TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

WADA…ynsanyň wadasy…Hudaýyň WADA-sy…

29th May 2009

WADA…ynsanyň wadasy…Hudaýyň WADA-sy…

10-92scrainbow_lg

WADA…ynsanyň wadasy…Hudaýyň WADA-sy…

 

“WADA”, “söz bermek” düşünjesi ynsanlar arasynda gaty wajyp bolan düşünjedir. Adamlar arasyndaky aragatnaşykda iň wajyp zadyň biri hem “wadalaryň” berilmegi we şol wadalaryň hem ýerine ýetirilmegidir. Mysal üçin söýüşýänler biri-birine wepaly bolmagy, eňil günde hem agyr günde hem bir birine ynamdar bolmagy wada berýärler. Bu wada olaryň bilelikde bir maşgala gurmagynyň esasy bolup durýar. Haçanda berilen bu “wada” hormatlananda we ýerine ýetirilende maşgala berk bolýar we ölüm aýyrýança dowamly bolýar. Emma bu wada hormat goýulmasa we berilen wada ýerine ýetmese onda maşgala bozulýar, kalblar ýaralanýar. Wada-iki dost arasynda hem, ata-enäniň çagalaryna bolan, çagalaryň ata-enesine bolan gatnaşykda hem, işewürlikde hem iň wajypdyr. Bulara meňzeşlikde ruhy dünýäde hem wada bermek we şol berilen wadalaryň saklanmagy, ýagny ýerine ýetmegi gaty wajypdyr.

Ýaradyjy Biribar Hudaý hem ýaradan ynsanlary bilen şeýle aragatnaşyk saklaýandyr. Hudaý –WADALAR-Hudaýydyr. Hudaý hem wada berdi we wadalaryny asyrlaryň jümmşinde ýerine ýetirip geldi we WADA-laryna ynamly boldy. Hudaý imanlylar hem öz Ýaradyjysy Hudaýa Onuň tabşyryklaryna wepaly bolmaga wada berdiler, emma gynansak-da beren wadalarynda tapylyp bilmediler. Çünki ynsan ejizdir, Hudaýyň halaýan kämilligine we mukaddesligine öz güýçleri bilen ýetip bilmediler we bilmeýärler. Bu sebäpden hem we Hudaý Özüniň merhemetine, rehimine baýlygy bilen bize bu “gutulyşy” WADA berdi. Dört müň ýyl mundan ozal ýaşap geçen Ybraýym pygambere Hudaý şeýle diýip wada beripdi: ““Mukaddes Ýazgy Hudaýyň milletleri imanlary arkaly aklajagyny öňünden görüp.Ybraýyma “Bütin milletleri sen arkaly bereket iner”diýip öňünden buşlady .

Bu wada edilen “ruhy bereket” nämekä ýada kim arkaly gelýärkä? Biz bu soraga jogaby başga ýerlerden ýagny dinden, kimdir biriniň aýdanlarynda, ýada logikada, adam akyldarlygynda( filosofiýa) we ş.m tapyp bilmeris. Hudaýyň wadasyna düşünmekde biz hökmän Hudaýyň Sözüne salgylanmalydyrys. Mukaddes Ýazgy munuň jogabyny bize aýan edýär. Mysal üçin Ýazgy şeýle diýýär: “Hudaýyň ähli wadalary Mesihde “hawadyr”…”Ine, Hudaýyň mukaddes resullaryna, pygamberlerine Ruh arkaly aýan edilişi ýaly, öňki nesillere bildirilmedik bu syr şeýle: Özge milletler hem mirasa şärikdir, olar hem bir teniň agzalary bolup, Hoş Habar arkaly Mesih Isada berlen wada şärikdir…

Taryha ser salsaň we “birhudaýlyk” dinleri bolan Islam we Ehudylyga seretseň we ol dinlere ynanýanlar, özlerini Ybraýyma degişli görmäge çalyşýarlar we Ybraýyma berilen wadanyň özleriniňkidigini subut etmäge synanyşýarlar. Ybraýym ata hakynda geplänlerinde uly hormat we ondan geljek “berekete” bolan küýseglerini bildirýärler.

Elbetde olarda nähilidir bir derejede degişlilik hem bar, ýagny Ehudy halky( ewreýler) we araplar ýagny Islamyň gelip çykan ýerindäki halk, Ybraýym atanyň ten nesilleridir. Bilşimiz ýaly Hudaý Ybraýymyň çagalaryna hem bereket bermegi wada edipdi. Emma biz bu ýerde olar barada gürrüň edemizok. Biziň gürrüň edýänimiz -  Ybraýyma berilen iň uly ruhy wada- ýagny diňe bir onuň teninden bolanlar barada bolman, ähli milletlere berilen Wada hakynda gürrüň edýäris. Ýagny: “Bütin milletlere sen arkaly bereket iner” wadasy hakynda gürrüň edýäris. Bu nähili bereket? Bu ruhy bereket, ýagny günäniň näletinden we baky dowzah ot jezasyndan, şeýtanyň gulçulygyndan gutulyp, günä sebäpli Hudaý bilen ýitirilen aragatnaşygy dikeltmek we Hudaýyň Mukaddes Ruhynyň bizde ýaşamagy, diňe bir Hudaýyň hyzmatkärleri bolman, hatda Hudaýyň oglanlary bolmak wadasydyr. Hudaýa asyrlar boýy öwgüler we şöhrat bolsun, Ol ynamdardyr we wepalydyr! Bu ajaýyp WADA-syny ýerine ýetiren Ýaradyjymyza şükürler bolsun! Hudaý WADA-syny ýerine ýetirdi! Iki müň ýyl mundan ozal Hudaý bu “WADASYNY” Isa Mesihde üpjün etdi. “Ybraýymyň berekedi Isa Mesih arkaly milletlere iner ýaly, biz-de wada edilen Ruhy iman bilen alar ýaly, Mesih biziň ugrumyzda gargalyp, bizi kanunyň gargyşyndan halas etdi!…Şu sebäpli hem, Mesih birinji äht astynda edilen jenaýatlary bagyşlatjak bolup, gutulyş gazandyrýan gurban hökmünde öldi, çagyrylanlar ebedi mirasy alsynlar diýip, täze ähtiň töwellaçysy boldy…

…Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hakyny berdi. Olar ne gandan, ne bedeniň islegi bilen, ne-de adamyň islegi bilen, eýsem Hudaýdan doguldylar. …Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz…Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz.” (Galatlylar 3:8, 13,14,26, 29; Efesliler 3:6; Ewreýler 9:15; Ýahýa 1:12-13)

“Ähli ynsanlar üçin bolan Hudaýyň ähli wadalary Isa Mesihde jemlenendir. Her bir günäkär bolan ähli mätäçlikleri bilenIsa Mesihde Hudaýa gelende, ol Hudaýyň Isa Mesihdäki ähli wadalary bilen onuň ýanyna gelýändigini görer. Haçanda günäli ynsan Isa Mesihde Mukaddes Hudaýa gelse ol Ondan “HAWA” sözüni eşider. Hudaý Sen meni söýýäňmi? Hawa. Sen meni bagyşlarsyňmy? Hawa. Sen meni kabul edermiň? Hawa. Hawa. Öz durmuşymy ýagşylyga üýtgetmege ýardam edermiň? Hawa. Saňa hyzmat etmegimde maňa güýç berermiň? Hawa. Meni saklarmyň? Hawa. Özüňiň şöhratyňy maňa görkezermiň? Hawa.

Hudaýyň ähli wadalary –göklerdäki ähli bereketleri –Isa Mesihde HAWA-dyr. Isa Mesih Oňa iman edenleriň ählisine Hudaýyň anyk HAWA-sydyr!” (by DR. John Piper)

Gadyrly ildeşim, meniň kalbym seniň bu ajaýyp wada-baky gutulyşa, Hudaýyň göklerdäki seniň üçin arzuw eden bereketlerine Isa Mesihde ýetmegiňi isläp her gün seniň üçin Biribara dileglerde ýüzlenýär!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

22nd May 2009

Pula näme satyn alyp bolýar?

Pul

Pula:

süýji ukyny däl-de, ýatylýan otag üçin garnitury; akyly däl-de, kitaplary; işdäni däl-de, iýmiti; owadanlygy däl-de, şaý-sepleri; maşgala ojagyny däl-de, yaşaýyş jaýyny; saglygy däl-de, dermanlary; bagty däl-de, birinji derejeli zerur bolmadyk zatlary; halas boluşy däl-de, kumüş hajy; göklerde däl-de, dünýäde eri SATYN ALÝARLAR…

Isa Mesih seniň ýürek taryňy kakýar we pula satyn alyp bilmejek zatlaryňy saňa sylag bermek isleýär!

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

22nd May 2009

Süleýman Pygamberiň Pähimleri

Süleýman pygamberiň Pähimleri

7-nji Bap

Oglum, meniň sözlerimi sakla, tabşyryklarymy içiňde tygşytla. Meniň tabşyryklarymy saklap ýaşa; öwredenimi gözüň göreji ýaly gora. Olary barmagyňa dak, ýüregiňiň daş sahypasyna ýaz. Özüňe keseki aýaldan, sözleri bilen ýaramsalyk edýän bigäne aýaldan saklar ýaly, akyldarlyga: “sen meniň uýamsyň” diý we düşünjäni garyndaş diýip çagyr. Men öýümiň penjiresindäki gözenegimden seretdim, mön adamlar arasyna bakdym; ýaşlar arasynda düşünjesi kemlik edýän bir ýaş ýigidi synladym. Alagaraňkyda, agşamara, gije aralaşyp garaňky düşende, ol aýalyň öýüniň burçuna ýakyn köçeden geçip barýardy; onuň öýüniň ýolundan barýardy. Ine, kemçin lybasyndaky gara ýürek aýal ony garşylady. Ol gykylykçydyr, kesirdir, aýaklary öýde durýan däldir. Kä köçelerde, kä meýdanlarda, her burçda bukuda ýatýandyr. Ýaňky aýal ol ýigidi tutdy, ony öpdi, ýüzüni galňadyp oňa diýdi: “Parahatlyk gurbanlaryny ütüme alypdym; bu gün hudaýýolylarymy berdim. Şeýdip hem basym seniň ýüzüňi göreýin diýip, seni garşylamaga çykdym we seni tapdym. Ýerime Müsür matasyndan alaja örtgüler bilen düşek ýazdym. Ýerime, mür, sarysabyr we dalçyn sepdim. Gel, ertire çenli yşkdan serhoş bolaly, muhabbetden lezzet alaly. Çünki ärim öýde ýok; uzak ýola gtid; eline bir torba kümüş aldy, öýüne aýyň on dördünde geljek”

Sözüniň köplügi bilen ony yrdy, dodaklarynyň ýalynjalygy bilen ony özüne çekdi. Ol bagryndan ok geçýänçe, öldürilmäge barýan öküz ýaly, akmaklyk jezasyna barýan gandally adam ýaly, duzagyň öz janynyň kastyndadygyny bilmän, oňa okdurylýan guş ýaly derrew ýaňky aýalyň yzyna düşdi.

Indi, eý ogullar, meni diňläň, agzymyň sözlerine üns beriň. Ýüregiň onuň ýollaryna sowulmasyn, onuň ýodalarynda azaşma. Çünki onuň ýaralap ýykanlary köpdür, öldürenleri sansyz-sajaksyzdyr. Onuň öýi ölüler diýarynyň ýoludyr, ölüm otaglaryna inýändir.

posted in Kitaplar | 0 Comments

15th May 2009

Magtymguly şahyrymyzyň baýramçylyk güni mynasybetli gutlaglar…

200px-magtimguli_pyragy

Salam gadyrly ildeşler! Bilşiňiz ýaly bu günlerde Türkmen halky özüniň söýgüli we beýik halk şahyry Magtymguly şahyryň gününi baýram hökmünde belläp geçýärler. Bu mynasybetli biz hem siziň hemmäňizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys. Magtymguly şähryň arzuw eýlän ruhy gymmatlyklary esasynda durmuşyňyzy gurmaklyga we olardan gelýän bereketleri siziň ähliňize arzuw edýäris.

 

Kär Bile

 

Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen,

Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile,

Dünýä mardyr-ýastanyp sen, ýatyp sen,

Ynjalarmy bile ýatan mar bile?

 

Iman gazan, ynsabyňny ýutmagyl,

Göre-bile özüň oda atmagyl,

Bidar bolup, gijelerde ýatmagyl,

Munça dözüp ýatajak sen gör bile.

 

Her ýan gitseň, barar ýeriň gör bolar,

Haýyr gazan, ýatan ýeriň nur bolar.

Ýagşy bolsaň jaýyo jennet, hüýr bolar,

Ýaman bolsaň, köýdürerler nar bile.

 

Gözüň ýumdyň, senden aýrylar malyň,

Öleňsoň, tirikler nä biler halyň,

Ýagşy-ýaman herne eden agmalyň

Garşyň alyp durar mydam bar bile.

 

Ömrüňe aldanma, ötgenňe ýanma,

Malyňa guwanma, mülke daýanma,

Munda bet iş etme, anda utanma,

Hasap güni haýryň alyp bar bile.

 

Magtymguly, dogry söze ten bergil,

Sogap mundan ötmez –tapsaň, nan bergil.

Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,

Işiň nedir seni diýmez ýar bile!

 

BOLMAK HAKDYR

 

Eý, ýaranalar, adam ogly

Boz toprakdan bolmak hakdyr.

Asly häkden önen adam

Guma garlyp galmak hakdyr.

 

Kelamda bar iş beýandyr,

Barça iş Haka aýandyr,

Ynansaň saňa imandyr,

Ölmek hak, dirilmek hakdyr.

 

Eýup bolmadyň sabyrda,

Takatyň ýokdur jebirde,

Müňkür, Nekir dar gabyrda

Sorag, sowal kylmak hakdyr.

 

Eden işleriň soralar,

Gün gyzar, mizan gurular,

Tug çekiler, alam urlar,

Ýowuz günler gelmek hakdyr.

 

Magtymguly, azsaň ýoluň,

Ol gün niçik geçer halyň,

Bu gün zorlap alan malyň

Erte gaýdyp bermek hakdyr.

posted in Kitaplar | 0 Comments

15th May 2009

Gözeliň başdan geçirenleri…

005

Gözeliň başdan geçirenleri…

Bu gorky hakyndaky hekaýa. Gözeliň gaty erbet duşmany bolan –onuň garşysyna her hili erbet ruhlary çagyrýan we nälet indermäge çalyşýan bir goňşysy bardy. Bir gün Gözel ýene-de öýüne gelende goňşysy onuň garşysyna nälet dogalaryny eden ýaly göründi. Ol nämäniň bolýandygyny bilip bilmedi, emma nähilidir bir erbet ruhlaryň bardygyny, olaryň oňa we onuň maşgalasyna ýamanlyk etjek ýaly duýulýardy. Nähili nälet bilen göreşýändigini we olary nädip ýeňmelidigini bilmeýän Gözel erbet ruhlara garşy näme etmelidigi barada ýaşlygyndan öwrenenlerini etmäge çalyşdy. Ol gapysynyň üstünden asylgy duran burçlary täzeledi. Oglunyň egin-eşigindäki Gurhandan ýazylan aýatlaryň ýerindedigini barlady. Öz ýanyndan şeýle pikirlendi: “Eger ýeterli pulum bolsady oba mollasyny çagyryp bu näletleri aýyrdardym…” Emma onuň puly azdy, molla ýetmeýärdi, çünki bu erbetlikleriň üstesine Gözeliň ýanýoldaşy hem arakkeş we neşekeşdi. Ol maşgalanyň bar puluny harçlaýardy. Onuň durmuşy umytsyzlykdan doly ýaly görünýärdi. Gorky we umytsyzlyk ony şeýle bir bogýardy welin, ol gözlerini ýaşdan dolduryp sübsäni eline aldy. Ol sübselemelidi. Ol öýüni, soňra howlusyny sübseläp başlady. Soňra jaýynyň öňündäki köçesiniň ugruny sübselemäge çykypdy. Ol wagt günortandy we beýle iş etmäge gaty yssy wagtdy, howanyň yssylygy 50 derejeden hem geçipdi. Emma maşgalasyny goramak üçin Gözele hiç bir zat kyn däldi. Ol bu näledi aýyrmalydy, emma näme etmeli? Ol nahili nälet? Nähili edip ol rahatlyk tapyp biljekdi? Eger ol ruhy näledi ýok edip bilmese onda näme bolar? Näletleýän erbetg goňşusyndan Gözel nädip ar alyp biler?

Gözel köçäniň ugruny süpürip duran wagty beýleki bir goňşusynyň: “sen bu taýlaryny süpürip gowy edýärsiň, men ol palçynyň elinde öwülýäden gazyp alyp gelen topragyny seniň öýüň öňüne sepip, öýüňden biriniň ölmegi üçin nälet aýdyp, duranyny öz gözüm bilen gördüm” diýdi. Şol bada Gözele ýene-de erbet gorky aralaşdy. Mundan soň ol has hem erjellik bilen hemme ýeri sübse bilen gowyja süpürip boldy. Wagtlaýynça ol köşeşdi, ýöne ol soraglar ony ene-de alada saldy. Goňşysyndaky güýçden hem, başga güýçlerden hem iň güýçli eňiji güýji nireden tapyp bolar? Gözel yssy günortanda dem-dynç almak üçin içerik girdi. Içerik girende, onuň ýadyna birnäçe gün mundan ozal kimdir biriniň şäherde oňa beren kiçijik kitapçasy ýadyna düşdi. Ol baryp şol kitapçany eline aldy we özüne käsä çaý guýdy-da ony okamaga başlady. Ol kitap Isa Mesih hakyndady we Isanyň hemmeleri, hatda duşmanlaryny hem söýýändigi barada gürrüň berýärdi. Gözel beýle zady asla eşitmändi. Duşmanlaryny hem söýüp bilýän Isa Mesih kimkä? Ol kitapda Isanyň hatda zynada tutulan aýaly hem höküm etmändigi hem ýazylypdy. Isanyň donunyň gyrasyna elini degirip bütinleýin sagalan zenan barada, Isanyň köp adamlardan jynlary kowandygy we şypa berýändigi ol kitaby okadygyça Gözeli haýran galdyrýardy. Isa Mesih hemişe adamlara hyzmat edýärdi, olary iýmitlendirýärdi, şypa berýärdi, bereketleýärdi we söýýärdi. Ol güýçlidi- hemme zada güýji ýetýärdi. Isa Mesih onuň soraglaryna jogap bolup biljek birimikä? Şeýle diýip pikirlense-de, bu kitap Gözeli alada saldy. Çünki kitap başga bir nälet hakynda ýagny günäniň netijesinde dörän nälet hakynda gürrüň berýärdi. Gözel öň beýle zady pikir hem etmändi. Ýöne munuň üstünden ol özüniň durmuşyna nälet getirýändigine görüp ugrady. Özüniň günälidigine düşünip başlady. Ol hem erbet işler edipdi. Başgalar hakynda erbet zatlar pikir edipdi. Ýalan sözläpdi we kiçijik bolsada ogurlyk edipdi. Bu günäler onuň şu wagtky durmuşyny erbetleşdirýärdi we olar üçin hudaýyň öňünde jogap bermelidigi, Gözeli gorkuzdy. Ölümden soňky durmuş- ol bu barada başgaça pikirlenýärdi, ýagny özüniň edýän gowy işleri günälerini ýuwar we dowzah jezasyndan ony halas eder diýip düşünýärdi. Bu wagt bolsa ol Hudaýyň Sözünden, gowy işleriň Hudaýyň Öňünde hapalanan bir çüýrän egin-eşik ýalydygyny, okaýardy. “Hiç bir dogry adam ýok..”diýen sözlere gözi düşende, Hudaýyň öňünde hiç bir zady hödürläp bilmeýändiginde özüniň ýeke däldigini bildi. Hakykat şeýledi, ýagny hiç kim Hudaýa doly boýun bolup Ony razy edip bilmeýärdi we bu sebäpden hemmeler hem baky dowzaha höküm edilipdi. Soňra Gözeliň gözleri birdenkä ol kitapdaky umyt sözlerine düşdi: “biz entek güýçsüzkäk, Mesih belli wagtda hudaýsyzlar ugrunda öldi…Hudaý bize bolan söýgüsini biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr…” Günäniň jezasy we näledi üçin çykalganyň bardygy barada hoş habar üçin Gözeliň kalby şatlykdan doldy. Bu näletden gutulyş Isa Mesihdedi. Onuň günäleri üçin Isa Mesihiň ölümi töleg bolupdy, ýöne muňa ynanyp ynanmazlygy bolsa Hudaý Gözeliň ygtyýaryna goýupdy. Hawa, Gözel elbetde bu hoş habara ynandy. “Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň” diýen sözleri okanda, ol Hudaýa kalbyndaky bar zatlary aýtmak isledi. Bu sözler arkaly özüniň günälidigini, Hudaýyň öňünde boýun almalydygyna, diňe Isanyň onuň günäleri üçin töleg tölänine ynanmalydygyna we Isany özüniň Rebbidigine düşündi. Öňinçä, Gözel Isanyň Rebbdigini bilmeýärdi. Şu wagt bolsa Isadan günälerini bagyşlamagy sorasa, onda Isanyň onuň Rebbi we Hojaýyny boljakdygyna düşünýärdi. Ol günäniň guly bolmakdan ýadapdy. Ol azat bolmaga, günäleriniň bagyşlanmagyna we Reb Isa Mesihiň onuň durmuşynyň täze Eýesi bolmagyna begenýärdi. Göze kitaby okamagyny dowam etdirdi we şeýle sözleri okady: “Siz hakykaty bilersiňiz we hakykat sizi azat eder”. Ýüreginde täze umyt bilen ol şeýle diýdi: “Hawa, hakykatdanda maňa gerek zat ine şu. Maňa bu gorkulardan azat bolmak gerek. Isanyň berýän bu azatlygy maňa gerek.” Şol pursatdan başlap, Gözel özündäki bar soraglaryň jogabynyň Isadadygyny düşündi. Ol Oňa dileg bilen ýüzlenmelidi, ýöne nähili dileg etmelidigini bilmeýärdi? Ol musulmandy we ýöne ýat tutulan namazlardan başga zady bilmeýärdi, hatda Allanyň özüni eşidýändigini hem bilmeýärdi. Dileg etmegi bilmesede Hudaý ony eşidermikä? Bu sebäpden ol gaty aladalandy, ýöne şonda-da çaga ýaly ýönekeý sözler bilen şeýle diýip dileg etdi: “Gadyrdan Isa, Sen maňa gerek. Men özümiň günälidigimi we Hudaýa boýun bolmazlyk edendigimi boýun alýaryn. men Saňa ynanýaryn we meniň günäm üçin töleg töländigiňe iman edýärin. Meniň günälerimi bagyşla we meni mynasyp bolan jezadan halas et. Seniň meniň Halasgärim we durmuşymyň Hojaýyny bolmagyňy isleýärin.” Şeýle sözler bilen Hudaýa ýüzlenenden soňra, Gözel özünde aýratyn bir ýeňilligi duýdy. Ol diňe bir durmuş aladalaryndan eňlemän, öz janynda hem ýeňillik duýdy. Ol köpden bäri gözleýän parahatlygy, söýgini we Hudaý tarapyndan kabul edilmegi Isa Mesihde tapandygyny bildi.

