Baky dünýä bar Sen eken…
posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

Tümlükden Ýol açýan biri bar.
“Ýüregiňiz gysmasyn. Hudaýa iman ediň, Maňa iman ediň. Atamyň öýünde mesgenler köpdür; şeýle bolmasa, Men size “Ýer taýýarlamaga barýaryn” diýermidim? Gidip ýer taýarlanymdan soň, siziň hem Öz ýanymda bolmagyňyz üçin ýene gelip, sizi Özüm bilen alyp giderin. Siz Meniň nirä brýanymy, ýoly bilýänsiňiz”. Tomas Oňa: “Ýa Reb, biz Seniň nirä barýanyňy bilmeýäris, ýoly nädip bileli?”diýdi. Isa oňa şeýle diýdi: “Men –Ýol, Hakykat we Ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez. Meni tanasaňyz, Atamy-da tanarsyňyz. Siz mundan beýläk Ony tanaýarsyňyz, Ony gördüňiz”. Filipus Oňa: “Ýa Reb, Atany bize görkez, bize şol bolýar” diýdi. Isa Oňa şeýle diýdi: “Eý Filipus, Men siziň bilen şeýle köp wagt bolsam-da, Meni tanamadyňmy? Meni gören Atany-da görendir. Seniň “Atany bize görkez” diýmäň näme?…” Ýahýa 14:1-9
posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments
Hudaýyň gudraty hakyndaky iňlis dilinde edilen gürrüňden bir parça. (Iňlis dilini bilýän ildeşlerimiz üçin)
Isa Mesih -“Görünmez Hudaýyň keşbi, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oldur. Sebäbi Gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimýetleri, hökümdarlyklary ygtyýarlary—baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy. Her zatdan ozal bar Oldur, bütin zatlar Ol arkaly ýerbe-ýerdir.” Koleseliler 1:15-17
posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

Uzak ýurtdan hat
Size Abdyl Kadyr hakdaky gürrüňi diňlemegiň gyzykly boljakdygyny men bilýärin. Onuň ata-enesi ýogalypdy. Ol wagt Abdyl heniz iki hem ýaşamandy. Olar öz ogluna uly baýlyk we birnäçe jaýlary miras galdyrdylar. Çaga we onuň emlägine kakasynyň dogany hossarlyk edip ugrady. Adaty şertlerde şeýle ylalaşyk doly amatly bolardy. Emma Abdylyň daýysy örän zalym adamdy. Ol çagany başga bir daş ýerdäki garyndaşlarynyňka iberdi, olar-da çaga barada hiç bir alada etmeýärdiler. Soňra daýysy Abdyl Kadyr ölüpdir dien myş-myş ýaýratdy. Ol özüniň şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin Abdylyň emlägini satyp, pullary harçlapdy.Abdyl ulalanda ol özüniň adamlaryň rehmine mätäç, öýsüz-öwzarsyz ýetimdigine göz etirdi. Şu döwürden başlap, ol bir döwüm çörek üçin meýdanda agyr zähmet çekmelidi. Şonuň netijesinde ol zordan okamagy we ýazmagy öwrendi. Ýyllar geçip, Abdyl ýigrimi iki ýaşady. Bir gün giç agşam, eke özi öýünde otyrka, oňa öz adyna iberilen bir bukja gelip gowuşdy. Ol –hatdy! Siz onuň togunmasyny bir görsediňiz! Ertesi ol meýdana gelensoň, töwerekde hiç kimi görmeýändigine göz etirip, bukjany açdy we kynlyk bilen okamaga durdy:
Hormatly Mübärek ogly Abdyl Kadyra: saňa parahatlyk bolsun! Haty ýazýan men-Abdyl Eziz, ejeň dogany. Birnäçe ýyl ozal men seniň nähili ýagdaýlara düşendigiňi eşitdim. Seniň diridigiňe men şatlygymdan iki bolup bilmedim, çünki sen meniň tenimden ten we ganymdan hem gansyň. Meniň ýüregim saňa ýüzlenýär.
Gadyrly Abdyl Kadyr. Kakaň saňa goýup giden mal-mülkünden mahrum eden duşmanlaryňyň arasyndadygyňa sen heniz güman hem etmeýärsiň. Men şeýle gynançly hakykat barada eşidenimde, ýene-de saňa degişli bolar ýaly, seniň emlägiňi yzyna satyn almagy karar etdim. Indi, köpýyllyk tagallalar bilen men uly töleg tölänimden soň, seniň ägirt uly emlägiň babatda dokumente eýe boldum. Ol document Kazynyň elinde, onuň adyny we adresini hatyň ýanyna goşandyryn. Ol dokumentde seniň ýeke goluň kemlik edýär we şonda ähli emläk seniňki bolar. Indi bolsa şu haty al-da Kazynyň ýanyna bar we özüňi tassykla. Ertesi biz duşuşanda bile şatlanarys.
Beýle zady Abdyl öz ömründe hiç haçan eşitmändi. Ol namä ynanjagyny bilenokdy. Ýaş, garyp ýigit galan ömrüni bir döwüm çörek ugrunda gul ýaly geçirmelimi? Ýa hakykatdan hem ol ägirt uly baýlygyň eýesimikä? Şeýle howsala düşenligi üçin ol haty näçe gezek okandygyny hem bilmeýärdi. Ahyr soňy hojaýyn görmez ýaly ol haty daşyň astynda gizledi. Emma ertesi irden ol ähli zady hojaýynyna gürrüň berdi. Hojaýyn güýçli gazaplandy. “Sen nähili samsyk ýigit! Sen, name, dünýäde Abdyl Kadyr eke men diýip pikir edýäňmi? Bu hat seniň üçin däl, başga bir Abdyl Kadyr üçin nietlenen”. Muňa ýaş ýigit, şeýle jogap berdi: “Şeýle bolmagy-da mümkin, ýöne her halda hatda meniň hem adym bar. Men ol ere giderin we ähli zat barada bilerin, soňra name boljagyny göreris!”
Hojaýyn Abdyl Kadyry haty görkezmäge yryp ugrady. Hatda onuň haýbat atmagy hem biderek bolup çykdy. Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda Abdyl Kadyr haty gizlän erine gizlinlikde geldi. Ol ony öwran-öwran okap çykdy. Şol agşam nahardan soň, käbirleri Abdyl Kadyra şeýle diýdiler: “Ýigit, bizi diňle-de, parasatly maslahaty kabul et. Saňa gelen ol hata ynanma. Kimdir biri seniň üstünden güljek bolyp, seni aldaýar. Bu hat ýalan we ondaky gol hem galp. Bize haty getiräý, biz onuň toslamadygyny subut ederis”. Bu gezegem Abdyl Kadyr olaryň aýdanyny etmedi. Ýaşulylar örän gaharly bolsalar-da, hiç zat edip bilmejekdigini duýdular.
Şeýle hem bolsa, ýaşulylar Abdyl Kadyryň ýüreginde şübhe döretdiler. Aýdaly olar dogrumyşyn. Ertesi ol bazara gidende adamlardan bu barada soramagy ýüregine düwdi. Köp soraglap, ahyr soňy hatyň iberilen eri barada bilýän adamy tapdy. Ol adam bir ýyl mundan öň ol şäherde bolan eken. Gürrüňini dowam etdirip, ol adam şeýle diýdi: “Ol şäherde Abdyl Eziz atly bir adam ýaşaýar. Şäher adamlary onuň aýratyn häsietli we oňat adamdygy barada gürrüň edýärler. Olaryň aýdyşyna görä, ol örän gurply adam, ýöne soňky bir ýylyň dowamynda güýçli işläp, girdejisini nähilidir bir geň maksat üçin süýşürip, özi garyp ýagdaýda ýaşapdyr”.
Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksady gürrüň berýäne düşnüksiz ýaly bolup görünsede, Abdyl Kadyr muňa düşünýärdi. Onuň ýüregi umyt we şatlyk bilen güpüldäp, şu wagta çenli bilmedik duýgulary başdan geçirýärdi. Ol Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksadynyň söýgüdigini bilýärdi. Onuň ozüne, Abdyl Kadyra bolan söýgüdi.
Abdyl Kadyr ol şähere gitmäge hyýallanýandygyny ene bir ýola hojaýynyna bildirdi. Hojaýyn türmä basaryn diýip, ýene-de haýbat atdy. Ol şeýle hem etdi. Emma Hudaý Abdyl bilendi. Ol diwaryň aşagyndan çykalga etmek üçin gije güýçli işledi. Çykalga edip, ol gaçdy. Aýyň ýagtysynda gizlän hatyny tapdy-da, Abdyl Eziziň şäherine ugrady. Adamlardan ugur sorap, birnäçe hepdeläp ýol ýörenden soň, şähere ýetdi we Kazynyň öýüni tapdy. Eden syýahatynda ol ýene-de ençeme gezek haty okady! Hat ony ruhlandyrýardy, umyt berýärdi.
Kazy kakylýan gapysyny açanda gözi düşen ýaş ýigidi uly emlägiň eýesine meňzemeýärdi. Abdyl Kadyr ýola azyk almak üçin özüniň bar bolanja ähli zadyny satypdy. Eşigi ýyrtykdy, aýagy ýalaňaçdy, emma şeýle hem bolsa Kazy Abdyl Kadyryň özüni tanyş edip, haty görkezmeginden hoşal boldy. Ol: “Sen gowy edipsiň” diýdi. “Abdyl Eziz seni gelmäge mejbur edesi gelmedi. Özüniň beren wadasyna ynanyp, seniň şeýle ýoly söküp gejekdigiňi bilmek isledi. Şondan soň sen öz emlägiňe eýe bolup bilerdiň”. Şol gije ýatanynda Abdyl Kadyr özüni nähili duýýandygyny siz göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ýok, ol bularyň düýş däldigine doly ynanmalydy. Ol hakykatdan hem uly baýlygyň, birnäçe jaýlaryň eýesidi. Ol özüniň täze emlägini dogry ulanjakdygyna wada berdi.
Şol günden başlap Abdyl Kadyryň şatlygy barada we özünde bar zatlaryň gözelligine guwanyşy barada aýdyp oturmagyň geregi ýok. Emma ähli zatdan artyk ol Abdyl Eziz bilen duşuşjak gününi arzuw edýärdi. Sebäbi ol özüniň ähli emlägini hut Abdyl Eziziň satyn alayp, sowgat edendigini ýatdan çykaryp bilmeýärdi. Hakykatda ol satyn alyjyny satyn alnan zatlaryndan gymmat hasaplaýardy!
Gadyrly dostum, mende seniň adyňa uzak ýurtdan gelen hat bar. Bu hat-gökden gelen Mukaddes Injil. Ol seniň üçin Hudaýyň gökde taýýarlan mirasy hakda gürrüň berýär. Ol çüýremez mirasdyr, ýerdäki wagtlaýyn baýlyklara meňzeş däldir, arassadyr, kämildir we ebedidir. Şol ebedi mirasyň hazynalarynyň arasynda-günäleriň geçilmegi, täze ýaşaýyş we Hudaý bilen ýaraşyk bardyr. Özüniň gökdäki mirasyny saňa we ähli adamzada Hudaýyň eýýäm wesýet edendigini, sen bilýäňmi?
Bu hatda, şeýle hem Hudaýyň ol mirasy seniň üçin nähili edip taýýarlandygy barada aýdylýar. Onda seniň üçin Hudaýyň, Isa Meishi agyr jebirlere iberendigi aýdylýar. Seniň bähbidiň üçin, Isa Mesih Göklerdäki Patyşalygynyň şöhratyny hem-de baýlygyny taşlap, Özüni gurban berdi. Ol Öz janyny seniň üçin bermäge ynsan kimin bu dünýä geldi. Onuň ölülerden direlmegi bolsa Onuň mirasynyň hakykatdan saňa degişlidigi baradaky Hudaýyň beren subutnamasydyr.
Emma name üçin Mesih seniň üçin bu zatlary etdi-kä? Sebäbi, bu hatda aýdylyşy ýaly, sen duşman-şeýtanyň elindesiň. Ol seniň mirasyň ogurlamak isledi. Ol seniň bu zatlar barada hiç zat bilmezligiň üçin seni garaňkylykda we gapyllykda saklamak isleýär. Hudaýyň seni söýýänligi sebäpli, seniň mirasyňy halas etmek we seni şeýtanyň zynjyrlaryndan azat etmek üçin Mesih janyny hem berip kän zähmet çekdi.
Gadyrly dostum, sen Hudaýyň bu wadasyna ynanýarsyňmy? Ozalky günäli ýaşaýşyňy we şeýtanyň elindäki gulçulygy taşlamaga sen erk edip bilermiň? Sen Hudaýyň berjek bolýan beýik sowgadyny almaga taýynmy? Elbetde, bu zatlar ýalan diýip käbir adamlaryň seni yryp ugrajagy şübhesizdir. Olar seniň ozalky ýaşaýşyň dogrudygyny subut edip ugrarlar. Beýlekiler bolsa bu hat, Injil, seniň üçin däl, başga biri üçin ýazylan diýerler. Ene birileri bu hat hakyky däl, onuň mazmuny galplaşdyrylypdyr, ähli wadalary bolsa-ýalan dierler.
Her niçik-de bolsa, gadyrly dost, bu hat ähli günäkärler bilen birlikde saňa ýollanandyr. Ony açyk ýürek bilen üns berip oka. Haçanda onuň hakykylygyny göreniňde we ebedilik mirasyň gymmatyny bileniňde, seniň ýüregiň hem edil Abdyl Kadyryň ýüregi ýaly özüniň eýe bolan täze zatlaryna guwanar. Sen Isa Mesihiň seniň üçin gazanan günäleriňiň geçilmegine, rahatlyga hemde täze ýaşýaýşa eýe bolarsyň. Sen hem Onuň bilen duşyşyga sabyrsyz garaşarsyň
Hudaý beýik! Onuň ähli eden işleri üçin Oňa şöhrat bolsun!
“Emma Ol (Isa Mesih) Özüni Kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň ogullary bolmak hukugyny berdi.” (Ýahýa 1:12)
posted in Kitaplar, Шахсы шаятлык | 2 Comments

Birnäçe ýyl mundan ozal şeýle bir adaty däl, geň we tolgundyryjy waka bolup geçdi welin, bu barada jikme-jik gürrüň bermäge men özümi borçly hasap edýän. Gündogar şäherleriniň birinde iki dogan bile ýaşaýardylar. Doganlaryň kiçisi eňilkelle durmuşy alyp barýardy: daň säherden tä garaňky gijä çenli günä hezilliklere özüni berip, keýpi-sapalykda ýaşaýardy, göräýmäge olardan el üzesi-de gelenokdy. Doganlaryň ulusy bolsa, tersine, Hudaýdan gorkýan, ýuwaşwe dogry adamdy. Kiçi dogany öz ýaşaýşy bilen ony kän alada goýýanlygy üçin, ol telim gezek kiçii doganyna günäli durmuşdan el çekmegini sorap, gözýaş bilen ýalbarypdy. Şeýle hem bolsa, kiçi dogany agasynyň ýalbarşyna we gözýaşlaryna üns bermeýärdi. Ol öňküsi ýaly öz janynyň we teniniň zeleline ýaşamagyny dowam etdirýärdi. Onuň ýary gije çenli manysyz gezmegi günden-güne gaýtalanýardy. Agasy bolsa, şeýle halatlarda ýatman, ol barada Hudaýdan dileg edip, öýünde garaşýardy. Bir gün gijäniň bir wagty, doganlaryň ulusy gapynyň güýçli kakylandygyny eşidýär. Oll derrew gapyny açan badyna ondan ganly geýimde ýüzi agaryp, saňňyldap duran jigisi içerik kürsäp girýär. “Meni halas et! Meni gizle! -diýip, ol gygyrdy. -Meni polisia yzarlaýar, men adam öldürdim! Ah, seret, ynha, bu onuň gany. Nähili elhenç!”. Emma ony tapmazlyklary we jeza bermezlikleri üçin nirä gizlemeli? Köp wagt ýitirmän, agasy jigisiniň üstünden gana bulaşan geýimlerini çykaryp aldy-da, derrew öz üstüne geýdi. Onsoň züniň arassa geýimlerini jigisine geýdirip, beýlekii otaga itekledi. Gapyny onsoň üstünden gulplap, name bolaryna garaşyp oturdy. Oňa kän garaşmak gerek bolmady. Tiz wagtda aýak sesler eşdilip, polisia etip geldi. “Biz şeýle hem çak edipdik: adam öldüren şu erde!-olaryň biri gygyrdy..-Biziň çaklamalarymyz başga sebäplere görä hem şu öýi görkezýär”. Olar güman edilýän jenaýatkäre golaýlaşdylar. “Adam öldüren senmi?” diýip, olaryň biri hyrsyz seredip sorady.. Emma ol bir sözem diýmedi. “Sorag edip, wagt ýitirmegiň geregi ýok, - olaryň birinjisi böldi,-onuň geýmine serediň, onuň günäkärdigine bular doly güwä geçýär”. Olar bu pahyryň ellerini daňyp, öz yzlary bilen garaňky köçelerden alyp gitdiler. Getirip, ertire çenli türmä dykdylar. Ol pahyr bütin gije ekeje söz hem diýmedi. Ireden olar ony sorag etmäge geldiler, emma onuň eke jogaby şeýle boldy: “Şu jenaýat üçin men özümiň ölmelidigimi bilýärin we bu näçe tiz erine etse, şonça-da gowy bolar”. Birnäçe günden soň ony suda getirdiler. Sudýa onuň ganly eşiklerini gördi-de: “Bu ýagdaýda başga görkezmeleriň geregiiýok, ähli zat aýdyň” diýdi. “Sende aklaýjyň (adwokatyň) barmy?” diýip sudýa sorady. Ol hem, “Mende beýle adam ýok” diýip jogap berdi. Sudýa, “öz goragyňa çykyş etmek isleýärmiň?” diýdi. Ol hem, “Islemeýän” diýip kesgitli jogap berdi-de, özüniň günäsizdigini gözünden duýulmazlygy üçin aşak seretdi. Sud derrew höküm çykaryp, oňa ölüm jezasyny berdi. Suduň hökümi erine etirilmezden bir gün öň höküm edilen gepläp ugrady. Ol türmäniň naçalnigineň gelmegini haýyş etdi. Haçanda, türmäniň naçalnigi gelende, öz islegini aýtdy: “Men sizden tiz wagtda öldürilip ýok boljak adamyň iň soňky islegine razy bolmagyňyzy soraýaryn. Maňa hat ýazar ýaly kiçijik kagyz, sürgüç, syýa hem-de ruçka beriň. Men ölenden soň bukçany açman, ony görkezilen adres boýunça ibermegi Hudaýyň öňünde wada ediň. Bu erde hiç bir erbetlik ýok, maňa ynanaýyň. Mer ertir Hudaýyň alnynda durmaly bolaryn we men ömrümiň iň soňky sagatlarynda-da ýalan gepläp bilmerin”. Naçalnik tussag edileniň ýüzüne üns bilen seretdi. Ol onuň sözlerine nähili ynanjagyny bilmese-de, onuň iň soňky islegine ýok diýip-de bilmedi. Tussag edilen bütin kalby bilen şu haýyşan siňen ýaly göründi. Ol rahat we mähirli seredýärdi we onuz gözlerinden nähilidir bir adaty däl yşyk gelýärdi. Tussa edileniň soran haýyşyny doly eriine etirjekdigine wada berdi. Giçlik türmäni barlag edeninden soň, onuň agzy sürgüç bilen möhürlenen bukjasyny aldy. Gije soňlap gelýärdi. Bu gije, ebediligiň bosagasyna golaýlaşýan we beýleki dünýäni görýän adam ýaly Hudaýa dogada dyz çöken tussag üçin rahat geçse-de, ol ukusyz gijedi. Daň agardy. Ony ölüme äkitjek adamlar hem, beýleki adamlar ýaly, öz işine başladylar. Bir sagatda…bary gutardy. Şondan soň, tiz wagtda eli bukjaly biri ýola düşdi. Ol iki dogan ýaşaýan jaýyň gapysyny kakdy. Gapyny ýüzi howsalaly, gorkudan ak tam bolan bir ýaş ýigit açyp, bukjany kabul etdi. Ol, haman diersiň oňa däl ýaly, bukja geňlik bilen seretdi. Ahyr soňy ony açyp, haty okady. Okap boldy-da zaryn seslendi. Aklynda däl ýaly, ilki gapa tarap, onsoň yza özüni oklady. Ol durşy bilen saňňyldaýardy. Bukjadaky hatda näme ýazylgydy? Diňe birnäçe söz: “Ertir, seniň geýimiňde, seniň deregiňe men ölerin. Sen bolsa meniň geýmimde täze, dogruçyl durmuşda ýaşap bilersiň. Seniň eriňe men ölerin!” -Ol eňildi. Bu sözler günäden we gorkudan daşa öwrülen, duz ýaly ýüregini eretdi we ony doldurdy. Indi, ýaňy ukudan açylan ýaly, batly gygyrdy: “Seniň deregiňe men ölerin!… Belki, on heniz ölen däldir!”. Ol agasyny halas etmek üçin daşaryk ylgap çykdy. Ol türmä gelende ony sakladylar. Ol özüniň naçalngiň ýanyna goýberilmegini talap etdi. Onuň şeýle bir janygyp soraýanlygy üçin türmäniň sakçysynyň rehmi gelip, ony naçalnigiň ýanyna goýberdi. “Seniň deregiň men ölerin!”-Bu sözleri okanda olar naçalnigiň hem kalbyny gozgady. Ölüme höküm edileniň haýyşy, özüniň oňa garşy çykyp bilmedik mylaýym we rahat seredişi naçalnigiň ýadyndady. Güýçli tolgunma bilen ol haty sudýa getirdi. Sudýa haty okap, bar zady boýun alan we öz gürrüňini: “Maňa jeza beriň, men günälidim” diiýip soňlan, hakyky günäkäri sorag etdi. Şeýle hem bolsa, ölen agasynyň sözleri öz güýjüni ýitirmändi. Ol sözler sudýa üçin mukaddesdi. Ol ret edip bolmajak we manysy peselmejek gurbanlyk getiripdi. Sudýa şeýle beýik söýgä eýe bolan ýaş ýigide onuň ýürek agyrysyny paýlaşýan ýaly seretdi. Ol ölüm jezasy barada aýdybam oturman, hatda ony günäkär etmäge-de hakynyň ýokdugyna düşünýärdi. Şeýlelikde, doganlaryň kiçisine ýaşaýyş we azatlyk üpjün edilipdi. Günäsi üçin jeza berilmedik jenaýatkär eli hatly öýüne dolanyp geldi. Ol perişan halda, günä ýüküniň astynda perýat edip, Hudaýa ýüzlendi. Öz derdini toba etmek bilen Oňa açdy. Ol gözýaş döküp doga etdi: “Taňrym- Hudaý, meni günälerimde heläk bolmaga taşlama! Olar üçin başga biri öldi. Maňa ýamanlyga garşy durmaga kömek et. Meniň erime öleniň geýimlerini geýmäge meni mynasyp et. Men geýmimi arassa saklaar ýaly maňa rehim et we meni her bir günäden gora!” Şol pursatdan başlap adamlar ony tanamaýardylar. Ol özgerdi. Ol adamlaryň arasynda ýat ýurtly adama meňzeýärdi. Şeýle hem bolsa ol olara söýgüden we duýgudaşlykdan doludy. Ilkibaşda dostlary ony ozalky ýaşaýşyna çekjek bolup dyrjaşdylar, emma ol hemmelere mylaýym, ýöne aýgytly jogap bererdi: “Bu geýimde men gelip biljek däl. Meniň doganym onuň ýally erlere barmazdy”. Ýuwaş-ýuwaşdan olar zat diýmediler, beýleki adamlar bolsa oňa we onuň geýmine hormat bilen seredýärdiler. Köp adamlar onuň Hudaýa bagş edilen durmuşyny görüp, özleri-de günäden ýüz öwürdiler. köp ýyllar geçdi, onuň durmuşy oňat miweleri getirdi. Soňra Hudaý onuň: “Maňa ölmäge rugsat ber” diýip, has ir eden haýyşyna jogap berdi. Haçanda bu dünýädäki ýaşaýyş tamamlananda, baky ýa-da ebedi ýaşaýyş başlanýar. Wagt geldi we bu iki doganlar ebedilikde (bakyýetde) duşuşdylar. Indi olara hiç wagt biri-birinden aýrylmak gerek bolmaz! Meniň gürrüňim soňuna etdi. Emma biziň günlerimizde-de, biziň her birimiz üçin onuň täsiri bar, şeýle-de şu setirleri okap duran gadyrly dostum. sen üçin hem. Belki-de, eliňde Injil tutmaga seeniň mümkinçiligiň bolandyr, ony okansyň ýa-da ol hakda eşidensiň. Emma sen ony ähli beýleki zatlar ýaly ýüzleý kabul edensiň. Injiliň Isa Mesih baradaky, Halasgäriň ýaşaýşy we ölümi baradaky taglymatyny kabul etmegiňi haýyş edýärin. Ol seni eke bir geljek jezadan we baky dowzahdan halas etmek üçin däl, eýsem Ol seni günälilikden we günäniň güýjünden azat edip, saňa dogry ýaşaýşa güýç bermek üçin hem Öz janyny berdi. Onuň gany bilen ýuwlup, Onuň dogrulygyna geýinmegiň üçin, Onuň Ruhundan doglup, seniň päk we günäden azat bolan Hudaýyň perzendi bolmagyň üçin Ol seniň deregiňe öldi (Tit.3:5-7, Filip.2:14-15). Bu barada ýürekde pikirlen-de aýt, bular saňa ýönelen Biribaryň sözleri dälmi-kä? Oýlan, nähili edip Ol, seniň günäler ýüküňi Öz üstüne almak bilen, seniň geýmiňde, seniň deregiňe öldi. Olmuny seniň halas bolma geýmini geýnip, Onuň dogrulygynda we päkliginde ýaşap bilmegiň üçin etdi. Reb Isa bize: “Özümiň doganlarym” diýmekden utanmaýar.. (Ewr.2:11) Ol bize meňzeş bolupdy, emma bizi günäniň höküminden gaňryp almak we “Hudaýlyk tebigata şärik etmek, şeýle hem Onuň şalygynyň mirasçylary etmek üçin Ol günäsiz bolupdy! Injil seniň günäleriň üçin seniň eriňe ölen Isa Mesihden hatdyr. Onuň hatyna seniň jogabyň nahili bolar? Ölüm Isany elinde saklap bilmedi. Ol ölümi eňip direldi we senden Özi üçin kalbyňy açmagyňy soraýar: “Ine, Men işikde durun, gapyny kakýaryn, biri sesimi eşidip, gapyny açsa, içerik girerin.” (Ylham 3:20)
“Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi”. (2 Kor. 5:21)
“Ol ýaşaýan artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi”. (2Kor. 5:15)
“Günälere ölüp, dogrulykda ýaşamagymyz üçin, Ol biziň günälerimizi Öz bedeninde haça äkitdi; siz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyňyz”. (1Pet.2:24)
“Ol biziň günälerimiz üçin alnypdy we biziň jenaýatlarymyz üçin gynalypdy; dünýäniň jezasy Oňa ýüklenipdi we biz Onuň ýaralary arkaly şypa tapdyk”. (Işaýa pygamber 53:5)
“Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň… Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginide döredilen täze ýaradylyşy geýniň”. (Efes.4:21-24)
“Isa iman eden her kesiň Onuň ady bilen günäsiniň ötüljegine ähli pygamberler güwä geçýär”. (Resul.işl.10:43)
posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

Isa Mesihe degişli ýygnanyşygyň ruhy hyzmatçysy Rik Warren bilen geçirilen interwýu.
Rik Warreniň aýaly rak keseli bilen kesselände, özüniň bolsa kitaplaryny satmak bilen şeýle uly “maddy baýlyga” eýe bolan günlerinde, onuň kalbyndan çykýan akylly sözleri eştimek siziň üçin hem ýakymly bolar. Bu ol bilen geçirilen gysgajyk gürrüňdeşligiň iňlis dilinden terjimesi.
“Maksat bilen hereket edýän Durmuş” atly kitabyň awtory we Kaliforniadaky Saddlebaçk ýygnagynyň ruhy çopany.
“Adamlar menden, “Durmuşyň maksady näme?” diýip soraýarlar. Men olara şeýle jogap berýärin: Durmuş bu bakyýete bolan taýýarlykdyr. Biz baky ýaşamak üçin ýaradyldyk we Hudaý biziň Ol bilen jennetde bolmagymyzy isleýär.
Bir gün meniň ýüregim urmasyny goýar, şol günde meniň tenimiň ölmeli wagty gelýär—emma bu meniň soňum däl.
Men takmynnan 60 ýaşdan 100 ýaş töwerekleri erde durmuş geçirmegim mumkin, emma trilionça ýyllar men bakyýetde geçirjekdirin. Bu sebäpden erdäki durmuş wajyp zadyň öňünden taýýarlyk görüp gyzyşmak ýada oýunyň öň ýanyndan taýýarlyk görmek ýalydyr. Hudaý biziň gökde baky meşgul boljak zatlarymyzy, erde praktikadan geçirip görmegi isleýär.
Biz Hudaý tarapyndan we Hudaý üçin ýaradylandyrys we sen muňa durmuşyňda göz ýetirýänçäň, ýaşaýşyňyň manysy bolmaz.
Durmuş bu yzygiderli bolýan problemalar toplumydyr: ýa sen şu wagt bir problemaň içinde, belkide ol birinden çykyp barýansyň, ýada ene bir problema girip barýansyň.
Munuň şeýlediginiň sebäbi bolsa, Hudaý seniň komfort ýagdaýyň dälde, seniň häsiýetiň barada gyzyklanýandyr.
Hudaý seniň durmuşyňy bagtly etmek bilen däl-de, mukaddes etmäge gyzyklanýandyr.
Biz käbir derejede erde wagtymyz bagtly bolup bileris, emma bu durmuşyň maksady däldir. Durmuşymyzyň maksady, häsýetimizde ösmek, Isa Mesihe meňzemekdir.
Geçen ýyl meniň durmuşymda iň bir belent ýyl boldy, ýöne şol bir hatarda iň bir kyn ýyl boldy, çünki meniň aýalym Key rak keseli bilen kesseledi.
Men öňler, durmuş depelere we julgelere meňzeş—sen garaňky wagtdan geçýäň, soňra dagyň depesine çykýaň, şeýle hemişe gaýtalanýar diýip pikir edýärdim. Men indi beýle pikir edemok.
Durmuş depeler we julgeler bolmagyndan ötri, durmuş demir ýolundaky iki sany demir relslere meňzedýärin, muňa meňzäp hemişe durmuşyňda bir tarapdan gowylyk we beýleki tarapda erbetlik bolup geçýär.
Durmuşyňda nähili gowylyk bar bolsa hem, şol taýda hemişe hem seniň iş salyşmaly erbetlik hem bardyr.
Durmuşyň nähili erbet bolsada, Hudaýa minnetdarlyk bildirmeli nähilidir bir gowylyklar hem durmuşyňda bardyr.
Sen durmuşyňdaky maksatlara ýada ondaky problemalara üns berip ýaşap bilersiň.
Eger sen problemalaryňa üns berip ýaşasaň, durmuşyňda “men-merkezlige” uçraýaň, ýagny “meniň problemam, meniň aladalarym, meniň jepam…” Emma jebir jepalardan dynmagyň bir aňsat ýoly bolsa, unsi özüňden aýyrmak we ony Hudaýa we beýlekilere gönükdirmekdir.
Müňlerçe adamlaryň dileg-ýalbarmalaryna seretmezden, aýalym Keýi Hudaý sagaltmajakdygyna we ol üçin eňil etmejekdigine tizden tiz göz etirdik.
Bu ol üçin gaty kyn boldy, ýöne Hudaý onuň häsýetini berkleşdirdi, başgalara hyzmat etmek üçin hyzmat berdi, oňa şaýatlyk berdi, ony Özüne we adamlara ýakynlaşdyrdy.
Sen durmuşyňda, ikisi bilen hem, ýagşylyk we ýamanlyk bilen hem iş salyşmagy öwrenmeli bolarsyň.
Dogrusyny aýtsam, kämahal gowylyk bilen iş salyşmak kynrak bolýar. Mysal üçin, geçen ýyl, kitabymyň 15 miliony satylanda, birdenkä men gaty baý adam boldym.
Bu şol bir hatarda, meň tejribämde öň bolmadyk gaty uly meşhurlyk hem getirdi. Hudaý adama arkaýyn durmuşda ýaşasyn ýada diňe şahsy bähbidi üçin, men-menligi üçin meşhurlyk ýada pul bermeýär.
Bu sebäpden men bu pul bilen, meşhurlyk bilen we täsirlilik bilen näme etmelidigimi Hudaýdan sorap başladym. Ol maňa Mukaddes Ýazgylardan iki dürli aýatlary berdi, şolar hem meniň näme etmelidigimde kömek etdi. Ol aýatlar 2 Korintoslar 9-njy bap we Mezmur 72.
Ilki bilen, gelýän pullara seretmezden, hiç hem öňki durmuş dolandyryşymyzy uýtgetmeris dien çözgüde geldik. Biz hiç hili uly zatlary satyn almadyk.
Ikinjiden, geçen ýylyň ortalarynda men ýygnanyşygymyzdan ruhy çopan bolup işleýändigim üçin aýlyk almazlygy çözdüm.
Üçünjiden, “Parahatlyk Çäresi” atly gurama döretdik, bu guramanyň maksady bolsa hudaýhon liderleri etişdirmek, garyplara ýardam etmek, keselleriň aladasy etmek we geljekgi nesli bilimli edip etişdirmekdir.
Dördünjiden, geçen 24 ýylyň içinde ýygnakda (kilise) eden hyzmatym üçin maňa tölenen aýlyklaryň hemmesini hasaplap yzyna gaýtaryp berdim. Bu bolsa meni Hudaý mugt hyzmat etmegime meni erkin etdi.
Biz şeýle diýip sorag bermeli: Men zat üçin ýaşajakmy? Meşhurlyk üçinmi?
Men basyşlar netijesinde durmuşymy herekete getirjekmi? Günäkärlik duýgusy bilenmi? Gazaplanmak? Materializm bilenmi? Ýada men Hudaý meniň durmuşym üçin maksatlary bilen herket ederinmi?
Men her gün irden oýananymda, düşegimiň gyrasynda oturýaryn-da, şeýle diýýärin: Hudaýym, eger men bu gün hiç bir zat edip bilmesem-de, Seni köpräk tanamak we gowyrak söýmek isleýärin. Hudaý meni bu ýaşaýyşda, diňe bir erine etirmeli bolan işler sanawyny berjaý etmek üçin goýmady. Ol meniň näme erine etirýändigimden ötri, meniň nämedigim bilen köp gyzyklanýar.
Bu sebäpden biz işleýän ynsan diýip däl, ýaşaýan ynsan diýip at berildik. (Ýaşamak üçin işläp bolýar, emma işlemek üçin ýaşamaly däldiris)
Bagtly pursatlarynda, HUDAÝA ÖWGI AÝT
Kyn pursatlarda, HUDAÝY GÖZLE.
Parahat pursatlarda, HUDAÝA SEJDE ET.
Jebir-jepaly pursatlarda, HUDAÝA BIG BAGLA.
Her bir pursatda, HUDAÝA MINNETDAR BOL.
posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

Yzygiderli Gaharlanmagy Ýeňmek
“Emma sen näme üçin doganyňy ýazgarýarsyň? Ýada sen näme üçin doganyňy äsgermezlik edýärsiň? Çunki biziň barymyz Hudaýyň höküm kürsüsi öňünde durmalydyrys!” (Rim.14:10)
“Hudaý erbet pikirleri ýigrendýändir, ýakymly sözleri bolsa halaýandyr. (Süleýmanyň Pähimleri 15:26)
“Kim bagyşlaýan bolsa dost gazanýandyr, günä barada gybat edýän dostlygy ýykýandyr. (Süleýmanyň Pähimleri 17:9)
“Mahlasy, baryňyz pikirdeş, dertdeş, dogansöer, rehimdar, kiçigöwünli boluň. Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, haýyrdoga ediň; çünki siz bereketiň mirasçysy bolmak üçin muňa çagyryldyňyz. (1Petrus 3:8-9)
Gaharlanmak biziň emosialarymyz üçin narkotika ýalydyr. Ol biziň ganymyzy gyzdyrýar we bizi çişirýär. Bu bilen bir hatarda, narkotika yzyny talap edişi ýaly, gazaplanmak ene gahary talap edýär. Munuň erbet tarapy bolsa, gahar diňe bir emosia halynda bolmak bilen çäklenmän biziň içimizdäki hereket ediji güýje öwrülýär. Ar almaga çalyşýan adam özüniň bagyşlamak isleginden has-da uzaklaşýandygyny bilmän galýar. Çünki gaharsyz bolsaň, içiňdäki gazaplanmak güýji hem ýok bolýar.
Ýigrenmek— öz eýesine topulýan elhenç itdir.
Ar-almak— ot bereniň özüni ýakýan möwçli otdyr.
Kine —awçynyň özüni duzaga düşürjek duzakdyr.
Rehim bolsa olaryň ählisini azat etjek saýlawdyr!
Hudaýym, gazaplanmak we kine imanly ýürekde bolmaly zat däldir. Olardan saplanmaga bize ýardam ber. Seniň rehimiňiň biziň ejizligimizi-synyklygymyzy güýje öwrüp bilýändigini biziň hemişe ýadymyza sal!
posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

Süleýman Pygamberiň Pähimleri
(4-nji Bap)
Eý ogullar, ata tälimini eşidiň; düşünje gazanar ýaly, diňläň. Çünki men size oňat sapak berýärin, meniň kanunymy taşlamaň. Men atamyň ogludym, enemiň nazarynda näzik we ekejedim. Ol hem maňa ders berip diýdi: Ýüregiň sözlerimi gaýym tutsyn, tabşyryklarymy saklap ýaşa. Hikmet gazan, düşünje gazan; unutma, agzymdan çykan sözlerimden ýüz öwürme.
Ony taşlama, ol seni gorar; ony söý, ol saňa gözegçilik eder.
Iň möhüm zat akyldarlykdyr; hikmet gazan, ähli gazananlaryň bilen düşünje gazan. Ony belent tut, ol seni beýgelder; ony gujaklaňda seni hormata ýetirer.
Seniň başyňa gözel täç goýar, saňa şöhrat täjini berer.
Eşit, eý oglum, aýdýanlarymy una, ömrüň ýyllary köp bolar. Men saňa akyldarlyk ýolunda tälim berdim, senin gönülik ýodalaryndan ýöretdim. Ýörän mahalyň ädimleriňe päsgel bolmaz, ýortan mahalyň taýmarsyň. Terbiýäni gaýym tut; ony goýberme; ony sakla, çünki ol seniň ýaşaýşyňdyr. Erbetleriň ýodasyna düşme, ýaman adamlaryň ýolundan gitme. Ýanynda geçme, goýbolsun et, ol ýoldan geçme, ondan sowlup geç.
Çünki olar ýamanlyk etmeseler, uklap bilmeýär, birini taýdyrmasalar, ukulary tutmaýar. Olar erbetlik çöregini iýýändir, zorluk şerabyny içýändir.
Dogrularyň ýodasy bolsa ýaňy dogan Gun ýalydyr, bütinleý gündiz bolana deňeç gitdigiçe parlar.
Erbetleriň ýoly tüm garaňkylyk ýalydyr; olar näme büdrändiklerini bilýän däldirler.
Oglum, sözümi diňle, aýdýanlaryma gulak as. Olary gözüňden salma, ýüregiň jümmüşinde sakla. Çünki meniň sözlerim olary tapanlar üçin ýaşaýyş, bütin bedenleri üçin şypadyr.
Bar zadyňdan ilki ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy şondadyr.
Ýalançy agzy özüňden aýyr, azgyn dodaklary özüňden daş et.
Gözleriň göni ileri garasyn, göreçleriň göni öňüňe seretsin.
Aýagyň ugruna dykgat et, ähli ýollaryň berk bolar.
Saga ýa sola sowulma, aýagyňy ýamanlykdan çek!
posted in Kitaplar | 0 Comments
| M | T | W | T | F | S | S |
|---|---|---|---|---|---|---|
| « Jul | Sep » | |||||
| 1 | 2 | 3 | ||||
| 4 | 5 | 6 | 7 | 8 | 9 | 10 |
| 11 | 12 | 13 | 14 | 15 | 16 | 17 |
| 18 | 19 | 20 | 21 | 22 | 23 | 24 |
| 25 | 26 | 27 | 28 | 29 | 30 | 31 |