TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Gaýgy etmäň…

20th January 2009

Gaýgy etmäň…

Gaýgy etmäň…

Bilşimiz ýaly gaýgy etmek her bir ynsanyň durmuşynda bar bolan zat. Ýöne bir zady welin belläp geçmelidiris, ýagny gaýgy etmek we alada etmegiň tapawudy bardyr. Alada etmeklik pozitiw pikir bolup, bu ynsana mahsus hasiýetdir. Bu hasiýetinň netijesinde ýagny içimizde bolmagy bilen biz maşgala, ata-ene, çagalar, ildeşlerimiz, goňşylarymyz dünýä barada alada edýäris we munuň netijesinde pozitiw hereket edýäris we bar bolan mätäçliklere jogap we çykalga tapýarys. Munuň garşysyna bolsa gaýgy etmek bu negatiw bir hasiýetdir. Ýagny gaýgy etmek bilen biz Hudaýa we özümiziň çykalga tapyp biljekgidimize bolan umydy aradan aýyrýarys. Munuň netijesinde bolsa negatiw hereketlere we günäli işe baş goşmagymyz mümkin. Alada bolsun ýada gaýgy bolsun bularyň bary iň soňunda şu iki zada ýagny “iýmit” we “ egin-eşige” direlýär. Kimdir biri üçin bu gündelik çörek we geýim bolsa, başga biri üçin bu bulardan ugur alýan ýüzlerçe bagşa islegler bolup biler. Beýle alada we gaýgy etmek diňe bir imansyzlaryň durmuşynda bolman, Biribara iman edenlerde hem ýüze çykýan ýagdaý. Her bir ýagdaýda Hudaý bize ýol görkezişi kimin bu ýagdaýda hem biz Hudaýyň Sözünden jogap gözläp bileris. Isa Mesih Öz şägirtlerine şeýle düşündiriş beripdir we bu sözlerden biz hem durmuşymyz üçin gerek bolan sapaklary öwrenip bileris.

Isa şeýle diýdi: Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez, çünki ýa birini ýigrenip, ol birini söýer, ýada birine wepaly bolup, ol birini äsgermezlik eder. Siz-de hem Hudaýa, hem-de pula hyzmat edip bilmersiňiz. Munuň üçin size diýýärin, näme iýip, näme içerin diýip, janyňyzy, näme geýerin diýip, teniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, ten egin-eşikden ýokary dälmidir? Gögüň guşlaryna serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlara üýşürýärler. Gökdäki Ataňyz onda-da olary iýmitlendirýär. Siz olardan gymmatly dälmisiňiz? Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz? Näme üçin egin-eşik hakda gaýgy edýärsiňiz? Meýdan liliýalarynyň ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. Emma size diýýärin, Süleýman hem özüniň bütin şän-şöhratynda bularyň biri ýaly-da geýinmändi. Ýöne şu gün bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý imany azlar? Şoňa görä, “Näme iýeris?”, “Näme içeris?” Näme geýeris?” diýip, gaýgy etmäň. Bütin bu zatlary başga milletler (imansyzlar) agtarýarlar, ýäne Gökdäki Ataňyz bu zatlaryň barynyň size gerekdigini bilýär. Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. Şonuň üçin, ertiri gaýgy etmäň, çünki ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir”.

Nähili ajaýyp sözler, Isa Mesih bu sözleri elbetde, Isa Mesih hökmünde iman edenlere ýüzlenip aýdypdy we şeýle wadany olara beripdi. Ýagny Isa Mesih Hudaýy diňe bir Hökmürowan Hudaý hökmünde görkezmän, Oňa hakykatda iman edenleriň Gökdäki Ata Hudaýydygyny hem düşündirip görkezipdi. Atanyň öz çagalary alada edip gerek zadyny ýetirişi ýaly, ondan näçe esse artygy bilen Hudaý biziň üçin Atalyk alada edýändir. Emma biz Hudaýy Hudaý hökmünde eşidip we ol barada bilýändiris, emma bu diýildigi Hudaý biziň Ata Hudaýymyzmy? Muny biz soramalydyrys, çünki Isa Mesihiň aýdyşy ýaly eger biz Hudaýyň Isa Mesihdäki hakykat ýoluny kabul etmesek onda Hudaý heniz biziň Hudaýymyz bolup bilmeýär, çünki biziň günälerimiz netijesinde bu aragatnaşyk bozulypdy we biz bu aragatnaşygy öz güýjumiz, dinimiz, gowy işlerimiz bilen gazanyp bilmeýäris. Bu sebäpden hem Isa Mesih dünýä geldi we adamzat üçin Hudaýa barmaga “Ýol, Hakykat we Ýaşaýyş” boldy. Hudaýyň Mesihini kabul etmek bilen biz Hudaý bilen ýaraşyp bilýäris we şonda ol biziň alada edýän we bizi çagalary ýaly görýän we alada edýän Hudaýymyz bolar.

Isa Mesih arkaly biziň eýe boljak şol şahsy aragatnaşygy dikeldenden soňra biz ýokarda aýdylan ajaýyp wadalara eýe bolarys!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

12th January 2009

Haçyň sözi -akmaklykmy ýada gudratmy…

Haçyň sözi –akmaklykmy ýada gudratmy…

“Haç” diýen sözi eşidenimizde bizde nähili pikirler peýda bolýar? Käbirleri, şolbada orslaryň dinindäkileriň ybadathanasyny, ýagny rus ortodoks ybadathanasyny, şol dine uýýanlaryň boýnunda göterýän kümüş ýada altyndan bolan haçy, olaryň dini däp-dessurlaryny, ýada hristian diýýilýanleriň haça çokunýar diýen pikir gelip bilýär, katolik buthanasyndaky haçlar, haçly ýörişler we başgada birtopar bulara meňzeş pikirler gelýär…Elbetde bizde her hili pikir döräp biler, ýada bizde her hili hakykata esaslanmadyk maglumatlar bolup biler, emma bu heniz biziň pikirimiziň dogrudygyny görkezmeýär. Elbetde “mesihilik” mezhepleriniň köpüsinde “haç” simwol hökmünde ulanylýar. Muňa düşünmek üçin bolsa “haçyň” näme üçin simwol bolup galandygyna düşünmek gerekdir. Bu bolsa Isa Mesihiň durmuşy bilen baglanyşyklydyr, bu “haçy” ondan aýratynlykda ulanmak we düşündirmek düýbünden hakykata laýyk gelmeýär. Isa Mesih elhençlik bilen haçda ölüm jezasyna höküm edildi. Bu bolup geçmezden öň Hudaýyň ýüzlerçe ýyl öňünden pygamberler arkaly aýdyp geçen pygamberlikleri ýerine ýetip Isa Mesihiň haçda Öz ganyny adamzadyň günäleriniň jezasyny “gurbanlyk guzy” hökmünde dökendigini Mukaddes Ýazgylar tassyklaýar. Bu sebäpden Isa Mesihe iman edenler üçin “haç” şol Hudaýyň Özüniň üpjün eden Isa Mesihdäki gudratyny we gutulyşyny ýatladýan simwoldyr. Bu Isa Mesihiň biziň hatyramyza haçda döken ganyny we janyny biziň dowzah odundan gutulmagymyz üçin berendiginiň ýatlatmasy hökmünde simwol hökmünde ulanylýar. Bu sebäpden “haç” diýilende Hudaýyň Sözüne laýyklykda bu Hudaýyň biziň üçin merhemetiniň we rehiminiň ýatlatmasydyr. “Haç” Isa Mesihsiz biziň üçin hiç zatdyr. Haçyň özünde hiç hili many ýok, Isa Mesihiň haçda ýerine ýetireni iň wajyp zat bolmagynda galýar.

Gynansakda, käbir adamlar “mal gurbanlygyna” ynansalarda, ýagny gurbanlyk baýramyny belläp geçýärler we hudaýýoluna diýip, bizi gunälerimizden tämizlär diýip we bereketlär diýip umyt edip mal gurbanlyklary getirýärler-de, Hudaýyň Isa Mesihde kämil we iň soňky bir gezeklik hemişelik “Gurbanlyk Guzy” hökmünde üpjün edenini welin kabul etmeýärler. Ybraýym pygamberiň ogluny Hudaýa gurbanlyk hödürleme taryhyndaky gökden Hudaýyň üpjün eden “gurbanlyk goçyny” kabul edip oglunyň ýerine gurbanlyk getirişini kabul edýäris-de, Hudaýyň biziň ählimiziň janymyzyň dowzahda günälerimiziň jezasy hökmünde ýanmagyndan gutulmagymyz üçin üpjün edenine welin ynanmajak bolýarys. Emma özümizi şeýle günälidigimize we şeýle jeza çekip biljegimize düşünsedik onda Hudaýyň bu görekezen belen rehimine we merhemedini kabul ederdik we şükür ederdik we bütin ömür Onuň hakykatynda ýaşamaga çalyşardyk. Dürli pikirli adamlar dürli zady talap edýärler, kimler “logikany” ýada akyldarlygy, başgalar bolsa nähilidir bir göze görünýän “gudraty” talap edýärler…

“Haçyň sözi” barada ýagny Isa Mesih haçdaky edenleri barada Isanyň resuly bolan Pawlus hem şeýle ýazýar: “Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmaklyk, biz—gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr. Çünki: “Men akyldarlaryň akyldarlygyny weýran ederin, düşünjelileriň düşünjesini güýçden düşürerin” diýip ýazylgydyr. Akyldar hany? Kanunçy hany? Bu döwrüň alymy hany? Hudaý bu dünýäniň akyldarlygyny akmaklyga öwürmedimi? Çünki dünýäniň Hudaýyň akyldarlygynda öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamandygyna görä, Hudaý iman edenleri wagyz akmaklygy arkaly gutarmagy unady. Çünki ýehudylar gudrat görkezmegi talap edýär, grekler akyldarlygy gözleýär. Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi –ýehudylar üçin büdremäge sebäp, milletler üçin-de akmaklyk bolan, ýöne çagyrylanlara, hem ýehudylara, hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Mesihi wagyz edýäris. Çünki Hudaýyň “akmaklygy” (adamlar şeýle pikir edýärler) adam akylyndan üstün, Hudaýyň “ejizligi” (Hudaýa näme gerekdi haçda Isany ölüme tabşyryp, näme Hudaý ejizmi…”diýip adamlar pikirlenýärler) adam güýjünden güýçlidir. Çünki, eý doganlar, çagyrylyşyňyza serediň. Adam ölçegi boýunça köpüňiz akyldar, güýçli, asylzada däldiňiz. Ýöne Hudaý akyldarlary utandyrmak üçin, dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Hudaý güýçlileri utandyrmak üçin, dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady. Hudaý ähmiýetli zatlary ýatyrmak üçin, bu dünýäniň asylzada dällerini, äsgerilmeýänlerini we ähmiýetlsizlerini saýlady. Ol muny hiç bir adam Hudaýyň huzurynda magtanmasyn diýip etdi. Ýöne: “Magtanan Reb bilen magtansyn” diýip ýazylyşy ýaly, siz Hudaýyň saýasynda Mesih Isadasyňyz. Isa Mesih biziň üçin Hudýyň akyldarlygy we dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy boldy!”

Hudaý pygamber hökmünde bolan resul Pawlusa arkaly aýdan bu sözlerinde biz düşünmek isleýänlere “Isanyň haçda eden işi” hakynda doly düşündiriş berýär. Biziň Hudaýyň Öňünde magtanara öz zadymyz ýok, çünki biziň her birimiz hem günäli we Hudaýyň şöhratyndan mahrum adamlar, her birimiz hem Hudaýyň rehimine we merhemetine mätäç adamlar, biz şeýle bir syrkaw şypany diňe Hudaý berip bilýär. Bu sebäpden hem Hudaý bize şol akyldarlygy, dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy Isa Mesihde üpjün etdi! Bu sebäpden bular seniň üçin akmaklykmy ýada Hudaýyň gudraty, rehimi we merhemetimi?

Bu soraga berjek jogabyň bolsa seniň Hudaý bilen baky boljak aragatnaşygyňy kesgitlejek jogap bolar! Eger sen öz diniňe, dindarlygyňa, ýada öz dogrulygyňa, akyldarlygyňa, ýagşy işleriňe we başgada näme zadyň bar bolsa şolara bil baglap Isa Mesihiň seniň üçin haçda eden belent gurbanlygyny akmaklyk saýsaň, onda sen Hudaýyň gutaryşyndan ret edilersiň, egerde Hudaýyň Isa Mesihde görkezen gudratyna, Isanyň haçdaky seniň üçin bolan ölümine kalbyň bilen ynansaň we Onuň diňe bir ölüp gabyrda galman ýene-de direlendigine ynansaň we gaýdyp geljegine garaşsaň-şonda sen Hudaýyň Isa Mesihdäki akyldarlygyna, dogrulygyna, mukaddesligine we gutaryşyna eýe bolarsyň!

Bu bolsa hakykatdan hem Hoş Habardyr! Beýle Hoş Habara hiç bir ýerde duş gelen dälsiň we duş gelmersiň! Bu ajaýyp Hoş Habary düşünip kabul et we ýokarda agzalyp geçilen Hudaýyň baky ýaşaýşyna eýe bol!

posted in Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

7th January 2009

Isa Mesih Diridir…

MESIH DIRIDIR…

Biriniň durmuşa nähili baha berýändigini, onuň ölüme bolan garaýşy bilen bilip bolýandygyna men düşündim. Özünde rak keseliniň bardygyny bilýänçe hiç haçan ölüm hakynda ýakynda oýlanmadyk biri bilen bir gezek men gürrüň etdim.

“Şolbada meniň bütin dünýäm özgerdi”-ol gepledi. “Meniň durmuşymda iň gymmatly görýän zatlarym gymmatsyz boldy we durmuşymda känbir bahasy ýok zatlar meniň üçin iň gymmatly we gerekli zat boup dur…”

BAKYÝETE TAÝÝARLYK GÖRMEK

Fiziki durmuş biziň hemmämiz bu dünýäde iň wajyp zat hökmünde ýapyşýarys, ýöne şol bir hatarda bir gün ir ýa giç ölüm bilen ýüzbe-ýüz durjakdygymyz hem bilýäris.

Ölüm baýyň öýüne-de, garybyň öýüne hem batyrgaýlyk bilen kürsäp girýär. Iň soňky perdäni ol tanymal bolanyň üstüne-de, tanymal bolmadygyň hem üstüne duýdansyz ýapýar. Şu ýyl tamamlanmazdan öň hatda şu ýazgyny okaýanlaryň hem köpüsi ölüm bilen duşuşmaly bolup bilerler.

Köpler “Men ölümden soň ýaşaýyşa ynanýan, emma men oňa ýetip gelýänçäm bu köprüden geçmek hakynda bu wagt alada etjek däl.” Başga zatlar üçin mysal üçin pensiýa çykmak üçin ol ýada bu işi etmek üçin adamlar öňünden kän taýýarlanýarlar-da, Hudaý bilen duşuşmak üçin taýýarlyk görmeýärler.

Ölüm bilen başga bir çemeleşme: “Ýaşaýşyň we ölümiň Rebbi bolan Mesih bilen bile durýaryn we bu aladamy Onuň ellerinde goýýan.” Dawut pygamber şelýe diýipdi: “Ölüm kölegeli dereden ýöresemde gorkmaryn çünki Sen meniň bilensiň” (Zebur 23:4) Resul Pawlus şeýle diýdi: “Çünki meniň üçin ýaşaýyş Mesih, ölüm hem gazançdyr.” (Filipliler 1:21) Bu adamlaryň ikisi hem ölüme arkaýynlyk we ynamlylyk bilen barýardylar. Bu ýaşaýşyň bakyýet üçin geýim çalyşylýan otag ýalydygyny olar bilýärdiler.

Isa Mesih şeýle diýdi: “Direliş-de, ýaşaýyş-da Mendirin, Maňa iman eden ölse-de, ýaşar.” (Ýahýa 11:25) Ölüm ajy gutaryş bolmaly däldir…ol ýagty daň bolup biler.

ÝAŞAÝYŞDA…WE ÖLÜMDE YNAMLYLYK

Isa Mesih diridir! Onuň diridigi hem bütin dünýäde ähli zatda üýtgeşiklik getirip bilýär. Onuň direlmegi bilen ýamanlyk ýeňildi, söýgi ýigrenemegi ýeňdi, ölüm özüniň awyly tikenini ýitirdi we Şeýtan hem ýeňildi. Isa Mesih haçda ölmek bilen günäniň töleginiň doly tölenendigini yglan etdi.

Isa Mesih diri! Isanyň ilkinji şägirtleri we Oňa ilkinji ynanan imanlylar hem bu hakykaty yglan etdiler. Isa Mesihi ölümden direlden şol güýjüň bizde hem hereket etjekdigini we bizi şübhelerden, erbetliklerimizden, ýalňyşlyklarymyzdan we ölümden halas etjekdiginie olar ynandylar.

Dünýäde bolýan zatlara seredip biz ýardam edip bilmän alada batýarys. Emma Isa Mesihe iman eden biri beýle kyn ýagdaýlarda howsala düşmän, iman bilen Hudaýa bil baglaýandyr. Elbetde, biz alada edip bileris we bir günden bir gün öljegimiz anykdyr, emma biz bu üçin gorky içinde aglap gygyrýanlardan däldiris.

15-nji asyrda Isa Mesihe imany üçin otda ýakyp ödürilen Jon Hass öldürilmeginiň bir gün öňünden şeýle ýazypdyr, “ Men bu haty zyndanda, zyjyrlar bilen bagly wagtym, ertir ölüm jezasyny garaşyp –Hudaýa bolan doly umytda hakykatdan daşlaşmazdan –garaşyp ýazýaryn.”

Bu umyt, parahatlyk we şatlyk sende barmy? Ölümden soňra Hudaýyň jennetine kabul ediljekdigiňe bolan şeýle ynam bilen ölümi garşy alyp bilermiň?

Sen hem, günäleriň üçin toba edip we Hudaýyň Özüniň üpjün eden Isa Mesihdäki gutulyşyna iman edip we Onuň ölümden direlendigine we saňa hem baky ýaşaýyşy berjekdigine iman edip, şeýle umyda eýe bolup bilersiň.

Bu işi gaýra goýma, ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolmaga şu wagt taýýar bol. Ertir seniňki däldir, bu gün gutulyş günüdir!

Gör näme diýýär? “Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir”, ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň.” (Rim.10:9)

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

5th January 2009

Bu Gün Üçin Pozitiw Pikir

Bu gün üçin Pozitiw Pikir

Arassa Ynsap

 

Pozitiw Pikir

      Eger günä gaharlanýan bolsaň onda gaharlanmak günä däldir.

 

Mukaddes Ýazgy

      “Gaharlanyň ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn.” Efesliler 4:26

 

Dileg

      Gökdäki Atam! Erbetliklere we günä garşy durmak üçin sen bizi çagyranyňa minnetdar. Seniň hakykatyňa garşy zatlara aladalanyp gaharlanmak dogry zat, emma şonda-da gaharymda günä etmezlige ýardam ber! Gaharym gelende-de meni köşeşdir, meni söýgüňden doldur! Seniň Adyň bilen dileg edýärin, Omyn!

 

 

Bu pozitiw pikir barada okanlarymy gündelik durmuşymda nähili ulanyp bilerin?

 

 

Bu günki bu taýda okanlarym maňa gowy adam bolmaga nähili kömek eder?

 

 

 

 

 

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments