TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Ebedi Söz Jan-Ten bolýar…Hakyky Nur dünýä geldi…

20th February 2009

Ebedi Söz Jan-Ten bolýar…Hakyky Nur dünýä geldi…

“Ebedi Söz Jan-Ten Bolýar we Hakyky Nur dünýä geldi…”

Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň Nurudy. Bu Nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk on öçürip bilen däldir.

Hudaý tarapyndan iberilen bir adam (pygamber) bardy, onuň ady Ýahýady. Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Onuň özi Nur däldi, ol diňe Nur hakda güwälik etmelidi. Ähli ynsanlary (ýagny hemmeleri) ýagtylandyrýan hakyky Nur dünýä geldi.

Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler.

!!! Emma Ol Özüni kabul edenlere, Adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary (ýagny çagalary) bolmak hukugyny berdi.Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýada adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar.

Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady; biz Onuň şöhrätyny…merhemetden, hakykatdan doly şähratyny gördük.

Ýahýa pygamber Ol hakda güwä geçip gygyrdy: “Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýenim, ine, Şudur”. Onuň dolulygyndan biziň hemmämiz merhemet üstüne merhemet aldyk. Çünki Musa pygamber arkaly Mukaddes Kanun berildi, Isa Mesih arkaly bolsa Merhemet we Hakykat peýda boldy. Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Hudaýyň – Sözi bolan Isa Mesih tanatdy…

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar | 0 Comments

17th February 2009

Ýiten ogul tymsaly

Ýiten ogul tymsaly !

Ýiten ogul tymsaly bu dünýäde köp okalýan tymsallaryň biridir. Muny diňe bir Isa Mesihe ynananlar däl-de, eýsem Hudaýa ynanmaýan adamlar hem gowy görüp okaýarlar. Sebäbi bu tymsal Atanyň öz çagalaryna bolan iň beýik söýgüsini görkezýär. Geliň bu tymsaly Injilden Lukanyň hoş-habarynyň 15;11-24 bilelikde okalyň.
11Isa ýene-de şeýle diýdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken.12Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden maňa ýetenini ber” diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölýär.13Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir daş ýurda gidýär, ol ýerde aýşy-eşretde ýaşap, mal-mülküni sowurýar.14Baryny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol mätäçlik çekmäge başlaýar.15Şeýlelikde, baryp, şol ýurtlularyň birine günlükçi bolýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga ýollaýar.16Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýär, ýöne oňa hiç kim bermeýär.17Ol ahyrsoňy aýňalyp, öz-özüne şeýle diýýär: „Kakamyň günlükçilerinden birenteginiň artykmaç çörekleri bar, men bolsam bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün!18Kakamyň ýanyna baryp oňa: kaka, Men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim.19Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl, meni öz günlükçileriňden biri ýaly et” diýeýin.20Turup, kakasynyň ýanyna gidýär. Entek daşdaka, kakasy ony görüp, oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar.21Ogly oňa: „Kaka, men Hudaýa hem saňa garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge mynasyp däl” diýýär.22Emma kakasy hyzmatkärlerine şeýle tabşyryk berýär: „Derrew iň gowy dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük, aýaklaryna çaryk beriň.23Baga bakylan göläni getiriň-de, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň!24Çünki meniň bu oglum ölüdi, direldi, ýitipdi, tapyldy”.
Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.

Isa Mesih bu tymsalyň üsti bilen bize näme öwretmek isleýer?Isa ýiten ogul tymsalynyň üsti bilen Hudaýyň günäli adamlara bolan gatnaşygyny görkezýär. Isa muny ýönekeý tymsalyň üsti bilen biziň aňymyza etirýär. Mumkin bu ýaşlara, entäk maşgala gurmadyk, çagalary bolmadyklar üçin köp bir düşnükli hem däldir. Emma eýýäm çagalary bar bolan adamlara bu tymsal gaty gowy düşnükli bolmaly. Her bir kaka öz çagasyny şeýle kabul edýär. Çaga näçe günä etse etsin Ata öz çagasyndan ýüz öwrüp bilmeýär. Bu tymsalda meni haýran galdyran käbir zatlar bar. Geliň bu zatlara bilelikde pikirleneliň.

Kiçi ogly mal-mülkden öz paýyny soraýar. Kakasy hem onuň soran zadyny oňa berýär. Haýran galdyryjy bir zat kakasy oglunyň islegine garşy çykmaýar, onuň isleýşi yaly edýär. Hudaý hem edil şeýle Ol bize azat erk beripdir. Biz öz islän zadymyzy saýlap bileris. Hudaý bizi hiç bir zada mejbur etmeýer. Ol bizin özümiziň saýlaw etmegimizi isleýär. Kiçi ogly mal- mülkden öz paýyny alany bu erbetlik del, emma mal-mulkini aýşy eşretde ýaşap sowurmagy bu günädir. Şeýlede iň uly günä bu kiçi ogluň başga bir şähere göçmegi, kakasynda daşlaşmagydyr. Kakasyndan daşlaşansoň ol bar zadyny günäli höweslerine sarp etdi. Belki ol kaksynyň ýanynda ýaşan bolsa beýle etmezdi. Biz günäli adamlar hem edil şeýle, belki siz edil şeýle ýagdaýdasyňyz. Hudaýdan daşda, belki Öny tanamaýarsyňyz, günäli durmuşda ýaşaýarsyňyz? Günäniň netijesinde ejir çerýärsiňiz?Mukaddes Injil şeýle diýýär.Rimliler 3: 23 “Çünki hiç bir parh ýok, sebäbi bary günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldy.

Adamyn iň uly günäsi onuň Gökdeki Hudaýa ynanman, günä edip Hudaýyň huzuryndan mahrum bolmagydyr. Hudaýdan daşlaşmagyň netijesi bolsa, adamyň gündelik edýän günäleridir.

Tymsaldaky kiçi ogul şeýle kyn ýagdaýda, öz-özüne geldi we dogry pikir etdi. Kakamyň hyzmatkärleri men gowy ýaşaýar olaryň artykmaç çörekleri bar men bolsa bu erde , doňuzlaryň iýmitini iýmek isleýän emma onyda maňa hiç kim bermeýär. Bu oglanyň durmuşyndaky iň dogry pikir boldy. Belki ol beýle pikiri ozal öz durmuşynda hiç haçan eden hem däldir. Näme-de bolsa bu pikir onuň üçin eke-täk çykalgady. Ol yzyna kakasynyň ýanyna ýola düşdi. Kakasynyň hereketine ünç beriň! Ol ogluny uzakdan gordi we ylgap ony garşylady, gyjaklap ony ogşady. Hyzmatkärlerine derrew oňa don geýdirmegi, barmagyna ýüzük aýaklaryna çaryk bermegi buýurdy. Şeýle-de baga bakylan göläni öldürüp şatlyk etmegi buýurdy. Ine hakyky Atanyň ýüreginden çykýan zat. Her bir ata öz çagasyny şeýle güýçli söýýär. Oglanyň barmaklaryna geýdirilen ýüzuk, egnine geýdirilen don, bu onuň ogullyk derejesini gaýtaryp alandygyny görkezýär. Ogly hyzmatkär bolmaga razy bolup oýüne dolandy, emma kakasy oňa sen näme eden hem bolsaň, Meniň oglumsyň, diýip oňa ýitiren derejesini gaýtaryp berdi.

Gadyrly dost men seniň bu tymsalyň iň wajyp, çuňňur manysyna düşünmegiňi isleýärin.

Ata öz tarapynda edilmeli zatlaryny etdi. Ogluň garaşýanyndan, arzuw edýäninden has beýik zatlary etdi. Indi bolsa oglanyň sözlerine ünç bereliň. Ogul kakasyna ,”Men Hudaýa we saňa garşy günä etdim. Meni bagyşla! Men indi ogul bolmaga mynasyp däl, meni hyzmatkärleriň biri et” diýip toba edip ýalbardy. Bu kakasynyň ýüregini rehimden doldurdy. Belki sen hem Hudaýdan daşdasyň, Oňa ynanmayansyň, belki Ol barada eşiden hem dälsiň! Belki özüňi şeýle günäker hasap edýärsiň, men hiç bir gowulyga mynasyp däl diýip pikir edýänsiň! Sen nehili günä eden hem bolsa, Hudaý seni söýýär, yzyňa öwrül , we ehli günäleriňe toba et! Ol seni bagyşlar we kabul eder. Sen belki hyzmatkär bolmaga hem razy bolansyň, emma Hudaý seni ogullyga kabul etmek ileýär.

Injilde

Ýahýa 1:12 “Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi” diýlip ýazylan. Isa Mesih seniň günäleriň üçin haçda gan döküp öldürildi, we üçünji gün seniň aklanmagyň üçin direldi. Onuň ölümden direlendigine ýüregiň bilen ynansaň, we Onyň Rebdigini agzyň bilen ykrar etsen gutularsyň. Goý Hudaý seni bereketlesin! Omin.

posted in Kitaplar | 0 Comments

12th February 2009

Duşmanlaryňyzy söýüň!


Duşmanlaryňyzy söýüň!

Duşmanlaryňyzy söýüň. Bu dünýäniň ýaşaýyş prinsiplerine gapma garşy gelýär. Biz dünýäde dostlaryňy söý duşmanlaryňy ýigren, olardan ar al diýen düşünjeleri köp eşidýäris. Çagalykdan şeýle düşünjede ulalýarys, diňe bir çagalar beýle pikirlenmän eýsem ulylarda şeýle pikirde ýaşayarlar. Hatda olar öz çagalaryna-da kimiň dost kimiň duşmandygyny gürrüň berýärler. Netijede çagalar öz ene atalarynyň duşmanlaryna garşy söweşini dowam etdirýärler. Biz beýle ýagdaýlary daş-töweregimizde gaty köp görýäris. Bu dünýeýi adamlar üçin bir geň zat hem däldir. Olar ata- babalarymyz şeyle ýaşapdyrlar biz hem şeýle dowam edýäris diýýärler. Dünýäde uruşlar-da şeýledir. Ýurt-Ýurda, millet-millete garşy söweşýär. Olar ýamanlyga ýamanlyk, söweşe söweş bilen gaýtargy berýärler. Netijede söweş, ýigrenç hemişe dowam edýär. Duşmançylygy güýç bilen togtadyp bolmaýar. Dünýä “göze- göz, dişe- diş” diýen prinsipde ýaşaýar. Emma biz Isa Mesihe ynanýanlar beyle prinsipde ýaşamaly däldiris. Mukaddes kitap muňa garşydyr. Geliň bu barada ýazylan erini Mattanyň hoş-habaryndan bilelikde okalyň.

Matta 5; 38-42

Siz göze göz, dişe- diş diýleni eşidensiňiz. Men welin size diýýärin ýamana garşy durma. Gaýta kim seniň sag ýaňagyňa ursa, sol ýaňagyňyda oňa öwür. Seniň bilen dawalaşyp köýnegiňi aljak bolýana donyňy-da ber.Kim seni bir çakrym ýol ýöremäge zorlasa, onuň bilen iki çakrym ýol ýöre. Saňa dileg salana ber,karz dilejek bolýandan ýüzüňi öwürme.

Isanyň bu aýdan sözlerine düşünmek bize gaty kyn. Bu biziň terbiýemize, medeniýetimize umuman hemme taraplaýyn garşy gelýär. Dogry, sebäbi biz günäli adamlar, günäli dünýäniň nukdaý nazaryna görä ýaşayarys. Isa Hudaýyň Patşalygynyň prinsiplerine görä sözleýär. Şonuň üçin Hudaýyň kömegi bolmasa biz bu sözlere düşünip we ýaşap bilmeýäris.

Yamana garşy durmak, biri sag ýaňagyňa ursa, oňa sol yaňagyňy tutmak,köýnegiňi alana donyňy hem bermek, bu duşmançylygy bes etmegi aňladar. Beýle etseň ýyllar boýy dowam edýän duşmançylyk togtar, we parahatlyk, ýaraşyk emele geler. Isa biziň hemmeler bilen parahatlykda ýaşamagymyzy isleýer. Seni biri bir çakrym ýöremäge zorlasa, onda sen onuň bilen iki çakrym ýöre. Şonda onuň özi ýadap seni rahat taşlar.

Ene-de Matta 5;43-48 çenli dowam etdirýäris.

Siz goňşyňy söý, duşmanyňy ýigren diýleni hem eşidensiňiz.Men welin size diýýärin, göklerdäki Ataňyzyň ogullary bolar ýaly, duşmanlaryňyzy çöýüň,özüňize gargaýanlara alkyş ediň, ýigrenýänlere ýagşylyk ediň, size zulum edýänler,sizi yzarlaýanlar üçin doga ediň.Çünki Göklerdäki Ataňyz gününi ýamanlaryň hem,ýagşylaryň hem üstüne dogurýar, ýagmyryny dogrylaryň hem egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylagyňyz bolar?Günäkerler-de şeýle etmeýärmi? Diňe öz garyndaşlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Başga Milletler-de şeýle etmeýärmi? Şeýlelikde Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly siz hem kämil boluň.

Isa bu sözleriň üsti bilen bize anyk düşünje berýär. Biziň Isa ynanýan bolandygymyz üçin, bu dünýäden tapawudymyz bolmalydyr. Bu Hudaýyň tapşyrygy, bu bir borçdyr. Dünýäden tapawudymyz bolmasa onda biz Isa degişli däldiris. Hudaýyň ogullary bolmak isleseňiz onda Onyň Sözlerine görä aşamaly bolarsyňyz. Gökdäki Atamyzyň kämil bolşy ýaly biz hem kämil bolmaly.

Rimlilere ýazylan hat 12;19-21

Eý söýgüli doganlar özüniz öç almaň, Hudaýyň gazabyna ýol beriň.Çünki Reb diýýär «Öç Meniňkidir öwezini men bererin«Duşmanyň aç bolsa, ony naharla, suwsan bolsa, ony gandyr; sebäbi muny etseň, onuň başyna közler guýarsyň diýip ýazylgydyr. Özüňi ýamanlyga eňdirme-de, ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeň.

Soýgüli doganlar! Biz duşmanlarymyzdan özümiz öç almak islesek, ýa-da eýýäm öç alyan bolsak onda heziriň özünde saklanmalydyrys. Özümiz öç alýan bolsak, onda Hudaý aralaşyp bilmeyer. Beyle etmek bilen biz Hudaýa ýol bermeýäris. Duşmanlarymyza ýagşylyk etsek onda biz yamanlygy yagşylyk bilen eňeris.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

12th February 2009

“Ýumurtga daş bilen göreşip bilmez…”

“Ýumurtga daş bilen göreşip bilmez…”

Kabir musulman ildeşlerimiziň “Hosh Habar” mowzukda salgylanan adamy bolan Deedatyň Isa Mesih we Oňa bolan iman taglymatyna garşy ýazanlaryna jogap hökmünde aýdylan we subut edilen faktlar barada makalalar barada aýdyp geçmegi makul bildim. Bu makalalar Deedatyň nädogry zatlary aýdyp, köplenç Mukaddes Ýazgylardaky ýazgylary özüçe düşündirip kontekstden daşarda ulanýandygyny görüp bolýar. Logika bilen pikirlenýan we açyk kalbyndan hakykaty gözleýän biri Hudaýyň hakykatyna düşünip biler!

Bu makalalar Iňlis dilinde bolup, Türkmen diline heniz terjime edilmedikdir, mümkin boldugyndan ýakyn geljekde olaryň terjimelerini siziň dykgatyňyza ýetirjek bolaryn. Häzirlikçe bolsa Iňlis dilini bilýän ildeşlerimiz olar bilen tanyşyp biler.

Ýene-de bir zady şu taýda belläp geçmekçi, ýagny Hudaýyň hakykatyna, Isa Mesihine dil ýetirip Oňa garşy göreşiji bolanlara Hudaýyň jezasynyň bardygy, Deedatyň durmuş mysalynda görüp bolýar. Bu ýagdaý bolsa, Hudaýyň Sözüne garşy geplemekde habardar bolmaklygy bize ýatladýar!

Bu jogaby Iňlis dilinde okamak isleseňiz aşakdaky linke basyň:

http://www.answering-islam.org/Gilchrist/crucifixion.html

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

11th February 2009

Jomartlyk…sahylyk…eli-açyklyk…

Җомартлык

Җомартлык бу Туркмен сөзидир, эмма ил арасында бу сөз көп бир уланылмаяр. Бизиң үчин бу сөз бир нәтаныш сөз ялыдыр. Биз көпленч эли ачык, сахы дийен сөзлери уланярыс. Җомартлык хем эдил эли- ачыклык, сахылык ялыдыр. Җомарт адам хемише адамлара көмек эдйән, бар задыны башгалар билен пайлашян, адамлары болдан сылаглаян адамдыр. Биз ики хили адамлара душ гелйәрис. Эли ачык, җомарт я-да гысганч , ачгөз ве бахыл адамлар. Мукаддес китап бу ики хили адамлар барада хем гүррүң берйәр. Гелиң илки билен Инҗилде Ресулларың ишлери китабына середелиң.

Ресулларың ишлери 20:35. Исаның Өзи бермек алмакдан багтлыдыр диййәр.Исаның бу айдан Сөзлери биз адамларың пикир эдишимизе гапма- гаршы гелйәр. Адамлар алмак бермекден баглыдыр дийип дүшүнйәрлер. Эмма адамларың дурмышына үнс берсең Исаның айдан Сөзлери хакыкат болуп чыкяр. Адам гиҗе-гүндиз ишләп, харсы дүнйә ковуп яшасада, ене доймазлык эдйәр. Нәче газанса-да болды дийип шүкүр этмейәр. Нәче мал-мүлки, байлыгы болса-да ене-де болсун диййәр. Бу ачгөзликдир. Адам мал-мүлк билен, байлык билен, умуман айтсак алмак билен багтлы болмаяр. Дүнйәде иң багтсыз адамлар шүкүр эдип билмейән, ачгөзлик эдйән бай адамлардыр. Көплеч шейле адамларың машгаласында улы проблемалар боляр ве олар өз җанларына каст эдйәр. Онда байлык бу эрбет затмы? Ёк байлык бу эрбетлик дәл. Гысганчлык, ачгөзлик – бу ербетликдир, Худайың гөз өңүнде гүнәдир. Җомартлык эдйән, эли ачык бай адамлар гаты көпдир. Олар эдил Исаның айдан сөзлеринден угур алып яшаярлар. Исаның Сөзлери хакыкат - бермек алмакдан багтлыдыр. Бермегиң багтлыдыгына дүшүнмек кындыр, оны сөз билен дүшүндирип хем болмаяндыр. Муңа дүшүнмек үчин метечлик чекйән кимдир бирине бир затлар берип гөрмели. Шонда ол адамың шатлыгыны гөреңде Иса айдан Сөзлерине дүшүнип болар.

Сүлейман пыгамбер иң акылдар адамларың бири болупдыр. Ол җомартлык барада шейле диййәр. Сүлеманың тымсаллары 19:6, “ Җомардың йүзүни көп адам күйсейәр, хеммелер беримли адамың достудыр.” Бу Сөзлер дири сөзлердир. Биз бу сөзлериң хакыкатдыгыны гүнделик дурмушымызда гөрйәрис. Беримли адамың хемише досты көпдир. Бейле адамлар хич хачан ялңыз галмаярлар. Шейле хем беримли адам хич хачан гарып, ёксыз хем болмаяр. Ене-де Сүлейман пыгамбер 19:17. “Гарыба хайпы гелйән, Худая карз берйәндир, Реб болса оңа өвезини долар” dиййәр. Адам нәче эли ачык болса, шончада Худай оңа өвезини долдырар. Бейле адам хич хачан гарып болмаз. Адамлар гызганчлык билен бай болмак ислейәрлер. Адам нәче гыcганч болса ене гарыплыга дучар боляр. Бу маңа Кемине шахырың язан гошгысыны ятладяр:

Иймесем ,ичмесем хем гүнүм өтмез.

Бүренип ятмага мыдарым чатмаз.

Гүнде мүң ере ковсам бай ере етмез

Гелип дүшер хатар-хатар гарыплык.

Ене- де Сүлейман пыгамбер 21:26, Бири гүнузын алмак хөвесиндедир, догры адам болса берйәндир, гайгырян дәлдир” Гадырлы дост Сен ёкарда айдылан ики хили адамларыň хайсына дегишли? Сен өз дурмушыңда хайсы ёлы сайламак ислейәң. Җомартлык, эли ачыклыгымы я-да гыcганчлык, ачгөзлигиmi? Гычганчлыгың соңы гарыплыкдыр. Җомартлыгың соңы боллук, байлыкдыр. Адам немә эксе шоны хем орар.

Көп адамлар өз гысганчлыгыны гизлеҗек болуп мен тыгшытлы диййәрлер. Хава адам пулыны задыны тыгшытлы уланмалы. Эмма тыгшытлылык бу гысганч болмагы аңлатмаяр. Мен тыгшытлы дийип мәтеҗи гөренде, сoвулып гечмели дәл. Соң hem бирине берип билҗек задыңы тыгшытламалы дәл. Мукаддес китапда бу барада ачык язылан.

Гелиң 2 Коринтослылара ясылан хатың 9,6-12.

Шоны билиң аз экен аз орар, көп экен көп өрар. Тукатлык я меҗбурлык билен дәл-де, хер ким өз гөвнүнден чыкараныны берсин. Себәби Худай бегенч билен берйәни сөййәндир. Хемише хеме задыңыз етерлик болуп, хер ягшы ише бол мүмкүнчилигиңиз болар ялы, Худай сизе хер ныгматы болдан бермеги башаряндыр. Шонуң ялы хем пайлап гарыплара берди. Онуң догрулыгы бакы галар дийип язылгыдыр. Экйәне тохум, иймәге чөрек берйән Худай экениңизи хем болалдып артдырар, догрулыгыңызың хасылыны өсдүрер. Сиз хер хили җомартлык этмек үчин, хемме зада баярсыңыз. Бу-да биз аркалы Худая шүкүрлер дөредер. Чүнки бу хызматы ерине етирмек, диңе мукаддеслериң етмезини долдурман, эйсем Худая эдилйән шүкүрлери хем көпелдер.

Бу аятлара гөрә, хер ким нaче эксе, шонча-да орар. Кимдир бирине көмек эдениңизде хемише бегенч билен эдиң. Худай бизиң хер хили ягшы иш этмәге мүмкинчилигимиз болар ялы бизи болдан берекетлейәр. Худай бизи берекетлейән болса, мунуң бир себәби бу бизиң башга адамлара ягшылык этмегимиз үчиндир. Худайың Патшалыгы үчин экйән хер бир задымызың Худай болдан хасылыны берер ве бизиң догрулыгымызы артдырар. Бизиң көмек эден адамларымыз бизиң үчин Худая шүкүр эдерлер. Эгер бизиң чагаларымызың эден ягшылыгы үчин, кимдир бири бизе миннетдарлык билдирсе бу нәхили шатлык. Биз шейле чагалары дүнйә индирендигимиз үчин өзүмизи багтлы дуярыс. Худай хем эдил шейле, бизиң ягшылыгымыз үчин кимдир бири Худая шүкүрлер айтса, Ол бизи яраданына гаты бегенер! Гой Худай сизи берекетлесин!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

9th February 2009

Ahyrzaman alamatlary…ahyrzaman bolarmy…haçan bolar…

Ahyrzaman alamatlary… ahyrzaman bolarmy… haçan bolar…nähili bolar…men oňa taýynmy???

Dünýäde bolup geçýän hadysalar, uruşlar, dawalar, ýer titremeler, tupanlar, terorizm, ykdysady problemalar, bilimiň soňky 50 ýylyň içinde şeýle bir uly depginde ösmegi, dünýäniň bütewileşmegi ýagny tehnologia arkaly, ykdysadyýet we syýasat arkaly bütewileşmegi, munuň ýakyndygynyň alamatymyka… Bular hakynda Mukaddes Ýazgylarda ýazylypmy?

Haýran galdyryjy zat bolsa, ahyrzamanyň boljakdygy we onuň alamatlarynyň 2000 müň ýyldan gowrak öň ýazylan Hudaýyň Sözi diýilip tanalýan Kitaplarda öňünden aýdylyp pygamberlik edilip geçilmegidir. Olary yzygiderli we jikme-jik öwreneniňde dünýäniň nirä barýandygyna göz ýetirýärsiň we Hudaýyň adamzada nädip öňünden olar hakynda duýdyryş berendigine haýran galýarsyň. Hudaýyň olar hakynda öňünden aýtmagynyň sebäbi bolsa biziň ýalan bilen aldanmazlygymyz we hakykata göz ýetirip, Hudaýyň biziň üçin üpjün eden gutulyşyndan mahrum bolmazlygymyz üçin we umytsyzlgyň içinde umytly, galagolplugyň içinde dynçlykdan doly, ýigrenç we gaharyň içinde söýgüden we ýumşaklykdan doly, imansyzlygyň içinde imandan doly bolmagymyz üçin olary bize öňünden bildirýär!

Injilde Isa Mesih bize nämelerden hüşgär bolmagy we nähili alamatlaryň boljakdygyny aýdyp geçipdir: “Isa Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri ekelikde Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: “Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň almaty näme bolar?” Isa olara şeýle jogap berdi: “Ägä boluň, sizi aldaýmasynlar. Çünki köpler: “Men Mesih” diýip, Meniň adym bilen gelerler, köp adamlary aldarlar. Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habarlar eşidersiňiz. Ägä boluň, gorkmaň, çünki bularyň bary bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir. Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, ýer titrär. Emma bular burgularyň başlangyjydyr. Onsoň size gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener. Şonda köpler imandan dänip, biri-birilerine haýynlyk eder, biri-birilerini ýigrenerler. Birentek ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. Şer işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. Emma soňa çenli çydan halas bolar. Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzaman şonda geler. Şeýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň (Antiçhrist) mukaddes ýerde (ýagny Iýerusalimdäki ybadathanada) duranyny göreniňizde, Ýahudadakylar daglara gaçsyn. Öýüň üçegindäki –öýünden bir zat almak üçin aşak inmesin. Ekin meýdandaky-donuny almak üçin yzyna öwrülmesin. Ol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Gaça-gaçlygyň gyş ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga ediň. Çünki şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagt çenli bolanam däldir, bolmazam. Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, ond, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar. Şonda bir size: “Ine, Mesih şu ýerde” ýa-da “Ine, ol ýerde” diýse ynanmaň. Çünki ýalan mesihiler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlary-da azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler. Ine, Men size öňünden aýtdym. Şeýlelikde, size: “Ine, Mesih çölde” diýeseler-de çykmaň, “Ine, içki otaglarda” diýseler-de ynanmaň. Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň (Isa Mesihiň) gelşi hem şeýle bolar. Maslyk nirede bolsa, garaguşlar şol ýere üýşüşýändir. Ol günleriň muşakgatynyň yzysüre Gün garalar, Aý yşygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär. Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda ýer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer. Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir üjundan ol ujuna çenli ýygnarlar. Injil agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykara mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňi. Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. Men size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.”

Bu aýatlar bize gaty köp hakykatlary we hatda käbir jikme-jiklikleri aýan edýär we biziň nämelerden ägä bolmalydygymyz hem ýatladýar. Ahyrzamanyň bolmagynyň iň esasy wakasy hem Isa Mesihiň dünýä ikinji gezek gaýdyp gelmegi bilen baglanyşyklygydyr.

Bu tekst bize soňky günleriň gelmeginiň öň ýanyndan bolup geçýän wakalary aýdýar: uruşlar bolar, millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy, açlyk bolar, ýer titrär. Bular heniz burgularyň başlangyjydygyny aýdýar. Ikinji bir iň wajyp kriteriýa hem Isa Mesihe iman edenler, ýagny “saýlananlar”, diýilýänler bilen baglanyşykly. Olar barada Ýazgy şeýle diýýär: “Onsoň sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener.”

Üçünji bir bagly zat Hoş Habar (Injil) bilen baglanyşykly. Ýazgy bu barada şeýle diýýär: Patyşalyk baradaky Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzaman şonda geler.”

Dördünji bir bagly zat, “weýrançylyk getirýän ýigrenji” bilen baglanyşykly. Ýazgy bu hakynda şeýle diýýär: “Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde…” Bu barada Mukaddes Ýazgynyň başga ýerinde “ Mesihe garşy göreşiji, Antiçhrist, bikanun adam, heläkçilik ogly” diýilip agzalyp geçilýär.

Başinji bir belläp geçmeli zat, ol günlerde köp ýalan pygamberleriň gelmegi we hatda men “Isa Mesih” diýip geljekleriň boljakdygy we adamlary azdyrmagydyr.

Özüniň nädip geljegini bolsa Isa Mesih doly düşündirip geçýär we özüne iman edenleriň Onuň aýan eden bu taglymatyna bagly galmagy we başga zatlara ynanmazlygy, aldanmazlygy we soňuna çenli çydamagy öwredýär. Munuň üstesinede, Özüniň gaýdyp gelmegi bilen olara täze umyt berýär. Isa Mesih gelende gudrat hem uly şöhrat bilen geler. Ol Öz perişdelerini ýer ýüzüne ýollar we olar hem Onuň saýlananlaryny Isa Mesihiň ýanyna ýygnar! Isa Mesih “antikristi, ýigrenjini” demi bilen, gelmeginiň haýbaty bilen ýok eder!

Bu bolup geçjek wakalaryň astynda galyp umytsyzlykdan, Hudaýyň höküm gününden gutulmak üçin, baky jeza bolan dowzahdan gutulmak üçin nähili çykalga bar? Hudaýyň çykalgasy, gutulyşy eke-täk, ene bir gezek bu okan tekstimiziň tassyklaýşy ýaly, Isa Mesihdedir! Hudaý Isa Mesihi biziň günälerimiziň tölegini tölemäge Halasgär hökmünde Gökden ýollady, Ol “Gurbanlyk guzy” hökmünde ezýet çekdi we öldürili, jaýlandy emma şeýtanyň güýji we ölüm ony ölüler diýarynda saklap bilmedi, Ol ene-de direldi we Göge galdy. Ol ene-de geler! Hudaýyň bu gutulyş ýoly baradaky Hoş Habar ähli milletler arasynda güwälik hökmünde wagyz edilýär, belki sen hem bu barada kimdendir birinden, nämedir bir zat arkaly eşidensiň, eşitmedik bolsaň onda ene bir gezek Hudaý saňa, ine bu ýazylanlar arkaly hem Hoş Habaryny saňa aýan edýär. Ölüm ýada ahryzaman gelmezinden öň biziň “saýlananlaryň” hataryna, ýagny Isa Mesihe hak ýüzünde iman edenleriň hataryna goşulmagymyz gaty wajypdyr. Şonda bizde geljege bolan umyt, hak iman we baky ýaşaýyş bolar! Sen saýlananlaryň hataryndamy? Ýada sen “ýalan mesihleriň” ýalan pygamberleriň ýolundamy? “Ýigrenjiniň, Hoş Habaryň we Isa Mesihiň garşysyna göreşijiniň tarapyndamy?

