TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Dünýäniň geçegçidigi barada Magtymguly şahyrymyz

30th September 2008

Dünýäniň geçegçidigi barada Magtymguly şahyrymyz

Ýeter sen

Gelen geçer, gonan göçer, adamzat,

Ýöri, sen hem bir menzile ýeter sen.

Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at,

Bu dünýäge gelmiş bolsaň, öter sen.

Gapyl adam ýada salsa asylyn,

Pelek goýmuş ajal atly masylyn,

Gelen-geçse, eken-biçsa hasylyn,

Orta ýerde sen ne işler tutar sen.

Jepa goýma, kaýitmegin bu janyň,

Serişdesi hiç tutdurmaz jahanyň,

Terpendikçe, derdi artar dünýäniň,

Gadam goýsaň, göwräň birler batar sen.

Joşgun geldi, heddin ýardy, söz aşdy,

Bu ýollardan dogry bargan düz aşdy,

Bihuda imesdir ömrüň güzeşti,

Her çäştiňe bir günüňi satar sen.

Duzak durar al kumaşyn, sim-zeriň,

Güzergähiň, tutup durmuş bu ýeriň,

Germ eýlediň, pelek, sen bu bazaryň,

Maglumdyr ki, bu söwdada utar sen.

Magrur olup bu tört günüň dirligne,

Ebed galma kyýamatyň, horlugna,

Ynanmagyl bu dünýäniň, barlygyna,

“Bar-bar” bilen, ýok bolar sen, ýiter sen.

Magtymguly, başyňda ýüz köý bardyr,

Aýry menzil, aýry mekan, jaý bardyr,

Lahat (gabyr) atly dar, düşeksiz öý bardyr,

Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen.

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

30th September 2008

Şöhrat Saňa Asmandaky Atamyz, şöhrat Saňa Gökdäki Rebbim


posted in Radio | 0 Comments

26th September 2008

Ahyrzaman alamatlary…ahyrzaman bolarmy… haçan bolar..

Ahyrzaman alamatlary… ahyrzaman bolarmy… haçan bolar…nähili bolar…men oňa taýynmy???

 

Dünýäde bolup geçýän hadysalar, uruşlar, dawalar, ýer titremeler, tupanlar, terorizm, ykdysady problemalar, bilimiň soňky 50 ýylyň içinde şeýle bir uly depginde ösmegi, dünýäniň bütewileşmegi ýagny tehnologia arkaly, ykdysadyýet we syýasat arkaly bütewileşmegi, munuň ýakyndygynyň alamatymyka… Bular hakynda Mukaddes Ýazgylarda ýazylypmy?

Haýran galdyryjy zat bolsa, ahyrzamanyň boljakdygy we onuň alamatlarynyň 2000 müň ýyldan gowrak öň ýazylan Hudaýyň Sözi diýilip tanalýan Kitaplarda öňünden aýdylyp pygamberlik edilip geçilmegidir. Olary yzygiderli we jikme-jik öwreneniňde dünýäniň nirä barýandygyna göz ýetirýärsiň we Hudaýyň adamzada nädip öňünden olar hakynda duýdyryş berendigine haýran galýarsyň. Hudaýyň olar hakynda öňünden aýtmagynyň sebäbi bolsa biziň ýalan bilen aldanmazlygymyz we hakykata göz ýetirip, Hudaýyň biziň üçin üpjün eden gutulyşyndan mahrum bolmazlygymyz üçin we umytsyzlgyň içinde umytly, galagolplugyň içinde dynçlykdan doly, ýigrenç we gaharyň içinde söýgüden we ýumşaklykdan doly, imansyzlygyň içinde imandan doly bolmagymyz üçin olary bize öňünden bildirýär!

Injilde Isa Mesih bize nämelerden hüşgär bolmagy we nähili alamatlaryň boljakdygyny aýdyp geçipdir: “Isa Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri ekelikde Onuň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: “Bize aýt, bu zatlar haçan bolar? Seniň gelmegiňiň we ahyrzamanyň almaty näme bolar?” Isa olara şeýle jogap berdi: “Ägä boluň, sizi aldaýmasynlar. Çünki köpler: “Men Mesih” diýip, Meniň adym bilen gelerler, köp adamlary aldarlar. Uruş seslerini, uruş turanlygy barada habarlar eşidersiňiz. Ägä boluň, gorkmaň, çünki bularyň bary bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir. Çünki millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde açlyklar bolar, ýer titrär. Emma bular burgularyň başlangyjydyr. Onsoň size gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener. Şonda köpler imandan dänip, biri-birilerine haýynlyk eder, biri-birilerini ýigrenerler. Birentek ýalan pygamberler döräp, köpleri azdyrarlar. Şer işleriň artanlygy zerarly, köpleriň söýgüsi sowar. Emma soňa çenli çydan halas bolar. Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzaman şonda geler. Şeýlelik bilen, Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň (Antiçhrist) mukaddes ýerde (ýagny Iýerusalimdäki ybadathanada) duranyny göreniňizde, Ýahudadakylar daglara gaçsyn. Öýüň üçegindäki –öýünden bir zat almak üçin aşak inmesin. Ekin meýdandaky-donuny almak üçin yzyna öwrülmesin. Ol günlerde göwreli we çaga emdirýän aýallaryň gününe waý! Gaça-gaçlygyň gyş ýa Sabat güni bolmasyn diýip doga ediň. Çünki şonda uly muşakgat bolar, beýle muşakgat dünýäniň başyndan tä şu wagt çenli bolanam däldir, bolmazam. Ol günler gysgaldylmadyk bolsady, ond, hiç kim halas bolmazdy, ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar. Şonda bir size: “Ine, Mesih şu ýerde” ýa-da “Ine, ol ýerde” diýse ynanmaň. Çünki ýalan mesihiler, ýalan pygamberler döräp, mümkin boldugyça, saýlananlary-da azdyrjak bolup, uly alamatlar, gudratlar görkezerler. Ine, Men size öňünden aýtdym. Şeýlelikde, size: “Ine, Mesih çölde” diýeseler-de çykmaň, “Ine, içki otaglarda” diýseler-de ynanmaň. Çünki ýyldyrym nähili gündogardan turup, günbatarda hem görünýän bolsa, Ynsan Oglunyň (Isa Mesihiň) gelşi hem şeýle bolar. Maslyk nirede bolsa, garaguşlar şol ýere üýşüşýändir. Ol günleriň muşakgatynyň yzysüre Gün garalar, Aý yşygyny bermez, ýyldyzlar Gökden gaçyp, Gök gudratlary titrär. Onsoň Gökde Ynsan Oglunyň alamaty görner, şonda ýer ýüzüniň bütin taýpalary perýat eder, Ynsan Oglunyň Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer. Ol Öz perişdelerini belent surnaý sesi bilen ýollar. Olar-da Onuň saýlananlaryny dört tarapdan, Gögüň bir üjundan ol ujuna çenli ýygnarlar. Injil agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykara mahaly tomsuň golaýdygyny bilýärsiňi. Şonuň ýaly-da, bu zatlary göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. Men size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlar bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. Gök hem ýer öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez.”

 

Bu aýatlar bize gaty köp hakykatlary we hatda käbir jikme-jiklikleri aýan edýär we biziň nämelerden ägä bolmalydygymyz hem ýatladýar. Ahyrzamanyň bolmagynyň iň esasy wakasy hem Isa Mesihiň dünýä ikinji gezek gaýdyp gelmegi bilen baglanyşyklygydyr.

Bu tekst bize soňky günleriň gelmeginiň öň ýanyndan bolup geçýän wakalary aýdýar: uruşlar bolar, millet-millete, patyşalyk-patyşalyga garşy, açlyk bolar, ýer titrär. Bular heniz burgularyň başlangyjydygyny aýdýar. Ikinji bir iň wajyp kriteriýa hem Isa Mesihe iman edenler, ýagny “saýlananlar”, diýilýänler bilen baglanyşykly. Olar barada Ýazgy şeýle diýýär: “Onsoň sizi gaýga basdyrarlar, öldürerler, Meniň adym üçin hemme milletler sizi ýigrener.”

Üçünji bir bagly zat Hoş Habar (Injil) bilen baglanyşykly. Ýazgy bu barada şeýle diýýär: Patyşalyk baradaky Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler, ahyrzaman şonda geler.”

Dördünji bir bagly zat, “weýrançylyk getirýän ýigrenji” bilen baglanyşykly. Ýazgy bu hakynda şeýle diýýär: “Daniýel pygamber tarapyndan agzalan weýrançylyk getirýän ýigrenjiniň mukaddes ýerde duranyny göreniňizde…” Bu barada Mukaddes Ýazgynyň başga ýerinde “ Mesihe garşy göreşiji, Antiçhrist, bikanun adam, heläkçilik ogly” diýilip agzalyp geçilýär.

Başinji bir belläp geçmeli zat, ol günlerde köp ýalan pygamberleriň gelmegi we hatda men “Isa Mesih” diýip geljekleriň boljakdygy we  adamlary azdyrmagydyr.

Özüniň nädip geljegini bolsa Isa Mesih doly düşündirip geçýär we özüne iman edenleriň Onuň aýan eden bu taglymatyna bagly galmagy we başga zatlara ynanmazlygy, aldanmazlygy we soňuna çenli çydamagy öwredýär. Munuň üstesinede, Özüniň gaýdyp gelmegi bilen olara täze umyt berýär. Isa Mesih gelende gudrat hem uly şöhrat bilen geler. Ol Öz perişdelerini ýer ýüzüne ýollar we olar hem Onuň saýlananlaryny Isa Mesihiň ýanyna ýygnar! Isa Mesih “antikristi, ýigrenjini” demi bilen, gelmeginiň haýbaty bilen ýok eder!

Bu bolup geçjek wakalaryň astynda galyp umytsyzlykdan, Hudaýyň höküm gününden gutulmak üçin, baky jeza bolan dowzahdan gutulmak üçin nähili çykalga bar? Hudaýyň çykalgasy, gutulyşy eke-täk, ene bir gezek bu okan tekstimiziň tassyklaýşy ýaly, Isa Mesihdedir! Hudaý Isa Mesihi biziň günälerimiziň tölegini tölemäge Halasgär hökmünde Gökden ýollady, Ol “Gurbanlyk guzy” hökmünde ezýet çekdi we öldürili, jaýlandy emma şeýtanyň güýji we ölüm ony ölüler diýarynda saklap bilmedi, Ol ene-de direldi we Göge galdy. Ol ene-de geler! Hudaýyň bu gutulyş ýoly baradaky Hoş Habar ähli milletler arasynda güwälik hökmünde wagyz edilýär, belki sen hem bu barada kimdendir birinden, nämedir bir zat arkaly eşidensiň, eşitmedik bolsaň onda ene bir gezek Hudaý saňa, ine bu ýazylanlar arkaly hem Hoş Habaryny saňa aýan edýär. Ölüm ýada ahryzaman gelmezinden öň biziň “saýlananlaryň” hataryna, ýagny Isa Mesihe hak ýüzünde iman edenleriň hataryna goşulmagymyz gaty wajypdyr. Şonda bizde geljege bolan umyt, hak iman we baky ýaşaýyş bolar! Sen saýlananlaryň hataryndamy? Ýada sen “ýalan mesihleriň” ýalan pygamberleriň ýolundamy? “Ýigrenjiniň, Hoş Habaryň we Isa Mesihiň garşysyna göreşijiniň tarapyndamy?

Bu soraglara çyn ýüregiňden jogap ber! Çünki muňa berjek jogabyň we Isa Mesihe bolan imanyň seniň bakyýetdäki ykbalyňy kesgitleýär we ahyrzmanda boljak ahwalyňy anyklar! Bu gün gutulyş güni, diýlişi ýaly, bu gün çözgüt çöz, giç bolaýmasyn!

Eger sende käbir soraglar bolsa, hemme zadyňy goýda sorap öwren, dindarlaryň ýada başga dindäkileriň diýýänlerine esaslanyp ýalňyşma, Hudaýyň hakykat çeşmesi bolan we Isa Mesih barada original çeşme bola Injile salgylan we onda ýazylanlara iman getir!

Saňa elbetde “Injil üýtgedilipir, okama, diňe şujagazda ýazylanlar ýeterlikdir, ol başgalaryň dini, bizde täzesi bar” diýýänler tapylar… Emma Isa Mesihiň aýdan diňeje şu sözleri hem olaryň seni aldawa salmaga çalyşýandyklaryny we şeýle diýip öwredýänleriň “Mesihe garşy göreşijiniň, antikristiň” ruhy bilen ideklenýändiklerini paş edýär.

Isa Mesih şeýle diýdi: “Gök hem Ýer öter, ýöne Meniň Sözlerim asla ötmez!”

Imansyz bolma, imanly bol! Eger imanly bolup, Hudaý bilen baky bolmaga saýlananlaryň arasynda bolmak islegi bolsa we saňa ene-de düşündirilmek zerur bolsa, biziň bilen habarlaş!

Eger bu ýazylanlar hakynda sende pikirleriň bar bolsa aşakda komentler bölümde öz pikiriňi galdyryp bilersiň!

posted in Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments

24th September 2008

Süleýman Pygamberiň Pähimleri 5-nji Bap

5-nji bap

1-2 Oglum, akyllylygy gorar ýaly,

dodagyň bilimi gorar ýaly,

meniň danalygyma üns ber;

sünjäme gulak as.

3 Çünki bozuk aýalyň dodagyndan bal damýandyr,

sözleri ýagdan ýumşakdyr.

4 Emma soňunda ýowşan ýaly ajydyr,

iki ýüzli gylyç ýaly ýitidir.

5 Onuň aýaklary ölüme,

ädimleri ölüler dünýäsine tarapdyr.

6 Ol ýaşşa barýan ýol barada oýlanmaýar;

Ugry bulaşyk,

özi muny bilmeýär.

7 Şonuň üçin, ogullarym, meni diňň,

agzymyň sözlerinden çykmaň.

8 Ol aýaldan gaça duruň,

onuň bosagasyna ýakynlaşmaň.

9 Ýogsa abraýdan düşersiň,

zalyma bergidar bolarsyň.

10 Çeken azabyň hözirini başgalar görer,

gazanjyň özgäniň öýüne gider.

11 Ah çekip nalarsyň ömrüň soňunda,

teniň hem bedeniň guranda.

12 Diýersiň şonda: «Men näme üçin terbiýäni ýigrendim,

ýüregim-de käýinji ret etdi?

13 Mugallymlarymy diňlemedim,

öwredýänlere gulak asmadym.

14 Jemlenen jemagatyň öňünde,

tas masgara bolupdym».

15 Suwy diňe öz howzuňdan,

öz çesň akaba suwundan iç.

16 Çesmeleriň köçelere,

bulaklaryň meýdançalara ýaýrasynmy?

17 Olary özge bilen paýlasma,

olar diňe özüňki bolsun.

18 Bulagyň suwlary ak pataly bolsun,

ýaslykda öýleneniňe guwan.

19 Ol bir söýgüli sugun, näzik maral ýalydyr,

onuň göwüsleri seni gandyrsyn.

Mydama keýpli joş.

20 Oglum, seni näme üçin başga aýal josdurmaly?

Näme üçin zynahor aýaly bagryňa basjak?

21 Ynsanyň ýollary Rebbiň gözüniň alnyndadyr,

olaryň ähli ýodalaryny synlaýandyr.

22 Ýaramazlar öz etmisinde tutulyp,

günälerine baglanýarlar.

23 Olar terbiýesizlikden ölerler,

aşa akmaklygyndan azaşarlar.

posted in Kitaplar | 0 Comments

19th September 2008

Süleýmanyň Pähimleri 4-nji bap

Süleýman Pygamberiň pähimleri

4-nji bap

1 Ogullarym, dinn ataňyzyn öwüt-terbiýelerini,

sünje almak üçin gulak asyn.

2 Çünki size gowy bilim berýärin,

menin öwüdimden ýüz öwürmäň.

3 Menem atamyň perzendi boldum,

enemiň eý görýän ýalňyzydym.

4 Atam maňa seýle öwretdi:

«Sözlerimi ýüregiňe bagla.

Süleýmanyň pähimleri

Buýruklarymy berjaý et, sonda ýasarsyň.

5 Danalyk al, paýhasa eýe bol.

Aýdanlarymy unutma, sözümden çykma.

6 Danalykdan aýrylma, ol seni gorar;

söý ony, saňa gözegçilik eder.

7 Danalygyň basy şudur — ona eýe bol.

Bir zat satyn alsaň — paýhas al.

8 Ona hormat goý, ol seni göge göterer;

ony bagryňa bas, ol seni söhratlandyrar.

9 Başyna güllerden boglan ajaýyp täç geýdirer;

öwüşginli täji serpaý eder».

10 Diňle, oglum, aýdanlarymy kabul et,

uzalar ömrüň.

11 Saňa danalyk ýollaryny öwretdim,

dogrulyk ýodalaryndan ýöretdim.

12 Ýöräniňde aýagyňa päsgelçilik bolmaz;

ylganyňda büdremersiň.

13 Terbiýä berk ýapyş.

Ony goýberme, ony gora.

Çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr.

14 Ýaramazyň ýodasyna gadam basma,

ýöreme ýamanlaryň ýolundan.

15 Daş dur şol ýoldan.

Ondan gitme.

Ondan sowlup geç.

16 Çünki ýamanlyk etmeseler uklap bilmeýärler;

birini büdretmese, gözi bürülmez.

17 Olar ýaramazlyk nanyny iýýärler,

zalymlyk şerabyny içýärler.

18 Ýöne dogruçyllaryn ýodasy daň sapagy ýalydyr,

gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.

19 Ýaramazlaryn ýoly tüm-garaňkylyk ýalydyr,

olar nämä büdrändigini bilmeýärler.

20 Oglum, sözlerime üns ber,

aýdýanlaryma gulak as.

21 Olary gözüňden salma,

ýüregiň töründe sakla.

22 Çünki olary tapana ýaşaýyş,

tenlerine şypa berler.

23 Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora,

çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.

24 Agzyňdan egriligi,

diliňden hilegärligi aýyr.

25 Gözleriň dogry öne seretsin,

nazaryň göni öňe dikilsin.

26 Aýak basjak ýodaňy dogrula,

şonda ähli ýollaryň berk bolar.

27 Saga-sola sowulma,

ýamanlykdan daş dur.

posted in Kitaplar | 0 Comments

17th September 2008

Sen ölersiňmi?

Sen ölersiňmi? Hawa

Hawa, sen bir gün ölersiň. Bu, ýerine etjegi anyk bolan statistikadyr: 10-dan 10-ysy hem öler.

Eger seniň ýüregiň şu wagtyň özünde dursa, sen janyňyň senden gidip barýan azajyk döwründe nähili bolarsyň? “Beýle zat meniň bilen hiç haçan bolmaz.” –diýip özüňi aldamakdan el çek! Ölüm başgalar bilen bolup geçýär diýip pikir etmek ynsanlaryň häsiýetine mahsusdyr. Emma her gün 150 000 adam ölýär, olaryň şu wagt bakyýetdedigine şubhe ýok, olaryň her biri hem seniň ýaly —ölüm “meniň bilen bolup geçmez” diýip oýlanypdy.

Ol gün gelende, sen Hudaýyň hökümi bilen duşmaly bolarsyň. Şonuň üçin, seniň soramaly iň wajyp soragyň: “Men jennete kabul edilerinmi?” diýen sorag bolmalydyr. Muny bilmek üçin gysgaça barlag: Sen ýalan geplediňmi, ogurlyk etdiňmi ýada Hudaýyň adyny nähak ulandyňmy? Isa Alehsalam şeýle diýipdi: “Bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm zyna edendir” Sen kimdir birine azgyn nebis bilen seretdiňmi? Höküm günde sen günäkär bolarsyňmy? Eger biz şu ýokarda agzalan zatlary eden bolsak, onda Hudaý bizi ýalançy, ogry, Hudaýa dil ýetiren, zynagär hasaplaýar.

Hudaýyň gören seniň pikiriňde ýada hereketiň bilen eden zatlaryňy ýüregiňe ýagty saçyp görkezmegini Hudaýdan sora. Onuň mukaddes gözlerinden hiç bir zat gizlin däldir. Eger Hudaý saňa etmişiňe laýyk adalatlylyk görkezse onda sen bakyýeti elhenç dowzahda geçirmeli bolarsyň. Hudaý bolsa muny seniň üçin islemeýär. Seniň Hudaýyň jezasyndan halas bolmagyň üçin Isa Mesih seniň eriňe haçda ezýet çekdi we öldi. Ine nä derejede Hudaý seni söýýär. Biz Hudaýyň Kanunyny bozduk, ýöne Isa Mesih jezany töledi. Soňra Ol ölümden direldi we ölümi eňdi. Eger sen günäleriň üçin toba etseň we Oňa bil baglasaň, Hudaý seniň günäleriňi bagyşlar we saňa baky ýaşaýyş berer.

“Durmuş” diýilen zatda bizde diňe bir gezek mumkinçiligimiz bar. Bu baky ýaşaýyş mumkinçiligini elden giderme. Hoş Habara bu gün boýun bol. Soňra bolsa Mukaddes Ýazgyny her gün oka we onda ýazylanlara boýun bol, Hudaý bolsa seni hiç haçan taşlamaz!

Eger sen bu ýazgy bir akmaklykdyr diýip oýlansaň, onda sen maňa aýt: ölmejegiňe sende ynam barmy. Elbetde seniň haçan öljegiňi aýdyp biljek tapylmaz, emma her bir ynsanyň öljegi welin anykdyr.

Ýöne göz öňüne getirip gör, eger sen “sunami” tupanynda 229.200 adamyň Indonesiada, Şri Lankada, Indiada, Tailanda ölen döwri bolan 2004 ýyldan öňrak bir wagta gaýdyp baryp bilsediň. Sen näme ederdiň? Eger sen “geljekde boljak zatlary görendigiňi” adamlara aýdyp duýduryp başlan bolsaň we olaryň bu betbagtlykdan gutulmaklary üçin öňünden taýýarlyk görmelidiklerini aýdan bolsaň, olaryň köpüsi seni aklyndan azaşan diýerdiler. Emma näme hakyky akmaklyk bolardy…elbetde sen hiç bir zat etmedik bolsaň.

Dost oýlan, Hudaý geljegi bilýär. We Ol “Sunamiden” hem elhenç zadyň geljekdigini duýdurýar… ol Höküm Güni, ol günde sen Hudaýyň öňünde durmaly bolarsyň.

Aý men muňa ynanmaýaryn diýmegiň, hiç bir zady uýtgetmeýär. Bu, gara ýoluň orta arasynda durup, “Men maşyna ynanamok” diýýänçäň biriniň seniň kakyp geçmegine meňzeýär.

Ölüm gelýär, Hudaý seni Höküm eder we Dowzah bolsa Onuň kanuny bozanlar üçin tükenmez bolan ezýet türmesidir. Bilýäňmi näme hakyky akmaklyk bolardy…eger biz saňa muny aýtmadyk bolsak.

Bu hakykata göz etiren bolsaň onda günäleriň üçin toba et we Hudaýyň Özüniň seniň üçin berýän gutulyş ýoly Isa Mesihi kalbyňa kabul et!

Sen Hudaýa şeýleräk sözler bilen ýüzlenip bilersiň:

“Hudaýym, men seniň öňüňde eden günälerim üçin ökünip toba edýärin, meni bagyşla. Isa Mesih men saňa minnetdar, sen meniň günälerimiň tölegini, jezasyny tölemek üçin haçda ezýet çekdiň we janyňy berdiň. Men saňa öz halasgärim hökmünde ynanýaryn. Hudaýym meniň durmuşymy öz eliňe al we meni Öz erkiň bilen ýöret. Omyn”

Eger sen şeýle dileg bilen ýüzlenen bolsaň we Hudaýyň Sözi bolan Injili okamak isleseň bize hat ýaz!

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

16th September 2008

Olum barada oylanma…

Tmolympiad Turkmen websitynda Bayram diyen ildeshimizing doreden “olum…” baradaky blogyna jogap hokmunde diplomat ildeshimizing beren jogabyny bu websitymyzda goymagy makul bildik! Bilshimiz yaly olum bizing gundaki durmushda yakynlarymyzda, il-gunumizde, yada dash yerlerden eshidyan habarymyzdyr, kop yagdaylarda oluming bize tasiri yetmejek yaly onung bardygyny yatlamazlyga chalyshyarys, yada gormezlige salyarys. Emma, gynansakda, olum durmushda bir gunden bir gun her bir ynsanyng yuzbe-yuz bolmaly faktydyr. Bu sebapden ol barada oylanmak we tayyarlykly bolmak durmushdaky ing gayry goyulmasyz mesele diyip biz hasaplayarys! Bu ashakdaky oylanmany okamak size peydaly bolar diyip, bu jogaby bu yerde yerleshdirmegi makul bildik! Eger bu hakynda pikirleriniz bar bolsa, ashakda komentirlap bilersiniz!!!

Bayram sening beren soragyng durmushda oylanmaly bolan ing wajyp soraglaryng birimika diyip men pikir edyarin. Bir gun gelip oljekdiging we olume goruljek tayyarlyk bu adam uchin gaty wajyp zat. Chunki olum bilen bakyyete gechish kesgitlenyar, olum bu gapy yaly bir zat bolup bizi ruhy dunyani doly gormage akidyar. “Shu gun oljek kimin, olume tayyarlykly bol, hich hachan olmejek kimin gowy ishleri et, yagshylyk et, Hudayy we ynsanlary butin angyng, kalbyng we guyjung bilen soymek bilen meshgul bol!”
Olumden gorkmagyng bir tarapy bolsa, oluming getirjek ezyetleri yagny ruhy we fiziki agyry bolup dursa, beyleki tarapdan olumden sonra boljak zatlara bolan umytsyzlyk, shu hem ing bizi gorkuzyan zat bolup duryar. Yagny, nire barjagymyzyng nabelliligi, jennetmi yada dowzahmy, diri Hudayng onunde durmaga bolan gorky. Munung sebabi hem bizing Huday baradaky we Onung biz baradaky pikirlerini bilmeyandigimizden, we bu baradaky pikirlerimizing adamlaryng pikirlerine esaslanyp, Hudayng hakykatyna esaslanmandygy uchin bolup gecyar! Hudayng hakykaty bolsa, olumden song namening garashyandygyny bize anyk bildiryar. Bu bolsa bar bolan Biribar bilen diri shahsy aragatnashyk yola goylan yagdayda sheyle bolup bilyar. Yaradyjy Huday bilen Erem bagynda yitirilen bu shahsy aragatnashgy, Hudayng ozi dikeltmek uchin yol achdy. Bu aragatnashgyng dikeldilmegine hem Hosh Habar diyilyar we Ol arkaly Huday bize olumden sonky yashaysha, yagny gurply ajayyp yashaysha bolan diri umydy beryar! Muny bolsa Hudayng doreden bu Yoluna iman edip, kabul edip yetip bolyar! Huday olumi endi, biz olsek hem ene direljegimizi we Huday bilen yashajagymyzy Ol wada berdi. Ine kabir Injilden bolan Hudayng sozleri: “…sonky surnay chalnanda, birden goz achyp-yumasy salymda uytgediljekdiris. Chunki surnay chalynjak, oluler chuyremez bolup, direljek, biz uytgediljekdiris. Sebabi bu chuyreyan chuyremezligi geymelidir. Bu chuyreyan chuyremezlik, bu olumli chuyremezlik donuny geyende, ” olum enishde yuwdyldy” dien soz yerine eter.” Ey olum, hany sening yengshing? Ey oluler diyary, hany sening tikening?” Oluming tikeni gunadir, gunaning guyji bolsa kanundyr. Emma Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize yenshi yhsan eden Hudaya shukur!…Mundan song bir taze Gok bilen bir taze Yer gordum. Chunki onki Gok , onki Yer aradan ayrylypdy. Indi deniz hem yokdy. Onsong men oz adamsy uchin tayyarlanan bezegli gelin yaly, Gokden Hudayng yanynda ashak inip gelyan mukaddes shaher taze Iyerusalimi gordum. Gokden bir batly sesing sheyle diyenini eshitdim: “Hudayng chadyry shindi ynsanlaryng arasynda. Huday olar bilen bile yashar. Olar Onung halky bolar, Hudayng Ozude olaryng arasynda bolar. Ol olaryng gozlerinden ahli yashlarynyy supurer. Indi ne olum, ne yas, ne agy, ne-de agyry bolar. Chunki onki zatlar aradan ayryldy. Tagtyng ustunde Oturan: “Ine, ahliz zady tazeleyarin” diydi!” Eger hak imanda bolsang onda Hudayng shaherinde bolmak mumkinchiligi bolar we ol sheyle bir ajayp welin heniz adam yuregi hyal edip we dushundirip bilen daldir! Her birimize shol Hudayng oyunde bolup bilmek arzuwyny edyarin!

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

16th September 2008

Dogrulyk Ýoly 2

Bu sahypada siz biziň “Dogrulyk Ýoly” atly radio gepleşiklerimizi diňläp bilersiňiz. Bu radio gepleşikleri radio üsti bilen hem Türkmenistanyň her bir künjeginde hem diňläp bilersiňiz. Ine şu aşakdaky wagtlarda we tolkunlarda siz biziň radio eşitdirmelerimizi diňläp bilersiňiz: Her gije sagt 22:25-22:40 aralygynda, Orta Tolkunlaryň (AM/MW) 1467kgs (204m), 864 kgs (347m) we gysga tolkunlarda (SW) 5855 kgs (49m)

“Догрулык Ёлы”2

posted in Radio | 0 Comments

12th September 2008

Dogrulyk Ýoly!

Bu sahypada siz biziň “Dogrulyk Ýoly” atly radio gepleşiklerimizi diňläp bilersiňiz. Bu radio gepleşikleri radio üsti bilen hem Türkmenistanyň her bir künjeginde hem diňläp bilersiňiz. Ine şu aşakdaky wagtlarda we tolkunlarda siz biziň radio eşitdirmelerimizi diňläp bilersiňiz: Her gije sagt 22:25-22:40 aralygynda, Orta Tolkunlaryň (AM/MW) 1467kgs (204m), 864 kgs (347m) we gysga tolkunlarda (SW) 5855 kgs (49m)

“Догрулык Ёлы” 1

posted in Radio | 0 Comments

8th September 2008

Isa Mesihin adamzady gunalerinden we dowzah odundan halas etmek uchin cheken jebir-ezyetleri (Passion of Christ)

1-nji Bolum
2-nji Bolum
3-nji Bolum
4-nji Bolum
5-nji Bolum
6-njy Bolum
7-nji Bolum
8-nji Bolum
9-njy Bolum
10-njy Bolum
11-nji Bolum
12-nji Bolum

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments