TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Magtymguly şahyrymyzyň baýramçylyk güni mynasybetli gutlaglar…

15th May 2009

Magtymguly şahyrymyzyň baýramçylyk güni mynasybetli gutlaglar…

posted in Kitaplar |

200px-magtimguli_pyragy

Salam gadyrly ildeşler! Bilşiňiz ýaly bu günlerde Türkmen halky özüniň söýgüli we beýik halk şahyry Magtymguly şahyryň gününi baýram hökmünde belläp geçýärler. Bu mynasybetli biz hem siziň hemmäňizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys. Magtymguly şähryň arzuw eýlän ruhy gymmatlyklary esasynda durmuşyňyzy gurmaklyga we olardan gelýän bereketleri siziň ähliňize arzuw edýäris.

 

Kär Bile

 

Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen,

Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile,

Dünýä mardyr-ýastanyp sen, ýatyp sen,

Ynjalarmy bile ýatan mar bile?

 

Iman gazan, ynsabyňny ýutmagyl,

Göre-bile özüň oda atmagyl,

Bidar bolup, gijelerde ýatmagyl,

Munça dözüp ýatajak sen gör bile.

 

Her ýan gitseň, barar ýeriň gör bolar,

Haýyr gazan, ýatan ýeriň nur bolar.

Ýagşy bolsaň jaýyo jennet, hüýr bolar,

Ýaman bolsaň, köýdürerler nar bile.

 

Gözüň ýumdyň, senden aýrylar malyň,

Öleňsoň, tirikler nä biler halyň,

Ýagşy-ýaman herne eden agmalyň

Garşyň alyp durar mydam bar bile.

 

Ömrüňe aldanma, ötgenňe ýanma,

Malyňa guwanma, mülke daýanma,

Munda bet iş etme, anda utanma,

Hasap güni haýryň alyp bar bile.

 

Magtymguly, dogry söze ten bergil,

Sogap mundan ötmez –tapsaň, nan bergil.

Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,

Işiň nedir seni diýmez ýar bile!

 

BOLMAK HAKDYR

 

Eý, ýaranalar, adam ogly

Boz toprakdan bolmak hakdyr.

Asly häkden önen adam

Guma garlyp galmak hakdyr.

 

Kelamda bar iş beýandyr,

Barça iş Haka aýandyr,

Ynansaň saňa imandyr,

Ölmek hak, dirilmek hakdyr.

 

Eýup bolmadyň sabyrda,

Takatyň ýokdur jebirde,

Müňkür, Nekir dar gabyrda

Sorag, sowal kylmak hakdyr.

 

Eden işleriň soralar,

Gün gyzar, mizan gurular,

Tug çekiler, alam urlar,

Ýowuz günler gelmek hakdyr.

 

Magtymguly, azsaň ýoluň,

Ol gün niçik geçer halyň,

Bu gün zorlap alan malyň

Erte gaýdyp bermek hakdyr.

This entry was posted on Friday, May 15th, 2009 at 4:13 pm and is filed under Kitaplar. You can follow any responses to this entry through the RSS 2.0 feed. You can leave a response, or trackback from your own site.

There are currently 2 responses to “Magtymguly şahyrymyzyň baýramçylyk güni mynasybetli gutlaglar…”

Bu barada özüňiň komentiňi galdyryp bize pikiriňi bildir! Seniň pikiriň biziň üçin wajyp, bu sebäpden bol...näme pikir edýän bolsaň bize bildir.

  1. 1 On November 3rd, 2010, NB said:

    Ýokardaky belläp geçen arzuwyň hasyl bolsun. Ýöne, edýän işiň bilen arzuwyňa deň gelenok eken.

  2. 2 On November 3rd, 2010, messenger said:

    Pikirinizi paylashanynyza minnetdar!
    Name uchin edyan arzuwymyz bilen edyan ishimiz deng gelenokka? Eger sizde anygrak bu barada pikir bar bolsa paylashyng!

    Size yagshy arzuwlar bilen,
    admin

Pikirini yaz

  • Gundelik Yazgy

  • "Ertesi gün Yahýa (pygamber) özüne tarap gelýän Isany görüp: "Ine, Şu, dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzysydyr" diýdi. Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy, diýip aýdanym, ine, Şudyr."
  • Yahýa 1:29
Bellik et
delicious
digg
technorati
reddit
magnolia
stumbleupon
yahoo
google