22nd October 2008

Şalyk Bile

Şalyk Bile

 

Deň bolar diýp saýmagyl işiň bet ykballyk bile,

Hiç haçan deň bolmagaý eşek-bedew şalyk bile,

Gardaş olma hyz-haramy, pitne-ryswalyk bile,

Başyňny gowgaýa salma, maly-dünýälik bile,

Tur säher, ýat et hudany, ýygla tenhalyk bile.

 

Bardy Turuň dagyna, ha bir boldy ol Kelim,

Ötdi anlar, galdy dünýä, geçdi eýýamyl-kadym,

Ýatsa, ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim,

Ne hebesdir, ne hata- bakdy goýun Musa kelim,

Çölde gezdi daýyma raz aýdyşyp halyk bile.

 

Eý aty ýüwrük ýigit, özi goçak gülgün-kaba,

Munda jebr etgen kişi o günde bolgaý ruýsyýa,

Her kişi zor ile mal alsa, o gün bergeý saba (jogap),

O weliler serweri solan Weýis dek öwlüýä-

Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

 

Ýakup ogly Ýusubnyň käkilinden tutdular,

Urdular, aglatdylar, eltip müsürde satdylar,

Niç ýyl Eýýup pygamber tenni gurt iýp ýatdylar,

El-aýagyn baglaýyp, Ýunusny derýä atdylar,

Ençe wagt tagat çekip, “huw” diýdi bir balyk bile.

 

Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň?

Kähi-kähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň?

Kähi-kähi sopy bolduň, hiç haramdan datmadyň,

Bilmedim, sen kaýsy bolduň, ber bir iş tutmadyň…

Ne sypahylyk bilen, ne bir mollalyk bile.

This entry was posted on Wednesday, October 22nd, 2008 at 6:25 pm and is filed under Durmuşyň Manysy näme. You can follow any responses to this entry through the RSS 2.0 feed. You can leave a response, or trackback from your own site.

Pikirini yaz

  • Gundelik Yazgy

  • "Hudaý bize bolan söýgüsini biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr. Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr. Diňe bu hem däl, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen magtanýarys. Biz ýaraşygy Mesih arakly aldyk."
  • Rimliler 5:8-10
Bellik et
delicious
digg
technorati
reddit
magnolia
stumbleupon
yahoo
google