Bu soraglara çyn ýüregiňden jogap ber! Çünki muňa berjek jogabyň we Isa Mesihe bolan imanyň seniň bakyýetdäki ykbalyňy kesgitleýär we ahyrzmanda boljak ahwalyňy anyklar! Bu gün gutulyş güni, diýlişi ýaly, bu gün çözgüt çöz, giç bolaýmasyn!

Eger sende käbir soraglar bolsa, hemme zadyňy goýda sorap öwren, dindarlaryň ýada başga dindäkileriň diýýänlerine esaslanyp ýalňyşma, Hudaýyň hakykat çeşmesi bolan we Isa Mesih barada original çeşme bola Injile salgylan we onda ýazylanlara iman getir!

Saňa elbetde “Injil üýtgedilipir, okama, diňe şujagazda ýazylanlar ýeterlikdir, ol başgalaryň dini, bizde täzesi bar” diýýänler tapylar… Emma Isa Mesihiň aýdan diňeje şu sözleri hem olaryň seni aldawa salmaga çalyşýandyklaryny we şeýle diýip öwredýänleriň “Mesihe garşy göreşijiniň, antikristiň” ruhy bilen ideklenýändiklerini paş edýär.

Isa Mesih şeýle diýdi: “Gök hem Ýer öter, ýöne Meniň Sözlerim asla ötmez!”

Imansyz bolma, imanly bol! Eger imanly bolup, Hudaý bilen baky bolmaga saýlananlaryň arasynda bolmak islegi bolsa we saňa ene-de düşündirilmek zerur bolsa, biziň bilen habarlaş!

Eger bu ýazylanlar hakynda sende pikirleriň bar bolsa aşakda komentler bölümde öz pikiriňi galdyryp bilersiň!

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

5th February 2009

Yureging gapysyny Halasgar kakyar…

Ýüregiňiň Gapysyny Halasgär Kakýar

Ýapyk gapylar agzynda durup,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Jogap ýok, şonda-da dur garaşyp,

Kimdir biri kakýar.

Gaýtalama:

Gapynyň agzynda Halasgär dur,

Mähir bilen ýuwaş kakýar!

Kalbyňa çagyr, Ol halas eder,

Ene Isa kakýar.

Ýürekde şatlyk ýok, diňe gaýgy,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Ýürege rahatlyk bermek üçin,

Kimdir biri kakýar.

Ynsap ýürege dynçlyk bermeýär,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Çagyryş sesleri gaýtalanýar,

Kimdir biri kakýar.

Çagyryş güýçli eşidilip dur,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Günäkär ýürekden ýüzlen Oňa!

Kimdir biri kakýar.

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

2nd February 2009

Isa -Hudaýa gidýän Ýol!

Isa – Hudaýa gidýan Ýol!

Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. Atamyň öýünde mesgenler köpdür; şeýle bolmasa, Men size “Ýer taýýarlamaga barýaryn”diýermidim? Gidip ýer taýýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin. Siz Meniň nirä barýanymy, ýoly bilýänsiňiz”. Tomas (Isanyň şägirtleriniň biri) Oňa: “Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?” diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Men –Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez. Meni tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz”. Filipus (beýleki bir şägirdi) Oňa: “Ýa Reb, Atany bize görkez, bize şol bolýar”diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň “Atany bize görkez” diýmäň näme? Meniň Atadadygyma, Atanyň hem Mendedigine sen iman etmeýärmisiňmi?Men size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan Ata Öz işlerini edýär. Meniň Atadadygyma, Atanyň-da Mendedigine iman ediň; hiç bolmanda, eden işlerim üçin Maňa iman ediň…

posted in Kitaplar | 1 Comment