TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Gadryn Näbilsin…

30th December 2008

Gadryn Näbilsin…

Magtymguly şähyrymyzyň

Gadyryn Näbilsin

goşgusy

 

Harazban eline düşse algyr baz,

Ganatdan aýyrar, gadryn näbilsin;

Bir çopan goluna degse bir almaz,

Çakmak daşy eder, gadryn näbilsin.

 

Kämil bolmaz ol şerbetden içmegen,

Aňla bilmez söz manysyn seçmegen,

Mejnun bolup yşk eserin guçmagan,

Perizat Leýliniň gadryn näbilsin.

 

Dynçlygyň gadryny bilmez armagan,

Beglik ede bilmez berim bermegen,

Çölde açlyk muşakgatyn görmegen,-

Öýde yssyg nanyň gadryn näbilsin.

 

Ötenden soň, adam aňlar döwletin,

Bilmez döwlet bilen geçen nobatyn,

Çekmedikler hassalygyň zähmetin,

Bu gözel saglygyň gadryn näbilsin.

 

Remanyň berk edip, labyr salmagan,

Girdaba ugraşar häzir bolmagan,

Keştisi kölegde bendil almagan,

Gury gara ýeriň gadryn näbilsin.

 

Garry, ýigit bir ykrarda durmasa,

Ulag gadryn bilmez, kişi armasa,

Ördek, guba-gazlar çöli görmese,

Ser-çemenli köl gadryn näbilsin.

 

Aýralyk oduna ýanyp bişmegen,

Zalymlar elinden ülke aşmagan,

Watandan aýrylyp, ýalňyz düşmegen-

Ülkesinde il gadryn näbilsin.

 

Pakyra mynasyp sabry-kanagat,

Baýlara ýaraşar haýry-sahawat,

Har münen ogluna düşse şalyk-at,

Palan çeker sürer, gadryn näbilsin.

 

Magtymguly diýer ýaru-hemdemge,

Geliň, şükür edeliň, dosltar, bu demge,

Zatynda söz pähmin bilmez adamga

Müň many söz diýseň, gadryn näbilsin.

 

Biribar biziň her birimize Hudaýyň berýän ömriniň ýeňildir -agyr günleriniň, gamgyndyr- şatlykly günleriniň, ýamandyr-ýagşy zatlaryň wagtlaýyn dünýäde biziň ýagşylygymyz üçin hereket etjekdigine düşünip gadryn bilýän imanly ynsanlar bolalyň!

 

 

 

 

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

28th December 2008

Gurbanlyk bermek bu näme zat…

 Gurbanlyk bermek bu näme zat…

 

Bir Türkmen ildeşimiziň Tmolympiad websaýtynda Gurbanlyk barada beren soraglaryna bir ildeşimiziň Mesihilik nukdaý nazardan beren jogabyny şu taýda ýerleşdirmegi makul bildik!

Ondan başgada tizara bütin Islam dünýäsinde “gurbanlyk baýramy” bellenip geçilýär, ýöne biziň ildeşlerimiz munuň manysyna düşünýärmi we Hudaýyň hakykatda näme isleýändigini bilýärlermi diýen pikire esaslanyp Mukaddes Ýazgylara esaslanyp bu makalanyň ýazylandygy üçin, muny websaýtymyzda ýerleşdirmegi makul bildik!

 Gurbanlyk barada ýazan öz pikirleriň üçin we soran soraglaryň üçin minnetdar! Elbetde, köp ildeşlerimiz seniň ýazanlaryňa öz pikirlerine we dini ynançlaryna esaslanyp gyzykl jogaplar beripdir. Şol arada sen “hristianlar hem gurbanlyk berýärlermi?” diýip hem sorag beripsiň. Bu soragyňa we başgada käbir soraglaryňa jogap ýazmagy makul bildim.

 

Ilki bilen “gurbanlyk” getirmegiň garyplara ýardam ýada mätäçleri doýurmak diýen düşünjeden ötri ruhy manysy bardyr. Her bir ruhy many berilen däbiň nireden gelip çykandygyny bilmek üçin Ähli zadyň Ýaradyjysy bolan Hudaýa ýüzlenmeli we Hudaýyň sözünden jogap agtarmak dogry bolýar. Bu sebäpden “gurbanlygyň” gelip çykyşy başlangyçdan başlanýar. Adam ata we How ene Hudaýyň diýýänine boýun bolman, öz ýollaryny saýlan-da olar bilen Hudaýyň arasynda ruhy aragatnaşyk bozulýar, we Hudaýyň eýýäm öňünden duýduryş berişi ýaly olar ölümli bolýarlar ýagny hem ruhy we fiziki taýdan ölümli bolýarlar. Olar hemme zadyň doly garmoniýada ýagny doly ylalaşykda bolan ýeri bolan Erem bagyndan kowulýarlar, munuň sebäbi hem olaryň tebigaty üýtgeýar, olar mundan beýläk Hudaý bilen kämil aragatnaşykda ýaşap bilmeýärler, Hudaýyň olara bolan gatnaşygy üýtgemeýärde, olaryň Hudaýa bolan gatnaşygy üýtgeýär. Şeýle ýagdaýa uçranlarynda, olar ezýet çekip başlaýarlar, şeýle boýun bolmasalarda Hudaý ilkinji bolup olara el uzadýar, ýagny ýalaňaç bolan Adam ata we How ene üçin Hudaýyň özi bir haýwan öldürip, haýwanyň hamyndan olar üçin egin-eşik edip olary geýindirýär. Şonda ilkinji gezek ýer ýüzünde haýwan öldürilip gan dökülýär. Ozal başda eýýäm Hudaý olary ýagny ynsanlary yzyna gaýtaryp getirmek üçin bir plan emele getirýär. Şol döwülen ruhy aragatnaşygy dikeltmek üçin kämil töleg gerekdi, muny bildirmek üçin bolsa Hudaý olara bir ýol berdi, ýagny tä kämil gurbanlygy, tölegi Hudaýyň Özi öz wagtynda üpjün edýänçe, özüniň ýanyna ynsanyň gelip wagtlaýynça aragatnaşykda bolup bilmekleri üçin we Hudaýyň günä bolan gahar gazabyny wagtlaýynça aradan aýyrmak üçin “haýwan gurbanlyk getirmek düzgünini emele getirdi” Adam atadan başlap, “haýwan gurbanlyk getirilende” olar Hudaýyň eýýäm olara gutulyş berjek ýagny kämil gurbanlyk getirjek wagtyny, ýagny Onuň rehimini we merhemetini ýatlap iman bilen muny ýerine ýetirip başladylar. Bu Adam atadan başlap, onuň ilkinji ogullar Habyl we Kabylyň mysalynda, Nuh we onuň ogullarynda, Ybraýymda, Yshakda, Ýakupda we Ýusupda soňra olardan dörän Ysraýyl halkynyň durmuşynda wagty bilen Hudaýyň dünýä getirjek kämil gurbanlygynyň simwoly hökmünde ýerine ýetirilip gelinipdi. Uly bir halk dörände bolsa Hudaý Musa pygamber arkaly bu däp dessuryň daşynda ýene birnäçe däp dessurlar berip kanunlar beripdir. Emma olaryň ählisi hem Hudaýyň geljekde ýerine ýetirjek ajaýyp gutulyş planynyň asly bolman kölegesi bolupdyr. Ol berilen kada kanunlaryň ýene bir maksady hem ynsanlara özleriniň näderejede kämil däldiklerini we Hudaýyň rehimine we merhemetine, ýagny Halasgärine mätäçdiklerine düşünmekleri üçin hem berilipdir. Ine Mukaddes Ýazgylardan şeýle sözler bar: “Mukaddes Kanun oňat zatlaryň asly däl-de, kölegesidir. Şu sebäpli her ýyl üznüksiz hödürlenen şol bir gurbanlar bilen Hudaýa ýakynlanlary hiç haçan kämillige ýetirip bilmez.”

 Gysgaça aýdanda gurbanlygyň taryhy we esasy ine şu ýokardaky aýdylanlardan ybarat, bu sebäpden “haýwan gurbanlyk getirmegiň” esasy maksady açlary doýurmak bolman Hudaý bilen ynsanyň arasyndaky ruhy gatnaşyk  we Hudaýyň Özüniň biziň günälerden, şeýtanyň güýjünden we geljekgi dowzah odundan ýagny baky ruhy ölümden gutulmagymyz üçin üpjün etjek “Kämil çirksiz Gurbanlygynyň” ýatlatma simwoly, ýada saýasydyr. Bu bilen baglylykda, näme üçin Isa Mesihe iman edýänler “gurbanlyk getirmeýärler” diýen soraga jogap. Isa Mesihe iman edýänler, Hudaýyň eýýäm asyrlaryň jümmşinde eýýäm öňünden şol simwollar we mysallar arkaly, we pygamberleriň öňünden aýdyp geçen pygamberlikleri esasynda “Şol wada edilen Kämil Gurbanlygyň” Isa Mesihde Hudaýyň dünýä ýollandygyna ynanýandyklary üçin bu günler  Köne Ähte bagly bolan kanun däp dessurlary aradan aýrylýandygy üçin we hakyky Hudaýyň Özüniň üpjün eden gutulyşynyň gelendigi sebäpli ýerine ýetirmeýändigidir! Mukaddes Ýazgy ine bu barada şeýle diýýär: “Onda Kanun näme gerek boldy? Kanun özüne wada edilen, Ybraýymyň neslinden bolan Mesih gelýänçe perişdeler arkaly araçynyň eli bilen düzgünleşdirilip, jeneýatlar sebäpli ähte goşuldy…Şeýlelikde, biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçe biziň terbiýeçimiz boldy. Iman geleni üçin, biz indi terbiýeçiniň gol astynda däldiris. Çünki siziň hemmäňiz Mesih Isa bolan imanyňyz arkaly Hudaýyň ogullarysyňyz…Mesihiňki bolsaňyz, onda Ybraýymyň nesli, berlen wada boýunça mirasçysyňyz!”

Bular bolsa meniň ýokarda aýdyp geçenlerimiň tassyklanmasy bolýar. Bu sebäpden hem Isa Mesihiň dünýä gelmegi Hoş Habar diýilip atlandyrylýar, ýagny şol ozal-başda Hudaýyň wada edeni we Onuň üçin ýol taýýarlany dünýä geldi we Ol kämil “Gurbanlyga” iman getirmek arkaly bolsa şol ýitirilen aragatnaşyk dikeldilýär!

Ýöne gynansak-da, musulman ildeşlerimiz Hudaýyň üpjün edenine iman getirmän, kämillige ýetirmejek köne däp dessurlarda ýaşaýarlar! Isa Mesihiň dünýä gelmegi bilen Täze Äht emele geldi, Köne Äht öwrenilsede indi onuň güýji ýok bolup galýar! Bu sebäpden hem “mal gurbanlyk” getirmegiň zerurlygy galmaýar-da iman arkaly Hudaýyň rehimi we merhemeti arkaly Özüniň üpjün edenini, ýagny adamzadyň günäleriniň jezasyny öz gerdeninde çeken, töleg hökmünde janyny gurban edip mukaddes ganyny döken, ölümden direlip ölümiň we şeýtanyň güýjünden eňiş gazanan Isa Mesihine iman getirilmelidir! Hudaýyň bu ajaýyp gutulyşy hakynda bolsa dünýäniň soňuna çenli her bir ynsana buşluk hökmünde ýetirilmelidir!

Guzy ýada mal gurbanlyk getirmek baradaky Mukaddes Ýazgylarda duş gelýän wakalar hakynda aýratyn durup geçmäge bu taýda wagt ýok, emma şeýle edilmek mümkinçiligi bolan bolsady, olar arkaly Hudaýyň ajaýyp gutulyş planynyň asyrlar jümmşinden gyzyl sapak ýaly bolup geçýandigini görüp bolýar!

Eger bu ýazylanlary uzyn görmän soňuna çenli okan bolsaňyz, köp minnetdar we size bir telpek! J

 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd December 2008

Isa Mesihiň dogulyşy mynasybetli baýramçylyk gutlaglary!

Salam gadyrly ildeşler!

 

Köpümiziň bilşimiz ýaly dünýäniň dürli künjeklerinde  köp milletler birnäçe günlerden uly baýramçylyk belläp geçýärler, bu baýramçylygyň orsçada ýörgünli ady “Rojdestwo Hrista” iňlis dilinde bolsa “Christmas” türkmençe göni terjime edilende bolsa “Isa Mesihiň Dogulyşy” baýramçylygy diýip atlandyrylýar! Elbetde köp ildeşlerimiziň içinde bu barada ýazmaly däl ekeniň diýip gürrüň etjekler hem tapylar, ýöne şu taýda-da köpçüligiň Isa Mesihi iň azyndan pygamber hökmünde hormat edýändigi we ynanýandygy köpümize belli. Isa Mesih ýöne bir pygamber bolman ol dünýäniň Halasgäridigini hem size bildirmek we muňa siziň düşünmegiňizi isläp hem Isa Mesihiň dogulyşy baýramçylygy barada kelam agyz söz ýazmagy we siziň hemmäňizi bu ýetip gelen baýramçylyk bilen gutlamagy makul bildik!

 

Beýleki pygamberleriň durmuşyndan tapawutlylykda we başgada tanymal ynsanlardan tapawutlylykda näme üçin Isa Mesihiň dogulmagy uly bir bellenip we ýatlanyp geçilýän gün bolup durýar?! Munuň sebäbini hemişede bolşy ýaly Mukaddes Ýazgylardan jogap gözläp bileris. Mukaddes Ýazgy bolan Injilde Isa Mesihiň dogulyşy barada ajaýyp wagalar gürrüň berilýär. Onuň dünýä geljekdigi we nähili ýaşajakdygy, öwretjek taglymaty, ölümi we direlişi hakynda ýüzlerçe ýyllar öňünden ýüzerçe pygamberlikler aýdylyp geçilipdir. Ol pygamberlikleriň gelip Isa Mesihde ýerine ýetmegi bolsa, Onuň hakykatdan hem şol Halasgär Mesihiň Özüdiginiň subutnamasydyr. Ine Isa Mesihiň dogulmagynyň edil öň ýanyndan dünýä inen Ýahýa pygamberiň kakasynyň aýdan sözlerine üns berip göreliň: “Ýahýanyň kakasy Zekerýa Mukaddes Ruh bilen dolup, welilik edip diýdi: “Ysraýylyň Hudaýy REb mübärek bolsun! Ol Öz halkyny idemäge geldi, oňa gutulyş gazandyrd. Ol gadymdan Öz mukaddes pygamberleriniň agzy bilen aýdyşy ýaly, bize bendesi Dawudyň neslinden bir güýçli Halasgär çykaryp, duşmanlarymyzdan, bizi ýigrenýänleriň ählisiniň elinden gutular ýaly etdi. Ol muny atalarymyza rehim etjek, Öz mukaddes ähtini, biziň atamyz Ybraýyma eden kasamyny ýatlajak bolup etdi… ogly Ýahýa pygamber hakynda şeýle diýdi: Eý çaga, sen hem hemmelerdn beýik Hudaýyň pygamberi diýen ady alarsy. Çünki sen Onuň ýollaryny taýarlamak, Onuň halkyna günäleriniň ötülmegi bilen gutuljakdyklaryny bildirmek üçin, Rebbiň öňünden ýörärsiň. Sebäbi Hudaýymyz ýüreginiň rehimliliginde görä, garaňkyda, ölüm kölegesinde oturanlara yşyk bermek üçin, aýaklarymyzy parahatlyk ýoluna gönükdirmek üçin, dogan Gün (ýagny Mesih kimin) ýokarlardan bizi idemäge geler!” Soňra bolsa edil ýokarda wada edilişi ýaly Halasgär bolup Isa Mesih hökmünde dünýä inýär, ine Onuň dogulyşy hakynda buşlygyň çopanlara bildirilişi:  “Şol töwereklerde çopanlar bardy. Olar gijelerine düzde galyp, sürülerini bakardylar. Ine, Rebbiň perişdesi olara göründi, Rebbiň ýalkymy daş-töweregi ýagtyltdy. Çopanlar gaty gorkdular. Perişde olara şeýle diýdi: “Gorkmaň, ine, men size bütin halky begendirjek şatlygy buşlaýaryn: Şu gün Dawudyň şäherinde size Halasgär doguldy. Ol Reb Mesihdir. Size alamat şeýle: siz ahyrda ýatan, gundaga dolangy bir çagany taparsyňyz.” Birdenkä perişde bolen birlikde Gökdäki goşundan bir uly mähelle göründi. Olar Hudaýy öwüp diýýärdiler: “Iň ýokarlarda Hudaýa şöhrat, ýer ýüzünde Ony razy eden ynsanlara parahatlyk bolsun, ynsanlar arasynda hoşniýetlilik bolsun!” Perişdeler çopanlaryň ýayndan aýrylyp, Göge çykanlarynda, çopanlar biri-birlerine: “Beýtullahama gidip, bu bolan wakany, Rebbiň bize bildiren zadyny göreliň” diýişdiler. Şeýlelikde ylgap baryp, Merýemi, Ýusuby we ahyrda ýatan çagany tapdylar. Muny görenlerinde, bu çaga hakda özlerine aýdylan sözi olara gürrüň berdiler. Muny eşidenleriň bary çopanlaryň aýdanlaryna haýran galdylar…Çopanlar hemme görüp-eşidenleriniň özlerine aýdylyşy ýaly bolanlygy üçin, Hudaýy şöhratlandyryp, öwüp, yzlaryna öwrüldiler.”

Nahili ajaýyp buşlyk, biz bu buşlyga çopanlaryň ynanyşy ýaly ynanyp kabul edip şatlanarysmy! Şatlanmalydyrys! Çünki Ol dogulan Hudaýyň bütin adamzadyň Halasgäri edip ýollany Isa Mesihdir!

Bu baýramçylyk döwründe Isa MEsihe imanlylar biri-birlerine sowgat bermekleriniň bir sebäbi hem Hudaýyň bize Halasgäri sowgat hökmünde bermegini ýatlap birek -birege hoşniýetli arzuwlar bilen sowgat bermek däbi emele gelipdir. Ondan başgada Isa Mesih dogulanda, diňe bir şol halkdan bolan çopanlar Ony görmäge gelmän, hatda gündogardan, ýagny häzirki Orat Azia we Eýran töwereklerinde muneçjimler ýagny astronomia ylymlaryny öwrenýän alymlar Ony uzaklardan görmäge gelipdirler.

Bu barada Injilde ine şu taryh ýazylandyr: “HIrodes patyşanyň zamanynda Ýahudanyň Beýtullaham şäherinde Isa eneden doglanynda, ine, Iýerusalime gündogardan müneçjimler gelip: “Ehudylaryň Patyşasy bolup doglan nirede? Biz gündogarda Onuň ýyldyzyny görüp, Oňa sejde etmäge geldik” diýdiler. Muny eşidip, Hirodes patyşa we onuň bilen birlikde tutuş Iýerusalim galagolpluga düşdi. Ol ähli baş ruhanylar, halkyň kanuçylaryny ýygnap, olarda Mesih nirede dogulmaly diýip sorady. Olar şeýle jogap berdiler: “Ýahudanyň Beýtullahamynda, çünki pygamber arkaly şeýle ýazylypdyr: “Eý, Ýahuda ülkesindäki Beýtullaham, sen Ýahuda hökümdarlary arasynda asla iň kiçisi dälsiň. Çünki halkym Ysraýyla çopançylyk etjek Hökümdar senden çykjakdyr” Onsoň Hirodes müneçjimleri ýaşyryn ýanyna çagyryp, ýyldyzyň haçan görnenini çintgäp sorady. “Baryň, çaga hakda ýagşyja sorag-ideg ediň, tapaňyzda maňa hem habar beriň, men hem baryp, Oňa sejde etjek” diýip, olary Beýtullahama iberdi. Olar patyşany diňläp, ýola rowana boldular. Ine, gündogarda gören ýyldyzlary öňlerine düşüp, çaganyň bolan ýeriniň üstüne gelip durdy. Olar ýyldyzy görüp, juda begendiler. Öýe girip, çaga bilen ejesi Merýemi gördüler. Dyzlaryna çöküp, Oňa sejde etdiler-de, hazynalaryny açyp, altyn, ladan we mür sowgat berdiler. Hirodesiň ýanyna öwrülmezlik hakda düýş üsti bilen duýduryş berlensoň, olar öz ýurtlaryna başga ýol bilen gaýtdylar.”

Ol müneçjimler Isa Mesihi çaga wagtynda görmäge bardylar we Ony tapanlarynda juda begendiler, olary şeýle juda belent begenje eýe eden zat nämekä, näme üçin ol alym adamlar uzak ýurtdan, agyr we howply ýol geçip täze dogulan çagany görmäge geldilerkä? Munuň sebäbi olar hem ol doguljak çaganyň bütin adamzadyň Halasgäri bolup doguljakdygyny öňünden iman edip garaşydylar, Isa Mesih barada öňden aýdylan pygamberliklere iman edipdiler we ol aýdylanlaryň Isa MEsihde ýerine ýetenine ynanypdylar, şol sebäpden hem olar Isa Mesihiň ýanyna baryp görmegi we Oňa sejde etmegi durmuşynyň iň bir wajyp maksady edip goýupdylar. Olar ol maksadyna ýetdiler, Isa Mesihi çagalykda görüp Oňa sejde etdiler we Oňa iň gymmatbaha sowgatlary sowgat berdiler!

Isa Mesihiň dünýä inmegi bu ähli ynsanlar üçin şatlandyryjy buşlukdyr, bu sebäpden hem Isa Mesihiň dünýä gelmegi, ýaşaýşy, taglymaty we ol baradaky ähli zatlar ýazylan Hudaýyň Sözünede “Injil” ýagny “Hoş Habar” diýilýär!

Siziň her biriňize bu Hoş Habara galyberse çopanlar ýaly, iň bolmanda hem müneçjimler, ýagny astronomiýa alymlary ýaly kabul etmegiňizi we kabul edip iman getirmek arkaly siziň durmuşyňyza geljek ähli ruhy patalary siziň üçin arzuw edýärin!

Goý Ýaradyjyny Hudaýyň parahatçylygy we şatlygy siziň hemmämiziň kalbymyzy doldursyn we geljek 2009-njy ýyl siziň üçin ruhy rowaçlyk getirsin we hemmämiziň maşgalamyzda, il-günümizde we bütin dünýäniň halklary arasynda Hudaýyň hoşniýetligi höküm sürsün!!!

 

Isa Mesihiň dogulyşy hakynda Injilden alynan taryha esaslanan filmi görmek isleseňiz aşakdaky filmi iňlis dilinde görüp bilersiňiz!

 



posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Radio, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

1st December 2008

Haýsy dine ynanmaly…?

Haýsy dine ynanmaly…

Gadyrly ildeşler, käbir ildeşlerimiz şeýle düşünjelere eýerýärler, ýagny “Hudaý hristiany, yahudiyni we hudaýsyzy hem Islama çagyrýar we Isa Mesihe uýýanlary hem kapyrlar bilen bir kategoriýada goýýarlar”, elbetde bu Kuranyň taglymatydyr, emma şol Kuranda hem eger meniň diýýänlerime düşünmeseňiz baryp Kitaplara ynanýanlardan maslahat soraň diýen ýeri hem bar dälmi eýsem? Degmäň goý olar Öz Kitaplaryna esaslanyp hereket etsinler diýen ýeri hem barmyka diýýärin, eger şeýle aýatlar bar bolsa onda Kuran öz-özüne gapma garşy gelmeýärmi?!
Hudaýyň bardygyny logiki, filosofiki we ylmy taýdan hem çemeleşip subut edýänler bar. Elbetde Birhudaýlyga uýýan dinler
hasaplanýan: Yahudalyk, Mesihilik (hristianlyk) we Islam Hudaýyň barlygyny has ýakyndan düşündirip bilerler.
Elbetde,Hudaýyň bardygyny ret etmek her bir adama hem gaty kyn düşer emma wajyp sorag bolsa şol BirHudaýlyk taglymatyna eýerýan dinleriň haýsysynyň hakykatlygydyr! Olaryň Kitaplarynda ýazylanlaryň köp bölegi biri birine ýakyn ýaly görünýär emma absalýut hakykat haýsynda?! Bu jogap berilmeli we jogap tapylmaly esasy zat!

Magtymguly şeýle diýipdir:

Ýazygym ýat edip, ýakam çäk edip,
Säher nalyş bilen boldum girýäna.
Didämden ýaş döküp, ýüzüm häk edip,
Telbeler dek özüm urdum her ýana.

Köňlümni geçirdim jümle-jahandan,
Ne jahandan, belki, el üzdüm jandan,
Hezreti Isadan Şahymerdandan
Hümmet istäp, bakdym suýy-asamana.

Özüni musulman hasaplaýan ildeşlerimiz üçin Kuranda duş gelýän Nissa süresindäki aýat hem Isa Mesihiň başgaçadygyny subut edýär. Ýagny ol aýat: Isa Mesih KelamAllah we Ruhallah, ýagny Hudaýyň sözi we ruhydyr diýýär!
Ondan başgada Merýem süresinde Isa Mesih barada şeýle hem diýilen:”Biz ony (Isany) ynsanlara bizden bolan “alamat we rehim” ederis!
Injil bolsa şeýle diýýär: “Ozal başda Söz bardy, Söz Hudaýdady. Söz Hudaýyň Özüdi…Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady…” diýýär. Isa Mesihiň Hudaýyň Sözüdigini
, adamzadyň günäleri üçin gelen Halasgärdigini, ýaşaýyşdygyny, ýoldygyny, hakykatdygyny Injil aýdyp geçýär, Injil bolsa Isa Mesih baradaky taryhyň original çeşmesidir!
Bu sebäpden
Injili okamak mümkinçiligi bolmasa-da, käbir Kuranda duş gelýän aýatlara esaslanyp Magtymguly hem Isadan hümmet isleýär!Çünki Isadan başga hiç kimde gutulyş ýokdyr, Ol Hudaýyň adamzat üçin üpjün eden merhemetidir! Bu sebäpden Isa Mesihe çyn kalbyndan iman edýänlere Islama gelmek gerek däl-de, her bir ynsan Hudaýyň üpjün eden söýgüden we rehimden ugur alan Isa Mesihdäki gutulyşyny we baky ýaşaýşyny kabul etmäge çagyrylmalydyr! Bu sebäpden hem Isa Mesih baradaky habar Hoş Habarlygyna galýar we ähli ynsanlar üçin Hoş Habardyr. Bu Hoş Habar dünýäniň soňuna çenli bolsa ýeriň her bir künjeginde wagyz edilmelidigini Hudaý buýurýar!

 

 

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 2 Comments