Gadyrly dost, sen nahili? Günä seniň hem durmuşyňy zaýalaýarmy? Gözel ýaly, sen hem azat etmegi üçin Isa Mesihe ýüzlenip bilersiň. Sen saýlajagyň haýsy, bu Hoş Habara ynanyp gutulyş almakmy ýada baky näletlenmekmi? Sen heniz bu barada çözgüde gelmedik bolsaň, onda Hudaýyň Sözüni diňlemegi dowam etdir. Bu sözler Gözeliň şol kitapdan okan sözleridir!

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

12th May 2009

Ruhy Erkinlik…

Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” Isa Mesih

 

Erkinlik…

 

 

Ynsan erkinligi küýseýär

Çünki ýaradylypdy ol erkin

Emma şeýtan ýalanyna aldanyp

Ýitiripdi erkinligin ýaýdanyp.

 

 

Erkinlik gözleginde

Hakykat gözleginde

Döredip däp-dessur, din ýoluny

Adamzat geçirdi müňläp ýylyny

 

 

Dünýä bermez erkinlik

Dinler bermez azatlyk

Hakykaty bilmek berer erkinlik

“Ýol, Hakykat, Ýaşaýyş”Bolan berer azatlyk

 

 

 

Erkinlikdir Hak Hudaýa ynanmak

Azatlykdyr Oň Sözüne boýun bolmak

Çünki Oldur erkinligiň çeşmesi

Adamzadyň ýaşaýşynyň gözbaşy

 

 

 

Dünýä geldi Hakykat Isa Mesihde

Azatlygy-erkinligi bermäge

Şeýtan güýjün eňip direlişde

Iman etseň – Isa berer erlkinlik

posted in Kitaplar, Шахсы шаятлык | 0 Comments

5th May 2009

Ebedi Söz…

Audio clip: Adobe Flash Player (version 9 or above) is required to play this audio clip. Download the latest version here. You also need to have JavaScript enabled in your browser.

Söz…Hudaýdy


Ozal-başda Söz bardy,

Söz Hudaýdady

Söz Hudaýyň Özüdi

Ýaradypdy Ol hemme zady.


Onda bardy ýaşaýyş

Bu ýaşaýyş Ynsanlaryň Nurydy

Bu Nur garaňkylykda parlaýandyr

Tümlük Ony öçürip bilmeýändir.


Ol dünýädedi,

Dünýä Ol arkaly ýaradylypdy.

Emma dünýä tanamady

Dünýä gelen Ebedi Sözi.


Ol Özüniňkilere geldi,

Olar Ony kabul etmedi.

Emma Özün kabul edene

Ogullyk hukugyn berdi.


Ebedi Söz jan-ten bolup

Aramyzda ýaşady,

Hakykaty aýan edip

Adamzady ýalkady.


Bu bir syrdyr,

Hakyň gudraty.

Adalatyň–merhemetiň

Biribardyr Eýesi!

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

4th May 2009

Iman getir…

Iman getir…


 

Gadyrdan dost iman getir

Hakykaty kalbyňa ýetir

Bolmasana sen gatyr

Hoş Habary iliňe ýetir.

 

 

Syrkawlygyň sen bilsediň

Lukman gadryn bilerdiň

Günäň muzdyn elhençdigin bileňde

Hoş Habaryň gymmatyny bilerdiň.

 

 

Ah, arman din seniň

Gözüň baglapdyr.

Şeýtan seni aldawyna salypdyr,

Tekepbirlik seni gurşap alypdyr.

 

 

Şonda-da Halasgär yzyn üzmän,

Seň gapyňy kakyp dur!

Kalbyň açsaň – gutulyşyn

mugt, saňa berjek bolup dur!

 

 

Hudaý bize saýlaw berdi,

Imanmy ýa bi-iman.

Sen imany saýlagyn

Ýüregiňe gutulyşy algyn.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments