Isa Mesihiň “Rehimsiz hyzmatkäriň mysalynda…

forgiveness

Isa Mesihiň “Rehimsiz hyzmatkäriň mysalynda rehimli bolmak we bagyşlamak hakynda aýdan tymsaly…

“Onsoň Petrus (Isanyň şägirdi) gelip, Isa şeýle diýdi: “Ýa Reb, doganym maňa garşy näçe gezek günä etse, men ony bagyşlaýyn? Edi gezekmi?” Isa oňa şeýle jogap berdi: “Men saňa edi gezek däl, etmiş ýola edi gezek diýýärin. Şonuň üçin Gögüň Patyşalygy öz hyzmatkärleri bilen haklaşmak islän bir patyşa meňzeýär. Ol hasaplaşmaga duranda, oňa on müň talant borçly birini ýanyna geltirýärler. Ol bergisini töläp bilmäninde, patyşa onuň özüniň, aýalynyň, oglan-uşagynyň we bütin mallarynyň satylyp, bergisiniň berilmegini buýurýar. Hyzmatkär ýüzin ýykylyp, oňa ýalbaryp: “Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin” diýýär. Patyşanyň rehimi inip, ol hyzmatkäri boşadýar, algysyny geçýar. Ýaňky hyzmatkär daşaryk çykanda, özüne ýüz dinar borçly bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: “Bergiňi ber” diýip, bokurdagyndan tutýar. Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: “Sabyr et, bergimi bereýin” diýip oňa ýalbarýar. Ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar, bolan ähli zady baryp, patyşa habar berýärler. Onsoň patyşa ony çagyryp diýýar: “Eý, erbet hyzmatkär! Maňa ýalbaranyň üçin men şol algynyň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?” Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär. Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder”.

Sen hem kalbyňda ýakynlaryňdan ýada dostlaryňdan birini bagyşlap bilmeýärmiň? Başgalary bagyşlap bilmegimiz üçin Hudaýyň bagyşlamagyna eýe bolmalydyrys! Sen Hudaý tarapyndan bagyşlananmy? Şü gün Hudaýyň Öňünde durmaly bolsaň Ol seni kabul edermi, bagyşlanandygyňa ynamyň barmy, muňa nähili deliliň bar, hyzmatkäriň ýalbaryşy ýaly sen Oňa bagyşlamagy üçin ýalbardyňmy?  Hudaý bize Isa Mesih arkaly rehim edýär we biziň bergimizii ýagny günälerimiz üçin jezany bize bermän Isa Mesihde gutulyşy üpjün edýär. Hudaýyň bu rehimine, söýgüsine, merhemetine we adalatyna esaslanan bagyşlamasyny düşünip kabul etmegimiz gerekdir we bize garşy günä edenleri hem bagyşlamalydyrys! Hudaý tarapyndan bagyşlanan durmuşda ýaşasak we Onuň söýgüsinden we rehiminden dolanymyzda, bizde hem başgalary bagyşlamaga we söýmäge güýç bolar! Öz-özümiz özümizi günäniň näletinden, jezasyndan gutuldyp bilmeýşimiz ýaly, bize garşy günä edýänleri bagyşlamagy hem Hudaýsyz başarmaýarys. Bize Onuň güýji we merhemeti gerekdir!

Gadyrdan dost, sen bu gün ruhy durmuşyňda nirede? Hudaýyň Patyşalygynda ornuň barmy? Ýaradyjy Hudaýy rehim we merhemet edýän Ata Hudaý hökmünde tanaýarmysyň? Ol bilen şahsy aragatnaşygyň barmy?

Pikirleriň biziň bilen paýlaş, eger Hudaý bilen bolan şahsy aragatnaşygymyz hakynda, gutulyş we baky ýaşaýyş hakynda soraglaryň bar bolsa bize hat üsti bilen şu websaýtymyzda bildirip bilersiň!

Siziň her biriňize Isa Mesihdäki ruhy rowaçlygy we bereketleri arzuw edýäris!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *