Uly Gutulyş!

Meniň adym Atamyrat. Men Türkmenistanda musulman maşgalasynda 1978 ýylda eneden doguldym. Meniň ýaşlygym 12 ýaşyma çenli känbir kynçylyksyz geçdi. Ejem we kakam bize ýagny bäş çagaly, maşgala üçin elinde baryny edýärdiler, gündelik durmuş üçin gerek bolan zatlary upjün edýärdiler, emma olaryň özleriniň welin gatnaşyklar känbir gowy däldi. Men olaryň biri biri bilen uruşýandygyny, kakamyň ejemi tizden tizden urýandygyny, erbet sözler aýdýandygyny görýärdim. Olaryň näme üçin beýle edýändiklerine çagalygymda kän düşünmezdim. Men ulalyp başlanymda olaryň urşy köpelip, bize bolan ünslerini-de mundan beýläk berip bilmediler. Men bu wagt şäherde dürli oglanlar bilen gezip, käbir gara işlere garyşyp başlapdym. Men her gezek bir erbetlik edenimde, ol işi gaýtalamajak bolup dyrjaşýardym, emma ene we ene-de gara işleriň beterlerini edýärdim. Meniň günäm şeýle bir köpelip barýardy welin gowy bolmaga hiç bir mümkinçilik ýokdy, maňa kömek berer ýalyda hiç kim we hiç zat ýokdy. Meniň ýaşlykdan öwrenen dinim musulmançylykdaky düşünjeler maňa kömek berip bilmeýärdi, Alla menden gaty uzakda-dy, men onuň söýgüsini ýada aladasyny duýup bilmeýärdim. Meniň dinim maňa ýardam berip bilmeýärdi, şol bir hatarda musulman bolan ähli dostlarym hem, garyndaşlarym hem maňa ýol görkezip bilmediler. Haçanda men 16 ýaşamda, meň ejem we kakam aýrylyşdylar we biziň maşgalamyz doly döwüldi. Men bolsa günsaýyn garaňkylyk batgasynda çümüp gidip otyrdym. Men beňňiçilik, arakkeşlik, ogrulyk, zynagärlik ýollarynda başagaý bolup gidipdim. Bir gün bolsa men eden günälerimiň netijesinde, höküm edilip 17 ýaşymda türmä düşdim. Türme bolsa garaňkylykdaky işleriň has belenträk görnüşlerine meni taýýarlady, emma meni dogry ýola getirip bilmedi. Men ol taýda köp ezýet çekdim, emma ol ezýetler meni aklyma aýlandyrmady. Türmeden çykandan soň bolsa, tizden tiz ene-de erbet dostlarymyň arasyna bardym we oňky edýän işlerimden beterlerini edip durmuşymy dowam etdirdim. Meniň kakam men türmeden çykandan soň birnäçe günden soň dünýäden ötdi. Meniň iň ýakynym dünýäden ötdi, bu bolsa meniň durmuşymy öňküsinden hem beter manysyz etdi: näme üçin ölüm bar? Näme üçin biz wagtyndan öň ölmeli? Nädip günälerim geçilerkä? Durmuşyň manysy näme we ş .m. Jogap ýokdy. Soňra men ene-de erbetlikde tutulyp türmä salyndym. Bu sapar türmede men beňňiçiligiň ýokary nokady bolan, geroinçilik işine baş goşdym, ýagny men özüme geroin urup başladym. Bu sapar men türmeden çykyp gelenimde, men eýýäm diňe özüme dälde, ejeme, doganlaryma hem zyýanly boldym. Men geroin üçin pul tapmanymda olara ezýet berýärdim. Bu aralykda men ene-de türmä düşdim. Geçen gezekler türmä düşemde, prezidentiň her ýyl boşatmak düzgünine düşüp tiz arada bir iki üç ýylyň içinde çykyp gelýärdim. Bu gezek köp gezek sud edilendigim üçin beýle ýagdaýa laýyk görülmeýärdim. Emma bir zat boldy welin bu sapar hem men çykmaly wagtymdan ir türmeden çykaryldym. Türmeden gaýdyp gelenimde men iň erbet geroinşikdim. Men işlemeýärdim, ejemi we doganlarymyň pulyny alýardym, olar bermejek bolsalar men olara howp salýardym. Men özüm hem durmuşymdan doýupdym, meni birnäçe gezek narkomanlar merkezine hem kömek berjek bolup äkidipdiler, ol taýdan hem maňa hiç hili kömek bolmandy. Men durmuşymdan şeýle bir doýdym welin, özümi öldürmegi ýüregime düwdüm. Men bir gezek öz gan damary kesdim, emma öýdakiler bilip men keselhana äkidip ýetişipdirler, ölmän galdym. Soňky gezek men geroin köp urup ölmekçi boldum, bu sapar hem kimdir biri dadyma etişip keselhana äkidip, ölümden alyp galdylar. Emma öýümdäkiler hem meniň erbetligimden, geroinşik durmuşymdan şeýle bir doýupdylar welin olar hem meniň ölmegimi isläp başladylar. Birgezek men öz aýal doganymdan şeýle diýip pul soradym “men köp doza geroin edip ölmekçi, men ýadadym, sizi hem ýadatdym, maňa ölmäge bu dünýäden dynmaga kömek et, pul ber” diýdim. Ol hem aglap aglap maňa soran pulumy berdi, beýleki doganlaryma hem aýdypdyrlar, ejem hem munyň şeýle bolmagyna razy bolupdyr. Men kwartiramyz erleşýän jaýyň podwalyna gidip soňky gezek durmuşymy gutarmak üçin özüme iň köp geroin dozany etdim. Men ölüme garaşyp, gynalyp şol podwalda ýatynymda goňşylardan biri görüp öýdäkilere aýdypdyrlar, olaryň bolsa habary bardy. Olar biri birine: “gitme, belki indi dynandyr” diýip saklapdyrlar, emma soňra goňşylar näme diýer diýip göterip jaýymyza äkidipdirler we bir otaga taşlapdyrlar, men ol ýerde öljek bolup tenim gara gana aýlanyp, gögerip ýatypdyryn. Olar bolsa, aglaşyp beýleki jaýda gaýgy we gam bilen, bir tarapdan men belki ölüp mundan halas bolaryn diýip, beýleki tarapdan hiç hili kömek berip bilmejeklerine gynanyp gijäni geçirýärler. Mende ýaşamaga we täze ýaşaýşa umyt ýokdy. Hatda ejem dagy hem “goý öljek bolsa ölsün, çünki bu dünýäde muňa umyt ýok” diýipdirler. Emma näme üçindir men ene-de ölmän galypdyryn, ertesi gün men ene-de diri ekenim. Şol günden birnäçe gün soňra men bir tanyş dostuma duşdym, ol gelip maňa bu dünýäde we geljekd Hudaýyň ýanynda hem täze ýaşaýyş berip biljek Biriniň bardygyny aýtdy. Onuň adynyň hem Isa Mesihdigini, Onuň meniň günälerim üçin iki müň ýyl mundan öň gelip ähli ynsanlaryň günäleri üçin haçda töleg täländigini we Oňa iman eden her kişä günälerden, Hudaýyň jezasy bolan dowzah odundan halas bolmagy berjekdigini aýtdy. Onuň beýleki pygamberler ýaly ölip giden dälde, ölüp direlendigini we bu gün hem her bir iman edene manydan we şatlykdan we ýürekdäki parahatçylygy berjekdigini aýtdy. Ol maňa Isa Mesihiň bütin durmuşyny, taglymatyny, eden işlerini gürrüň berdi. Men olar hakynda eşitdigimçe, ýüregime täsir edip başlady, çünki men Isa Mesih ýaly hiç kime duşmandym. Isa Mesih hakynda hakyky taryhy eşidenimde mende iman döräp başlady we men Isa Mesihe öz Halasgärim hökmünde ynandym we Onuň eden ähli işlerine iman getirdim we Ondan meni ähli erbetliklerden, narkomanidan halas etmegini soradym. Şol günden başlap men azat boldym, ýüregime şatlyk, täze umyt we parahatçylyk geldi. Men Isany kabul edemde, diňe bir çilim çekmek, arak içmek dälde, meniň durmuşymy iň soňky umytsyz batgasyna çenli batyran geroini hem taşladym. Bu bolsa, meniň dowzah odundan halas bolmagymdan soňra, Hudaýyň meniň durmyşymda gös göni görkezýän gudratydy! Bu uly gutulyşy gören meniň doganlarym we ejem Isa Mesihe iman getirdiler! Meniň goňşylarym, dostlarym, garyndaşlarym meni ähli zatdan gutulanymy görüp gözlerine ynanyp bilmeýärdiler. Çünki narkomania derdinden gutulýanlar ýok diýen ýalydy, olar ölüp dünýäden ötüp gitmeseler, olaryň azat bolandygy jemgyýetimizde ýok diýen ýalydy. Hudaý maňa merhemet edip, ölümden saklapdy, çünki men ol wagt ölen bolsam onda günälerim üçin göni dowzaha gitmelidim, emma Hudaý maňa rehim edipdir, we maňa ene bir gezek mümkinçilik beripdir we şol wagt hem Özüniň gutulyş Hoş Habaryny aýtmaga birini iberdi we maňa gutulyş berdi! Men Rebbim Isa Mesihe görkezen bu belent merhemeti üçin, azatlygy üçin, dowzah odundan gutulyşy üçin, täze baky ýaşaýşy üçin bütin ömrüme minnetdar! “Indi men ölmek islemeýärin-de, maňa manyly durmuş beren iman arkaly Hudaýyň adyny başgalara bildirip, hakykatda ýaşamak isleýärin!” Injilde Isa Mesihiň bir şägirdi şeýle diýýipdi: “Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna (Isa Mesihe) bolan iman bilen geçirýärin.” Bu sözleri bü gün men hem aýdýaryn, we saňada bu gudratly Halasgär bolan Isa Mesihe iman etmäge çagyrýaryn!

Ynsan janynyň duşmany bolan şeýtan seniň Hoş Habary eşitmegiňi, eşidip iman getirmegiňi islemeýär, bu sebäpden ol ynsanlary dürli ýollar bilen garaňkylykda saklaýar, bu garaňkylyk kimdir biri üçin, meniň durmuşym ýaly, narkomania, ogrulyk we başgada erbetlikler bolsa, beýleki biri üçin öz özünden razy bolmak, din ýada bilim, baýlyk ýada başgada her bir sebäp bilen Hoş Habara üns bermän gezmegini şeýtan gazanmak isleýär. Isa Mesih bolsa din däl, Ol “YOL, HAKYKAT we ÝAŞAÝYŞDYR!”

Bu sebäpden, durmuşyňdaky ähli zatlary gyra goýda Hudaýyň uly gutulyşyna iman getir! “Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris. Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söz gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa, onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz (ol jezdan) nädip gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb (Isa Mesih) yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar. Hudaý hem muňa alamatlar, mugjyzalar, dürli gudratlar, Öz islegi bilen paýlan Mukaddes Ruh sylaglary bilen güwälik etdi.”

Hudaýymyň bu uly gutulyşy iň erbetleriň biri bolan, iň bir umytsyzlaryň biri bolan mende hem orun tapdy, Isa Mesih meniň durmuşymda hem gudraty bilen Özüni görkezdi! Men bolsa Onuň bu gutulyşyny ýüregimden çykýan aýdymlarda wagyz ederin!

Meniň şaýatlygym okan gadyrdan ildeşim, bu “ULY GUTULYŞY” görmezlige salma, muny ret etmede, iman et we ýaşaýşa eýe bol!

Bu aşakdaky aýdan aýdymymdan Gutulyş hakynda bilersiň we iman getirersin diýip umyt edýärin! (bu imanly ildeşimiziň aýdymyny ors dilinde aýdypdyr, onuň käbir türkmen dilinde hem aýdan aýdymlaryny, ýakyn geljekde bu websaýtymyzda goýmaga çalyşarys)

Audio clip: Adobe Flash Player (version 9 or above) is required to play this audio clip. Download the latest version here. You also need to have JavaScript enabled in your browser.

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *