Kiçijik çaganyň ynamy

Kiçijik çaganyň ynamy

Kiçijik gyzjagaz öz otagyna girdi we gizläp goýan ýerinden bankajygy çykardy. Ol bankaň içindäki ýygnan teňňeleriniň ählisini dökdi-de sanamaga durdy. Olary ýuwaşjadan emaýlyja sanady. “Üç gezek sanamaly, olar anyk dogry bolmaly. Men ýalňyşmaly däldirin” diýip içini gepletdi. Ol gyzjagazy ady Tessdi.

Teňňelerini sanap bolandan soňra olary bankaň içine gaýtaryp saldy-da, gapagyny ýapdy. Soňra öýdäkilerine görünmän, arka gapydan çykyp, ýaşaýan jaýyndan alty ýüz metr uzakda ýereleşen öz köçesiniň soňky başynda ýerleşen Rehall-laryň Dermanhanas diýilýän derman satylýan dükana bardy. Dükanyň gapysynda gyzyl Indeýsler Başlygynyň belligi asylgy durdy.

Kiçijik gyzjagaz ermançynyň özüne üsn bermegine garaşdy, emma ol şol wagt gaty işlidi. Gyzjagaz ünsi özüne çekjek bolup, aýaklary bilen pola uryp ses çykarýardy. Netije bolmady. Iň erbet ses çykarjag meňzäp, damagyny kakmaga başlady. Onda-da oňa üns beren bolmady. Soňunda, ol elindäki bankasyndan bir teňňäni çykardy-da aýna stola uryp başlady. Bu netije berdi.

Dermançy: “Saňa näme gerek? “ diýip sorady we ene-de: “Men şu wagt köp wagt bäri görüşmedik Çikagodaky doganym bilen gürleşýän” diýip gyzjagazyň jogap bermegine garaşman gürledi.

Gyzjagaz bolsa jogap berip: “Bolýa, men hem öz doganym barada gürleşmäge geldimä” diýip nygtap aýdýardy. “Ol gaty erbet keselledi… we men onuň üçin bir gudrat satyn almaga geldim.”

“Men düşünmedim, näme diýdiň?” diýip dermançy haýran galyp sorady.

“Onuň ady Andrew we onuň kellesiniň içinde bir erbet zat ösýärmiş. Kakam aýtdy, ony diňe bir gudrat halas edip bilýärmiş, sizde gudrat näçe baha durýar?” diýip gyzjagaz telmirip sorady.

“Kiçijik gyzjgaz! Biz bu taýda gudratlar satamyzok…saňa ýardam edip bilmeýändigim üçin bagyşlarsyň” diýip dermançy mylakatlyrak bolmaga çalyşdy.

“Meni diňläň, men-deee bu üçin tölemäge pul bar. Eger bular ýeterlik bolmasa, men galanyny hem getirip biljek. Onuň näçe durýandygyny maňa aýdaý!”

Dermançynyň dogany gowyja geýinen bir adamdy, ol aşak egildi-de gyzjagazdan “seniň doganyňa nähili gudrat gerek diýip?” sorady.

“Men bilemok,” diýip gyjjagazyň gözleri ýaşdan doldy. “Men onuň gaty erbet syrkawdygyny bilýän we ejem oňa operasiýa gerek diýýär. Emma meniň kakam ol üçin töläp bilenok, şonuň üçin men gudrat almaga pulymy ulanmakçydym”

Çikagodan bolan adam, “Sende näçeräk puluň bar?” diýip sorady. “Bir dollar we onbir sentim bar, “ diýip, çalaja eşitdirip gyzjagaz jogap berdi. “Mende bar bolan pullar şular, emma… ene-de gerek bolsa men getirerin.”

Ol adam ýylgyryp,“Bolýa, seret bu nähili gabat gelme, bir dollar we onbir sent–kiçijik doganyň üçin gerek bolan gudratyň –edil tölegi…”

Ol onuň puluny bir elinde tutdy we gyzjagazyň kiçijik elini beýleki eli bilen tutup, “Meni ýaşaýan jaýyňyza alyp bar. Men seniň doganyňy we ataň-eneň bilen görüşmek isleýän. Göreliň hany, mende saňa gerek bolan gudrat barmyka,” diýip ýüzlendi.

Ol gowyja geýinen adam, neuro-hirurgiýada belli hirurg, doktor Carlton Armstrongdy.

Gyzjagazyň dogany Andrew üçin operasiýa mugt geçirildi we hemme zat şowly bolup, birnäçe günden soňra ol öýüne dolanyp geldi we sag amandy.

Ejesi we kakasy, olary şu şowly hadysa getiren yzygiderli wakalar hakynda şatlykly gürrüň edýärdiler.

“Operasia- bu hakyky gudrat, ol üçin näçe pul tölemeli bolardy?” diýip ejesi ýuwaşja pyşyrdady.

Gyzjagaz bolsa ýylgyrdy. Ol, bu gudratyň bahasynyň näçedigini bilýärdi…bir dollar we onbir sent…munuň üstesine bolsa– kiçijik çaganyň ynamy!

Isa diýdi:Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň. Çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.Kim Hudaýyň patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez!” Luka 18:16-17

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *