TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Halasgär Mesih

30th April 2009

Halasgär Mesih

Halasgär Mesih


Iki müň ýyl mundan ozal

Bibi Merýemden dogulyp

Gökden inip gelen Mesih

Alkyş saňa, alkyş saňa


Meniň üçin janyn beren

Meniň üçin ganyn döken

Halasgärim Isa Mesih

Alkyş saňa, alkyş saňa


Söýmäni wagyz eden Sen

Bagyşlamany öwüt eden Sen

Öwredenleňde ýaşan Sen

Halasgärim Isa Mesih


Alkyş saňa, alkyş saňa, saňa alkyş, saňa alkyş


Bize dost diýip ýüzlenen

Biziň üçin haçda ölen

Direlip ölümi eňen

Halasgärim Isa Mesih


“Ýaşaýyş, Hakykat, Ýol” Sen

Direliş Sen, dynçlyk Sen

Adamzada Howandar Sen

Gaýdyp gelýän Isa Mesih!


Gelsene tiz Isa Mesih!

Jennetiňe eltsene tiz

Bütin dünýäň Halasgäri

Isa Mesih, Isa Mesih!


posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

29th April 2009

Daglar

blue-mountains-sydney

DAGLAR

Daga golaý baramda,

Allanyň emri bilen

Oglun Taňra hödürlän

Ybraýym düşýär ýadyma.


Allanyň sadyk dosty,

Biziň iman atamyz,

Ak patanyň çeşmesi

Ybraýym düşýär ýadyma.


Daga gözüm aýlamda,

Müsür şasyndan gaçyp,

Sionda goýun bakan

Musa düşýär ýadyma.


Allanyň pygamberi,

Halkynyň halasgäri,

Kanunyň howandary,

Musa düşýär ýadyma.


Dagy synlap duramda,

Duşmanlaryndan gaçyp,

Gowakdan haraý gözlän

Dawut düşýär ýadyma.


Ysraýylyň patyşasy,

Allanyň Öz saýlany,

Öz halkynyň halany

Dawut düşýär ýadyma.


Daga seýil edemde,

Milletin daşyna ýygnap,

Allanyň Sözün aýdan

Isa düşýär ýadyma.


Bu dünýäň Halasgäri,

Allanyň mesh edeni,

Adamzadyň täk Rebbi

Isa düşýär ýadyma.


Daga gadam basamda,

Reb bilen daga çykan,

Rebbe çadyr dikmek islän

Petrus düşýär ýadyma.


Mesihiň Öz şägirdi,

Ilki ýygnak resuly,

Injiliň habarçysy

Petrus düşýär ýadyma.


Daglar Allaň gudraty,

Elleriniň sungaty,

Ýer ýüzüniň zynaty

Daglar düşýär ýadyma.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

23rd April 2009

Türkmen imanly ildeşimiziň imany hakynda ýazan goşgylary…

“Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy. Bu Nur garaňkylykda paralaýandyr, garaňkylyk Ony öçürip bilen däldir…” Injil

SÖZ


Owal – başda diňe Söz bar ekeni

Söz Hudaýda eken, Söz Hudaý eken.

Hiç bir zadam Sözsüz ýaradylmandyr.

Hemme zady diňe Söz ýaradan eken.


Şol Söz jan-ten bolup dünýä geldi-de,

Adamlaryň nury bolup ýaşady.

Sahylygy bilen merhemet paýlap,

Ony dünýäň dört künjüne daşady.


Emma ynsan Sözi kabul etmäni.

Baran ýerinde Ony kowup daşlady.

Rebbiň muňa jiger-bagry dilinip,

Gynanjyndan gözlerini ýaşlady.


Reb şonda-da ynsan baryny söýüp,

Öz halas etme işine başlady.

Atasynyň ýumuşyny bitirip,

“Bary berjaý boldy” diýip haşlady.


Şeýdip, dünýä Ol gutulyş getirdi.

Günäň güýjün dolulygyna ýatyrdy.

Bar maksadyn ýerine ýetirip bolansoň,

Atasynyň sag tarapynda oturdy.


GÖKDÄKI TOÝ


Gel dogan Hudaýyň Patyşalygna

Ol ýerde bileje mesgen tutaly

Perişdelere goşlup, Isa bilen

Dowre gurap bileje tans edeli


Gaýtalama

Gel, gel, gel dogan Gökdäki toýa

Howluksana gijä galaýma o taýa


Bagyşlap öňki-soňky ählije hataň

Gökdäki toýa çagyrýar seni Ataň.

Şatlanyp, oýnap-gülüp gezersiň mydam

Galan ömrüňe hiç tutmarsyň matam.


Hudaý seni çagyrýar Gökdäki toýa

Çakylygyn kabul edip, bargyn o taýa

Bu toý Isa bilen Gelniň toýudyr

Olaň tutýan toýy ömür boýudyr.


BIRAHAT ÝÜREK

Näme üçin aglaýaň gussaly ýürek.

Sag-aman öreniňe begenmä derek

Durmuş girdabyna berk düşen bolsaň,

Hudaýyň öňünde dyza çökmegiň gerek.


Bu dünýäň gerdişine özüň oýnadyp,

Baýlygyň yzynda gezdiň ganat galgadyp,

Duzaga düşeňde galdyň aňňalyp,

Çykalgany Rebden tapmagyň gerek.


Ynsan gursagynda nalap, perwana bolýaň.

Kapasa düşen dek, her ýan urunýaň.

Haraý gözläp daşyňa intizar bakýaň

Haraýy Hudaýdan gözlemäň gerek.


posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

16th April 2009

Uzaklarda galdy ýakyn-ýatlaryň…

nostalgy

Uzaklarda galdy ýakyn-ýatlaryň!!!

(Türkmen ildeşimiziň kalbyndan çykan şygyrlar)

Eý köňlüm niçün gama batar sen?
Taze ýola dü
di seniň batlaryň.
Ýat illerde galdyň bu gün hossarsyz,
Uzaklarda galdy ýakyn-ýatlaryň!

Bagla biliň beýik Kadyr Allaha,
Ony mydam durmu
yňda pena bil!
Gursagyňda mesgen tutsyn imanyň,
Imanyňy ömür baky sena bil!

Ýollar uzak, geçilmeli menzil köp,
Halal bolsun alyn deriň her wagt.
Ýag
ylaryň hataryndan çykmasaň,
Ýagty durmu
hemdem bolar bir wagt.

Ýadyňa sal, ähli ýakyn-ýadyňy,
Sen olara elmydama sadyk bol.
Hiç bir i
de bähbidiňi arama,
Ýeke özüň ahli ki
ä ýetik bol.

Ajyksaňam aç goýmagyn dostuňy,
Sözlän sözüň elmydama hak bolsun!
Hiç wagt sen özgelere ýük bolma,
Özgeleriň derdi saňa ýük bolsun!


posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

15th April 2009

Isa Mesih-Baky Bar bolan Söz…

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

Ebedi Söz jan-ten bolýar

“Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy. Bu Nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk oňa düşünip bilen däldir. Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady. Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi. Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol Özüniňkilere geldi, Özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi. Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar. Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady…

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

10th April 2009

Pesahyň (Pasha) manysy hakynda

Pesah

PESAH (PASHA) BAÝRAMY
Bütin Mesihilik (hristian) dünýäsinde Pesah (Pasha) baýramy giňden, aýratyn bellenip geçilýär. Bu sebäpli biz hem Isa Mesihiň yzyna eýerýan ildeşlerimizi bu baýramçylyk bilen gutlaýarys! Size Rebbimiziň ähli bereketlerini arzuw edýäris. Şeýle hem gysgaça bolsa-da bu Pesah baýramçylygynyň taryhy we manysy hakynda ildeşlerimiz bilen paýlaşmak isledim.
Ehudylar üçin bu baýram Ysraýyl halkynyň gulçulykdan azat bolma baýramçylygy. Isa Mesihiň yzyna eýerijiler üçin bu Isa Mesih arkaly günälerden gutulyş we Isanyň ölümden direlmeginiň ýatlanma baýramydyr. Isa Mesihiň ölümden direlmegi bu geljege bolan umydy we baky ýaşaýşa bolan ynamy tassyklaýar. Ýöne hemmeler bu baýramyň gelip çykyş taryhyny we manysyny bilmeýärler. Mukaddes Ýazgylarda bellenmeli diýip görkezilen her bir baýramçylygyň manysy we simwoliki suratlandyrýan bir hakykaty bar. Geliň şu wagt Pesah baýramynyň gelip çykyş taryhy barada gürrüň edip geçeliň. Pesah (Pasha) dien sözüň manysy “sowulup geçme” diýmegi aňladýar. Müňlerçe ýyllar mundan öň Hudaýyň halky diýip at alan Ysraýyl halky Müsürde gulçulyk çekipdi, ýöne Hudaý olaryň ata babalary Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba wada edişi ýaly olary Müsüriň gulçulygyndan azat etmek üçin we olara yurt bermek üçin Musa atly pygamberi olara ýollapdyr. Musa arkaly Hudaý Müsür patyşasyna gudratlar we alamatlar görkezipdir. Müsür patyşasy Bar bolan Biribara imansyz bolupdyr we Musanyň berýän duýdyryşlaryny kabul etmändir, Hudaý näçe gudrat görkezsede ýüregini gataldypdyr. Hudaý on sany belany Müsür patyşasynyň we halkynyň başyna inderipdir. Şolaryň onunjysy bilen Pesah ýagny “ sowulyp geçme” baýramçylygy dolylygyna esaslanandyr. Şol onunjy bela-da Hudaý Musa şeýle diýipdi, “her bir adam öz maşgalasy üçin bir arassa, çirksiz we sagdyn guzyny alsyn we ony soýup öldürsin. Ganyny alyp şol guzynyň eti iýiljek jaýyň daşky gapylarynyň gapdal we üstki söýelerine şol gany çalsyn. Bu — Rebbiň Pesahydyr. 12Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin. 13Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden aýlanyp geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14
Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.” Hudaý aýdyşy ýaly hem guzynyň gany çalynan her bir öýden “sowulyp geçýär” ýagny ölüm belasy “sowulyp geçýär”. Şol beladan soň Müsür patyşasy Ysraýyl halkyny gulçulykdan azat edýär. Ysraýyl halky soňra Hudaýyň wada eden ýurdyna barýar we ol ýurda eýe bolýarlar. Bu ajaýyp taryh we biziň üçin hem iň wajyp taryh bolup durýar. Munda ruhy many we Hudaýyň bütin adamzat üçin döreden gutulyş ýolunyň nyşany bar. Injilde Isa Alehsalama “Bütin dünýäniň jezasyny öz üstüne aljak Hudaýyň güzusydyr” diýilýär. Ondan başgada Isa Mesih biziň hakyky “Pesahymyzdyr” hem diýip Injil aýdýar. Ysraýyl halkynyň ilkinji dogulan çagalarynyň halas bolmagy üçin guzynyň gany gerekdi. Şol gapylarynyň daşyna çalynan guzynyň gany arkaly olar ölümden halas boldular. Muňa meňzeşlikde Isa Mesih hem adamzat günäsiniň jezasyny çekmek üçin guzy kimin öldürildi we ganyny haçda dökdi. Ölüp jaýlandy we üçünji güni direldi. Hudaý Ysraýyl halkyny gan arkaly gulçulykdan halas edişi ýaly bu günki gün hem her bir ynsanyň günä üçin çekmeli jezasyny Isa Mesihiň gurbanlygy arkaly bagyşlamak isleýär. Isanyň direlmeginiň hakykaty arkaly bolsa diri baky ýaşaýyş üçin ajaýyp umyt berýär. Ysraýyl taryhyndan görşimiz ýaly, olaryň halas bolmagy üçin olaryň erine etirmeli zady bardy. Birinjiden olar Hudaýyň Musa arkaly aýdýan sözlerini kabul edip ynanmalydylar we munuň netijesinde hem şol guzyny öldürip, ganyny bolsa gapylarynyň daşky söýelerine çalmalydylar. Muny berjaý edenler bolsa halas boldylar. Şeýle günälerden gutulyşy hem Hudaý muňa meňzeş ýol bilen amala aşyrdy we aşyrýar. Ol gutulyşda guzynyň gany esasy bolşy ýaly Isa Mesihiň gany hem gutulyş üçin esasydyr. Şol döwürde ýaşaýan jaýlarynyň gapysyna guzynyň ganyny çalmaly boldular, bu gunki gün hem her bir kişi Injiliň Isa Mesih hakyndaky Hoş Habaryna ynanyp, Isanyň döken ganyny iman bilen kabul etse günäleri bagyşlanyp Hudaýyň wada eden jennedine girmäge mümkinçilik alar. Şonda bu baýramçylyk Isa Mesihi Halasgär we Reb hökmünde kabul eden her bir adam üçin hem hakyky manysyna eýe bolar we hakyky baýramçylyk bolar. Isa direldi, Ol hakykatdan hem direldi!
Bu hakynda radio gepleşigimizi hem diňläp bilersiňiz:

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 0 Comments