Süleýmanyň Pähimleri

Süleýmanyň Pähimleri

(1-nji bap)

Ysraýyl patyşasy Dawut ogly Süleýmanyň tymsallary:

Hikmet we terbiýäni bilmek üçin; düşnükli sözlere düşünmek üçin;

Akylly hereket, dogrulyk, hak we adyllyk terbiesini almak üçin;

Mön adama parasat, ýaş adama bilim we düşünje bermek üçin;

Tymsala we matala, akyldarlaryň sözlerine we tapmaçalaryna düşünmek üçin; akyldar adam diňläp, bilimde össün, düşünjeli adam sagdyn maslahatlar alsyn.

Rebden gorkmaklyk bilimiň başlangyjydyr; akmaklar bolsa akyly we terbiýäni har edýändir.

Oglum, ataň tälimini eşit, eneň öwredenlerini taşlama. Olar başyňa gözel täç, boýnuňa monjuk bolar.

Oglum, günäkärler seni azdyrjak bolsalar, razy bolma. “Ýör, bile gideli, gan dökmek üçin bukuda ýataly; sebäpsiz ere ýazyksyza gizlin garaşaly, olary ölüler diýary ýaly, çukura inenler ýaly bütinleý diri ýuwdalyň. Biz her hili gymmatly harytlar taparys: öýlerimizi olja bilen doldurarys. Aramyzda seniň hem paýyň bolsun; ählimiziň käsämiz bir bolsun” diýseler, oglum, ýolda olar bilen gezme! Olaryň ýodasyndan aýagyňy çek.

Çünki olaryň aýagy ýamanlyga tarap ylgaýandyr, gan dökmäge howlugýandyr. Bir guşuň gözüniň alnynda tor gurmak puçdyr. Bularyň bukup garaşýany öz ganlarydyr, gizlin garaşýanlary öz janlarydyr. Gazanja gyzygýan her adamyň ýoly şeýledir; bu gyzkmak öz eýesiniň janyny alýandyr. Akyl daşarda gygyrýandyr; sözlerini şäher derwezeleriniň agzynda sözleýändir. Eý mön adamlar, siz haçan çenli mönlügi söýersiňiz? Haçana çenli masgaralaýjylar öz masgaralygyndan keýplener we akylsyzlar bilim ýigrener?

Men duýdurýaryn, päliňizden gaýdyň; ine, Men üstüňize Ruhymy dökerin, size sözlerimi aýdýaryn.

Men çagyrdym, siz bolsa ret etdiňiz; elimi uzatdym, meýil eden bolmady. Gaýtam bütin maslahatymy äsgermezlik etdiňiz, duýduryşymy islemediňiz. Men hem siziň betbagtlygyňyza gülerin; size gorky aralaşanda, gorky tupan kimin aralaşanda, betbagtlygyňyz harasat kimin gelende, muşakgat we gaýgy üstüňize abananda masgaralaryn.

Şonda Meni çagyrarlar, emma Men jogap bermerin; Meni ir bilen agtararlar, emma tapmazlar.

Çünki olar bilimi ýigrendiler, Rebden gorkmagyň saýlap almadylar. Meniň maslahatymy islemediler, ähli käýinjimi har etdiler. Munuň üçin, olar öz ýollarynyň hasylyny iýerler, öz ýaman pällerinden taparlar. Mön adamyň azaşmagy olary öldürer we akylsyzlaryň geleňsizligi olary ýok eder.

Emma Meni diňleýän aman ýaşar we ýamanlyk gorkusyndan dynç bolar!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *