Süleýmanyň Pähimleri 2-nji bap

Süleýmanyň Pähimleri

(2-nji Bap)

OGLUM, hikmete gulak asyp, ýüregiňi düşünjä tarap ýykgyn etdirer ýaly, Sözlerimi unap, tabşyryklarymy ýüregiňde ýygşyrsaň; hawa, paýhasy çagyrsaň, düşünje üçin gygyrsaň; ony kümüş kimin gözleseň, gizlin hazyna kimin agtarsaň; Rebden gorkmalydygyna şonda düşünersiň, Hudaýy tanarsyň.

Çünki Reb hikmet berýändir, Onuň agzyndan bilim we düşünje çykýandyr.

Ol gönüler üçin sagdyn maslahat saklaýandyr; Ol adalat ýollaryny goramak üçin, aýypsyz gezýänlere galkandyr, takwalarynyň ýollaryny goraýandyr. Sen dogrulyga, haka we adalata, hawa, her bir gowy ýola şonda düşünersiň. Ýüregiňe hikmet girende, bilim janyňa hoş ýakanda, ýaman ýoldan, egri sözli adamdan halas etmek üçin, paýhas seni saklar, düşünje saňa gözegçilik eder.

Bu adamlar garaňkylygyň ýollarynda gezmek üçin gönülik ýodalaryny taşlaýarlar. Ýamanlyk etmekden şatlanýarlar, ýaman adamyň egriliginden keýp alýarlar. Olaryň ýodalary öwrümlidir, ýollary egridir. Akyldarlyk seni ýaşlyk ýoldaşyny taşlan, Hudaýynyň ähtini unudan keseki aýaldan, sözi bilen ýaramsalyk edýän ýat aýaldan halas eder. Ol aýalyň öýi ölüme, ýollary ölülere getirýändir. Onuň ýanyna girýänleriň hiç biri ondan gaýtmaz, ýaşaýyş ýodalaryna ýetmez.

Şeýlelik bilen, sen ýagşylaryň ýolunda gezersiň, dogrularyň ýodasyndan aýrylmarsyň. Çünki ýurtda gönüler ýaşar, onda kämiller galar. Erbetler bolsa ýurtdan kesilip taşlanar, dönükler kökleri bilen ondan sogrular.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *