21st July 2009

Erkinlik

Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” Isa Mesih

 

Erkinlik…

 

Ynsan erkinligi küýseýär

Çünki ýaradylypdy ol erkin

Emma şeýtan ýalanyna aldanyp

Ýitiripdi erkinligin ýaýdanyp.

 

Erkinlik gözleginde

Hakykat gözleginde

Döredip däp-dessur, din ýoluny

Adamzat geçirdi müňläp ýylyny

 

Dünýä bermez erkinlik

Dinler bermez azatlyk

Hakykaty bilmek berer erkinlik

“Ýol, Hakykat, Ýaşaýyş”Bolan berer azatlyk

 

 

Erkinlikdir Hak Hudaýa ynanmak

Azatlykdyr Oň Sözüne boýun bolmak

Çünki Oldur erkinligiň çeşmesi

Adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşy

 

 

Dünýä geldi Hakykat Isa Mesihde

Azatlygy-erkinligi bermäge

Şeýtan güýjün eňip direlişde

Iman etseň – Isa berer erlkinlik

 

 

 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • Men hakda Meni iberen Atanyň Özi güwälik etdi. Ýöne siz Onuň ne sesini eşitdiňiz, ne-de ýüzüni gördüňiz. Onuň sözi sizde galmaýar, çünki siz Onuň Iberenine iman etmeýärsiňiz. Siz Mukaddes Ýazgylary agtaryşdyrýarsyňyz, çünki ebedi ýaşaýyş şolardadyr öýdýärsiňiz. Olar bolsa Men hakda güwälik edýärler. Ýöne siz ömrüňiz bolar ýaly, Maňa gelmek islemeýärsiňiz
  • Ýahýa 5:37-40