16th June 2008

Uly Gutulyş!

Meniň adym Atamyrat. Men Türkmenistanda musulman maşgalasynda 1978 ýylda eneden doguldym. Meniň ýaşlygym 12 ýaşyma çenli känbir kynçylyksyz geçdi. Ejem we kakam bize ýagny bäş çagaly, maşgala üçin elinde baryny edýärdiler, gündelik durmuş üçin gerek bolan zatlary upjün edýärdiler, emma olaryň özleriniň welin gatnaşyklar känbir gowy däldi. Men olaryň biri biri bilen uruşýandygyny, kakamyň ejemi tizden tizden urýandygyny, erbet sözler aýdýandygyny görýärdim. Olaryň näme üçin beýle edýändiklerine çagalygymda kän düşünmezdim. Men ulalyp başlanymda olaryň urşy köpelip, bize bolan ünslerini-de mundan beýläk berip bilmediler. Men bu wagt şäherde dürli oglanlar bilen gezip, käbir gara işlere garyşyp başlapdym. Men her gezek bir erbetlik edenimde, ol işi gaýtalamajak bolup dyrjaşýardym, emma ene we ene-de gara işleriň beterlerini edýärdim. Meniň günäm şeýle bir köpelip barýardy welin gowy bolmaga hiç bir mümkinçilik ýokdy, maňa kömek berer ýalyda hiç kim we hiç zat ýokdy. Meniň ýaşlykdan öwrenen dinim musulmançylykdaky düşünjeler maňa kömek berip bilmeýärdi, Alla menden gaty uzakda-dy, men onuň söýgüsini ýada aladasyny duýup bilmeýärdim. Meniň dinim maňa ýardam berip bilmeýärdi, şol bir hatarda musulman bolan ähli dostlarym hem, garyndaşlarym hem maňa ýol görkezip bilmediler. Haçanda men 16 ýaşamda, meň ejem we kakam aýrylyşdylar we biziň maşgalamyz doly döwüldi. Men bolsa günsaýyn garaňkylyk batgasynda çümüp gidip otyrdym. Men beňňiçilik, arakkeşlik, ogrulyk, zynagärlik ýollarynda başagaý bolup gidipdim. Bir gün bolsa men eden günälerimiň netijesinde, höküm edilip 17 ýaşymda türmä düşdim. Türme bolsa garaňkylykdaky işleriň has belenträk görnüşlerine meni taýýarlady, emma meni dogry ýola getirip bilmedi. Men ol taýda köp ezýet çekdim, emma ol ezýetler meni aklyma aýlandyrmady. Türmeden çykandan soň bolsa, tizden tiz ene-de erbet dostlarymyň arasyna bardym we oňky edýän işlerimden beterlerini edip durmuşymy dowam etdirdim. Meniň kakam men türmeden çykandan soň birnäçe günden soň dünýäden ötdi. Meniň iň ýakynym dünýäden ötdi, bu bolsa meniň durmuşymy öňküsinden hem beter manysyz etdi: näme üçin ölüm bar? Näme üçin biz wagtyndan öň ölmeli? Nädip günälerim geçilerkä? Durmuşyň manysy näme we ş .m. Jogap ýokdy. Soňra men ene-de erbetlikde tutulyp türmä salyndym. Bu sapar türmede men beňňiçiligiň ýokary nokady bolan, geroinçilik işine baş goşdym, ýagny men özüme geroin urup başladym. Bu sapar men türmeden çykyp gelenimde, men eýýäm diňe özüme dälde, ejeme, doganlaryma hem zyýanly boldym. Men geroin üçin pul tapmanymda olara ezýet berýärdim. Bu aralykda men ene-de türmä düşdim. Geçen gezekler türmä düşemde, prezidentiň her ýyl boşatmak düzgünine düşüp tiz arada bir iki üç ýylyň içinde çykyp gelýärdim. Bu gezek köp gezek sud edilendigim üçin beýle ýagdaýa laýyk görülmeýärdim. Emma bir zat boldy welin bu sapar hem men çykmaly wagtymdan ir türmeden çykaryldym. Türmeden gaýdyp gelenimde men iň erbet geroinşikdim. Men işlemeýärdim, ejemi we doganlarymyň pulyny alýardym, olar bermejek bolsalar men olara howp salýardym. Men özüm hem durmuşymdan doýupdym, meni birnäçe gezek narkomanlar merkezine hem kömek berjek bolup äkidipdiler, ol taýdan hem maňa hiç hili kömek bolmandy. Men durmuşymdan şeýle bir doýdym welin, özümi öldürmegi ýüregime düwdüm. Men bir gezek öz gan damary kesdim, emma öýdakiler bilip men keselhana äkidip ýetişipdirler, ölmän galdym. Soňky gezek men geroin köp urup ölmekçi boldum, bu sapar hem kimdir biri dadyma etişip keselhana äkidip, ölümden alyp galdylar. Emma öýümdäkiler hem meniň erbetligimden, geroinşik durmuşymdan şeýle bir doýupdylar welin olar hem meniň ölmegimi isläp başladylar. Birgezek men öz aýal doganymdan şeýle diýip pul soradym “men köp doza geroin edip ölmekçi, men ýadadym, sizi hem ýadatdym, maňa ölmäge bu dünýäden dynmaga kömek et, pul ber” diýdim. Ol hem aglap aglap maňa soran pulumy berdi, beýleki doganlaryma hem aýdypdyrlar, ejem hem munyň şeýle bolmagyna razy bolupdyr. Men kwartiramyz erleşýän jaýyň podwalyna gidip soňky gezek durmuşymy gutarmak üçin özüme iň köp geroin dozany etdim. Men ölüme garaşyp, gynalyp şol podwalda ýatynymda goňşylardan biri görüp öýdäkilere aýdypdyrlar, olaryň bolsa habary bardy. Olar biri birine: “gitme, belki indi dynandyr” diýip saklapdyrlar, emma soňra goňşylar näme diýer diýip göterip jaýymyza äkidipdirler we bir otaga taşlapdyrlar, men ol ýerde öljek bolup tenim gara gana aýlanyp, gögerip ýatypdyryn. Olar bolsa, aglaşyp beýleki jaýda gaýgy we gam bilen, bir tarapdan men belki ölüp mundan halas bolaryn diýip, beýleki tarapdan hiç hili kömek berip bilmejeklerine gynanyp gijäni geçirýärler. Mende ýaşamaga we täze ýaşaýşa umyt ýokdy. Hatda ejem dagy hem “goý öljek bolsa ölsün, çünki bu dünýäde muňa umyt ýok” diýipdirler. Emma näme üçindir men ene-de ölmän galypdyryn, ertesi gün men ene-de diri ekenim. Şol günden birnäçe gün soňra men bir tanyş dostuma duşdym, ol gelip maňa bu dünýäde we geljekd Hudaýyň ýanynda hem täze ýaşaýyş berip biljek Biriniň bardygyny aýtdy. Onuň adynyň hem Isa Mesihdigini, Onuň meniň günälerim üçin iki müň ýyl mundan öň gelip ähli ynsanlaryň günäleri üçin haçda töleg täländigini we Oňa iman eden her kişä günälerden, Hudaýyň jezasy bolan dowzah odundan halas bolmagy berjekdigini aýtdy. Onuň beýleki pygamberler ýaly ölip giden dälde, ölüp direlendigini we bu gün hem her bir iman edene manydan we şatlykdan we ýürekdäki parahatçylygy berjekdigini aýtdy. Ol maňa Isa Mesihiň bütin durmuşyny, taglymatyny, eden işlerini gürrüň berdi. Men olar hakynda eşitdigimçe, ýüregime täsir edip başlady, çünki men Isa Mesih ýaly hiç kime duşmandym. Isa Mesih hakynda hakyky taryhy eşidenimde mende iman döräp başlady we men Isa Mesihe öz Halasgärim hökmünde ynandym we Onuň eden ähli işlerine iman getirdim we Ondan meni ähli erbetliklerden, narkomanidan halas etmegini soradym. Şol günden başlap men azat boldym, ýüregime şatlyk, täze umyt we parahatçylyk geldi. Men Isany kabul edemde, diňe bir çilim çekmek, arak içmek dälde, meniň durmuşymy iň soňky umytsyz batgasyna çenli batyran geroini hem taşladym. Bu bolsa, meniň dowzah odundan halas bolmagymdan soňra, Hudaýyň meniň durmyşymda gös göni görkezýän gudratydy! Bu uly gutulyşy gören meniň doganlarym we ejem Isa Mesihe iman getirdiler! Meniň goňşylarym, dostlarym, garyndaşlarym meni ähli zatdan gutulanymy görüp gözlerine ynanyp bilmeýärdiler. Çünki narkomania derdinden gutulýanlar ýok diýen ýalydy, olar ölüp dünýäden ötüp gitmeseler, olaryň azat bolandygy jemgyýetimizde ýok diýen ýalydy. Hudaý maňa merhemet edip, ölümden saklapdy, çünki men ol wagt ölen bolsam onda günälerim üçin göni dowzaha gitmelidim, emma Hudaý maňa rehim edipdir, we maňa ene bir gezek mümkinçilik beripdir we şol wagt hem Özüniň gutulyş Hoş Habaryny aýtmaga birini iberdi we maňa gutulyş berdi! Men Rebbim Isa Mesihe görkezen bu belent merhemeti üçin, azatlygy üçin, dowzah odundan gutulyşy üçin, täze baky ýaşaýşy üçin bütin ömrüme minnetdar! “Indi men ölmek islemeýärin-de, maňa manyly durmuş beren iman arkaly Hudaýyň adyny başgalara bildirip, hakykatda ýaşamak isleýärin!” Injilde Isa Mesihiň bir şägirdi şeýle diýýipdi: “Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna (Isa Mesihe) bolan iman bilen geçirýärin.” Bu sözleri bü gün men hem aýdýaryn, we saňada bu gudratly Halasgär bolan Isa Mesihe iman etmäge çagyrýaryn!

Ynsan janynyň duşmany bolan şeýtan seniň Hoş Habary eşitmegiňi, eşidip iman getirmegiňi islemeýär, bu sebäpden ol ynsanlary dürli ýollar bilen garaňkylykda saklaýar, bu garaňkylyk kimdir biri üçin, meniň durmuşym ýaly, narkomania, ogrulyk we başgada erbetlikler bolsa, beýleki biri üçin öz özünden razy bolmak, din ýada bilim, baýlyk ýada başgada her bir sebäp bilen Hoş Habara üns bermän gezmegini şeýtan gazanmak isleýär. Isa Mesih bolsa din däl, Ol “YOL, HAKYKAT we ÝAŞAÝYŞDYR!”

Bu sebäpden, durmuşyňdaky ähli zatlary gyra goýda Hudaýyň uly gutulyşyna iman getir! “Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris. Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söz gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa, onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz (ol jezdan) nädip gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb (Isa Mesih) yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar. Hudaý hem muňa alamatlar, mugjyzalar, dürli gudratlar, Öz islegi bilen paýlan Mukaddes Ruh sylaglary bilen güwälik etdi.”

Hudaýymyň bu uly gutulyşy iň erbetleriň biri bolan, iň bir umytsyzlaryň biri bolan mende hem orun tapdy, Isa Mesih meniň durmuşymda hem gudraty bilen Özüni görkezdi! Men bolsa Onuň bu gutulyşyny ýüregimden çykýan aýdymlarda wagyz ederin!

Meniň şaýatlygym okan gadyrdan ildeşim, bu “ULY GUTULYŞY” görmezlige salma, muny ret etmede, iman et we ýaşaýşa eýe bol!

Bu aşakdaky aýdan aýdymymdan Gutulyş hakynda bilersiň we iman getirersin diýip umyt edýärin! (bu imanly ildeşimiziň aýdymyny ors dilinde aýdypdyr, onuň käbir türkmen dilinde hem aýdan aýdymlaryny, ýakyn geljekde bu websaýtymyzda goýmaga çalyşarys)

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

16th June 2008

Türkmen ildeşlerimiziň käbir soraglaryna jogaplar

Käbir ildeşlerimiz Muhammet hakynda Injilde aýatlar ýazylan diýip bize käbir soraglar beripdiler bulara jogap edip, Injildäki Isa Mesihiň gürrüň edýänleriniň Muhammede hiç hili degişli däldigini subut etmek üçin Injilden jogaplar ýazdyk.

Şu taýda bir zat welin bellenip geçilmeli, ýagny yslamçy alymlar we ol dine uýýanlar, Injil uýtgedilipdir, diýip aýak direýärler, ýöne şol bir hatarda Injilden özleriniň pygamberiniň Hudaýdandygyny subut etjek bolup, Isa Mesih muny tassyklady diýip, şol uýtgedilen diýýän Injilini hem ulanýarlar. Injiliň bolsa uýtgedilip bilinmejegini bolsa boýun almakdan boýun gaçyrýarlar. Eger Injil Hudaýyň sözi bolsa, onda Hudaý Öz Sözüni gorap bilýändir. Hudaý diňe Injili däl, ondan öňki gelen kitaplar Töwrat, pygamberleriň birnäçe beýleki ýazgylaryny, Zebur, Suleýmanyň akyldarlyk sözleri kitaplaryny hem gorandyr we olaryň ilkinji golýazmalary muzeýlerde we ylmy barlak institutlarynda saklanýandyr.

Ildeş, wagt tapyp öz pikirleriňi bu taýda bildireniň üçin köp sag bol!

Indi bolsa seniň getiren aýatlaryň hakynda, gel tazeden şol Injiliň aýatlaryna seredip geçeliň. Ýöne seretmezden öň Isa Mesihiň kimlere bu sözleri aýdýandygyny we haçan aýdandygyny hem oýlanyp geçeliň. Isa Mesih bulary özüne şol döwürde iman eden ilkinji şägirtlerine bu dünýäden gidip barmagyna yakyn wagt galanda, ýagny erdäki soňky günlerinde aýdandygyny ýatdan çykarmalyň. Mundan başgada bu aýatlary bütin kontekstden aýryp düşündiriş bermeli däl. Isa Mesihiň ol aýatlardan öňki we soňky aýdýanlary bilen bilelikde düşündirilmeli. Beýle bolmasa kimdir biriniň aýdan sözüni özüňçe ýorup ýda düşündirip bolýar. Bu sebäpden her bir tekst kontekst esasynda öwrenilmelidir. Saňa bolsa maslahat Yahýanyň Hoş Habarynyň 14-nji babyny başyndan okap gör we oňa iman et. Onda hakyky imanly bolarsyň. Mukaddes Kitabyň bir ýada başga bölegine iman etmän her bir sözüne iman etmegimiz bolsa wajypdyr.

Seret Isa Mesih näme diýýär şägirtlerine: Yahýa 14:15-19 “Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. Mende Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz….” şol babyň 26 aýady “ Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi (paraclete) —Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.”

Gel bular hakynda oýlanyp geçeliň: Isa bu wadany Özüniň ilkinji şägirtlerine wada berdi we tiz wagtdan Göwünlik beriji bolan Mukaddes Ruhy aljakdyklaryny aýtdy. Ol Mukaddes Ruhyň bolsa olaryň hemişe içinde boljakdygyny aýtdy. Isa Mesih ölüp direlenden soň, şägirtlerine görünip şeýle diýdi. Şol Yahýa kitaby 20nji bap 19-22: “Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ehudylardan gorkularyna gapylary gulpla, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olarayň ortalarynda durup: “Size parahatlyk!” diýip, olara ýüzlendi. Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. Isa olara ene: “Size parahatlyk! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men-de sizi iberýärin” diýdi. Soňra bolsa olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: “Mukaddes Ruhy alyň. Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, ol bagyşlanar, kimiň günäsini geçmeseňiz, ol geçilmez” diýdi. Bu barada Mukaddes Ýazgynyň başga bir ýerinde şeýle diýip ýazylan: “Isa görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi. Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: “Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň (ýagny wada edilen Göwünlik Beriji Mukaddes Ruha) Siz ol wadany Menden eşitdiňiz…Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Yahudada, Samariýada, Eriň tä soňuna çenli Men iň şaýatlarym bolarsyňyz.” Bular nämäni görkezýär, ýagny Göwünlik beriji –Mukaddes Ruhyň olara tiz wagtda ýagny Isa ölüp direlip, göge çykandan soň ilkinji birnäçe günlerde Mukaddes Ruh Onuň şägirtlerine inýär we olar Mukaddes Ruhdan dolýarlar. Bu wada hiç bir ýagdaýda Muhammet bilen baglanyşykly däldir, Muhammet Isa göge gideninden 560 ýyl soňra dünýä geldi we ýaşap ölüp gitdi. Mukaddes Ruh wadasy olaryň içinde Isanyň beren wagtyndan başlap hemişe bardy we tä Muhammediň döwrüne çenli hem, ondan soň hem, bu gün hem her bir Isa Mesihiň adyndan iman edenlerde bar bolandyr we baky bolar. Bular gysgaça Mukaddes Ruhyň geljek wagty barada.15 bap 26-27 “Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda guwälik eder. Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz.” Bu aýat esasynda Mukaddes Ruhyň, ýagny Göwülik berijiniň (Paraçlete) güwäligi barada. Ýokardaky tekst we başga tekstler “Parakletiň” kim hakda güwä geçjekdigini aýdýar? Paraklete Isa Mesih hakynda güwälik eder, şägirtler kim hakynda güwälik eder, Isa Mesih hakynda dünýäniň soňuna çenli güwälik ederler. Dünýäniň soňy geldimi, elbetde ýok, dünýäniň ähli halklary Hoş Habary eşitdimi, köpüsi eşitdi, emma heniz hemmesi däl. Muhammediň döwrüne çenli ähli milletlere Isa Mesih hakyndaky HOŞ HABAR wagyz edilip etişildimi? Ýok! Göwünlik Berijini —Mukaddes Ruhy kim kabul edip bilýär, Isa Mesihe iman edenler, çünki başgalar Ony tanarmy, ýok, çünki Isa ýokardaky aýatda şeýle diýýär: “Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz….” Bular esasynda, Mukaddes Ruh arkaly Isanyň Özüniň olaryň arasyna gaýdyp geljekdigi aýdylan. Ondan başgada “ Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.” Bilşimiz ýaly, Isanyň ilkinji şägirtleri, Isanyň taglymatyny eşiden, Onuň durmuşyny gören, ol bilen gije gündiz ýöräp Ol barada şaýat bolanlardyr, bu sebäden Mukaddes Ruh gelip olaryň içinde ýaşap, olara Isa Mesih hakynda ähli zatlary ýadyna salyp öwretdi, bu sebäpden Isanyň şägirtleri, bilşimiz ýaly, durmuşlarynyň ahyryna çenli Isa Mesih hakynda wagyz etdiler, imanlylara öwüt ündew etdiler we Isa Mesihiň tagltymatyny düşündirdiler we bular bilen bir hatarda olar hakynda ýazgylar galdyryp Hoş Habaryň wagyz edilmegi ugrunda janlaryny hiç kime zyan salmazdan gurban etdiler.

Isleseň Paraklete hakynda gaty köp zat aytsa bolar, emma hazirlikçe bu hakynda şular.

Soňunda bolsa seniň oýlanyp görmegiň üçin: Isa Mesih hakynda Hoş Habary Onuň şägirtleriniň wagyz edişi ýaly edip Muhammet wagyz etdimi? Isanyň şägirtleriniň Isa Mesih hakynda halklara parahatçylyk bilen wagyz edip, Onuň adynyň hatyrasyna yzarlanyp, özleri bolsa hiç kime zyýan ýetirman, öldürilişleri ýaly, Muhammet we onuň yzyna eýerýanler, Isa Mesihiň adyny wagyz edip, şolar ýaly boldylarmy? Bu gün Islam Isa Mesih hakyndaky hakyky HOŞ HABARY wagyz edýärmi, ýada munuň deregine, Isanyň Hoş Habaryna garşy göreşýärmi?

Indi bolsa Injiliň orginal dili hakynda, Injiliň käbir bölekleri Arameý dilinde ýazylan bolsa, seniň mysal getiren bölegiň bolsa şol döwürdäki ysraýyllaryň ýaşan ýerlerinde esasy orun tutan dil bolan grek dilinde ýazylan. Isanyň Ýahýa atly resuly, ol kitaby grek dilinde ýazypdyr. Injiliň original iň gadymy golýazmalary, biziň bü günlerimize saklanyp galan, elbetde Kurandan tapawutly, Injil we beýleki Mukaddes Ýazgylar dünýäniň dürli dillerine terjime edilen, çünki bu HOŞ HABARYŇ maksadyna laýykdyr we wajypdyr. Injiliň tekstiniň dogruçyllygyna diýseň gaty uly taryhy ýüridiki faktlar bar. Munuň üstesinede, Injil üýtgedilipdir diýseň onda Hudaýa dil ýetirdigiň bolar, Hudaý Öz Sözüni hiç haçan hem üýtgedilmegine ýol bermez, ylaýtada HOŞ HABAR bolan INJILE şeýle bolmagyna ýol bermez. Hudaý elbetde her bir millediň bu hakynda eşitmegini isleýär we Öz Sözüni goramagy başarýandyr. Injil üýtgedilipdir diýýän taglymaty öňe sürüp, ondaky hakykatlara iman etmezligiňi bolsa Hudaýyň duşmany we ynsan janynyň dowzah odunda ýanmagyny isleýän şeýtan öňe sürendir we sürýändir. Çünki şeýtan Isa Mesihe garşy göreşijidir. Sebäbi şeýtan Isa Mesihiň Hudaýyň iberen ähli ynsanlary dowzah odundan halas etjek Halasgärdigini bilýändir we Hudaýyň Ony Gutulyş ýoly edendigini bilýändir, ol muňa garşy ozaldan bäri göreş alyp barýar we soňuna çenli göreş alyp barar, emma Isa Mesih ony eňendir we ahyrzamanda Ol gaýdyp gelip şeýtany we onuň yzyna eýerenleriň ählisini ebedilik ot kölünde ýakar!

Bu sebäpden, ol ýalan zatlara ynanyp günä galyp ýörmede, hakykaty biljek bolsaň Injili çyn ýüregiňde öwren we olarda ýazylanlaryň hemmesine, diňe käbir bölegine däl, ählisine iman et we baky ýaşaýşa eýe bol!

posted in Шахсы шаятлык | 2 Comments