23rd September 2009

Akmak Baý…

thinking_man.jpg

Isa Mesih: “Habardar boluň! Özüňizi her hili betnebislikden goraň, çünki biriniň ýaşaýşy onuň mal-mülküniň bollugyna bagly däldir” diýdi. Olara bir tymsal aýtdy: “Bir baý adamyň ýeri bol hasyl berýär. Ol adam: “Näme etsemkäm? Hasylym goýmaga jaýym ýok” diýip içini gepledýär. Onsoň şeýle diýýär: “Şeýle ederin: ammarlarymy söküp, ulurak ammarlar salaryn-da, bütin gallamy, bar zadymy şol ýere ýygnap, özüme: Eý janym, köp ýyl üçin ýygnalan birtopar zadym bar, dynjyňy al, iý, iç, keýp çek” diýerin. Emma Hudaý oňa: “Eý akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň senden alnar. Onsoň taýarlan zatlaryň kime galar?…Bütin dünýäň eýesi bolup janyňy ýitirseň saňa näme peýda” diýýar. Hudaýyň nazarynda baý bolman özi üçin döwlet ýygnaýan adamyň ýagdaýy şeýledir”. Injil

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

18th September 2009

Iýerusalimde “Golgot düzlüginde” Isa Mesihiň ezýeti…

Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: “Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusydyr” diýdi….Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi. Siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz…” Injil

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

16th September 2009

Minnetdar men Senden…

prodigal_son

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

3rd September 2009

Direliş-de, Ýaşaýyş-da Mendirin…Isa Mesih

jesus_lazarus_1

Direliş-de, Ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar!” Isa Mesih

Geliň Halasgär Isa Mesihiň bu sözleri aýdyp Özüniň hakykatdan hem Ýaşaýyşdygyny iş ýüzünde hem aýan edendigi baradaky taryhy waka seredip geçeliň. Bu taryhy okap öwrenmek bilen, gadyrly ildeşim sen hem hakykata göz ýetirersiň we Isa Mesihiň berjek ýaşaýşyny almak üçin Ony Ýaşaýyş we Direliş hökmünde kalbyňa iman arkaly kabul edersiň diýip umyt edýärin!

“Merýem bilen onuň uýasy Martanyň obasy bolan Beýtaniýadan Lazar atly bir adam syrkawdy. Merýem Rebbiň (Isanyň) üstüne atyr ysly ýag çalyp, Onuň aýagyny öz saçy bilen süpürip guradan aýaldy. Onuň dogany Lazar syrkawdy. Şeýlelikde, uýalar: “Ýa Reb, Seniň söýýän adamyň syrkaw ýatyr” diýip, Isa habar ýolladylar. Isa muny eşidende: “Bu syrkawlyk ölüm üçin däl-de, Hudaýyň Ogly ol arkaly şöhratlanar ýaly, Hudaýyň şöhraty üçindir” diýdi. Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. Onuň syrkawdygyny eşidende, Isa şol bolýan ýerinde iki gün galdy. Onsoň şägirtlerine: “Ýene Ýahuda gideliň” diýdi. Şägirtleri Oňa: “Mugallym, ehudylar Seni ýaňy daşlamaga synanyşdylar, Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?” diýdiler. Isa olara şeýle jogap berdi: “Gündizde on iki sagat bar dälmi? Gündiz gezýän adam büdremez, çünki ol bu dünýäniň Nuruny görýändir. Ýöne adam gije gezse, büdrär, çünki onda Nur ýokdur”. Soňra Isa olara: “Dostumyz Lazar uklap ýatyr, diňe şony oýarmak üçin barýaryn” diýdi. Şagirtleri Oňa: “Ýa Reb, ulan bolsa sagalar” diýdiler. Isa onuň ölendigi hakda gürrüň edýärdi, ýöne olar adaty ukudyr öýdýärdiler. Şeýlelikde, Isa olara açygyny aýtdy: “Lazar ölüpdir. Men siz iman edersiňiz diýip, şol ýerde bolmalygyma siziň üçin şat, ýöne indi onuň ýanyna gideliň”. Didimos (Ekiz) diýilýän şägirt Tomas ýoldaşlaryna: “Onuň bilen öler ýaly, biz-de gideliň” diýdi.

Isa gelende, Lazaryň gabyrda ýatanyna dört gün bolan eken. Beýtaniýa Iýerusalimden üç kilometre golaý uzakdady. Doganlarynyň ölümi zerarly, Marta bilen Merýeme göwünlik berjek bolup, bu ýere köp ýehudy gelipdi. Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga gitdi, Merýem bolsa öýde galdy. Marta Isa: “Ýa Reb, Sen şu ýerde bolan bolsaň, doganym ölmezdi. Hazir hem Hudaýdan näme dileseň, Onuň dilegiňi bitirjegini bilýärin” diýdi. Isa oňa: “Doganyň direler” diýdi. Marta bolsa: “Men ahyret güni boljak kyýamatda onuň direljegini bilýärin” diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. Her bir ýaşaýan we Maňa iman edýän asla ölmez. Sen muňa ynanýarsyňmy?” Ol Oňa “Hawa, ýa Reb, men Seniň Hudaýyň dünýä inen Ogly Mesihdigiňe iman etdim” diýdi. Ol muny aýdyp, gitdi-de, uýasy Merýemi ýaşyrynlyk bilen çagyryp: “Mugallym şu ýerde, seni çagyrýar” diýdi. Merýem muny eşiden badyna tiz ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. Isa entek oba barmandy, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ehudylar onuň howul-halat ýerinden turup, çykyp gidenini görenlerinde, aglamak üçin gabra tarap barýandyr öýdüp, onuň yzyndan gitdiler. Merýem Isanyň duran ýerine gelende, Ony gördi, Onuň aýagyna ýykylyp: “Ýa Reb, Sen şu ýerde, doganym ölmezdi” diýdi. Isa onuň we onuň bilen bile gelen ehudylaryň aglaýanyny görende, çüňňür gynanyp, ýüregi gyýyldy. Ol: “Ony nirede jaýladyňyz?” diýip sorady. Oňa: “Ýa Reb, bar-da, Özüň göräý” diýdiler. Isa aglady. Ehudylar: “Ol ony, gör, nähili söýýän eken!” diýişdiler. Käbirleri bolsa: “Körüň gözüni açan bu Adam munuň-da ölmezligi üçin bir zat edip bilmezmidi?” diýişdiler.

Şol wagt Isa ýene-de gynanyp, gabryň ýanyna bardy. Gabyr bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. Isa: “Daşy aýryň” diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: “Ýa Reb, ol indi porsandyr, onuň gabyrda ýatanyna dört gün boldy” diýdi. Isa oňa: “Men saňa “Iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň” diýmedimmi?” diýdi. Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni Göge dikip, şeýle diýdi: “Eý Ata, dielgimi eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. Meni hemişe eşidýändigiňi bilýärin, ýöne Men muny töwerekdäki halaýyk sebäpli, Meni Seniň iberendigiňe ynansynlar diýip aýtdym”. Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: “Lazar, daşaryk çyk!” diýip gygyrdy. Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan öli gabyrdan çykdy. Isa olara: “Onuň daňylaryny çözüň-de, goýberiň, gitsin” diýdi. Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen, Isanyň eden işini gören ehudylaryň köpüsi Oňa iman etdiler…

Gadyrdan ildeşim, sen hem iň bolmanda Isanyň, hiç kimiň hiç haçan ýerine ýetirmedik gudratly işini görüp Oňa Ýaşaýyş Beriji hökmünde iman edýärsiňmi? Ölseňde ýene-de direlmek isleýärmisiň? Asla ölümiň bolmajak baky ýaşaýşyna eýe bolmak isleýärmisiň?

Her gezek bolşy ýaly, Isa bu gezek hem aýdan sözüni iş ýüzünde subut edip görkezdi. Biziň Isanyň Halasgärdigine ynanmagymyz üçin Hoş Habar ähli zady aýan etdi. Indi bolsa seniň saýlawyň, bu aýan bolan Nury görüp kabul edersiňmi we Nurda gezmek isleýärmisiň ýada bu Nury ret edip garaňkylykda galmak isleýärmisiň?

Kabul etmek isleseň Isa Mesihiň seniň Halasgäriňdigine we Onuň aýdan sözlerine we eden işlerine kalbyňdan ynan we agzyň bilen Isa Mesihiň Rebdigini ykrar et we Onuň seniň hem günäleriň üçin Öz janyny haçda gurban etmek bilen we ganyny gökmek bilen töländigine we jaýlanyp üçünji güni direlendigine ynan we bulary öz sözüň bilen Hudaýa aýt! Hudaý ýüzlenmäge we gepleşmäge dileg-doga diýilýär, eger sen Isa Mesihiň adyndan Oňa ýüzlenseň Ol seni diňlär we dilegiňi saňa berer!

posted in Kitaplar, Гозлеглер ве ачышлар | 2 Comments

1st September 2009

Hudaý Sizi Söýýär…

10-92scrainbow_lg

Adamlar hemme zatdan beter Hudaýyň söýgüsi hakdaky ylhama mätäçmikä diýip pikir edýärin. Hudaý biziň her birimizi söýýär, bu ylham bolsa, mesihiniň ýeňişli durmuşda ýaşamagy üçin öňünden taýýarlanylan iň wajyp şert bolup durýar. Bize diňe bir Hudaýyň söýgüsi baradaky bilim däl-de, eýsem, ylham hem zerurdyr. Ýöne ony diňe mesihi Hudaýyň söýgüsi barada pikir edip, oňa üns berip, öz durmuşynda Hudaýyň söýgüsiniň peýda bolşuny görüp, şol ylhamy Ýazgynyň we doga etme arkaly gözläp başlanda, Mukaddes Ruh berip bilýär.

Gadyrly okyjy, Hudaýyň bütin dünýäni juda söýýändigine, şonuň üçin hem Isany hemme adamlaryň ugrunda ölmäge iberenine ynanmak size aňsat düşýär, ýöne Hudaýyň özüňizi söýýändigine ynanmak welin, gaty kyn düşýär. Eger siz dünýäde ýeke-täk adam bolan bolsaňyz, Ol barybir Isany diňe siziň ugruňyzda ölmek üçin hem goýbererdi. Ine, Ol sizi şunuň ýaly derejede söýýär.

Men köp lapykeçlikleri başdan geçirdim, emma Hudaý Mukaddes Ruh arkaly hut özüme bolan söýgüsiniň näderejede güýçlüdigini merhemeti bilen açyp görkezdi. Ol ylhamlar meniň tutuş durmuşymy we Reb bilen gatnaşyklarymy doly özgertdi.

Bu kitapda okan zatlaryňyz size Hudaýyň söýgüsine bolan täze düşünjäni berer we sizde Ondan özüňiziň ylham almaklygyňyza teşnelik döreder diýip umyt edýärin. Men size şu kitapçanyň sahypalarynda Ýazgydan alyp beýan eden her bir aýatdyr pikirimiň üstünde gowuja oýlanmak bilen ony edil okuw gollanmasy hökmünde okamaklygy maslahat berýärin.

Gadyrly okyjy, özümiň Hudaýsyz hiç kimdigimi, islendik ylhamyň Ondandygyny bilendigim, Onuň Sözüne düşünmekligiň Hudaýyň merhemeti bilen berlendigini bilýändigim üçin teklip edýärin.  [dowamy...aşakdaky linkde okap bilersiňiz]

Hudaý Sizi Söýýär

posted in Kitaplar | 0 Comments