TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Mende Ateist bolmaga Ýeterli Ynamym Ýok

1st June 2009

Mende Ateist bolmaga Ýeterli Ynamym Ýok

thinking_man.jpg
Ateistleriň ýaradylyş baradaky aýdýanlaryna ynanmak üçin gaty uly iman gerek. Ateistler Hudaýa ynanýanlaryň imanyny kritikläp, özleri bolsa aýdýan teorialaryna ‘kör imanly’ bolup galýarlar. Ýagny özleriniň ýaradylyş barada öňe sürýän zatlaryny subut edip bilmeseler-de, bize şolara ynam bilen kabul etmegi öňe sürýärler. Emma hakyky ylym-bilim bolsa ýaradylyşyň bir “Akylly-bilimli Ýaradanyň” ýaradandygyny subut edýär. Ýaradanyň bardygyny bu günki günde ýüzlerçe alymlar ylmy we filosofia, logika prinsipleri bilen subut edýärler we käbir asyrlaryň dowamynda emele gelen ateistik düşünjäni derbi-dagyn edýärler.
Bu sebäpden ine Injilde aýdylan ine şu sözler dogry aýdýar: “Çünki Hudaý hakdaky mälim zatlar olara bellidir, muny Hudaý olara belli edendir. Çünki olar ötünçsiz bolar ýaly, Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär. Ýöne olar Hudaýy tanasalar-da, Ony Hudaý hökmünde şöhratlandyrman, Oňa şükür etmän, öz düşünjelerinde batyl boldular, pähimsiz ýürekleri garaňkylykda galdy…”

Ýaradyjynyň bardygyna düşünmek göräýmäge ýönekeý bir zat, çünki şeýle owadan, täsin we takyk bolan bizi gurşap alan tebigatyň, älem-jahanyň öz-özünden döremejegi belli zat. Meniň ateistlere düşünmeýän zadym, ýönekeý bir adam tarapyndan ýasalan iň bir ýönekeý zadyň adamsyz öz özünden döremejegine ynanypda, şeýle täsin, owadan we takyk bolan bizi gurşap alan dünýäni Döredeniň boljagyna ynanmaýanlyklary!?

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 2 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • «Adamlar özünden ulynyñ adyndan ant içÿärler.Olar üçin ant aÿdylany tassyklap, hemme jedelleri soñlaÿar. Şonuñ üçin Hudaÿ-da Öz maksadynyñ üÿtgewsizdigini Wadanyñ mirasçylaryna has anyk görkezjek bolup, wadany ant bilen tassyklady. Ol muny öñümizde goÿlan umyda ÿapyşjak bolup gaçan biziñ Hudaÿyñ ÿalan sözlemegi mümkin bolmadyk iki üÿtgewsiz zady arkaly uly teselli tapmagymyz üçin etdi. Biziñ jan labyry ÿaly berk we ynamly bolan bu umydymyz tutynyñ añyrsyna geçÿändir. Isa Melkisedek düzgüni boÿunça ebedi Baş Ruhany bolup, öñbaşçymyz hökmünde biziñ üçin Ol ÿere girdi.
  • Ýewreÿler 6:16-20