Ebedi Söz Jan-Ten bolýar…Hakyky Nur dünýä geldi…

“Ebedi Söz Jan-Ten Bolýar we Hakyky Nur dünýä geldi…”

Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň Nurudy. Bu Nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk on öçürip bilen däldir.

Hudaý tarapyndan iberilen bir adam (pygamber) bardy, onuň ady Ýahýady. Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Onuň özi Nur däldi, ol diňe Nur hakda güwälik etmelidi. Ähli ynsanlary (ýagny hemmeleri) ýagtylandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.

Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler.

!!! Emma Ol Özüni kabul edenlere, Adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary (ýagny çagalary) bolmak hukugyny berdi.Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýada adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar.

Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhrätyny…merhemetden, hakykatdan doly şähratyny gördük.

Ýahýa pygamber Ol hakda güwä geçip gygyrdy: “Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur”. Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk. Çünki Musa pygamber arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa Merhemet we Hakykat peýda boldy. Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Hudaýyň – Sözi bolan Isa Mesih tanatdy…

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *