TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Süleýman Pygamberiň Pähimleri (4-nji Bap)

5th August 2008

Süleýman Pygamberiň Pähimleri (4-nji Bap)

Süleýman Pygamberiň Pähimleri

(4-nji Bap)

Eý ogullar, ata tälimini eşidiň; düşünje gazanar ýaly, diňläň. Çünki men size oňat sapak berýärin, meniň kanunymy taşlamaň. Men atamyň ogludym, enemiň nazarynda näzik we ekejedim. Ol hem maňa ders berip diýdi: Ýüregiň sözlerimi gaýym tutsyn, tabşyryklarymy saklap ýaşa. Hikmet gazan, düşünje gazan; unutma, agzymdan çykan sözlerimden ýüz öwürme.

Ony taşlama, ol seni gorar; ony söý, ol saňa gözegçilik eder.

Iň möhüm zat akyldarlykdyr; hikmet gazan, ähli gazananlaryň bilen düşünje gazan. Ony belent tut, ol seni beýgelder; ony gujaklaňda seni hormata ýetirer.

Seniň başyňa gözel täç goýar, saňa şöhrat täjini berer.

Eşit, eý oglum, aýdýanlarymy una, ömrüň ýyllary köp bolar. Men saňa akyldarlyk ýolunda tälim berdim, senin gönülik ýodalaryndan ýöretdim. Ýörän mahalyň ädimleriňe päsgel bolmaz, ýortan mahalyň taýmarsyň. Terbiýäni gaýym tut; ony goýberme; ony sakla, çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr. Erbetleriň ýodasyna düşme, ýaman adamlaryň ýolundan gitme. Ýanynda geçme, goýbolsun et, ol ýoldan geçme, ondan sowlup geç.

Çünki olar ýamanlyk etmeseler, uklap bilmeýär, birini taýdyrmasalar, ukulary tutmaýar. Olar erbetlik çöregini iýýändir, zorluk şerabyny içýändir.

Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gun ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar.

Erbetleriň ýoly tüm garaňkylyk ýalydyr; olar näme büdrändiklerini bilýän däldirler.

Oglum, sözümi diňle, aýdýanlaryma gulak as. Olary gözüňden salma, ýüregiň jümmüşinde sakla. Çünki meniň sözlerim olary tapanlar üçin ýaşaýyş, bütin bedenleri üçin şypadyr.

Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy şondadyr.

Ýalançy agzy özüňden aýyr, azgyn dodaklary özüňden daş et.

Gözleriň göni ileri garasyn, göreçleriň göni öňüňe seretsin.

Aýagyň ugruna dykgat et, ähli ýollaryň berk bolar.

Saga ýa sola sowulma, aýagyňy ýamanlykdan çek!

posted in Kitaplar | 0 Comments

29th July 2008

Süleýman Pygamberiň Pähimleri 3-nji bap

Süleýman pygamberiň Pähimleri…

(3-nji Bap)

Oglum, öwredenlerimi unutma, tabşyryklarymy ýüregiňde sakla. Çünki olar saňa uzak ömür berip, ýaşaýyş ýyllaryny, parahatlygy artdyrarlar. Merhemet we hakykat seni taşlamaz; olary boýnuňa bagla, ýüregiň daş sahypasyna ýaz. Onsoň Hudaý we adamlar saňa mähirli garar, adyň ýagşylykda tutular.

Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma.

Bütin ýodalaryňda Ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular.

Öz gözüňe akyldar görünme; Rebden gork we ýamandan gaça dur.

Süňňüňe şypa we süňkleriňe ýilik bolar.

Malyň bilen, bütin hasylyň ilkinji miwesi bilen Rebbi hormatla.

Şeýle etseň, ammarlaryň näz-nygmatdan dolar, gysgyçlaryň üzüm şiresinden pürepür bolar.

Oglum, Rebbiň temmisini har, terbiýesini äsgermezlik etme.

Çünki ata halaýan ogluny nähili terbileýän bolsa, Reb hem söýýänini terbileýändir.

Hikmet tapan, düşünjä gowuşan nähili bagtly!

Ony gazanmak kümüş gazanmakdan gowudyr, onuň önümi sap altyndan gowudyr. Ol ýakutdan gymmatdyr, ähli arzyly zatlar oňa taý bolup bilmez. Onuň sag elinde ömür uzylygy, sol elinde baýlyk we hormat bardyr. Onuň ýollary ýakymly ýollardyr, ähli ýodalary parahatdyr. Ol özüne ýapyşanlar üçin ýaşaýyş agajydyr; ony gaýym tutanlar bagtlydyr.

Reb dünýäni hikmet bilen gurdy, gökleri düşünje bilen berkarar etdi. Onuň biliminden çüňluklar ýaryldy, bulutlar ýagyş ýagdyrdy.

Oglum, sagdyn öwüdi, paýhasy gözüňden salma, olary sakla. Şeýle etseň, olar seniň janyňa ýaşaýyş, boýnuňa bezeg bolar. Onsoň, ýoluňda aman gezersiň, aýagyň taýmaz.

Ýatsaň gorkmarsyň; hawa, ýatyp, süýji uka gidersiň. Duýdansyz abanan howpdan, erbetleriň başyna gelen ýykgynçylykdan gorkma. Çünki Reb seniň tarapyňda bolar, aýagyňy duzaga düşmekden saklar.

Eliňden gelse, ýagşylygy edilmeli adamlardan gaýgyrma. Ýanyňda barka goňşyňa: “Git, soň gel, ertir bererin” diýme. Goňşyň seniň ýanyňda ynamlylykda ýaşaýarka, oňa ýamanlyk gurama. Özüňe ýamanlyk etmedik adam bilen sebäpsiz ere dawalaşma. Zalym adama gözüň gitmesin, onuň ýollarynyň hiç birini saýlama.

Çünki azgyn adam Rebbe ýigrenjidir; Rebbiň ýaranlygy bolsa gönüler bilendir.

Rebbiň gargyşy erbetleriň öýündedir, dogrularyň ýaşalgasyna bolsa Ol bereket berýändir.

Reb masgaralaýjylar masgaralaýandyr, pes göwünlilere bolsa rehim edýändir.

Akyldarlar hormaty miras alar, akylsyzlar bolsa utanja sezewar bolar.

posted in Kitaplar | 0 Comments

29th July 2008

Isa Meni Halas etdi…

posted in Шахсы шаятлык | 1 Comment

24th July 2008

Ýahýa Pygamberiň Isa Mesih baradaky güwäligi…

Ýahýa Pygamberiň Isa Mesih baradaky güwäligi…

“Ehudylar Iýerusalimdan ruhanylary, Lewilileri iberip, Ýahýadan: “Sen kimsiň?” diýip soranlarynda, onuň güwäligi şeýle boldy. Ol ykrar etdi, inkär etmedi. “Men Mesih däl” diýip ykrar etdi. Onsoň olar : “Onda, sen Ylýasmyň?” diýip soradylar. Ol “Ýok” diýdi. “Şol geljek pygambermisiň?”diýdiler. Ol: “Ýok” diýip jogap berdi. “Onda sen kimsiň? Biz özümizi bu ere ýollanlara näme jogap bereli, sen özüň hakda näme diýýärsiň?” diýip soradylar. Ýahýa: “Men, Işaýa pygamberiň aýdyşy ýaly, Rebbiň ýoluny dogrulaň diýip çölde gygyrýanyň sesi” diýdi…Olar onda “Eger sen Mesih, Ylýas ýada şol pygamber däl bolsaň, onda näme üçin çokundyrýarsyň?” diýip soradylar. Ýahýa olara jogap berdi: “Men suw bilen çokundyrýaryn, ýöne siziň araňyzda biri bar, siz Ony tanamaýarsyňyz. Menden soňra geljek Şoldur. Men Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin…Ertesi gün Ýahýa özüne tarap gelýän Isany görüp: “Ine, Şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzysydyr” diýdi. “Meniň yzymdan bir adam geler, Ol menden üstündir, çünki Ol menden owal bardy diýip aýdanym, ine, Şudur. Men Ony tanamaýardym, ýöne Ol Ysraýylda aýan bolsun diýip, suw bilen çokundyrmaga geldim”. Ýahýa güwä geçip diýdi: “Men Ruhuň gökden gögerçin ýaly inip, Onuň üstünde duranyny gördüm. Men Ony tanamaýardym, ýöne meni suw bilen çokundyrmaga ýollan Hudaý maňa Ruhuň inip, kimiň üstünde duranyny görseň, Mukaddes Ruh bilen çokundyrjak Şoldur diýdi. Men görüp, Onuň Hudaýyň Ogludygyna güwä boldum”. Ertesi gün Ýahýa ene öz şägirtleriniň ikisi bilen durdy. Ol gezip ýören Isany görüp: “Ine Hudaýyň Guzysy!” diýdi. Onuň aýdanlaryny eşiden iki şägirt Isanyň yzyna eýerdiler.”

