6th November 2009

Tagzym

TAGZYM

Diri Hudaý dünýäni ýaradyp,
Gözellikden doldudy.
Ynsany güýçli söýýäni üçin,
Ony ygtyýaryna berdi.

Gaýtalama

Ýaradyjym diri Hudaý, merhemetiňe tagzym,
Ýalňyz Rebbim Mesih Isa, Seniň söýgiňi tagzym,
Teselliçim Mukaddes Ruh, Seniň güýjüňe tagzym,
Men-ä siziň öňüňizde baş egip dyzyma çökýän.

Ýalňyz Rebbim Mesih Isa,
Meň deregime haça gitdiň.
Haçda görgi içinde ölüp,
Üç günden soň direldiň

Gaýtalama

Teselliçim Mukaddes Ruh
Meň kalbymyň şatlygy,
Ak patalarymyň gözbaşy
Rebbiň beren sowgady

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

6th November 2009

Ya Rebbim

ÝA  REBBIM

Seň söýgiňe men haýran.

Ýüregiňe başym gurban

Seň Sözüň jana derman

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Toba gelmek Senden perman.

Ah, muny bildim giç arman.

Bagyşlaýaň günäme bakman.

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Ýaşaýyş täjin geýdirýäň

Söýgiň bilen gurşaýaň,

Patyşalygyňy sowgat berýäň

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Rehimiň Seniň çäksiz.

Merhemtiňem düýpsiz

Söýgiňem tükeniksiz

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • "Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudaýyň hasiýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam, gul häsiýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi. Ol muny Gökdäkileriň, Erdäkileriň we Ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi."
  • Fliliplililere hat 2:5-11