TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Magtymguly şahyrymyzyň öwüt-nesihat goşgularyndan

2nd July 2008

Magtymguly şahyrymyzyň öwüt-nesihat goşgularyndan

KÄR BILE

Gapyl adam, gam astynda ýatyp sen,

Ötdi ömrüň uşak-düşek kär bile,

Dünýä mardyr-ýastanyp sen, ýatyp sen,

Ynjalarmy bile ýatan mar bile?

Iman gazan, ynsabyňy ýutmagyl,

Göre-bile özüň oda atmagyl,

Bidar bolup, gijelerde ýatmagyl,

Munça dözüp ýatajak sen gör bile.

Her ýan gitseň, barar ýeriň gör bolar,

Haýyr gazan, ýatan eriň nur bolar.

Ýagşy bolsaň jaýyň jennet, hüýr bolar,

Ýaman bosaň köýdürerler nar bile.

Gözüň ýumduň, senden aýrylar malyň,

Öleňsoň, tirikler nä biler halyň,

Ýagşy-ýaman herne eden agmalyň

Garşyň alyp durar mydam bar bile.

Ömrüňe aldanma, ötgeňňe ýanma,

Malyňa guwanma, mülke daýanma,

Munda bet iş etme, onda utanma,

Hasap güni haýryň alyp bar bile.

Magtymguly, dogry söze ten bergil,

Sogap mundan ötmez—tapsaň, nan bergil.

Köňlüň tapan dost ýolunda jan bergil,

Işiň nedir seni diýmez ýar bile!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 2 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • «Adamlar özünden ulynyñ adyndan ant içÿärler.Olar üçin ant aÿdylany tassyklap, hemme jedelleri soñlaÿar. Şonuñ üçin Hudaÿ-da Öz maksadynyñ üÿtgewsizdigini Wadanyñ mirasçylaryna has anyk görkezjek bolup, wadany ant bilen tassyklady. Ol muny öñümizde goÿlan umyda ÿapyşjak bolup gaçan biziñ Hudaÿyñ ÿalan sözlemegi mümkin bolmadyk iki üÿtgewsiz zady arkaly uly teselli tapmagymyz üçin etdi. Biziñ jan labyry ÿaly berk we ynamly bolan bu umydymyz tutynyñ añyrsyna geçÿändir. Isa Melkisedek düzgüni boÿunça ebedi Baş Ruhany bolup, öñbaşçymyz hökmünde biziñ üçin Ol ÿere girdi.
  • Ýewreÿler 6:16-20