16th
December
2009
Işaýa Pygamberiň Mesih hakyndaky pygamberligi…
posted in Шахсы шаятлык |
Işaýa pygamberiň Isa Mesih baradaky pygamberligi
53-nji bap
1 Biziň habarymyza kim ynandy?
Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?
2 Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek,
gury ýerdäki kök deý ösdi;
biziň oňa serederimiz ýaly,
onda ne şekil, ne syrat bardy,
arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.
3 Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi,
ol derdi, hassalygy bilýän adamdy;
adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler,
ol äsgerilmedi,
hiç zatça-da görmedik ony biz.
4 Ol biziň hassalygymyzy öz üstüne aldy,
biziň dertlerimizi çekdi;
biz bolsa ol Hudaý tarapyndan jezalandyrylyp,
urlup ejir çekendir diýip pikir etdik.
5 Emma ol biziň ýazyklarymyz üçin ýaralandy,
biziň etmişlerimiz üçin ezýet çekdi,
rahatlygymyz üçin jeza onuň başyna geldi,
onuň ýaralary bilen biz şypa tapdyk.
6 Ählimiz edil goýun ýaly azaşdyk;
öz ýolumyz bilen gitdik herimiz,
Reb ählimiziň etmişimizi oňa ýükledi.
7 Oňa sütem edildi, ol ejir çekdi,
emma şonda-da agzyny açmady.
Soýulmaga äkidilip barýan guzy dek,
gyrkymçynyň öňündäki sessiz goýun dek,
hiç agzyny açmady ol.
8 Ol sütem, adalatsyzlyk bilen äkidildi.
Onuň nesilleri hakda kim aýdyp biljek?
Diriler diýaryndan mahrum edildi ol,
halkymyň ýazygy üçin zarba oňa degdi.
9 Onuň gabry pisler bilen boldy.
Ol baý adamyň ýanynda jaýlandy,
ol hiç hili sütem etmändi,
agzyndan ýalan sözler çykmandy.
10 Emma onuň ezilmesi,
dert çekmesi Rebbiň islegidi.
Onuň jany günä gurbanlygy edilse,
ol neslini görer, onuň ömri uzar;
Rebbiň islegi ol arkaly rowaçlanar.
11 Janynyň çeken jebir-jepalarynyň
hözirini görüp, ol kanagatlanar.
Öz bilşine görä,
Meniň dogruçyl gulum köpleri aklar,
öz üstüne alar olaryň etmişini.
12 Şonuň üçin Men oňa
beýik adamlaryň arasyndan paý bererin;
oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol,
janyny gurban etdi ol,
ýazyklylar bilen bir saýyldy;
ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy,
olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.
“Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur».
Sen muňa iman getirýärsiňmi we Hudaýyň Özüniň üpjün eden Isa MEsihdäki gutulyşyny kabul edýärmiň. Isa Mesihe bolan ynamyň seniň bakyýeti nirede geçirjekdigiňi anyklaýandyr!
This entry was posted
on Wednesday, December 16th, 2009 at 1:56 am and is filed under Шахсы шаятлык.
You can follow any responses to this entry through the RSS 2.0 feed.
You can leave a response, or trackback from your own site.
posted on January 25th, 2010 at 12:20 pm
posted on January 25th, 2010 at 12:23 pm
posted on January 25th, 2010 at 2:09 pm
posted on February 19th, 2010 at 4:23 pm
posted on February 19th, 2010 at 4:48 pm