TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Günäli Ten we Mukaddes Ruh

27th October 2008

Günäli Ten we Mukaddes Ruh

Günäli ten we Mukaddes Ruh

 

“Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň. Çünki bütin kanun şu iki sözde jemlenendir: “Goňşyňy özüň ýaly söý!” Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň! Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz. Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr. Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz. Ten işleri bellidir. Olar zynahorluk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýluk, duşmanlyk, dawa, görüpçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardy. Bulary edýänleriň bary Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ene-de aýdýaryn.

Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir. Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň. Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň!

 

Gadyrdan dost, eger sen günäden azat durmuşda, teniň erbet işlerinden azat bolmak we Mukaddes Ruhyň durmuşyňa getirjek: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmakdan dolylyga eýe bolmak isleseň –Hudaýyň Isa Mesihine iman et, çünki Isa Mesihe bolan iman arkaly sen Mukaddes Ruh sylagyna eýe bolarsyň!

Bu ruhy azatlyk baradaky habara Hoş Habar diýlýär-bu hem Isa Mesihdir!

Biz seniň ruhy azatlyga ýetmegiň üçin dileg edýäris! Eger sen bular hakynda biz bilen habarlaşmak isleseň bu taýda öz pikirleriňi galdyryp bilersiň!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

22nd October 2008

Söýgi

Söýgi

 

“Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr…”

 

“Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbaldyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. Ähli zadymy paýlap ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur.

Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatlsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar…Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir!”

 

Söýginiň çeşmesi bolan Hudaýy tanamak we Onuň bilen şahsy aragatnaşykda bolup, Onuň söýgüsinden doly durmuşda ýaşamak isleseň – Hudaýyň Isa Mesihdäki gutulyş sowgadyny kabul et! Şonda sen Söýgi Bolan Hudaýyň balasy bolmak hukugyny eýe bolarsyň! Biziň günälerimiz Hudaý bilen aragatnaşygy bozdy, bu sebäpden bizde ol ýitirilen gatnaşyk ýok. Biz näçe synanyşsakda, din arkaly bolsun, ýa-da gowy işler arkaly bolsun bu ýykylan gatnaşygy dikeldip bilmeýäris. Çünki günäniň tölegi gaty uly, bu sebäpden biziň muny hiç haçan öz güýjumiz bilen başarmajagymyzy bilen Hudaý –çykalga açdy we biz günäkärleri şertsiz söýgi bilen söýdi we ol jezany Isa Mesihde töledi, Özi bilen ýaraşmagy Isa Mesihde bize üpjün etdi! Biz bolsa muňa iman etmelidiris, günälidigimizi Hudaýyň öňünde boýun alyp toba edip Hudaýyň Isa Mesihdäki beren merhemetini we söýgüsini kabul etmelidiris!

Injil şeýle diýýär: “Sebäbi günäniň muzdy (jezasy) ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr…Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr…Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk.

Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: “Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar? Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme” (ýagny Isa Mesihiň Halasgärdigini –gökden inip, haçda seniň günäň tölegi üçin ölüp, ýene-de direlendiginie şübhe etme)Gör, näme diýýär? “Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir,” ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzy bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy :”Oňa iman eden kişi utandyrylmaz” diýýär.”

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Шахсы шаятлык | 2 Comments

22nd October 2008

Şalyk Bile

Şalyk Bile

 

Deň bolar diýp saýmagyl işiň bet ykballyk bile,

Hiç haçan deň bolmagaý eşek-bedew şalyk bile,

Gardaş olma hyz-haramy, pitne-ryswalyk bile,

Başyňny gowgaýa salma, maly-dünýälik bile,

Tur säher, ýat et hudany, ýygla tenhalyk bile.

 

Bardy Turuň dagyna, ha bir boldy ol Kelim,

Ötdi anlar, galdy dünýä, geçdi eýýamyl-kadym,

Ýatsa, ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim,

Ne hebesdir, ne hata- bakdy goýun Musa kelim,

Çölde gezdi daýyma raz aýdyşyp halyk bile.

 

Eý aty ýüwrük ýigit, özi goçak gülgün-kaba,

Munda jebr etgen kişi o günde bolgaý ruýsyýa,

Her kişi zor ile mal alsa, o gün bergeý saba (jogap),

O weliler serweri solan Weýis dek öwlüýä-

Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

 

Ýakup ogly Ýusubnyň käkilinden tutdular,

Urdular, aglatdylar, eltip müsürde satdylar,

Niç ýyl Eýýup pygamber tenni gurt iýp ýatdylar,

El-aýagyn baglaýyp, Ýunusny derýä atdylar,

Ençe wagt tagat çekip, “huw” diýdi bir balyk bile.

 

Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň?

Kähi-kähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň?

Kähi-kähi sopy bolduň, hiç haramdan datmadyň,

Bilmedim, sen kaýsy bolduň, ber bir iş tutmadyň…

Ne sypahylyk bilen, ne bir mollalyk bile.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

20th October 2008

Golgot düzliginde öldürilen Halasgär Isa

Golgot düzlügi

(Matta 27:29-31,33-35; 18:11)

 

Golgot düzlüge ölüme,

Reb Isa gelýär.

Masgaralyk, nälet haçyn,

Özünde alyp gelýär.

 

Uzak we bu daşly ýolda,

Gan yzlaryn görýän men.

Hudaýyň gurban guzysy,

Men üçin ejir çekdi.

 

Gogotda ejir çekmäge,

Reb Isa gelýär.

Agy seslerin eşidýär,

Ýolunda Isa.

 

Agyr haçyň astynda Ol,

Güýçden gaçyp ýykyldy.

Adamlar üçin Reb Isa,

Kynçylyga döz geldi.

 

Golgot düzlüge serediň,

Guzy öldürildi.

Günaliler üçin Halasgär,

Haça çüýlendi.

 

Çüý kakylan aýaklara,

Toba edip gelýän men.

Asyrlar boýy Oň bilen

Ýaşamagy isleýän men.

 

Golgotdaky ölümine,

Günäkär seret!

Adamlaryň Halasgäri,

Gujak açyp garaşýar!

 

Onuň öňünde dyza çök,

Günäňi sen Oňa aýt.

Ol günäňi bagyşlaýar,

Saňa ýaşaýyş berýär.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

17th October 2008

Ekin Tymsaly

Ekin Tymsaly

 

Köp halaýyk üýşüp, her şäherden Isanyň ýanyna ýygnananlarynda, Ol tymsal bilen gürrüň berdi: “Bir daýhan ekin ekmäge gidýär. Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň ýakasyna düşýär, olar depelenýär we guşlar gelip, olary çokalaýarlar. Birnäçesi hem daşlyga düşüp, gögeren badyna guraýar. Çünki yzgar ýok eken. Birnäçesi tikenleriň arasyna düşýär, tikenler olar bilen ösüp, olary basýar. Birnäçesi-de gowy ýere düşensoň, gögerip, ýüz esse hasyl berýär.” Bulary aýdansoň: “Gulagy barlar eşitsin!” diýip gygyrdy. Şägirtleri Ondan: “Bu tymsalyň manysy näme? Näme üçin olara tymsallar arkaly gürrüň berýärsiň?”diýip soradylar. Ol şeýle diýdi: “Gögüň Patyşalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara beilmedi. Çünki kimde bar bolsa, oňa berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, elindäki hem ondan alnar. Meniň olara tymsallar bemegimiň sebäbi şu. Çünki gözläp görmeýärler, diňläp eöitmeýärler, düşünmeýärler. Işaýa pygamberiň aýdan öu welilik sözleri olarda ýerine ýetýär: “Gulagyňyz bilen eşidip, düşünmersiňiz; Gözleriňiz bilen gözläp, görmersiňiz; Çünki bu halkyň ýüregi gatady, Gulagy agraldy, Gözlerini-de ýumdylar. Beýle bolmadyk bolsady, Gözleri bilen görüp, Gulaklary bilen eşidip, Ýürekleri bilen düşünip, Maňa tarap öwrülerdiler, Men-de olara şypa bererdim”. Siziň gözleriňiz ne bagtly, çünki olar görýär, gulaklaryňyz ne bagtly, çünki olar eşidýär. Size dogrusyny aýdýaryn, köp pygamberler, dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, ýöne görmediler, siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, ýäne eşitmediler. Indi daýhan hakdaky tymsalyň manysy şeýle: Tohum Hudaýyň Sözüdir. Ýoluň ýakasyna düşen däneler sözi eşidýän adamlary aňladýar. Ýöne olar oňa düşünmäninde, gutulmazlyklary üçin şeýtan olaryň kalbyndan sözi sogrup alar. Daşlyk ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde şatlyk bilen kabul edýän adamlary aňladýar. Ýöne olar kökleriniň ýoklugy üçin, az wagtlaýyn iman edip, synag wagty ýagny bu söz üçin muşakgat ýada yzarlama bolanda imandan dänýärler. Tikenler arasyna düşenler bolsa sözi eşidýänleri aňladýar, ýöne bu ýaşaýşyň gaýgylar, baýlyklary, keýpi-sapasy olary barha bogýar, olar hasyl bemeýärler. Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar. Olaryü käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri-de otuz esse hasyl getirýär”

posted in Kitaplar | 0 Comments

14th October 2008

Isa Mesih -Hudaýyň Sözi!

 

Ebedi Söz jan-ten bolýar

 

“Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady. Onda ýaşaýyş bardy, ýaşaýyş bolsa ynsanlaryň nurudy. Bu Nur garaňkylykda parlaýandyr, garaňkylyk oňa düşünip bilen däldir. Hudaý tarapyndan iberilen bir adam bardy, onuň ady Ýahýady. Ol güwälik etmäge, hemmeleriň özi arkaly iman etmegi üçin Nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Onuň özi nur däldi, ol diňe nur hakda güwälik etmäge gelipdi. Ähli ynsanlary ýagtylandyrýan hakyky nur dünýä geldi. Ol dünýädedi, dünýä Ol arkaly ýaradylypdy, emma dünýä Ony tanamady. Ol Özüniňkilere geldi, Özüniňkiler Ony kabul etmediler. Emma Ol Özüni kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň oglanlary bolma hukugyny berdi. Olar gandan, bedeniň islegi bilen ýa-da adamyň islegi bilen dogulman, eýsem, Hudaýdan doguldylar. Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady…

 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

7th October 2008

Isa Mesih-diri atly iňlis dilinde aýdym!

posted in Radio | 0 Comments

7th October 2008

Kiçijik çaganyň ynamy

Kiçijik çaganyň ynamy

Kiçijik gyzjagaz öz otagyna girdi we gizläp goýan ýerinden bankajygy çykardy. Ol bankaň içindäki ýygnan teňňeleriniň ählisini dökdi-de sanamaga durdy. Olary ýuwaşjadan emaýlyja sanady. “Üç gezek sanamaly, olar anyk dogry bolmaly. Men ýalňyşmaly däldirin” diýip içini gepletdi. Ol gyzjagazy ady Tessdi.

Teňňelerini sanap bolandan soňra olary bankaň içine gaýtaryp saldy-da, gapagyny ýapdy. Soňra öýdäkilerine görünmän, arka gapydan çykyp, ýaşaýan jaýyndan alty ýüz metr uzakda ýereleşen öz köçesiniň soňky başynda ýerleşen Rehall-laryň Dermanhanas diýilýän derman satylýan dükana bardy. Dükanyň gapysynda gyzyl Indeýsler Başlygynyň belligi asylgy durdy.

Kiçijik gyzjagaz ermançynyň özüne üsn bermegine garaşdy, emma ol şol wagt gaty işlidi. Gyzjagaz ünsi özüne çekjek bolup, aýaklary bilen pola uryp ses çykarýardy. Netije bolmady. Iň erbet ses çykarjag meňzäp, damagyny kakmaga başlady. Onda-da oňa üns beren bolmady. Soňunda, ol elindäki bankasyndan bir teňňäni çykardy-da aýna stola uryp başlady. Bu netije berdi.

Dermançy: “Saňa näme gerek? “ diýip sorady we ene-de: “Men şu wagt köp wagt bäri görüşmedik Çikagodaky doganym bilen gürleşýän” diýip gyzjagazyň jogap bermegine garaşman gürledi.

Gyzjagaz bolsa jogap berip: “Bolýa, men hem öz doganym barada gürleşmäge geldimä” diýip nygtap aýdýardy. “Ol gaty erbet keselledi… we men onuň üçin bir gudrat satyn almaga geldim.”

“Men düşünmedim, näme diýdiň?” diýip dermançy haýran galyp sorady.

“Onuň ady Andrew we onuň kellesiniň içinde bir erbet zat ösýärmiş. Kakam aýtdy, ony diňe bir gudrat halas edip bilýärmiş, sizde gudrat näçe baha durýar?” diýip gyzjagaz telmirip sorady.

“Kiçijik gyzjgaz! Biz bu taýda gudratlar satamyzok…saňa ýardam edip bilmeýändigim üçin bagyşlarsyň” diýip dermançy mylakatlyrak bolmaga çalyşdy.

“Meni diňläň, men-deee bu üçin tölemäge pul bar. Eger bular ýeterlik bolmasa, men galanyny hem getirip biljek. Onuň näçe durýandygyny maňa aýdaý!”

Dermançynyň dogany gowyja geýinen bir adamdy, ol aşak egildi-de gyzjagazdan “seniň doganyňa nähili gudrat gerek diýip?” sorady.

“Men bilemok,” diýip gyjjagazyň gözleri ýaşdan doldy. “Men onuň gaty erbet syrkawdygyny bilýän we ejem oňa operasiýa gerek diýýär. Emma meniň kakam ol üçin töläp bilenok, şonuň üçin men gudrat almaga pulymy ulanmakçydym”

Çikagodan bolan adam, “Sende näçeräk puluň bar?” diýip sorady. “Bir dollar we onbir sentim bar, “ diýip, çalaja eşitdirip gyzjagaz jogap berdi. “Mende bar bolan pullar şular, emma… ene-de gerek bolsa men getirerin.”

Ol adam ýylgyryp,“Bolýa, seret bu nähili gabat gelme, bir dollar we onbir sent–kiçijik doganyň üçin gerek bolan gudratyň –edil tölegi…”

Ol onuň puluny bir elinde tutdy we gyzjagazyň kiçijik elini beýleki eli bilen tutup, “Meni ýaşaýan jaýyňyza alyp bar. Men seniň doganyňy we ataň-eneň bilen görüşmek isleýän. Göreliň hany, mende saňa gerek bolan gudrat barmyka,” diýip ýüzlendi.

Ol gowyja geýinen adam, neuro-hirurgiýada belli hirurg, doktor Carlton Armstrongdy.

Gyzjagazyň dogany Andrew üçin operasiýa mugt geçirildi we hemme zat şowly bolup, birnäçe günden soňra ol öýüne dolanyp geldi we sag amandy.

Ejesi we kakasy, olary şu şowly hadysa getiren yzygiderli wakalar hakynda şatlykly gürrüň edýärdiler.

“Operasia- bu hakyky gudrat, ol üçin näçe pul tölemeli bolardy?” diýip ejesi ýuwaşja pyşyrdady.

Gyzjagaz bolsa ýylgyrdy. Ol, bu gudratyň bahasynyň näçedigini bilýärdi…bir dollar we onbir sent…munuň üstesine bolsa– kiçijik çaganyň ynamy!

Isa diýdi:Degmäň, çagalar Meniň ýanyma gelsin, olary bökdemäň. Çünki Hudaýyň Patyşalygy şular ýalylaryňkydyr.Kim Hudaýyň patyşalygyny bir çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez!” Luka 18:16-17

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments