksady edip goýupdylar. Olar ol maksadyna ýetdiler, Isa Mesihi çagalykda görüp Oňa sejde etdiler we Oňa iň gymmatbaha sowgatlary sowgat berdiler!

Isa Mesihiň dünýä inmegi bu ähli ynsanlar üçin şatlandyryjy buşlukdyr, bu sebäpden hem Isa Mesihiň dünýä gelmegi, ýaşaýşy, taglymaty we ol baradaky ähli zatlar ýazylan Hudaýyň Sözünede “Injil” ýagny “Hoş Habar” diýilýär!

Siziň her biriňize bu Hoş Habara galyberse çopanlar ýaly, iň bolmanda hem müneçjimler, ýagny astronomiýa alymlary ýaly kabul etmegiňizi we kabul edip iman getirmek arkaly siziň durmuşyňyza geljek ähli ruhy patalary siziň üçin arzuw edýärin!

Goý Ýaradyjyny Hudaýyň parahatçylygy we şatlygy siziň hemmämiziň kalbymyzy doldursyn we geljek 2011-nji ýyl siziň üçin ruhy rowaçlyk getirsin we hemmämiziň maşgalamyzda, il-günümizde we bütin dünýäniň halklary arasynda Hudaýyň hoşniýetligi höküm sürsün!!!

Isa Mesihiň dogulyşy hakynda Injilden alynan taryha esaslanan filmi görmek isleseňiz aşakdaky filmi iňlis dilinde görüp bilersiňiz!



posted in Filim | 0 Comments

11th December 2010

Men azashyp yorenimde…(aydym)

posted in Filim | 6 Comments

11th December 2010

Asmandaky Atamyz mukaddes bolsun sening adyng!

posted in Filim | 24 Comments

6th December 2010

Iň beýiklerde bolan Gudratygüýçli Hudaýymyza öwgüler we şöhrat bolsun…Hosanna

Hosanna!!!

Seni söýýärin, ýa Reb, eý meniň Güýjüm. Reb meniň gaýam, galam we halasgärimdir; Hudaýym, sygynýan gaýam, galkanym, gutuluşymyň kuwwaty we belent diňimdir. Men öwgä mynasyp Rebbi çagyraryn…Rebbe sena ediň. Men dogrularyň mejlisinde, ýygnakda Rebbe bütin ýüregim bilen şükür ederin. Rebbiň işleri uludyr, ähli muşdaklary olary agtarýandyr. Onuň işi dabaraly, şöhratlydyr; Onuň dogrulygy ebedilik dowam eder. Ol ajaýyp işlerinie bir ýadygärlik etdi; Reb mähribän we rehimdardyr. Ol Özünden gorkýanlara rysk berýändir, ähti bolsa ebedilik ýadyndadyr. Milletleriň mirasyny olara bermek bilen Ol halkyna Öz işleriniň gudratyny görkezdi. Onuň elleriniň işleri hakdyr, adyldyr, ähli buýruklary ähtibarlydyr, ebedi we mydam berkdir. Olar hakykat we dogrulykda berkidilendir. Ol Öz halkyna gutulyş iberdi, tabşyryk berip, ähtini ebedilik berkarar etdi. Onuň ady mukaddes we eýmençdir. Rebden gorkmak paýhasyň başlangyjydyr; Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýänleriň bary oňat düşünjelidir. Onuň senasy ebedilik dowam eder!” Zebur



posted in Durmuşyň Manysy näme | 3 Comments

30th November 2010

Gokdaki mesgenimiz

Her bir ynsan bu dunyade kalbynda bir yere gitmegi yada bir yeri gormegi kuyseyar… Shol kuyseyan yerini goreninden songra bolsa yene-de munga menzesh adamyng kalbynda emele gelyar, ol yeri gorende bolsa yene-de bir yeri gormegi kuyseyar….Sheydip adam kalby hich hachan hem sheyle bir “mesgeni” kuysemegini yitirmeyar. Munung sebabi hakynda oylananymyzda bolsa, bu yagdayyng bizing nahili yaradylyshymyzdan gozybashyny alyandygyny gorse bolyar. Ynsan Yaradyjy Huday tarapyndan yaradylyp, ilki bashda shol Yaradyjy bilen yakyn gatnashykda ajayyp bir mekanda yagny “Jennet Bagynda yagny Hudayyng mesgeninde” yashapdy. Emma bir gynanchly waka bolup gechdi, “Hudayyng dushmany sheytan Yaradanyng yaradylanlaryng ichinde ayratyn halda yaradany we yakyn gatnashykda bolyan ilkinji adamlary Adam ata we How enani aldamagy bashardy. Sheytan mekir yol bilen, yagny haywanlaryng ichinde mekir bolan yylanyng keshbine girdi we ilkinji adamlary Hudayyng sozune bolan shubhe doretmegi bashardy. Ol muny “Hudayyng sozuni ozuche olara dushundirip chalaja ony uytgetmek arkaly we sheydip ozuni Hudayyng yerinde goyup olara yalan wadalary berdi….Sheyle zady biz adamzat taryhynda bu gunler hem goryaris…

Bu gunki gun hem sheytan Hudayyng Yazgylaryna shubhe doredip gelyar we bu uchin ol hatda “yalan dinler” hem doretdi…yone bu hakynda bashga gezek gurrung ederis….

Sheydip ynsan Hudayyng aydanlaryna shubhe edip, Hudayyng gadagan eden agajynyng miwesinden iydiler we Onga boyun bolmadylar, sheydip olaryng kalby bu boyunbolmazlyk netijesinde uytgedi we olar Yaradyjysyndan gizlenip bashladylar…netijede bu edenleri uchin Hudayyng ong aydyshy yaly olar olumli boldular, Hudaydan ayrylmaly boldular we Hudayyng mesgeni bolan “Jennet bagyndan” kowuldylar.

Shol gunden bashlap adamzat nesli “shol ajayyp mekany Hudayyng mesgenini” kuysap kalplaryny doldurmak isleyarler, emma bu naletli dunyade hich bir zat olaryng kalbyny dolduryp bilenok we “ajayyp mekan gormek” teshneligini hich bir yer hem hich bir zat hem doldurmayar…

Bu yagdaydan chykalga bolsa, bizing janymyzyng oz Yaradyjysy bilen bu yitirilen gatnashygy dikeltmegi we Hudayyng ajayyp Mekanyna barjakdygyna bolan ynamyng gelmegidir. Yone muny ynsan ozi gazanyp bilmez, chunki munga pasgel beryan bizing gunalerimizing jezasydyr, bu hem “olumdir -ayralykdyr”. Bu yagdaydan bizi kim halas edip biler? Dinmi? Gowy ishlerimizmi? Pygambermi? Yada gowy dunya sistemasymy?….Bularyng hich haysy hem bizi halas edip bilmez, bizi halas edip biljek Yaradanyng Ozi Gudratly, merhemetli, rehimli, adalatly we soguden doly Hudayymyzdyr! Ol muny etdimi yada indi edermi? Hawa Ol elbetde Oz yaradanlaryny yone yere tashlamady, bashdan bashlap olar uchin gutulysh yoluny tayyarlap geldi we asyrlaryng jummushinde pygamberleri arkaly bu hakynda ynsanlara habar berip geldi we wagty dolanda bolsa wada eden “gutulyshyny” “oye dolanmagy” gokden iberen Baky Sozi bolan Oz Ogly Isa Mesihde bize upjun etdi! Isa Mesih kamil yashamak bilen “Hudayyng Gurbanlyk Guzusy” bolmak bilen Hudayyng “gunaning jezasy olumdir…gan dokulman guna bagyshlanmaz…” diyen talabyny berjay etdi! Adamzadyng gunaleri uchin bir gezek “janyny we ganyny bermek” bilen bizi Huday bilen yarashdyrdy we biz uchin “goklerdaki baky mekanda Hudayyng mesgeninde yer tayyarlady!” Bu ajayyp gutulysha, yagny Halasgar we Reb bolan Isa Mesihe iman getirenlere Huday muny sowgat bermek isleyar!

Gadyrly dost, bu gun gutulysh guni, bu gun Yaradyjy sanga garashyar we sen bilen Ogly Isa Mesih arkaly yarashmak isleyar, gunalerinig bagyshlap sanga “Oz mesgeninde baky yashayshy” sowgat bermek isleyar!

Sen muny kabul etmek islarmising? Eger sen bu Hosh Habary kabul etseng onda Isa Mesihing shagirtlerining ine bu ashakdaky ayatlarda guwa gechishleri yaly guwa gechip umytda shatlanarsyng!

“Chunki bizing bu dunyewi oyumiz, bu chadyr weyran bolsa, gokde Hudaydan bir ymaratymyzyng, el bilen yasalmadyk ebedi oyumizing bardygyny bilyaris. Sebabi gokdaki mesgenimizi geyinmegi kuyseap, munda ah chekyaris. Yone geyinsek, yalangach gorunmeris. Chunki bu chadyrda bolyan biz yuk astynda ah chekyaris; sebabi pany bolanlary yashayysh yuwutsyn diyip, yalangachlanmak dal-de, geyinmek isleyaris. Huday bizi shunung ozi uchin tayyarlap, bize Ruhy hem girew berdi. Sheylelikde, hemishe gayratly bolup, tende mesgen tutyan wagtymyz Rebden uzakdadygymyzy bilyaris – chunki biz didar arkaly dal-de, iman arkaly gezyaris. Gayratly bolup, tenden ayrylmagy, Rebbing yanynda mesgen tutmagy gowy goryaris. Shonung uchin bu tende yashasak-da, ayrylsak-da, Onung pisindi oturjak adamlary bolmagy yhlas edyaris!” 2Kor. 5:1-9

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 1 Comment

9th November 2010

Sen Aýratyn

http://2.bp.blogspot.com/_Nv2SRHx_GA4/S5jxe4b8kZI/AAAAAAAAAvs/HcGZjssgHJE/S220/aaaaaaaaaaa.jpg

“Sen Aýratyn”

Wemmikler agaçdan ýasalan kiçijik adamjyklardy. Bu agaç adamjyklaryň hemmesi Eli atly agaç ussasy tarapyndan ýasalypdy. Eliniň ussahanasy depaň üstünde oba seredip durdy. Wemmikler dürli-dürlüdi. Käbiriniň uly burnly, käbiri uly gözlüdi, käbiri uzyn boýly, kabiri gysgady. Käbiri papakly, käbiri bolsa donlydy. Ýöne olaryň hemmesini şol Bir Ussa ýasapdy we olaryň hemmesi şol bir obada ýaşaýardy.
We olar her günüň dowamynda şol bir zady edýärdiler: olar biri-birine ýelmentgi berýärdiler. Her bir Wemmikde bir guty altyn ýyldyzjyklary we bir guty-da çal reňkli nokat ýelmetgileri bardy. Obanyň hemme köçelerinde adamçyklar biri-birine ýyldyzjyk ýada nokat ýelmentgilerini bermek bilen günlerini geçirýärdiler.
Tekiz agaçdan we gowy reňkli owadan Wemmiklere altyn ýyldyzjyklar ýelmenýärdi. Emma çarkandakly agaçdan ýada reňki gyrylanlara çal nokatçyklar ýelmenýärdi
Ukyplylar hem, ýyldyzjyklar alýardy

http://onewords.files.wordpress.com/2008/09/2.jpg

.

Käbiri agyr zatlary göterip her hili maşk edýärdi, käbirleri bolsa ýokardan bökýärdi. Başgalar bolsa owadan gepleýärdi ýada gowy aýdym aýdýardy. Hemmeler olara ýyldyzjyklar berýärdi.
Käbir Wemmikleriň hemme ýerinde ýyldyzjyklary bardy. Olar her gezek ýyldyzjyk alanlarynda özlerini gowy duýýardylar!

Bu bolsa olara başga bir zatlary edip ýene ýyldyzjyk almak islegini döredýärdi.
Beýlekiler, muňa seretmezden, kän bir ukyply däldi.
Olar nokatjyklar alýardy.

http://www.healingheartsclub.co.uk/wemmicksville2.jpg

Punçinello olaryň biridi.
Ol başgalar ýaly ýokary bökmäne synanyşýardy, ýöne ol hemişe ýykylýardy. Haçanda, ol ýykylanda hemmeler onuň daşyna üýşüp nokatjyk ýelmeýärdi.
Käwagtlar ol ýykylanda, onuň bedeni gyrylýardy, şonda adamlar oňa ýene-de nokat berýärdiler.
Ol özüniň näme üçin ýykylandygyny düşündirjek bolanda, nähilidir batnyksyz gepleýärdi, we Wemmikler oňa ýene-de köp nokatjyklar berýärdi.

Köp nokatjyklar alandan soňra, Punçinello daşaryk çykmak islemedi. Ol özüniň nähilidir bir nädogry zat edip, ýene-de nokatjyk almagyndan gorkýardy. Dogrudan hem, onda şeýle çal nokatjyklary köpdi welin, adamlar sebäpsiz hem oňa nokatjyk ýelmeýärdi.

“Ol nokatlara mynasypdyr, ol gowy adam däl…” diýip agaç adamjyklar biri biri bilen ylalaşýardy.
Wagt geçdigiçe, Punçinello hem, “men gowy adam däl..” diýip olara ynandy.
Ol käwagt, özi ýaly çal nokatly adamlar bilen gatnaşýardy. Ol özüni olaryň ýanynda gowy duýýardy.

Günleriň birinde, Punçinello hiç kime meňzeş bolmadyk Wemmige duşdy. Onuň nokady-da, ýyldyzy hem ýokdy. Onuň ady Lusiýady.
Bu, adamlaryň oňa ýelmentigileri bermänligi üçin däl-de, olaryň oňa ýelmenmeýänligi üçindi.
Käbir Wemmikler Lusiýanyň nokatlary ýokdygy üçin ony gowy görüp ýyldyzjyklar berýärdi, ýöne ýyldyzjyk hem ýelmeşmän ýere gaçýardy.
Başgalar bolsa onda ýyldyzjyklaryň ýokdygy üçin oňa erbet seredip, nokat berýärdiler, ýöne nokatlar-da oňa ýelmeşmeýärdi.

“Men-de şeýle bolmak isleýärin. Hiç kimiň belliklerini islemeýärin” diýip Punçinello pikirlendi.
Şeýdip, ol Lusiýadan munuň nädip bolup biljekdigini sorady.
“Bu aňsat,” diýip Lusiýa jogap berdi. “Her gün men Elini görmäge gidýärin”.
“Eli?”
“Hawa, Eli. Agaç Ussasy. Men ussahanada ol bilen oturýaryn.”
“Näme üçin?”
“Muny bilmek isleýärmiň? Depä çyk. Ol şol taýda. “
Şeýle diýip, Lusiýa ýoly bilen gitdi.

“Ýöne…Ol meni görmek isleýärmi-kä?” diýip, Punçinello onuň yzyndan gygyrdy.
Lusiýa muny eşitmedi.
Punçinello öýüne gaýtdy.
Ol öýüne baryp, äpişgeden seredip oturdy we agaç adamjyklaryň biri birine ýyldyzjyk ýada nokatjyk berip aýlanyp ýörişlerini synlady.
“Bu nädogry,” diýip öz-özüne samrady
We Eli-niň ýanyna gitmegi çözdi.

Dar ýoda bilen ýöräp depäniň depesine çykdy we uly ussahana girdi. Içerik girende, ol ýerdäki zatlaryň ululygyny görüp onuň agaç gözleri giňeldi. Oturgyç onuň boýy bilen deňdi. Iş stolynyň üstüni görkmek üçin bolsa aýagynyň ujuna galmaly boldy. Çekiç onuň eliniň uzynlygyça-dy. Punçinello ýuwdunyp, “Men bu taýda durup bilmen!” diýip, yzyna öwrülip gidiberjek boldy.
Şol bada ol öz adyny eşitdi.
“Punçinello?” Bu ses çuň we güýçlidi.
Punçinello durdy.
“Punçinello! Seni görmek gaty gowy. Gel men saňa seredeýin.”
Punçinello yzyna ýuwaşlyk bilen öwrüldi we uly sakgally ussany gördi.
“Sen meniň adymy bilýärsiňmi?” diýip kiçijik Wemmik dillendi.
“Elbetde, bilýän. Men seni ýasadym”
Eli pese eňildi-de ony alyp iş stolynyň üstünde goýdy. Ondaky çal nokatlara seredip, “Hmm, görýän welin saňa erbet bellikler beripdirler,” diýip, Ussa pikirli gürläp başlady.
“Men olary almak islemedim, Eli. Men elimde baryny etdim.”
“Eýjejik, sen özüňi gorajak bolma. Başga Wemmikleriň pikiri meni gyzyklandyranok”

“Seni gyzyklandyranok?”
“Ýok, seni-de gyzyklandyrmasyn. Ýyldyzjyk ýada nokat berer ýaly olar kim?
Olar hem sen ýaly Wemmikdir. Punçinello, olaryň näme pikir edýändigi wajyp däl. Meniň näme pikir edýändigim wajypdyr. Men bolsa, sen gaty aýratyn diýip hasaplaýan.”

Punçinello güldi.
“Men aýratyn? Näme üçin? Men çalt ýöräp bilemok, böküp bilemok. Meniň reňklerim gopup düşen. Näme üçin men seniň üçin aýratyn?”
Eli Punçinello seretdi we onuň kiçijik agaç egnine elini goýdy-da, ýumşaklyk bilen, “Çünki sen Meniňki. Şonuň üçin sen meniň üçin aýratyn.”diýdi.
Ýaradyjysyndan başga özüne hiç kimiň şeýle seredendigini Punçinello görmändi.
Ol näme diýjegini bilmedi.

“Sen her gün Meniň ýanyma gelersiň diýip, umyt edýärdim,” diýip Eli düşündirdi.
Punçinello, “Men bir bellgisiz birine duşandygym üçin geldim,” diýdi.
“Men muny bilýän. Ol maňa sen hakynda aýtdy.” diýip Ýaradyjy mylaýymlylyk bilen gürläp başlady.
“Näme üçin ýelmentgiler oňa ýapyşmady?”
“Sebäbi, Lusiýa üçin başgalaryň pikirinden Meniň pikirim has wajypdy. Ýelmentgiler diňe sen rugsat berseň ýelmeşýär.”

“Näme?”

“Ýelmentgiler seniň üçin wajyp bolsa ýelmeşýär. Sen näçe meniň saňa bolan söýgüme ynansaň, ýelmentgitler seniň üçin manysyz bolar.”

“Men muňa düşünmedim.”

Eli ýylgyrdy. “ Sen düşünersiň, ýöne bu wagt alar. Sende köp ýelmentgiler bar. Häzirlikçe, her gün Meni görmäge gel we Men sen barada näçe alada edýändigimi ýatladaryn.”

Eli Punçinellany göterip ýere goýdy.
Wemmik daşaryk gapydan çykyp barýarka, Eli oňa:
“Ýatda sakla, sen aýratyn çünki Men seni ýasadym we Men hiç wagt ýalňyşmaýaryn.”

Punçinello saklanmady, ýöne kalbyndan, “Men bulara ynanýaryn” diýip pikirlendi.
We şol wagt çal nokatjyk ýere gaçdy.

http://spa.fotolog.com/photo/10/5/76/ths__s__hrdcr/1255584788498_f.jpg

posted in Kitaplar | 0 Comments

2nd November 2010

Biz namazymyzy gecirsek Alla bizi bagyslarmy, bizin gunamizi gecermi sony aydayynda?

Gadyrly ildeshimizing beren ine bu soragyna jogap hokmunde hatymyzy bu yerde yerleshdirmegi makul bildik!

Bize hat yazanynyz uchin uchin minnetdarlyk aydyarys! Beren soragynyza hem Hudayyng Yazgylaryndan jogap bermage chalysharys.

Bu soraga jogap bermek uchin Hudayyng Yazgylarynda aydylanlar barada oylanmagymyz gerek. Ilki bilen sizing kalbynyzda Hudaydan gorkmak we Hudayy hoshnut etmek uchin isleginizing bardygy gowy zat.

Yone adamyng gunalidigi we gunasini eden ishleri bilen aklap bilmejegini yagny bizing etjek ishlerimiz Hudayyng talap edyan dogrulygyndan gaty uzakdadygyny Hudayyng Sozi aydyar. Hudayyng talaby “ynsanyng 100% mukaddes bolmagy” bu talaby bolsa yerine yetirip biljek ynsan yok. Chunki ahli adamlar guna edip Hudayyng shohratyndan mahrum boldular. Adam atadan bashlap adamzat neslining ahlisi gunali we Hudayyng “mukaddeslik talabyny” yerine yetirip bilmediler. Mukaddes bolmadyklar bolsa, yagny Hudayyng bu belent talabyny yerine yetirip bilmedikler hem Hudayyng jezasyna mynasyp boldular, yagny “olume we baky dowzah oduna hokum edildiler” Bu pajygaly habardy, chunki bu hokumden hich kim hem oz guyji bilen gutulyp bilmeyardi. Emma Hudaya shukurler bolsun Ol bize bolan soyguden, rehimden we merhemetden doly Hudaydyr, ine shonung uchin hem Hudayymyzyng Ozi bizing uchin gutulysh Yoluny achdy! Yagny Hudayyng Ozi asmandan Ozuning hemishede ichinde bolan Bolegini yagny bashgacha Ona Hudayyng Sozi hem diyilyar yada Ogly diyilyar, Oz Ogly Isa Mesihi yere iberdi, Isa Mesih kamil bolandygy uchin Hudayyng “talap eden mukaddes durmushynda” yashap bildi we yere gelip kamil yashayyshda gunasiz yashady, we Hudayyng talap eden ” kamil we mukaddes gurbanlygyny” Oz tenini hachdaky olume bermek bilen upjun etdi! Isa Mesih bizing gunalerimizing muzdyny tolemek uchin oldurildi, gany dokuldi, jaylandy, emma uchunji guni oluming ustunden we sheytanyng ustunden yenish gazanyp yene-de direldi we 40 gunden songra goge gelen yerine Ata Hudayyng yanyna gitdi! Sheydip Hudayyng bu eden belent gutulyshyna yagny Isa Mesihing edenlerine iman edip, Ony halasgaring we Rebbing hokmunde kabul edeninde Huday bizi bagyshlayar we bize baky yashayyshy sowgat hokmunde beryar!

Shonung uchin, “namaz okamak bilen, yada dini dap-dessurlary yerine yetirmek bilen” biz halas bolup bilmeyaris, chunki bular Hudayyng talap eden ” kamil mukaddesligini” bize berip bilmeyar, shonung uchin hem bize Hudayyng Ozuning upjun eden Isa Mesihdaki gutulyshy gerekdir!

Eger sen Hudayyng onunde gunalerini boyun alsang we Halasgar Isa Mesihing sening uchin edenlerine iman etseng we Ona Halasgar we Reb hokmunde yuzlenseng Huday sening gunalerini bagyshlar we sana dowzah odundan we sheytanyng guyjunden halas bolmagy berer! Ona yuzleneninde, Isa Mesih sening kalbynda yashap bashlar we sana Hudayyng Mukaddes Ruhyny sowgat berer, Hudayyng Ruhy, sening kalbyndaky “gunaler netijesinde oli bolan ruhyny direlder we Huday bilen hemishe gatnashykda bolmagy emele getirer!”

Elbetde bu Hosh Habara iman etmek bilen sizde taze yashayysh bashlanar, bu taze iman yolunda Huday Oz Yazgylarynda nahili yashamalydygyny we nahili ozune ybadat etmelidigini owreder! Sizing bu ajayyp yolda yoremeginizde ilkinji adimi atmeginiz gerek, bu hem Halasgar Mesihe bolan imandan bashlanyar! Bu ajayyp gutulsh adimini atmek isleyarmisiniz?

Eger bu sizing isleginiz bolsa bize habar bering, biz size dogada Hudaya nahili yuzlenmelidigini owrederis…!

Size Rebbimizdaki bereketleri arzuw edip we Hudayyng Hosh Habaryna dushunmekde size yardam etsin diyip,

Admin

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 33 Comments

15th October 2010

Hudayyng Soygusi we Gutulyshy!!!

“Hich kim goge chykan daldir; onga dinge gokden inen we gokde bolan Ynsan Ogly ( Isa Mesih) chykandyr. Musanyng cholde yylany yokaryk galdyryshy yaly, Ynsan Ogly-da yokaryk galdyrylmalydyr. Sheylelikde Ona ynanyanlaryng hich biri helak bolman ebedi yashaysha gowshar. Chunki Huday dunyani kop soyyanligi uchin Ogluna iman edenlering hich biri helak bolman, ebedi yashaysha gowushsyn diyip, Ozuning yekeje Ogluny berdi. Huday Ogluny dunyani hokum etsin diyip dal, eysem dunya Ol arkaly halas bolsun diyip iberdi. Ona ynanan hokum edilmez, ynanmayan bolsa, Hudayyng yekeje Oglunyng adyna iman etmeyanligi uchin eyyam hokum edilendir.” Yahya 3:13-18


posted in Гозлеглер ве ачышлар, Filim | 0 Comments