TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Isa Mesih atly filim…

25th August 2009

Isa Mesih atly filim…

jesus-lrg.jpg

Biz size bu bölümde Isa filminiň wideo ýazgysyny hödürleýäris. Bu film Injile esaslanyp taýýarlandy. Bu arkaly siz Halasgär Isa Mesihiň size bermek islän “günälerden gutulyşyna, jennetdäki baky ýaşaýşyna, Hudaý bilen ýaraşmaga we baky parahatlyga eýe bolmaga, şeýtanyň üstünden we onuň gara güýçelerinden eňişli ýaşaýşyna” düşünersiňiz we Ony kabul edip günälerden we dowzah odundan gutulyşa eýe bolmagyňyzy arzuw edýäris. Isa Mesih sizi gutulyşa etirenden soň, size gundelik durmuşyňyzda hem nähili dynçlykdan, ruhy manydan we şatlykdan doly ýaşaýyş bilen ýaşamagy öwreder!

Isa Mesihiň durmuşy baradaky filmi görmek isleňiz şu aşakdaky salgylanma basyň:

Movie 1Isa Mesih

posted in Filim | 2 Comments

24th August 2009

Töwrat we Injil mobil el-telefonlary üçin…

1.3_million_dollar_cell_phone

Mukaddes Kitap-Bu nähili kitap? Bu Hudaýyň sözi, Beýik Hudaýyň bütin adamzada ýollan Mukaddes Kitabydyr. Mukaddes Ruhdan ylhamlanan kyrka golaý awtorlar tarapyndan 1500 ýyllyk döwrüň içinde ýazylyp, dünýä we adamzadyň ýaradylyş syryny açyp berýän bu kitap Mukaddes Ýazgylar ýygyndysyndan ybaratdyr. Mukaddes Kitap iki bölüme, ýagny Köne Ähte we Täze Ähte bölünýär (“äht” sözi Hudaýyň adamzat bilen aýratyn gyzyklanyşyny görkezýär). Töwrat, Zebur we pygamberleriň ýazgylaryndan ybarat bolan Köne Äht Isa Mesihden ozal gadymy ewreý dilinde, Täze Äht (Injil) hem Isa Mesiihden soň birinji asyrda şol döwrüň edebi dili bolan grek(ýunan) dilinde ýazylypdyr. Köne ähtde Hudaýyň älem-jahany ýaradyşy, adamzadyň günä batyşy, şeýle hem Hudaýyň saýlan hlaky Ysraýylyň taryhy hakda maglumat berilýär. Ol gadymky pygamberleriň ýazgylaryny, Süleýmanyň Tymsallaryny, Zebur atly kitaplary öz içine alýar. Täze Ähtde bolsa Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrluşy, ömri, görkezen mugjyza we alamatlary, günäkär adamlary halas etmke üçin ölüp, gaýtadan direlişi beýan edilýär. Biziň ýyl hasabymyz Isa Mesihiň dogaln ýylyndan başlanýar. Ähli döwürlerdäki ynsanlara ýüzlenýän Mukaddes Kitabyň özeni ýalňyz Hudaýyň sypatlary we Onuň adamzat bilen gyzyklanyşyndan ybaratdyr. Mukaddes Kitapda, bir tarapdan, adamzadyň günä edip, Hudaýyň huzyryndan kowluşy, müdimi heläkçilige höküm edilişi barada aýdylsa, beýleki bir tarapdan, Hudaýyň adamzady halas etmek üçin, gören çäreleri hakda gürrüň berilýär. Aýratyn hem adamzada gutulyş ýoluny açan Halasgärimiz Isa Mesih hakda Kitapda doly maglumat berilýär. Mukaddes Kitap çap bolan ilkinji kitapdyr (“Gutenbergiň Mukaddes Kitaby” 1452-1456-ýyllarda çapp edilipdir). Kitap çap etme we sowatlylygyň aratanlygy netijesinde, häzir Mukaddes Kitap juda köp adamlar tarapyndan okalýar. Ol hem ýonekeý zähmetkeşler öýünde, hem bilimliler arasynda iň zerur kitapdyr. Mukaddes Kitabyň taryhda köp halklaryň medeniýetine biçak uly täsir edenligi öz-özünden düşnüklidir. Mukaddes Kitap başga dillere terjime we neşir ediilişde hem dünýäde birinji orny eýeleýär. Ol mundan baş ýuz ýyl ozal doly ýa-da bölekleýin bary-ýogy 33 dile terjimel edilen bolssa, 19-njy asyryň içinde dört ýuzden gowrak dilde neşir edilýär. 20-nji asyrda Mukaddes Kitap doly ýa-da onuň aýry-aýry bölümleri ene-de 1500 dile terjime edildi. 1992-nji ýylda Mukaddes Kitabyň doly ýa-da bölekleýin terjime edilen dilleriniň sany bir müň dokuz ýüz ýetmiş sekize ýetdi. Ýer şarynda ýaşaýan halklaryň 2 prosenti heniz öz dilinde Mukaddes Kitabyň tekstlerine eýe däl. Şu baglanyşykda 1880-nji, 1884-nji ýyllarda türkmen dilinde arap elipbiýinde Londonda çykan “Mattadan Ýazylan Injil” we 1982-nji ýylda Mukaddes Kitap Terjime Instituty tarapyndan neşir edilen “Ýahýa Boýunça Injil” aýratyn bellenip geçilmäge mynasypdyr. Görşimiz ýaly, Mukaddes Kitap dünýäde iň köp neşir edilýän we okalýan kitap. Şonuň üçin türkmen halkyna hem Mukaddes Kitabyň şu bölümini hödürlemek uly medeni waka, türkmen edebiýatyna möhüm goşantdyr. Mukaddes Kitaby okap tanyşmak bilen siz Hudaýyň siziň üçin döreden gutulyş ýoluna hem düşünersiňiz we ol ýoly kabul edip günäleriňiziň bagyşlanmagyna we ebedi ýaşaýşa gowuşarsyňyz diýip umyt edýäris.

Mukaddes Kitaby edinmek isleseňiz biz bilen habarlaşyň. Biz size onuň käbir bölümlerini sowgat hökmünde kitap görnüşinde berip bileris. Size Hudaýyň Mukaddes Sözüni okap düşünmekde Biribar Hudaýymyz düşünje we pata bersin diýip arzuw edýäris! Mukaddes Kitap hakynda soraglaryňyz bar bolsa bize hat ýazyň.

Download this file. -şu salgylanmada siz özüňiziň mobil el-telefonlaryňyz üçin Mukaddes Ýazgydan Töwrat kitabyny we Injili mobiliňiz üçin indirip kabul edip alyp bilersiňiz.

posted in Kitaplar | 0 Comments

13th August 2009

Üç Myhman…

Üç Myhman

(Töwratdan alyndy)

Bir gün günüň jokrama yssy wagtynda, Ybraýym Mamräniň dub tokaýjygynyň ýanyndaky çadyrynyň agzynda otyrka, oňa Reb göründi.
2Ybraýym töweregine seredip, aňyrrakda üç kişiniň durandygyny gördi. Ybraýym olary gören badyna garşylamak üçin çadyrynyň agzyndan olara tarap ylgady. Ol iki bükülip, olara tagzym etdi.
3Ybraýym şeýle diýdi: «Eý, jenabym, eger men siziň göwnüňizden turan bolsam, onda öz guluňyzyň duşundan sowlup geçmäň.
4Men size aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin. Şu agajyň aşagynda dem-dynjyňyzy alaýyň.
5Size güýç-kuwwat berer ýaly bir bölek nan getireýin, çünki ýoluňyz bendäňiziň üstünden düşdi ahyryn! Soňra ýoluňyzy dowam etdirersiňiz». Olar: «Aýdyşyň ýaly edäý» diýdiler.
6Ybraýym howlukmaç çadyryna, Saranyň ýanyna geldi-de, oňa: «Derrew üç kersen oňat undan hamyr ýugur-da, nan ýap».
7Soňra Ybraýym mallaryna tarap ylgady-da, sürüden ýaş hem semiz bir göläni saýlap, ony hyzmatkär ýigide berdi. Onsoň hyzmatkär dessine nahar taýýarlamaga girişdi.
8Ybraýym gatyk, süýt hem bişirilen göläniň etini getirip, adamlaryň öňünde goýdy. Myhmanlar naharlandylar. Ybraýymyň özi bolsa olaryň ýanynda agajyň aşagynda durdy.
9Adamlar Ybraýymdan: «Aýalyň Sara nirede?» diýip soradylar. Ybraýym: «Sara ol taýda, çadyrda» diýip jogap berdi.
10Olaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar men seniň ýanyňa ýene dolanyp gelerin we oňa çenli aýalyň Saradan bir ogul bolar» diýdi. Sara onuň arkasyndaky çadyryň agzynda bularyň gürrüňini diňläp durdy.
11Ybraýym bilen Saranyň ikisiniň-de ýaşlary bir çene barypdy; olar örän garrapdylar. Sarada aýbaşy gelmesi kesilipdi.
12Şoňa görä Sara içinden gülüp: «Men-de, adamym-da garry; şu ýaşdan soň men beýle şatlyga eýe bolup bilerinmi?!» diýdi.
13Şonda Reb Ybraýymdan: «Näme üçin Sara „Şu ýaşdan soň men, heý, çaga dogrup bilerinmi?!“ diýip güldi?» diýip sorady.
14«Rebbiň başarmajak zady barmy?! Bellenen wagtda, indiki ýyl şu wagtlar ýanyňa dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýdi.
15«Men gülmedim» diýip, Sara gorkusyna boýun almady. Reb: «Ýok, sen güldüň» diýdi.
16 Adamlar turup, Sodoma tarap ýola düşdüler. Ybraýym hem olary ugratmak üçin olar bilen bile gitdi.
17Reb şeýle diýdi: «Etjek bolýan işimi Ybraýymdan gizläýinmi?!
18Ybraýymdan beýik hem güýçli bir millet dörär. Ýer ýüzüniň ähli milletleri Ybraýymdan pata alarlar.
19Dogruçyllyk hem adalatlylyk bilen Rebbiň ýolundan ýöremekligi ogullaryna we nesillerine tabşyrsyn diýip, Men Ybraýymy saýladym. Eger olar Meniň aýdanlarymy berjaý etseler, onda Men Ybraýyma beren wadalarymyň hemmesini ýerine ýetirerin»
Hudaý hakykatdan hem isleýşi ýaly hereket eder, bu taryhda Hudaý ynsan keşbinde Ybraýym pygambere Özüni aýan etdi, Ybraýymyň öýünde myhman boldy we oňa garran wagty adam ölçegi boýunça mümkin bolmadyk zady, ýagny öz aýaly Saradan bir ogul bermekligi wada etdi. Biz ynsanlar aň düşünjämiziň çäklidigi üçin ýada belli bir dini pikirimize esaslanyp, Hudaý eýle ýada beýle etmez diýip pikir ýöredýäris, emma Hudaý Öz maksadyna laýyk işleýär we isleýşi ýaly ýagdaýda Öz hakykatyny aýan edýär. Töwratdaky bu Ybraýym atamyz bilen bolup geçen taryhyň üsti bilen biz Hudaýyň islese ynsan keşbinde hem gelip biljekdigini gördük we Hudaýyň muny edip biljekdigine iman etmelidiris!
Iki müň ýyl mundan ozal hem Hudaý bizi halas etmek üçin Ynsan keşbinde Isa Mesihde dünýä geldi. Adam aňy bilen muňa düşünmek kyn emma hakykatda bu şeýle bolup geçdi. Bu sebäpden Injilde şeýle ýazylan: “Ozal –başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady…Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady…” Hudaý bütin adamzady günälerinden, şeýtanyň güýjünden we dowzah odundan halas etmek üçin bizi idäp Isa Mesihde ýere geldi we şol merhemetinden we söýgüsinden doly gutulyşy Özi üpjün etdi. Isa Mesih biziň günälermiziň muzdyny ýagny jezasyny haçda çeken ezýetleri, ganyny döküp janyny biziň üçin bermek bilen, jaýlanyp soňra üçünji güni gudrat bilen direlmegi arkaly ölümi eňmegi arkaly töledi we Onuň bu eden işine iman edenimizde wada edilen Hudaýyň gutulyşy bize iman arkaly gelýär! Isanyň gelmeginden müňlerçe ýyllar ozal bolup geçen bu taryhdaky Hudaýyň eden gudratly işi we ogul wadasy ýaly, Isa Mesihdäki gutulyş hem, adam ölçegi bilen mümkin bolmajak ýaly, emma Hudaý üçin hemme zat mümkindir. Ybraýym Hudaýyň wadalaryna we her bir aýdan sözüne iman edip aklandy we hatda “Hudaýyň dosty” diýip at aldy. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň wadalarynyň iň soňky we kämil ýerine ýetmesi bolan Isa Mesihe iman etmek bilen biz hem hakyky imana we berekete eýe bolup bilýäris!
Mundan başgada ýene-de bir mysal biziň döwrümize ýakyn wagtda ýaşap geçen we bize has-da tanyş bolan beýik Türkmen şahyry Magtymguly atamyzyň başdan geçirenleri hem biziň ýokarda aýdanlarymyza iman etmäge ýardamçy bolarmyka diýip pikir edýärin. Magtymguly şahyrymyzyň başdan geçirenleri Hudaýyň Ybraýym pyýgambere Üç Myhmanyň üsti bilen aýan bolandygyna meňzeşdir. Ondan başga-da üns berilmeli zat, Magtymguly şahyryň Isa Mesihe -Şahymerdan hökmünde ýüzlenişi we Ondan ýardam isleýşidir. Magtymguly bilen bolup geçen bu zatlar aklyň haýran edijidir emma ynama laýykdyr!
Boldum Girýana
Ýazygym ýat edip, ýakam çäk edip,
Säher nalyş bilen boldum girýana.
Didämden ýaş döküp, ýüzüm häk edip,
Telbeler dek özüm urdum her ýana.

Köňlümni geçirdim jümle-jahandan,
Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,
Hezreti Isadan, Şahymerdandan (Hudaýdan)
Hümmet istäp, bakdym suýy-asmana.

Asmanyň ýüzünden kähkeşan uçdy,
Nägehan üç äre nazarym düşdi,
Iki ýaşyl geýmiş, bir sepitpoşdy,
Gözüm gördi, tilim gelmez permana.

Biri gelip, elin gögsümge urdy,
Biri bir tyg bilen ýüregim ýardy,
Agzyma agz goýup, biri dem urdy,
Diýdiler: “Arzyň diý Şahymerdana!”

Bular beýle diýgeç, tilim açyldy,
Gana-gana meý muhupbet içildi.
Köňlüme ýedi dür sowal geçildi,
Diýdim, “Rugsat bolsa, gelsin zybana”.

Iki uzyn ärdir, bir gysga kaddyr,
Diýdiler: “Hoş wagtdyr, ýagşy pursatdyr,
Sözüň bolsa sora-diýdi-rugsatdyr,
Köňle gelen sözüň gelsin beýän!”

Diýdim: “Gökden agyr, ýerden mert nedir?
Derýadan baý nedir, daşdan saht nedir?
Otdan ýakyjyrak, buzdan serd nedir?
Zäherden ajyrak nedir bu jana?”

Diýdi: “Ýaman töhmet agyr asmandan,
Gaharsyz ýagşy söz giňdir jahandan,
Mynapygyň köňli sahtdyr daşdan,
Ähli-kanyg meňzer bahry-ummana.

Jebr etgiji soltan –ýakyjy közden,
Bahyldan dilemek –sowukdyr buzdan,
Pakyra jebr etmek –ajy zäherden,
Öwütdir bu sözler bizden nyşana”.

Bular beýle diýgeç, ýerimden turdym.
Ýüwrüp etegine elim ýetirdim,
Mest boldum, sust boldum, özüm ýitirdim,
Gep-kelam tapmadym, galdym haýrana.

Diýdiler: “Üç kişi bolduk ussadyň,
Daýyma destandyr älemde adyň.
Magtymguly, wagtdyr, isle myradyň…”
Bu syr akmak açar ýa bir diwana.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 1 Comment

12th August 2009

Isa Mesihiň “Rehimsiz hyzmatkäriň mysalynda…

forgiveness

Isa Mesihiň “Rehimsiz hyzmatkäriň mysalynda rehimli bolmak we bagyşlamak hakynda aýdan tymsaly…

“Onsoň Petrus (Isanyň şägirdi) gelip, Isa şeýle diýdi: “Ýa Reb, doganym maňa garşy näçe gezek günä etse, men ony bagyşlaýyn? Edi gezekmi?” Isa oňa şeýle jogap berdi: “Men saňa edi gezek däl, etmiş ýola edi gezek diýýärin. Şonuň üçin Gögüň Patyşalygy öz hyzmatkärleri bilen haklaşmak islän bir patyşa meňzeýär. Ol hasaplaşmaga duranda, oňa on müň talant borçly birini ýanyna geltirýärler. Ol bergisini töläp bilmäninde, patyşa onuň özüniň, aýalynyň, oglan-uşagynyň we bütin mallarynyň satylyp, bergisiniň berilmegini buýurýar. Hyzmatkär ýüzin ýykylyp, oňa ýalbaryp: “Eý agam, sabyr et! Baryny töläýin” diýýär. Patyşanyň rehimi inip, ol hyzmatkäri boşadýar, algysyny geçýar. Ýaňky hyzmatkär daşaryk çykanda, özüne ýüz dinar borçly bolan bir ýoldaşyna sataşýar. Ony tutup: “Bergiňi ber” diýip, bokurdagyndan tutýar. Ýoldaşy onuň aýagyna ýykylyp: “Sabyr et, bergimi bereýin” diýip oňa ýalbarýar. Ol etmeýär, gaýtam, bergisini berýänçä, ony zyndana saldyrýar. Ýaňky adamyň ýoldaşlary bu wakany görüp, gaty gynanýarlar, bolan ähli zady baryp, patyşa habar berýärler. Onsoň patyşa ony çagyryp diýýar: “Eý, erbet hyzmatkär! Maňa ýalbaranyň üçin men şol algynyň baryny geçdim. Meniň saňa rehim edişim ýaly, sen hem ýoldaşyňa rehim etmeli dälmidiň?” Agasy gazaplanyp, bergisini berýänçä, ony gynaýanlaryň eline berýär. Siziň hem her biriňiz öz doganynyň ýazyklaryny ýürekden bagyşlamasa, Meniň Gökdäki Atam hem sizi şeýle eder”.

Sen hem kalbyňda ýakynlaryňdan ýada dostlaryňdan birini bagyşlap bilmeýärmiň? Başgalary bagyşlap bilmegimiz üçin Hudaýyň bagyşlamagyna eýe bolmalydyrys! Sen Hudaý tarapyndan bagyşlananmy? Şü gün Hudaýyň Öňünde durmaly bolsaň Ol seni kabul edermi, bagyşlanandygyňa ynamyň barmy, muňa nähili deliliň bar, hyzmatkäriň ýalbaryşy ýaly sen Oňa bagyşlamagy üçin ýalbardyňmy?  Hudaý bize Isa Mesih arkaly rehim edýär we biziň bergimizii ýagny günälerimiz üçin jezany bize bermän Isa Mesihde gutulyşy üpjün edýär. Hudaýyň bu rehimine, söýgüsine, merhemetine we adalatyna esaslanan bagyşlamasyny düşünip kabul etmegimiz gerekdir we bize garşy günä edenleri hem bagyşlamalydyrys! Hudaý tarapyndan bagyşlanan durmuşda ýaşasak we Onuň söýgüsinden we rehiminden dolanymyzda, bizde hem başgalary bagyşlamaga we söýmäge güýç bolar! Öz-özümiz özümizi günäniň näletinden, jezasyndan gutuldyp bilmeýşimiz ýaly, bize garşy günä edýänleri bagyşlamagy hem Hudaýsyz başarmaýarys. Bize Onuň güýji we merhemeti gerekdir!

Gadyrdan dost, sen bu gün ruhy durmuşyňda nirede? Hudaýyň Patyşalygynda ornuň barmy? Ýaradyjy Hudaýy rehim we merhemet edýän Ata Hudaý hökmünde tanaýarmysyň? Ol bilen şahsy aragatnaşygyň barmy?

Pikirleriň biziň bilen paýlaş, eger Hudaý bilen bolan şahsy aragatnaşygymyz hakynda, gutulyş we baky ýaşaýyş hakynda soraglaryň bar bolsa bize hat üsti bilen şu websaýtymyzda bildirip bilersiň!

Siziň her biriňize Isa Mesihdäki ruhy rowaçlygy we bereketleri arzuw edýäris!

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

6th August 2009

Dar Gapy…

at-the-door

Dar Gapy…

Isa Iýerusalime tarap barşyna, şäherlerleriň, obalaryň içinden geçip, sapak berýärdi. Bir adam Oňa: “Ýa Reb! Halas boljaklar azmy?” diýdi. Isa olara şeýle diýdi: “Dar gapydan girmäge çalyşyň, çünki size diýýärin: birentekler girjek bolar, ýöne başarmaz. Öý eýesi turup, gapyny ýapanda, siz daşarda galyp: “Ýa Reb, gapyny bize aç” diýip, gapyny kakmaga durarsyňyz. Emma Ol size: “Men sizi tanamaýaryn, nireden gelendigiňizi bilmeýärin” diýip jogap berer. Şonda size şeýle diýersiňiz: “Biz Seniň öňüňde iýip-içdik, Sen biziň köçelerimizde sapak berdiň”. Emma Ol: “Men sizi tanamaýaryn, niredendigiňizi bilmeýärin diýip aýdýaryn ahyryn. Baryňyz ýanymdan aýrylyň, eý, nähak iş edenler diýer. Ybraýymy, Yshagy, Ýakuby we ähli pygamberleri Hudaýyň Patyşalygynda, özüňiziň bolsa daşaryk kowulanyňyzy göreniňizde, ol erde aglama we diş gyjama bolar. Gündogardan, günbatardan, demirgazykdan, günortadan adamlar gelip, Hudaýyň Patyşalygynda saçak başynda oturarlar. Ine, ilkinjiler boljak ahyrkylar bar we ahyrkylar boljak ilkinjiler bar!”

Gadyrly dost sen Öý Eýesi bolan Halasgär Isa Mesihe iman getirdiňmi we Onuň gapysyndan iman edip girdiňmi?…Ol seni tanaýarmy? Sen Ony tanaýarsyňmy? Ýada daşarda galanlar ýaly…”biz Seni diňe pygamber ýaly tanaýas dälmi… biziň dinimiz beýle diýýär… ahyryn…” diýip şübhelenýäňmi?

Wagt ýitirme-de Injiliň aýdanlaryna ynansaň gowy bolar, çünki bir gün gelip gapy ýapylar!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

5th August 2009

Mukaddes Ruh baradaky soraglara jogap…

894702

Ildeşlerimizi käbir soraglaryna jogaplar. Jogaplar Mukaddes Ýazgylara görä ýazylandyr çünki olar biziň diýjek taglymatlarymyzyň çeşmesi bolmalydyr!

1. Holy Ghost (Mukaddes Ruh, Hakykat Ruhy, Hudaýyň Ruhy) kime diýilýar?
Ilki bilen onuň kime diýilýändigi hakynda gürrüň etmegimiz üçin Mukaddes Ruh ýada Hakykat Ruh hakynda gürrüň edýän Hudaýyň Sözüne salgylanalyň.
Ozal başda Hudaý älem-jahany ýaradanda Hudaýyň Ruhy barada gürrüň edilýär. Töwrat: “Ýer ýüzi şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň Ruhy perwaz urýardy”
Dawut pygamber Zebur kitapda şeýle diýýär: “Hudaýym meni huzyryňdan atma, Mukaddes Ruhyňy menden alma…”
Işaýa pygamber şeýle diýýär: “olar Hudaýyň Ruhyna garşy baş göterdiler we Ony kemsitdiler….Soňra olaryň ortarasynda Öz Mukaddes Ruhyny goýdy.”
Bu Töwrat, zebur we beýleki pygamberlere aýan eden Hudaýyň Sözleri esasynda Mukaddes Ruhyň –Hudaýyň Ruhydygyny görýäris, ýagny Hudaý Ruhdyr we Ol Mukaddes Ruhdyr.

Indi bolsa Isanyň döwründe Mukaddes Ruh baradaky Injildäki aýatlara salgylanalyň:

Isanyň gelmeginden alty aý gelip Isanyň döwürdeşi bolup ýaşan we Hudaý tarapyndan Isa Mesihiň ýoluny taýýarlaýjy bolan pygamber Ýahýa ine şeýle diýýär: “ Men sizi toba üçin suw bilen çokundyrýaryn, ýöne menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruh hem-de ot bilen çokundyrar.”
Mukaddes Ruhyň Isa Mesihiň üstüne inişi: “Mukaddes Ruh jan-ten bolup, kepderi kimin Onuň üstüne indi…”
Isa Mesihiň Mukaddes Ruh hakynda aýdýanlary:“Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň.16Men-de Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. 17Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar…. Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi ― Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar… Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: «Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň. Siz ol wadany menden eşitdiňiz.
5Çünki Ýahýa suw bilen çokundyrdy, ýöne siz ýene birnäçe günden Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz. Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz».».

Mukaddes Kitaba esaslanyp Mukaddes Ruhyň kimdigine jogap gözlesek, Mukaddes Ruhyň –Hudaýyň Ruhydygyny bilip bilýäris.
Isa Mesih bolsa Özüne iman edýänleri Mukaddes Ruh bilen çokundyrýar, ýagny Özüne iman edenlere Mukaddes Ruhy hemişelik bolmaklary üçin berýändigini wada etdi. Isa Mesihiň bu wadasy ýerine ýetdi, Isanyň ilkinji şägirtlerinden başlap şu günki Oňa iman edýänlerde Mukaddes Ruh ýaşaýar we olar nirede bolsalarda olar bilen bile bolýar we Hudaýyň Sözüne we Isanyň öwredýänlerinde ýaşamaga ýardam edýär!
Mukaddes Ruhyň işi barada Isanyň şägirtleriniň durmuşynda hem görüp bolýar we olaryň ýazan iman taglymatlarynda hem Mukaddes Ruha aýratyn orun berilen…

Dowamy bar…

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • "Ýaşaýyş Sözi hakda ozal-başda bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris."
  • 1 Ýahýa 1:1-2