Nähili ajaýyp güwälik, Isa Mesihiň “Hudaýyň Guzysydygyna” “dünýäniň günäsine Öz üstüne aljak, Gurbanlyk Guzy” ýalydygyna we seniň hem günäleriň üçin tölegi töländigine iman edersiňmi!

Hudaýyň Öz pygamberi Ýahýa pygamber arkaly bize etiren Isa Mesih hakyndaky ajaýyp güwäligine iman etseň, Isa Mesih ýokarda aýdylyşy ýaly saňa günäleriňden saplanma, dowzah odundan gutulyş we Hudaý bilen baky ýaşaýşy berer we seni gündelik durmuşyňda manydan, dynçlykdan we şatlykdan doly durmuşda dogry ýolda alyp gider we Isa Mesih arkaly beriljek Mukaddes Ruhy arkaly Hudaý seni her gün tä ýanyna barýançaň ideklär! Ýahýanyň şägirtleriniň, Isa Mesihiň Hudaýyň dünýä iberen adamzadyň Halasäridigini Ýahýanyň güwäligi bilen eşidenlerinde, Isa Mesihiň yzyna eýerdiler. Bu haýran galdyryjy, Ýahýa pygamber olary saklajak bolmandy, olar-da biziň öz ýolumyz bar ol ýoldan gideris diýip durmadylar-da, “YOL, Hakykat we Ýaşaýyş” bolan Isa Mesihiň yzyna eýerdiler. Çünki Ýahýa pygamberiň ýerine ýetirmeli işi hem, Isa Mesih hakynda güwälik etmek, Onuň ýoluny taýýarlamakdy, Işaýa pygamberiň öňünden aýdan pygamberligini ýerine ýetirmekdi!

Şonuň üçin gadyrly dost, imanly bol, imansyz bolma we Isa Mesih arkaly Hudaýyň saňa berjek ajaýyp patalaryny kabul et we ruhda erkin we azat ýaşaýşa eýe bol! Eger şu wagt Isa Mesihe Halasgäriň hökmünde iman etmek seniň islegiň bolsa, onda Hudaýa şeýle iman bilen ýüzlen we Hudaýyň seniň hem günäleriň üçin üpjün eden “Gurbanlyk Guzysy” üçin we Isa Mesihiň seniň üçin janyny aýaman ere gelip janyny seniň dowzahdan halas bolmagyň üçin berenine minnetdarlyk bildir, Isa Mesihi Halasgäriň hökmünde iman edýändigiňi ýüregiňden bildir!

Injilde şeýle sözler bar: “Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýüregiň bilen ynansaň, gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy: “Oňa iman eden kişi utandyrylmaz” diýýär.

“Başga hiç kimde gutulyş ýokdyr; biz ol arkaly gutular ýaly, gök astynda ynsanlara berilen gaýry at ýokdur”.

posted in Kitaplar, Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

23rd July 2008

Süleýmanyň Pähimleri 2-nji bap

Süleýmanyň Pähimleri

(2-nji Bap)

OGLUM, hikmete gulak asyp, ýüregiňi düşünjä tarap ýykgyn etdirer ýaly, Sözlerimi unap, tabşyryklarymy ýüregiňde ýygşyrsaň; hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünje üçin gygyrsaň; ony kümüş kimin gözleseň, gizlin hazyna kimin agtarsaň; Rebden gorkmalydygyna şonda düşünersiň, Hudaýy tanarsyň.

Çünki Reb hikmet berýändir, Onuň agzyndan bilim we düşünje çykýandyr.

Ol gönüler üçin sagdyn maslahat saklaýandyr; Ol adalat ýollaryny goramak üçin, aýypsyz gezýänlere galkandyr, takwalarynyň ýollaryny goraýandyr. Sen dogrulyga, haka we adalata, hawa, her bir gowy ýola şonda düşünersiň. Ýüregiňe hikmet girende, bilim janyňa hoş ýakanda, ýaman ýoldan, egri sözli adamdan halas etmek üçin, paýhas seni saklar, düşünje saňa gözegçilik eder.

Bu adamlar garaňkylygyň ýollarynda gezmek üçin gönülik ýodalaryny taşlaýarlar. Ýamanlyk etmekden şatlanýarlar, ýaman adamyň egriliginden keýp alýarlar. Olaryň ýodalary öwrümlidir, ýollary egridir. Akyldarlyk seni ýaşlyk ýoldaşyny taşlan, Hudaýynyň ähtini unudan keseki aýaldan, sözi bilen ýaramsalyk edýän ýat aýaldan halas eder. Ol aýalyň öýi ölüme, ýollary ölülere getirýändir. Onuň ýanyna girýänleriň hiç biri ondan gaýtmaz, ýaşaýyş ýodalaryna ýetmez.

Şeýlelik bilen, sen ýagşylaryň ýolunda gezersiň, dogrularyň ýodasyndan aýrylmarsyň. Çünki ýurtda gönüler ýaşar, onda kämiller galar. Erbetler bolsa ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular.

posted in Kitaplar | 0 Comments

22nd July 2008

Süleýmanyň Pähimleri

Süleýmanyň Pähimleri

(1-nji bap)

Ysraýyl patyşasy Dawut ogly Süleýmanyň tymsallary:

Hikmet we terbiýäni bilmek üçin; düşnükli sözlere düşünmek üçin;

Akylly hereket, dogrulyk, hak we adyllyk terbiesini almak üçin;

Mön adama parasat, ýaş adama bilim we düşünje bermek üçin;

Tymsala we matala, akyldarlaryň sözlerine we tapmaçalaryna düşünmek üçin; akyldar adam diňläp, bilimde össün, düşünjeli adam sagdyn maslahatlar alsyn.

Rebden gorkmaklyk bilimiň başlangyjydyr; akmaklar bolsa akyly we terbiýäni har edýändir.

Oglum, ataň tälimini eşit, eneň öwredenlerini taşlama. Olar başyňa gözel täç, boýnuňa monjuk bolar.

Oglum, günäkärler seni azdyrjak bolsalar, razy bolma. “Ýör, bile gideli, gan dökmek üçin bukuda ýataly; sebäpsiz ere ýazyksyza gizlin garaşaly, olary ölüler diýary ýaly, çukura inenler ýaly bütinleý diri ýuwdalyň. Biz her hili gymmatly harytlar taparys: öýlerimizi olja bilen doldurarys. Aramyzda seniň hem paýyň bolsun; ählimiziň käsämiz bir bolsun” diýseler, oglum, ýolda olar bilen gezme! Olaryň ýodasyndan aýagyňy çek.

Çünki olaryň aýagy ýamanlyga tarap ylgaýandyr, gan dökmäge howlugýandyr. Bir guşuň gözüniň alnynda tor gurmak puçdyr. Bularyň bukup garaşýany öz ganlarydyr, gizlin garaşýanlary öz janlarydyr. Gazanja gyzygýan her adamyň ýoly şeýledir; bu gyzkmak öz eýesiniň janyny alýandyr. Akyl daşarda gygyrýandyr; sözlerini şäher derwezeleriniň agzynda sözleýändir. Eý mön adamlar, siz haçan çenli mönlügi söýersiňiz? Haçana çenli masgaralaýjylar öz masgaralygyndan keýplener we akylsyzlar bilim ýigrener?

Men duýdurýaryn, päliňizden gaýdyň; ine, Men üstüňize Ruhymy dökerin, size sözlerimi aýdýaryn.

Men çagyrdym, siz bolsa ret etdiňiz; elimi uzatdym, meýil eden bolmady. Gaýtam bütin maslahatymy äsgermezlik etdiňiz, duýduryşymy islemediňiz. Men hem siziň betbagtlygyňyza gülerin; size gorky aralaşanda, gorky tupan kimin aralaşanda, betbagtlygyňyz harasat kimin gelende, muşakgat we gaýgy üstüňize abananda masgaralaryn.

Şonda Meni çagyrarlar, emma Men jogap bermerin; Meni ir bilen agtararlar, emma tapmazlar.

Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagyň saýlap almadylar. Meniň maslahatymy islemediler, ähli käýinjimi har etdiler. Munuň üçin, olar öz ýollarynyň hasylyny iýerler, öz ýaman pällerinden taparlar. Mön adamyň azaşmagy olary öldürer we akylsyzlaryň geleňsizligi olary ýok eder.

Emma Meni diňleýän aman ýaşar we ýamanlyk gorkusyndan dynç bolar!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

22nd July 2008

OZAL-BAŞDA SÖZ Bardy…

OZAL –BAŞDA SÖZ bardy…

Ozal-başda SÖZ bardy, SÖZ Hudaýdady, SÖZ Hudaýyň Özüdi.

Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurydy. Bu nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk ony öçürip bilen däldir.

Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady. Bu güwälik etmäge, hemmeleriň ol arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Onuň özi Nur däldi, ol diňe Nur hakda güwälik etmelidi.

Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky Nur dünýä geldi. Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy; emma dünýä Ony tanamady. Ol özüniňkilere geldi, özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolmak hakyny berdi. Olar ne gandan, ne bedeniň islegi bilen, ne-de adamyň islegi bilen, eýsem Hudaýdan doguldylar.

SÖZ jan-ten bolup aramyzda ýaşady…

posted in Kitaplar | 0 Comments

14th July 2008

Täze Dünýä, Täze Ömür!

Täze dünýä, Täze ömür!

Bu dünýä bäş günlük ömür,

Bary ýalan, bary geçekgçi.

Dünýädäki hemme zatlar,

Gutarar Sen gelen günüň.

Täze dünýä, täze ömür,

Hakykat, hemişelik ömür.

Tükenmez, baky guwanyş,

Başlanar Sen gelen günüň.

Seniň mähriň derýa deý çäksiz,

Seçilende nurlar Seniň,

Dökülerin her güni ýaşap

Halas etgin halkymy meniň.

Täze dünýä, täze ömür,

Hakykat, hemişelik ömür.

Tükünmez, baky guwanyş,

Başlarnar Sen gelen günüň.

Hudaýym geçir günämizi,

Senden Özge ýokdur penamyz!

Hemmesinden gudratly Özüň Sen,

Ýalňyz Sensiň, söýenim meniň!

posted in Radio | 0 Comments

14th July 2008

Dostum Ýatla…

Dostum Ýatla…

Dostum ýatla, sen näçe gezek

Durmuşyňda dyzyňa çöküpdiň,

Horlaýan şübheleri kowup,

Kyn wagtyň Hudaýa ýüzlenipdiň.

Soň ýüregiňi tolgundyryp,

Peýda bolupdy şatlykly sesler.

Halas etdi seni etişip,

Mähirli we görünmeýän eller.

Ýatla, näçe şol eller seniň

Ýürek agyryňy bejeripdi.

We seni ýolda ýadan wagtyň

Mähirli ýokary galdyrypdy.

Gelen wagty aýrylyk birden,

Dökülende ýüzüňden gözýaşlar,

Süpüripdi ýuwaşlyk bilen

Şol owalda görünmeýän eller.

Çüý kakylan, ýaraly eller

Gutulyş berdi günälilere.

Asyrlar boýy hem şol eller

Gökden pata berýär adamlara.

Gelende günäleriň soňy,

Kyn günler ebedi ýitip gider.

Başyma ýaşaýyş täç berer

Taňrymyň şol nur saçýan elleri.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

8th July 2008

Ol Kim?

Ol KIM ?

HIMIÝADA, OL SUWY ŞERABA OWÜRDI

BIOLOGIÝADA, OL ADATY DÄL BOLUP DOGULYPDY

FIZIKADA, OL GÖGE GALMAK BILEN BÜTIN DÜNÝÄ GÜÝJÜNDEN ÜSTÜN BOLDY

EKONOMIKADA, 5000 ADAMY IKI BALYK & 5 ÇÖREK BILEN DOÝURDY

MEDISINADA, EKEJE DERMAN ULANMAZDAN SYRKAWY SAGALTDY WE KÖRÜŇ GÖZÜNI AÇDY

TARYHDA, OL BAŞLANGYÇ WE SOŇ

HÄKIMÝETDE, OŇA AJAÝYP MASLAHATÇY, PARAHATLYGYŇ ŞASY DIÝILENDIR

DINDE, HIÇ KIM HUDAÝA MENSIZ BARYP BILMEZ DIÝDI

ŞEÝLELIKDE, KIM OL?

OL ISA MESIHDIR!

OL ARKALY BIZ ÄHLI ZADA EÝE BOLÝARYS!

Taryhda Beýik bolan Isada hyzmatkärleri ýokdy, emma olar Oňa Reb diýdiler.

Diplomy ýokdy, sondada Oňa Mugallym diýdiler.

Onda hiç hili dermany ýokdy, şonda hem Oňa Şypagär diýdiler.

Onuň goşuny ýokdy, ýöne patyşalar, hökümdarlar Ondan gorkdylar.

Ol harby söweş alyp barmady, ýöne şondada dünýäni eňdi.

Ol hiç hili jeneýat etmedi, emma olar Ony haça çüýlediler.

Ol gabyrda jaýlandy, ýöne Ol bu gun hem ýaşaýar.

Bizi şeýle derejede söýýän Baştutana gulluk etmegi özüme bagt bilýärin.

Eger sen Hudaýa we Isa Mesihe iman edýan bolsaň sen bagtlysyň, Ol hakynda başgalara hem habar etir, emma sen Oňa iman getirmeseň onda Isa Mesihiň bu aýdan sözlerini ýatda sakla…

“Kim Meni adamlar öňünde inkär etse, Men hem ony Göklerde Atamyň ýanynda inkär ederin

posted in Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments