Pesahyň (Pasha) manysy hakynda

Pesah

PESAH (PASHA) BAÝRAMY
Bütin Mesihilik (hristian) dünýäsinde Pesah (Pasha) baýramy giňden, aýratyn bellenip geçilýär. Bu sebäpli biz hem Isa Mesihiň yzyna eýerýan ildeşlerimizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys! Size Rebbimiziň ähli bereketlerini arzuw edýäris. Şeýle hem gysgaça bolsa-da bu Pesah baýramçylygynyň taryhy we manysy hakynda ildeşlerimiz bilen paýlaşmak isledim.
Ehudylar üçin bu baýram Ysraýyl halkynyň gulçulykdan azat bolma baýramçylygy. Isa Mesihiň yzyna eýerijiler üçin bu Isa Mesih arkaly günälerden gutulyş we Isanyň ölümden direlmeginiň ýatlanma baýramydyr. Isa Mesihiň ölümden direlmegi bu geljege bolan umydy we baky ýaşaýşa bolan ynamy tassyklaýar. Ýöne hemmeler bu baýramyň gelip çykyş taryhyny we manysyny bilmeýärler. Mukaddes Ýazgylarda bellenmeli diýip görkezilen her bir baýramçylygyň manysy we simwoliki suratlandyrýan bir hakykaty bar. Geliň şu wagt Pesah baýramynyň gelip çykyş taryhy barada gürrüň edip geçeliň. Pesah (Pasha) dien sözüň manysy “sowulup geçme” diýmegi aňladýar. Müňlerçe ýyllar mundan öň Hudaýyň halky diýip at alan Ysraýyl halky Müsürde gulçulyk çekipdi, ýöne Hudaý olaryň ata babalary Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada edişi ýaly olary Müsüriň gulçulygyndan azat etmek üçin we olara yurt bermek üçin Musa atly pygamberi olara ýollapdyr. Musa arkaly Hudaý Müsür patyşasyna gudratlar we alamatlar görkezipdir. Müsür patyşasy Bar bolan Biribara imansyz bolupdyr we Musanyň berýän duýdyryşlaryny kabul etmändir, Hudaý näçe gudrat görkezsede ýüregini gataldypdyr. Hudaý on sany belany Müsür patyşasynyň we halkynyň başyna inderipdir. Şolaryň onunjysy bilen Pesah ýagny “ sowulyp geçme” baýramçylygy dolylygyna esaslanandyr. Şol onunjy bela-da Hudaý Musa şeýle diýipdi, “her bir adam öz maşgalasy üçin bir arassa, çirksiz we sagdyn guzyny alsyn we ony soýup öldürsin. Ganyny alyp şol guzynyň eti iýiljek jaýyň daşky gapylarynyň gapdal we üstki söýelerine şol gany çalsyn. Bu — Rebbiň Pesahydyr. 12Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. 13Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden aýlanyp geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14
Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.” Hudaý aýdyşy ýaly hem guzynyň gany çalynan her bir öýden “sowulyp geçýär” ýagny ölüm belasy “sowulyp geçýär”. Şol beladan soň Müsür patyşasy Ysraýyl halkyny gulçulykdan azat edýär. Ysraýyl halky soňra Hudaýyň wada eden ýurdyna barýar we ol ýurda eýe bolýarlar. Bu ajaýyp taryh we biziň üçin hem iň wajyp taryh bolup durýar. Munda ruhy many we Hudaýyň bütin adamzat üçin döreden gutulyş ýolunyň nyşany bar. Injilde Isa Alehsalama “Bütin dünýäniň jezasyny öz üstüne aljak Hudaýyň güzusydyr” diýilýär. Ondan başgada Isa Mesih biziň hakyky “Pesahymyzdyr” hem diýip Injil aýdýar. Ysraýyl halkynyň ilkinji dogulan çagalarynyň halas bolmagy üçin guzynyň gany gerekdi. Şol gapylarynyň daşyna çalynan guzynyň gany arkaly olar ölümden halas boldular. Muňa meňzeşlikde Isa Mesih hem adamzat günäsiniň jezasyny çekmek üçin guzy kimin öldürildi we ganyny haçda dökdi. Ölüp jaýlandy we üçünji güni direldi. Hudaý Ysraýyl halkyny gan arkaly gulçulykdan halas edişi ýaly bu günki gün hem her bir ynsanyň günä üçin çekmeli jezasyny Isa Mesihiň gurbanlygy arkaly bagyşlamak isleýär. Isanyň direlmeginiň hakykaty arkaly bolsa diri baky ýaşaýyş üçin ajaýyp umyt berýär. Ysraýyl taryhyndan görşimiz ýaly, olaryň halas bolmagy üçin olaryň erine etirmeli zady bardy. Birinjiden olar Hudaýyň Musa arkaly aýdýan sözlerini kabul edip ynanmalydylar we munuň netijesinde hem şol guzyny öldürip, ganyny bolsa gapylarynyň daşky söýelerine çalmalydylar. Muny berjaý edenler bolsa halas boldylar. Şeýle günälerden gutulyşy hem Hudaý muňa meňzeş ýol bilen amala aşyrdy we aşyrýar. Ol gutulyşda guzynyň gany esasy bolşy ýaly Isa Mesihiň gany hem gutulyş üçin esasydyr. Şol döwürde ýaşaýan jaýlarynyň gapysyna guzynyň ganyny çalmaly boldular, bu gunki gün hem her bir kişi Injiliň Isa Mesih hakyndaky Hoş Habaryna ynanyp, Isanyň döken ganyny iman bilen kabul etse günäleri bagyşlanyp Hudaýyň wada eden jennedine girmäge mümkinçilik alar. Şonda bu baýramçylyk Isa Mesihi Halasgär we Reb hökmünde kabul eden her bir adam üçin hem hakyky manysyna eýe bolar we hakyky baýramçylyk bolar. Isa direldi, Ol hakykatdan hem direldi!
Bu hakynda radio gepleşigimizi hem diňläp bilersiňiz:

[audio:https://turkmenhh.org/audio/wor/TCK37.mp3]

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *