“Başga hiç kimde gutulyş ýokdur…”

scenery-mountains

“Başga hiç kimde gutulyş ýokdur…”

 

Isa Mesihiň ilkinji şägirtleriniň, ine bu sözleri: “Ýaşaýyş sözi hakda ozal-başdan bar bolany, eşidenimizi, gözlerimiz bilen görüp synlanymyzy, ellerimiziň tutanyny size yglan edýäris” aýdyp tassyklanlaryň güwälikleri barada we başdan geçirenleriniň biri barada gürrüň edip geçmegi makul bildim.

Men size bu taryhy wakany bolşy ýaly ýazyp geçerin, siz bolsa olary okap özüňiz üçin bu gürrüňi edilýän “Isa Mesihdäki Hudaýyň üpjün eden janlaryňyz gutulyşyny” kabul etmegi çözmelisiňiz!

Bu waka Injil kitabynyň, Resullaryň Işleri atly bölüminden alyndy.

Olar (şägirtler Petrus we Ýahýa) halka gürrüň berip durkalar, ruhanylar, ybadathananyň serkerdesi we sadukeýler olaryň üstüne döküldiler. Olar gaharlydylar, sebäbi resullar halka sapak berip, Isanyň mysalynda ölüleriň direlişini yglan edýärdiler. Olara el urdular, ertire çenli tussaga saldylar; çünki eýýam agşam bolupdy. Emma sözi eşidenleriň köpüsi iman etdi; iman edenleri sany bäş müňe golaýlady. Şol günüň ertesi olaryň başlyklary, ýaşulylary we kanunçylary Iýerusalime ýygnandylar. Baş ruhany Hanna we Kaýafa, Ýahýa we Isgender hem-de baş ruhanynyň urugyndan bolanlaryň bary şol ýerdediler. Olary (Petrusy we Ýahýany) ortada durzup: “Siz muny haýsy güýç, haýsy at bilen etdiňiz?”diýip soradylar. Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: “Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşulylary! Biz bu gün bir maýyp adama edeilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak, onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni ...Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur. Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy. Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur”.

 

Eger bu taryhyň yzyny okap öwrenmekçi bolsaňyz, biziň bu websaýtymyzyň “Kitaplar” sahypasyndan, Täze Äht bölümindäki “Resullaryň Işleri” kitabyndan okap bilersiňiz.

 

Reb Isa Mesih dünýä gelip ýaşap, adamzadyň günäsiniň muzdy ýagny tölegi üçin Öz janyny haçda gurban berenden soňra direlip Öz şägirtlerine we bäş ýüzden gowrak adama kyrk günüň dowamynda görünenden soň Göge galýar. Bu wakalardan soňky günlerde ýokardaky waka bolup geçipdi. Ýagny Isanyň şägirtleri Isa Mesihdäki gutulyş, bakyýete bolan umyt we ýaşaýyş barada gujurly wagyz edýärdiler we Isa Mesihiň ady bilen syrkawlara şypa berýärdiler, jynlary kowýardylar we alamatlar görkezýärdiler. Şol döwüriň dindar başlyklary we häkimýetleri tarapyndan Isa Mesihiň şägirtlerine garşy bolan yzaralamalar we tussaglar hem diňe Isa Mesihiň adyny wagyz edendikleri we Onuň ady bilen keramatlar bolýandygy üçindi. Petrus bilen Ýahýanyň bu tussag edilmesi hem, olaryň Isa Mesihiň ady bilen bir ýaşy kyrkdan geçen otura syrkawa şypa berendikleri we Isa Mesihiň adyndan wagyz edýändikleri sebäp bolupdy.

Bu taýda belläp geçilmeli ýene bir zat, Isa Mesih haça çüýlenmeginiň öň ýanynda gorkan we hatda Isa Mesihi tanaýandygyny ret eden Petrus bu wagt gaýratly gorkmazdan Isa Mesihi wagyz edýärdi. Munuň sebäbi hem Isa Mesihiň wada edeni, ýagny olara güýç kuwwat, gujur-gaýrat berjek we olar bilen hemişe boljak Mukaddes Ruhyň olaryň üstüne inmegidir.

Islam taglymaty Mukaddes Ruh hakynda aýdylanlar Muhammet pygamber hakynda aýdylypdyr diýip düşündirmäge synanyşýarlar, emma Hudaýyň Sözi beýle düşünjäniň düýbünden nädogrudygyny görkezýär. Hatda ýokardaky wakadan hem muny biz açykdan açyk görüp bilýäris. Şonda Petrus Mukaddes Ruh bilen dolup, olara şeýle diýdi: “Eý, halkyň başlyklary, Ysraýyl ýaşulylary! Biz bu gün bir maýym adama edeilen ýagşylyk üçin we onuň şypa tapanlygy üçin soraga çekilýän bolsak, onda siziň hemmäňiz we bütin Ysraýyl halky bilsin: bu adam siziň haça çüýläniňiz we Hudaýyň direldeni ...Isa Mesihiň ady arkaly sag-salamat öňüňizde dur. Siz ussalar tarapyndan äsgerilmedik bu Daş burçbaşy bolup çykdy. Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur”.

Bu ýerde Petrus şol bada Mukaddes Ruh bilen dolandygyny aýdýar we dolup hem Isa Mesih hakda güwä geçip başladylar we Mukaddes Ruhyň düşündirmegi bilen Isa Mesihden başga adamzat üçin Şeýtanyň güýjünden, ýagny ruhy gulçulykkdan, günäniň jezasy bolan ölümden ýagny ruhy ölümden, Hudaýdan baky aýra düşmekden, dowzah odundan gutulmaga Isa Mesihden başga hiç kimde gutulyş ýokdugyny aýtdylar. Olar durmuşynyň iň soňky gününe çenli Isa Mesihi eke-täk Halasgär we adamzat üçin Hoş Habar bolan gutulyşdygyny wagyz etdiler; ýagny Petrus Isa Mesihi wagyz edendigi üçin ömrüniň soňunda baş aýaklygyna haça çüýlenip öldürilipdi, resul Ýahýa bolsa Isa Mesih baradaky güwäligi üçin ömrüniň soňky günlerini Patmos adasynda sürgünlükde geçiripdi.

 

Islamyň Mukaddes Ruh Muhammet pygamber barada diýmegine we Muhammet pygamberi iň soňky pygamber we adamzadyň gutulmagy onuň ýol görkezmegi arkaly diýip nygtalmagyna bolan logiki sorag ýüze çykýar! Mukaddes Ruhdan dolan Isanyň şägirtleri we Isa Mesihe iman edip Mukaddes Ruhdan dolan başgada imanlylar 6-njy asyra çenli Isa Mesihiň Hoş Habaryny wagyz edip geldiler we “Isa Mesihden Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur” diýen taglymaty wagyz edip we onuň esasynda durmuşyny ýaşap geçdiler we köpüsi hiç hili erbetlik etmezden diňe şu taglymat üçin ýagny Isa Mesih üçin ejir çekdiler we janlaryny gurban etdiler, emma näme üçin Muhammet pygamber (Hudaýdan geldi diýilip tassyklansada, hatda Mukaddes Ruh hem ol diýip düşündirilmäge synanyşylsa hem) ýokardaky “Isa Mesihden başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur” diýip Mukaddes Ruhyň nygtaýany we düşündirýäni we bütin Mukaddes Ýazgylaryň özeni bolan Injiliň esasy taglymatyny wagyz etmedi-de, başga bir taglymaty wagyz etdi, we özüni hatda Isa Mesihden hem ýokary goýmaga çalyşdy, Isa Mesihe we Onuň yzyna eýerenleriň ynamyna garşy din döretdi, bu dini Isa Mesihiň şägirtleriniň diňe wagyz etmek arkaly we jepa-ezýetler arkaly wagyz edip ýaýratmaklarynyň tersine, öz dinini ol we onuň şägirtleri köp ýagdaýda gylyç we gan dökmek arkaly ýaýratdy????!

 

Bu soraga men hem jogap gözläpdim, çünki men hem Injildäki Isa Mesih baradaky hakyky taryhy eşidip kabul edýänçäm, musulman bolup, Islam taglymatlaryna ynanýardym. Emma ýokardaky soraga dogry jogaby bilenimde we hakykata iman getirenimde meniň pikirim we durmuşym üýtgedi!

 

Gadyrly ildeşim bu gün seniň öňüňde hem Isa Mesihe hakykata esaslanyp ynanmak we ynanmazlyk durandyr! Eger sen Isa Mesihiň şägirtleri bolan, Ol bilen ýaşan, Onuň öwredenlerini diňlän we eden işlerini, gudratlaryny öz gözleri bilen gören, Isa Mesihiň haçdaky ölümine we täzeden direlmegini görenler we şaýat bolanlar, Isa Mesihiň wada beren Mukaddes Ruhyndan dolan we Ol arkaly we Isa Mesihiň ady bilen gudratlar görkezen, Petrusyň we Ýahýanyň aýdanlaryna, “Başga hiç kimde gutulyş ýokdur. Çünki biziň halas bolmagymyz üçin adamzada berlen gaýry at asmanyň astynda ýokdur” diýip aýdýanlaryna iman getirseň bu gutulyşa eýe bolarsyň!

 

“Şeýlelik bilen, iman eşitmek arkaly, eşitmek hem Mesihiň Sözi arkaly bolýandyr…Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir, ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy: “Oňa iman eden kişi utandyrylmaz…Rebbiň Adyny çagyran adam gutular…” Injil

2 thoughts on ““Başga hiç kimde gutulyş ýokdur…”

  1. Bar ….. ! Sen Musulmana samsyk! Injil Allanyn kitaby bilyas ! Yone ol uytgedilen Lyudi pisanya! Vagtyn bar mahaly Musulman bol Adam !

  2. Salam ildeshim! Bizing websaytymyza myhman bolanyng uchin gaty shat! Yone agzyny hapalap ozune yene-de jogap berip bilmejek gunalering ustune guna goshandygynga gynanyan!
    Sana agzyny hapadan doldurmagy we adamlara hapa sozi aytmagy “musulmanchylyk” owredyan bolsa, onda men beyle dine ynanymdan ynanmanym gowydyr. Chunki bizing iman getiren Hudayymyz we yolumyz adamlara hapa soz aytmazlygy, sabyrly bolmagy, soymegi we yagshy dilegde bolmagy owredyar! Bu sebapden sana bagyshalanmagyny, bagyshlamagya, soymegi we bereketlemegi owredip biljek Hak Hudaya bolan imana chagyryan!

    yaghy dilegler bilen,
    admin

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *