Gadryn Näbilsin…

Magtymguly şähyrymyzyň

Gadyryn Näbilsin

goşgusy

 

Harazban eline düşse algyr baz,

Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin;

Bir çopan goluna degse bir almaz,

Çakmak daşy eder, gadryn näbilsin.

 

Kämil bolmaz ol şerbetden içmegen,

Aňla bilmez söz manysyn seçmegen,

Mejnun bolup yşk eserin guçmagan,

Perizat Leýliniň gadryn näbilsin.

 

Dynçlygyň gadryny bilmez armagan,

Beglik ede bilmez berim bermegen,

Çölde açlyk muşakgatyn görmegen,-

Öýde yssyg nanyň gadryn näbilsin.

 

Ötenden soň, adam aňlar döwletin,

Bilmez döwlet bilen geçen nobatyn,

Çekmedikler hassalygyň zähmetin,

Bu gözel saglygyň gadryn näbilsin.

 

Remanyň berk edip, labyr salmagan,

Girdaba ugraşar häzir bolmagan,

Keştisi kölegde bendil almagan,

Gury gara ýeriň gadryn näbilsin.

 

Garry, ýigit bir ykrarda durmasa,

Ulag gadryn bilmez, kişi armasa,

Ördek, guba-gazlar çöli görmese,

Ser-çemenli köl gadryn näbilsin.

 

Aýralyk oduna ýanyp bişmegen,

Zalymlar elinden ülke aşmagan,

Watandan aýrylyp, ýalňyz düşmegen-

Ülkesinde il gadryn näbilsin.

 

Pakyra mynasyp sabry-kanagat,

Baýlara ýaraşar haýry-sahawat,

Har münen ogluna düşse şalyk-at,

Palan çeker sürer, gadryn näbilsin.

 

Magtymguly diýer ýaru-hemdemge,

Geliň, şükür edeliň, dosltar, bu demge,

Zatynda söz pähmin bilmez adamga

Müň many söz diýseň, gadryn näbilsin.

 

Biribar biziň her birimize Hudaýyň berýän ömriniň ýeňildir -agyr günleriniň, gamgyndyr- şatlykly günleriniň, ýamandyr-ýagşy zatlaryň wagtlaýyn dünýäde biziň ýagşylygymyz üçin hereket etjekdigine düşünip gadryn bilýän imanly ynsanlar bolalyň!

 

 

 

 

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *