Mukaddes Ruh baradaky soraglara jogap…

894702

Ildeşlerimizi käbir soraglaryna jogaplar. Jogaplar Mukaddes Ýazgylara görä ýazylandyr çünki olar biziň diýjek taglymatlarymyzyň çeşmesi bolmalydyr!

1. Holy Ghost (Mukaddes Ruh, Hakykat Ruhy, Hudaýyň Ruhy) kime diýilýar?
Ilki bilen onuň kime diýilýändigi hakynda gürrüň etmegimiz üçin Mukaddes Ruh ýada Hakykat Ruh hakynda gürrüň edýän Hudaýyň Sözüne salgylanalyň.
Ozal başda Hudaý älem-jahany ýaradanda Hudaýyň Ruhy barada gürrüň edilýär. Töwrat: “Ýer ýüzi şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy”
Dawut pygamber Zebur kitapda şeýle diýýär: “Hudaýym meni huzyryňdan atma, Mukaddes Ruhyňy menden alma…”
Işaýa pygamber şeýle diýýär: “olar Hudaýyň Ruhyna garşy baş göterdiler we Ony kemsitdiler….Soňra olaryň ortarasynda Öz Mukaddes Ruhyny goýdy.”
Bu Töwrat, zebur we beýleki pygamberlere aýan eden Hudaýyň Sözleri esasynda Mukaddes Ruhyň –Hudaýyň Ruhydygyny görýäris, ýagny Hudaý Ruhdyr we Ol Mukaddes Ruhdyr.

Indi bolsa Isanyň döwründe Mukaddes Ruh baradaky Injildäki aýatlara salgylanalyň:

Isanyň gelmeginden alty aý gelip Isanyň döwürdeşi bolup ýaşan we Hudaý tarapyndan Isa Mesihiň ýoluny taýýarlaýjy bolan pygamber Ýahýa ine şeýle diýýär: “ Men sizi toba üçin suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar.”
Mukaddes Ruhyň Isa Mesihiň üstüne inişi: “Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi…”
Isa Mesihiň Mukaddes Ruh hakynda aýdýanlary:“Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.16Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. 17Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar…. Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ― Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar… Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: «Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň. Siz ol wadany menden eşitdiňiz.
5Çünki Ýahýa suw bilen çokundyrdy, ýöne siz ýene birnäçe günden Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz. Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz».».

Mukaddes Kitaba esaslanyp Mukaddes Ruhyň kimdigine jogap gözlesek, Mukaddes Ruhyň –Hudaýyň Ruhydygyny bilip bilýäris.
Isa Mesih bolsa Özüne iman edýänleri Mukaddes Ruh bilen çokundyrýar, ýagny Özüne iman edenlere Mukaddes Ruhy hemişelik bolmaklary üçin berýändigini wada etdi. Isa Mesihiň bu wadasy ýerine ýetdi, Isanyň ilkinji şägirtlerinden başlap şu günki Oňa iman edýänlerde Mukaddes Ruh ýaşaýar we olar nirede bolsalarda olar bilen bile bolýar we Hudaýyň Sözüne we Isanyň öwredýänlerinde ýaşamaga ýardam edýär!
Mukaddes Ruhyň işi barada Isanyň şägirtleriniň durmuşynda hem görüp bolýar we olaryň ýazan iman taglymatlarynda hem Mukaddes Ruha aýratyn orun berilen…

Dowamy bar…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *