“Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmakly, biz – gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr. Çünki: “Men akyldarlaryň akyldarlygyny weýran ederin, düşünjelileriň düşünjesini güýçden düşürerin” diýip ýazylgydyr. Akyldar hany? Kanunçy hany? Bu döwrüň alymy hany? Hudaý bu dünýäniň akyldarlygyny akmaklyga öwürmedimi? Çünki dünýäniň Hudaýyň akyldarlygynda öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamandygyna görä, Hudaý iman edenleri wagyz akmaklygy arkaly gutarmagy isledi. Çünki ehudylar gudrat görkezmegi talap edýär, grekler akyldarlygy gözleýär. Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi ehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan, ýöne çagyrylanlara, hem ehudylara hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Isa Mesihi wagyz edýäris! “ 1Korintoslylar 1:18-24
“Kanun we pygamberler tarapyndan güwä geçilen Hudaýyň dogrulygy, ýagny Isa Mesihe iman arkaly iman edenleriň ählisine we ählisiniň üstünde bolan Hudaýyň dogrulygy şu wagt kanunsyz aýan boldy. Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy. Olar Isa Mesihde bolan gutulyş arkaly Onuň merhemeti bilen mugt aklanar. Hudaý Mesihi ganyna iman arkaly merhemet kürsüsi edip goýdy. Ol muny ozal Öz sabry astynda ýüze çykan günäleriň ötülmegine degişli adalatyny görkezmek üçin, Özi adyl bolu, Mesihe iman edeni aklar ýaly, Özüniň häzirki zaman adalatyny görkezmek üçin etdi. Onda öwünme nirede? Ol daşarda. Haýsy kanun bilen? Işleriňki bilenmi? Ýok, iman kanuny bilen. Çünki biz adam kanun işlerinden üzňelikde, iman arkaly aklanar diýip hasap edýäris. Eýsem Hudaý diňe ehudylarň Hudaýymy Özge milletleriňki hem dälmi? Ol, elbetde, olaryň hemHudaýy. Sebäbi sünnetlileri-de öz imanlary arkaly, sünnetsizleri-de öz imanlary arkaly aklajak Hudaý ýalňyz Hudaýdyr. Onda biz iman arkaly kanuny ýatyrýarysmy? Ýok, ony berkarar edýäris….
Şeýlelikde, iman bilen aklanandygymyz üçin, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen ýaraşygymyz bardyr…”
Parahatlyk we Şatlykdan doly bolan Hudaýyň mesgeni
“Hudaý olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Ini ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar.” Ylham 21:4
“Sen maňa ýaşaýyş ýoluny görkezersiň; doly şatlyk Seniň huzuryňdadyr; sagyňda çäksiz hözirler bardyr.” Mezmur 16:11
Sen Ol Ýere Çagyrylansyň
“Atamyň öýünde mesgenler köpdür; …Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin.” Ýahýa 14:2-3
Ine-de Ýol
Isa diýdi: “Men Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn; Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez.” Ýahýa 14:6
“Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýüregiň bilen ynansaň, gutularsyň.”
"Ýaşaýyş Sözi hakda ozal-başda bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris. Ýaşaýyş aýan boldy, biz Ony gördük, oňa güwä geçýäris. Atada bolup, bize aýan bolan ýaşaýşy, ebedi ýaşaýşy size habar berýäris."