TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Hosh Habar bolan Injilden song yene bir habar gelermi…

30th November 2009

Hosh Habar bolan Injilden song yene bir habar gelermi…

Bu soraga elbetde durli dining wekilleri durli hem jogap bermage chalyshar… Mysal uchin Islam dinine uyyan ildeshlerimiz: hawa Injilden song yene bir hosh habar gelipdir Hudaydan bu hem Muhammeting getiren habarydyr…Injil dine oz dowrune degishli dalmi eysem …”diyip jogap bererler.

Emma bu jogap hakykata yagny Hudayng maksadyny ayan eden Sozune dogry gelyarmi we oz esasyny olardan tapyarmy?! Yok, beyle pikir duybunden Hudayng hakykatyna gabat gelmeyar. Munung sheyledigini Isanyng ilkinji shagirtleri bolanlaryng durmushyndan hem gorup bilyaris. Isa Mesih hakyndaky bolan Hosh Habardan “bashga bolan hosh habary” getirjeklering dinge bir 6-njy asyrda bolman eyyam 1-nji asyrda hem dorap bashlandygyny taryh bize owredyar.

Bu barada ine Isa Mesihing ilkinji shagirtlerining hataryna goshulanlaryndan biri resul Pawlus ine sheyle diyip Isa Mesihinkiden bashga hich hili hosh habaryng yokdugyny duydyrysh berip ine sheyle diyyar:

“Men sizing Mesihing merhemeti arkaly ozunizi Chagyrany beyle tiz tashlap, bashga Hosh habara owrulishinize hayran galyaryn. Dogrudan-da bashga Hosh habar yok, yone sizi bulashdyrjak, Mesihing Hosh Habaryny yoyjak bolyan kabir adamlar bar. Emma biz ya Gokden inen bir perishde hem size wagyz edenimizden bashga bir zady Hosh Habar diyip wagyz etse, ona lagnat bolsun! Ong aydyshymyz yaly, yene-de aydyaryn: biri size kabul edeninizden bashga bir zady wagyz etse ona lagnat bolsun! Indi men adamlaryng razychylygyny gozleyarinmi ya Hudayng razychylygyny?…”

Gadyrly dost sen barada name…sen kiming hosh habaryna ynanyang Hudayng Ozuning ayan edeni Isa Mesih barada bolan Hosh Habaramy yada adamlaryng doreden bashga bir habarynamy…alty yuz yyldan song doran bir habaramy ynanyarsyng? Sen kiming razychylygyny gozleyarsing: adam tarapyndan doredilen dininkinimi, dindashlarynkynymy yada sana merhemet, rehim we soygi echilyan Hudayng razychylygyny gozleyarsing?

Adamzadyng gunaning jezasyndan, sheytanyng guyjunden we baky olumden gutulmagy uchin Hudayng Isa Mesihde upjun eden gutulyshyndan bashga hich bir zat Hosh habar bolup bilmeyar. Bu sebapden Isa Mesihing shagirdi bolan resul Petrus munlerche adamlaryng onunde durup we olaryng imansyzlygyny pash edip ine sheyle diyip guwa gechipdi:

“Siz ussalar tarapyndan asgerilmedik bu Dash burchbashy bolup chykdy. Bashga hich kimde gutulysh yokdur, chunki bizing halas bolmagymyz uchin adamzada berlen gayry at (Isa Mesih) asmanyng astynda yokdur!”

Bu sebapden gadyrly dost, bu hakykata iman getirip Hudayng sana mugt berjek “Belent Gutulyshyna” eye bol! Adamlaryng guwaligini, habaryny kabul etme-de, Hudayng Ozuning Isa Mesih barada eden guwaligini we Hosh Habaryny kabul et!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

22nd November 2009

Gurbanlyk bermek bu näme…

sacrifice 

Gurbanlyk bermek bu näme zat…

 

Bir Türkmen ildeşimiziň Tmolympiad websaýtynda Gurbanlyk barada beren soraglaryna bir ildeşimiziň Mesihilik nukdaý nazardan beren jogabyny şu taýda ýerleşdirmegi makul bildik!

Ondan başgada tizara bütin Islam dünýäsinde “gurbanlyk baýramy” bellenip geçilýär, ýöne biziň ildeşlerimiz munuň manysyna düşünýärmi we Hudaýyň hakykatda näme isleýändigini bilýärlermi diýen pikire esaslanyp Mukaddes Ýazgylara esaslanyp bu makalanyň ýazylandygy üçin, muny websaýtymyzda ýerleşdirmegi makul bildik!

 Gurbanlyk barada ýazan öz pikirleriň üçin we soran soraglaryň üçin minnetdar! Elbetde, köp ildeşlerimiz seniň ýazanlaryňa öz pikirlerine we dini ynançlaryna esaslanyp gyzykl jogaplar beripdir. Şol arada sen “hristianlar hem gurbanlyk berýärlermi?” diýip hem sorag beripsiň. Bu soragyňa we başgada käbir soraglaryňa jogap ýazmagy makul bildim.

 

Ilki bilen “gurbanlyk” getirmegiň garyplara ýardam ýada mätäçleri doýurmak diýen düşünjeden ötri ruhy manysy bardyr. Her bir ruhy many berilen däbiň nireden gelip çykandygyny bilmek üçin Ähli zadyň Ýaradyjysy bolan Hudaýa ýüzlenmeli we Hudaýyň sözünden jogap agtarmak dogry bolýar. Bu sebäpden “gurbanlygyň” gelip çykyşy başlangyçdan başlanýar. Adam ata we How ene Hudaýyň diýýänine boýun bolman, öz ýollaryny saýlan-da olar bilen Hudaýyň arasynda ruhy aragatnaşyk bozulýar, we Hudaýyň eýýäm öňünden duýduryş berişi ýaly olar ölümli bolýarlar ýagny hem ruhy we fiziki taýdan ölümli bolýarlar. Olar hemme zadyň doly garmoniýada ýagny doly ylalaşykda bolan ýeri bolan Erem bagyndan kowulýarlar, munuň sebäbi hem olaryň tebigaty üýtgeýar, olar mundan beýläk Hudaý bilen kämil aragatnaşykda ýaşap bilmeýärler, Hudaýyň olara bolan gatnaşygy üýtgemeýärde, olaryň Hudaýa bolan gatnaşygy üýtgeýär. Şeýle ýagdaýa uçranlarynda, olar ezýet çekip başlaýarlar, şeýle boýun bolmasalarda Hudaý ilkinji bolup olara el uzadýar, ýagny ýalaňaç bolan Adam ata we How ene üçin Hudaýyň özi bir haýwan öldürip, haýwanyň hamyndan olar üçin egin-eşik edip olary geýindirýär. Şonda ilkinji gezek ýer ýüzünde haýwan öldürilip gan dökülýär. Ozal başda eýýäm Hudaý olary ýagny ynsanlary yzyna gaýtaryp getirmek üçin bir plan emele getirýär. Şol döwülen ruhy aragatnaşygy dikeltmek üçin kämil töleg gerekdi, muny bildirmek üçin bolsa Hudaý olara bir ýol berdi, ýagny tä kämil gurbanlygy, tölegi Hudaýyň Özi öz wagtynda üpjün edýänçe, özüniň ýanyna ynsanyň gelip wagtlaýynça aragatnaşykda bolup bilmekleri üçin we Hudaýyň günä bolan gahar gazabyny wagtlaýynça aradan aýyrmak üçin “haýwan gurbanlyk getirmek düzgünini emele getirdi” Adam atadan başlap, “haýwan gurbanlyk getirilende” olar Hudaýyň eýýäm olara gutulyş berjek ýagny kämil gurbanlyk getirjek wagtyny, ýagny Onuň rehimini we merhemetini ýatlap iman bilen muny ýerine ýetirip başladylar. Bu Adam atadan başlap, onuň ilkinji ogullar Habyl we Kabylyň mysalynda, Nuh we onuň ogullarynda, Ybraýymda, Yshakda, Ýakupda we Ýusupda soňra olardan dörän Ysraýyl halkynyň durmuşynda wagty bilen Hudaýyň dünýä getirjek kämil gurbanlygynyň simwoly hökmünde ýerine ýetirilip gelinipdi. Uly bir halk dörände bolsa Hudaý Musa pygamber arkaly bu däp dessuryň daşynda ýene birnäçe däp dessurlar berip kanunlar beripdir. Emma olaryň ählisi hem Hudaýyň geljekde ýerine ýetirjek ajaýyp gutulyş planynyň asly bolman kölegesi bolupdyr. Ol berilen kada kanunlaryň ýene bir maksady hem ynsanlara özleriniň näderejede kämil däldiklerini we Hudaýyň rehimine we merhemetine, ýagny Halasgärine mätäçdiklerine düşünmekleri üçin hem berilipdir. Ine Mukaddes Ýazgylardan şeýle sözler bar: “Mukaddes Kanun oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez.”

 Gysgaça aýdanda gurbanlygyň taryhy we esasy ine şu ýokardaky aýdylanlardan ybarat, bu sebäpden “haýwan gurbanlyk getirmegiň” esasy maksady açlary doýurmak bolman Hudaý bilen ynsanyň arasyndaky ruhy gatnaşyk  we Hudaýyň Özüniň biziň günälerden, şeýtanyň güýjünden we geljekgi dowzah odundan ýagny baky ruhy ölümden gutulmagymyz üçin üpjün etjek “Kämil çirksiz Gurbanlygynyň” ýatlatma simwoly, ýada saýasydyr. Bu bilen baglylykda, näme üçin Isa Mesihe iman edýänler “gurbanlyk getirmeýärler” diýen soraga jogap. Isa Mesihe iman edýänler, Hudaýyň eýýäm asyrlaryň jümmşinde eýýäm öňünden şol simwollar we mysallar arkaly, we pygamberleriň öňünden aýdyp geçen pygamberlikleri esasynda “Şol wada edilen Kämil Gurbanlygyň” Isa Mesihde Hudaýyň dünýä ýollandygyna ynanýandyklary üçin bu günler  Köne Ähte bagly bolan kanun däp dessurlary aradan aýrylýandygy üçin we hakyky Hudaýyň Özüniň üpjün eden gutulyşynyň gelendigi sebäpli ýerine ýetirmeýändigidir! Mukaddes Ýazgy ine bu barada şeýle diýýär: “Onda Kanun näme gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçe perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jeneýatlar sebäpli ähte goşuldy…Şeýlelikde, biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçe biziň terbiýeçimiz boldy. Iman geleni üçin, biz indi terbiýeçiniň gol astynda däldiris. Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz…Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz!”

Bular bolsa meniň ýokarda aýdyp geçenlerimiň tassyklanmasy bolýar. Bu sebäpden hem Isa Mesihiň dünýä gelmegi Hoş Habar diýilip atlandyrylýar, ýagny şol ozal-başda Hudaýyň wada edeni we Onuň üçin ýol taýýarlany dünýä geldi we Ol kämil “Gurbanlyga” iman getirmek arkaly bolsa şol ýitirilen aragatnaşyk dikeldilýär!

Ýöne gynansak-da, musulman ildeşlerimiz Hudaýyň üpjün edenine iman getirmän, kämillige ýetirmejek köne däp dessurlarda ýaşaýarlar! Isa Mesihiň dünýä gelmegi bilen Täze Äht emele geldi, Köne Äht öwrenilsede indi onuň güýji ýok bolup galýar! Bu sebäpden hem “mal gurbanlyk” getirmegiň zerurlygy galmaýar-da iman arkaly Hudaýyň rehimi we merhemeti arkaly Özüniň üpjün edenini, ýagny adamzadyň günäleriniň jezasyny öz gerdeninde çeken, töleg hökmünde janyny gurban edip mukaddes ganyny döken, ölümden direlip ölümiň we şeýtanyň güýjünden eňiş gazanan Isa Mesihine iman getirilmelidir! Hudaýyň bu ajaýyp gutulyşy hakynda bolsa dünýäniň soňuna çenli her bir ynsana buşluk hökmünde ýetirilmelidir!

Guzy ýada mal gurbanlyk getirmek baradaky Mukaddes Ýazgylarda duş gelýän wakalar hakynda aýratyn durup geçmäge bu taýda wagt ýok, emma şeýle edilmek mümkinçiligi bolan bolsady, olar arkaly Hudaýyň ajaýyp gutulyş planynyň asyrlar jümmşinden gyzyl sapak ýaly bolup geçýandigini görüp bolýar!

Eger bu ýazylanlary uzyn görmän soňuna çenli okan bolsaňyz, köp minnetdar we size bir telpek!

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

17th November 2009

Diňe Sensiň

DIŇE SENSIŇ MENI DÜNÝÄ INDEREN ,

PÄK, MUKADDES RUHUŇ BILEN DOLDYRAN,

GAÝGY DÄL, ŞATLYK BILEN AK PATA BEREN

DIŇE SENSIŇ HUDAÝYMYZYŇ OGLY.

2.

ÇAGALYKDA SAŇA BOÝUN BOLMADYK,

ÇAGYRAŇDA SEŇ ÝANYŇA GELMEDIK,

TOBA EDÝÄS HUDAÝYMYZ BAGYŞLA BIZI

ŞONDA-DA SEN SÖÝÜPDIŇ ÖZ PERZENDIŇI.

3.

SEŇ ADYŇDAN AK PATALAP GÜNÄLILERI

“TOBA ET,ISA GEL HALASGÄR REBBE”

DIÝIP SEŇ SÖZÜŇI AÝDYP YNSANA

DIŇE SAŇA BOÝUN BOLUP,DYZAÇÖKERIS.

4.

SENIŇ BILEN BOLDUK INDI BERKARAR,

DURMUŞYMYZ BOLMAZ INDI BI KARAR,

RUHUMYZAM DIŇE SENI ALKYŞLAR,

BIZIŇ ÝÜREGIMIZDE DIŇE SEN BAR.

5.

SEN BIZE ÖWREDÝÄŇ SENI SÖÝMÄNI,

SEN BIZE GÖRKEZÝÄŇ ŞATLYK ÝOLUNY.

BIZ SENDE, MESIHDE BAKY ÝAŞARYS

DIŇE SENSIŇ EDÝÄN ÄHLI ZATLARY.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

6th November 2009

Tagzym

TAGZYM

Diri Hudaý dünýäni ýaradyp,
Gözellikden doldudy.
Ynsany güýçli söýýäni üçin,
Ony ygtyýaryna berdi.

Gaýtalama

Ýaradyjym diri Hudaý, merhemetiňe tagzym,
Ýalňyz Rebbim Mesih Isa, Seniň söýgiňi tagzym,
Teselliçim Mukaddes Ruh, Seniň güýjüňe tagzym,
Men-ä siziň öňüňizde baş egip dyzyma çökýän.

Ýalňyz Rebbim Mesih Isa,
Meň deregime haça gitdiň.
Haçda görgi içinde ölüp,
Üç günden soň direldiň

Gaýtalama

Teselliçim Mukaddes Ruh
Meň kalbymyň şatlygy,
Ak patalarymyň gözbaşy
Rebbiň beren sowgady

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

6th November 2009

Ya Rebbim

ÝA  REBBIM

Seň söýgiňe men haýran.

Ýüregiňe başym gurban

Seň Sözüň jana derman

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Toba gelmek Senden perman.

Ah, muny bildim giç arman.

Bagyşlaýaň günäme bakman.

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Ýaşaýyş täjin geýdirýäň

Söýgiň bilen gurşaýaň,

Patyşalygyňy sowgat berýäň

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

Rehimiň Seniň çäksiz.

Merhemtiňem düýpsiz

Söýgiňem tükeniksiz

Ýa Rebbim! Ýa Rebbim!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments