Durmuşyň Maksady hakynda söhbet

Isa Mesihe degişli ýygnanyşygyň ruhy hyzmatçysy Rik Warren bilen geçirilen interwýu.

Rik Warreniň aýaly rak keseli bilen kesselände, özüniň bolsa kitaplaryny satmak bilen şeýle uly “maddy baýlyga” eýe bolan günlerinde, onuň kalbyndan çykýan akylly sözleri eştimek siziň üçin hem ýakymly bolar. Bu ol bilen geçirilen gysgajyk gürrüňdeşligiň iňlis dilinden terjimesi.

“Maksat bilen hereket edýän Durmuş” atly kitabyň awtory we Kaliforniadaky Saddlebaçk ýygnagynyň ruhy çopany.


“Adamlar menden, “Durmuşyň maksady näme?” diýip soraýarlar. Men olara şeýle jogap berýärin: Durmuş bu bakyýete bolan taýýarlykdyr. Biz baky ýaşamak üçin ýaradyldyk we Hudaý biziň Ol bilen jennetde bolmagymyzy isleýär.

Bir gün meniň ýüregim urmasyny goýar, şol günde meniň tenimiň ölmeli wagty gelýär—emma bu meniň soňum däl.

Men takmynnan 60 ýaşdan 100 ýaş töwerekleri erde durmuş geçirmegim mumkin, emma trilionça ýyllar men bakyýetde geçirjekdirin. Bu sebäpden erdäki durmuş wajyp zadyň öňünden taýýarlyk görüp gyzyşmak ýada oýunyň öň ýanyndan taýýarlyk görmek ýalydyr. Hudaý biziň gökde baky meşgul boljak zatlarymyzy, erde praktikadan geçirip görmegi isleýär.

Biz Hudaý tarapyndan we Hudaý üçin ýaradylandyrys we sen muňa durmuşyňda göz ýetirýänçäň, ýaşaýşyňyň manysy bolmaz.

Durmuş bu yzygiderli bolýan problemalar toplumydyr: ýa sen şu wagt bir problemaň içinde, belkide ol birinden çykyp barýansyň, ýada ene bir problema girip barýansyň.

Munuň şeýlediginiň sebäbi bolsa, Hudaý seniň komfort ýagdaýyň dälde, seniň häsiýetiň barada gyzyklanýandyr.

Hudaý seniň durmuşyňy bagtly etmek bilen däl-de, mukaddes etmäge gyzyklanýandyr.

Biz käbir derejede erde wagtymyz bagtly bolup bileris, emma bu durmuşyň maksady däldir. Durmuşymyzyň maksady, häsýetimizde ösmek, Isa Mesihe meňzemekdir.

Geçen ýyl meniň durmuşymda iň bir belent ýyl boldy, ýöne şol bir hatarda iň bir kyn ýyl boldy, çünki meniň aýalym Key rak keseli bilen kesseledi.

Men öňler, durmuş depelere we julgelere meňzeş—sen garaňky wagtdan geçýäň, soňra dagyň depesine çykýaň, şeýle hemişe gaýtalanýar diýip pikir edýärdim. Men indi beýle pikir edemok.

Durmuş depeler we julgeler bolmagyndan ötri, durmuş demir ýolundaky iki sany demir relslere meňzedýärin, muňa meňzäp hemişe durmuşyňda bir tarapdan gowylyk we beýleki tarapda erbetlik bolup geçýär.

Durmuşyňda nähili gowylyk bar bolsa hem, şol taýda hemişe hem seniň iş salyşmaly erbetlik hem bardyr.

Durmuşyň nähili erbet bolsada, Hudaýa minnetdarlyk bildirmeli nähilidir bir gowylyklar hem durmuşyňda bardyr.

Sen durmuşyňdaky maksatlara ýada ondaky problemalara üns berip ýaşap bilersiň.

Eger sen problemalaryňa üns berip ýaşasaň, durmuşyňda “men-merkezlige” uçraýaň, ýagny “meniň problemam, meniň aladalarym, meniň jepam…” Emma jebir jepalardan dynmagyň bir aňsat ýoly bolsa, unsi özüňden aýyrmak we ony Hudaýa we beýlekilere gönükdirmekdir.

Müňlerçe adamlaryň dileg-ýalbarmalaryna seretmezden, aýalym Keýi Hudaý sagaltmajakdygyna we ol üçin eňil etmejekdigine tizden tiz göz etirdik.

Bu ol üçin gaty kyn boldy, ýöne Hudaý onuň häsýetini berkleşdirdi, başgalara hyzmat etmek üçin hyzmat berdi, oňa şaýatlyk berdi, ony Özüne we adamlara ýakynlaşdyrdy.

Sen durmuşyňda, ikisi bilen hem, ýagşylyk we ýamanlyk bilen hem iş salyşmagy öwrenmeli bolarsyň.

Dogrusyny aýtsam, kämahal gowylyk bilen iş salyşmak kynrak bolýar. Mysal üçin, geçen ýyl, kitabymyň 15 miliony satylanda, birdenkä men gaty baý adam boldym.

Bu şol bir hatarda, meň tejribämde öň bolmadyk gaty uly meşhurlyk hem getirdi. Hudaý adama arkaýyn durmuşda ýaşasyn ýada diňe şahsy bähbidi üçin, men-menligi üçin meşhurlyk ýada pul bermeýär.

Bu sebäpden men bu pul bilen, meşhurlyk bilen we täsirlilik bilen näme etmelidigimi Hudaýdan sorap başladym. Ol maňa Mukaddes Ýazgylardan iki dürli aýatlary berdi, şolar hem meniň näme etmelidigimde kömek etdi. Ol aýatlar 2 Korintoslar 9-njy bap we Mezmur 72.

Ilki bilen, gelýän pullara seretmezden, hiç hem öňki durmuş dolandyryşymyzy uýtgetmeris dien çözgüde geldik. Biz hiç hili uly zatlary satyn almadyk.

Ikinjiden, geçen ýylyň ortalarynda men ýygnanyşygymyzdan ruhy çopan bolup işleýändigim üçin aýlyk almazlygy çözdüm.

Üçünjiden, “Parahatlyk Çäresi” atly gurama döretdik, bu guramanyň maksady bolsa hudaýhon liderleri etişdirmek, garyplara ýardam etmek, keselleriň aladasy etmek we geljekgi nesli bilimli edip etişdirmekdir.

Dördünjiden, geçen 24 ýylyň içinde ýygnakda (kilise) eden hyzmatym üçin maňa tölenen aýlyklaryň hemmesini hasaplap yzyna gaýtaryp berdim. Bu bolsa meni Hudaý mugt hyzmat etmegime meni erkin etdi.

Biz şeýle diýip sorag bermeli: Men zat üçin ýaşajakmy? Meşhurlyk üçinmi?

Men basyşlar netijesinde durmuşymy herekete getirjekmi? Günäkärlik duýgusy bilenmi? Gazaplanmak? Materializm bilenmi? Ýada men Hudaý meniň durmuşym üçin maksatlary bilen herket ederinmi?

Men her gün irden oýananymda, düşegimiň gyrasynda oturýaryn-da, şeýle diýýärin: Hudaýym, eger men bu gün hiç bir zat edip bilmesem-de, Seni köpräk tanamak we gowyrak söýmek isleýärin. Hudaý meni bu ýaşaýyşda, diňe bir erine etirmeli bolan işler sanawyny berjaý etmek üçin goýmady. Ol meniň näme erine etirýändigimden ötri, meniň nämedigim bilen köp gyzyklanýar.

Bu sebäpden biz işleýän ynsan diýip däl, ýaşaýan ynsan diýip at berildik. (Ýaşamak üçin işläp bolýar, emma işlemek üçin ýaşamaly däldiris)

Bagtly pursatlarynda, HUDAÝA ÖWGI AÝT

Kyn pursatlarda, HUDAÝY GÖZLE.

Parahat pursatlarda, HUDAÝA SEJDE ET.

Jebir-jepaly pursatlarda, HUDAÝA BIG BAGLA.

Her bir pursatda, HUDAÝA MINNETDAR BOL.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *