TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Iman Arkaly Aklanma

6th July 2009

Iman Arkaly Aklanma

IMAN ARKALY AKLANMA

“Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy, ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy. Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy. Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar. Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin, Özi adyl bolu, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi. Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen. Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris. Eýsem Hudaý diňe ehudylarň Hudaýymy Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hemHudaýy. Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr. Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris….

Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr…”

This entry was posted on Monday, July 6th, 2009 at 7:31 pm and is filed under Шахсы шаятлык. You can follow any responses to this entry through the RSS 2.0 feed. You can leave a response, or trackback from your own site.

Pikirini yaz

  • Gundelik Yazgy

  • "Biz adamlaryň güwäligini kabul edýän bolsak, Hudaýyň güwäligi ondan uludyr, çünki bu Hudaýyň Öz Ogly hakynda beren güwäligidir. Hudaýyň Ogluna iman edýände Hudaýyň güwäligi bardyr. Hudaýa iman etmeýän bolsa, Ony ýalançy edendir, çünki Hudaýyň Öz Ogly hakda beren güwäligine iman eden däldir. Bu güwälik bolsa şudur: Hudaý bize ebedi ýaşaýyş berdi, bu ýaşaýyş Onuň Oglundadyr. Kimde Ogul bar bolsa, onda ýaşaýyş hem bardyr, kimde Hudaýyň Ogly ýok bolsa, onda ýaşaýyş hem ýokdur!"
  • 1Ýahýa 5:9
Bellik et
delicious
digg
technorati
reddit
magnolia
stumbleupon
yahoo
google