TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Durmuşyň Maksady Hakynda Söhbet

19th June 2008

Durmuşyň Maksady Hakynda Söhbet

Isa Mesihe degişli ýygnanyşygyň ruhy hyzmatçysy Rik Warren bilen geçirilen

interwýu.

Rik Warreniň aýaly rak keseli bilen kesselände, özüniň bolsa kitaplaryny satmak

bilen şeýle uly “maddy baýlyga” eýe bolan günlerinde, onuň kalbyndan çykýan

akylly sözleri eştimek siziň üçin hem ýakymly bolar. Bu ol bilen geçirilen

gysgajyk gürrüňdeşligiň iňlis dilinden terjimesi.

“Maksat bilen hereket edýän Durmuş” atly kitabyň awtory we Kaliforniadaky

Saddlebaçk ýygnagynyň ruhy çopany.


“Adamlar menden, “Durmuşyň maksady näme?” diýip soraýarlar. Men olara

şeýle jogap berýärin: Durmuş bu bakyýete bolan taýýarlykdyr. Biz baky

ýaşamak üçin ýaradyldyk we Hudaý biziň Ol bilen jennetde bolmagymyzy

isleýär.

Bir gün meniň ýüregim urmasyny goýar, şol günde meniň tenimiň ölmeli wagty

gelýär—emma bu meniň soňum däl.

Men takmynnan 60 ýaşdan 100 ýaş töwerekleri erde durmuş geçirmegim

mumkin, emma trilionça ýyllar men bakyýetde geçirjekdirin. Bu sebäpden erdäki

durmuş wajyp zadyň öňünden taýýarlyk görüp gyzyşmak ýada oýunyň öň

ýanyndan taýýarlyk görmek ýalydyr. Hudaý biziň gökde baky meşgul boljak

zatlarymyzy, erde praktikadan geçirip görmegi isleýär.

Biz Hudaý tarapyndan we Hudaý üçin ýaradylandyrys we sen muňa

durmuşyňda göz ýetirýänçäň, ýaşaýşyňyň manysy bolmaz.

Durmuş bu yzygiderli bolýan problemalar toplumydyr: ýa sen şu wagt bir

problemaň içinde, belkide ol birinden çykyp barýansyň, ýada ene bir problema

girip barýansyň.

Munuň şeýlediginiň sebäbi bolsa, Hudaý seniň komfort ýagdaýyň dälde, seniň

häsiýetiň barada gyzyklanýandyr.

Hudaý seniň durmuşyňy bagtly etmek bilen däl-de, mukaddes etmäge

gyzyklanýandyr.

Biz käbir derejede erde wagtymyz bagtly bolup bileris, emma bu durmuşyň

maksady däldir. Durmuşymyzyň maksady, häsýetimizde ösmek, Isa Mesihe

meňzemekdir.

Geçen ýyl meniň durmuşymda iň bir belent ýyl boldy, ýöne şol bir hatarda iň bir

kyn ýyl boldy, çünki meniň aýalym Key rak keseli bilen kesseledi.

Men öňler, durmuş depelere we julgelere meňzeş—sen garaňky wagtdan

geçýäň, soňra dagyň depesine çykýaň, şeýle hemişe gaýtalanýar diýip pikir

edýärdim. Men indi beýle pikir edemok.

Durmuş depeler we julgeler bolmagyndan ötri, durmuş demir ýolundaky iki sany

demir relslere meňzedýärin, muňa meňzäp hemişe durmuşyňda bir tarapdan

gowylyk we beýleki tarapda erbetlik bolup geçýär.

Durmuşyňda nähili gowylyk bar bolsa hem, şol taýda hemişe hem seniň iş

salyşmaly erbetlik hem bardyr.

Durmuşyň nähili erbet bolsada, Hudaýa minnetdarlyk bildirmeli nähilidir bir

gowylyklar hem durmuşyňda bardyr.

Sen durmuşyňdaky maksatlara ýada ondaky problemalara üns berip ýaşap

bilersiň.

Eger sen problemalaryňa üns berip ýaşasaň, durmuşyňda “men-merkezlige”

uçraýaň, ýagny “meniň problemam, meniň aladalarym, meniň jepam…” Emma

jebir jepalardan dynmagyň bir aňsat ýoly bolsa, unsi özüňden aýyrmak we ony

Hudaýa we beýlekilere gönükdirmekdir.

Müňlerçe adamlaryň dileg-ýalbarmalaryna seretmezden, aýalym Keýi Hudaý

sagaltmajakdygyna we ol üçin eňil etmejekdigine tizden tiz göz etirdik.

Bu ol üçin gaty kyn boldy, ýöne Hudaý onuň häsýetini berkleşdirdi, başgalara

hyzmat etmek üçin hyzmat berdi, oňa şaýatlyk berdi, ony Özüne we adamlara

ýakynlaşdyrdy.

Sen durmuşyňda, ikisi bilen hem, ýagşylyk we ýamanlyk bilen hem iş salyşmagy

öwrenmeli bolarsyň.

Dogrusyny aýtsam, kämahal gowylyk bilen iş salyşmak kynrak bolýar. Mysal

üçin, geçen ýyl, kitabymyň 15 miliony satylanda, birdenkä men gaty baý adam

boldym.

Bu şol bir hatarda, meň tejribämde öň bolmadyk gaty uly meşhurlyk hem

getirdi. Hudaý adama arkaýyn durmuşda ýaşasyn ýada diňe şahsy bähbidi üçin,

men-menligi üçin meşhurlyk ýada pul bermeýär.

Bu sebäpden men bu pul bilen, meşhurlyk bilen we täsirlilik bilen näme

etmelidigimi Hudaýdan sorap başladym. Ol maňa Mukaddes Ýazgylardan iki

dürli aýatlary berdi, şolar hem meniň näme etmelidigimde kömek etdi. Ol

aýatlar 2 Korintoslar 9-njy bap we Mezmur 72.

Ilki bilen, gelýän pullara seretmezden, hiç hem öňki durmuş dolandyryşymyzy

uýtgetmeris dien çözgüde geldik. Biz hiç hili uly zatlary satyn almadyk.

Ikinjiden, geçen ýylyň ortalarynda men ýygnanyşygymyzdan ruhy çopan bolup

işleýändigim üçin aýlyk almazlygy çözdüm.

Üçünjiden, “Parahatlyk Çäresi” atly gurama döretdik, bu guramanyň maksady

bolsa hudaýhon liderleri etişdirmek, garyplara ýardam etmek, keselleriň

aladasy etmek we geljekgi nesli bilimli edip etişdirmekdir.

Dördünjiden, geçen 24 ýylyň içinde ýygnakda (kilise) eden hyzmatym üçin maňa

tölenen aýlyklaryň hemmesini hasaplap yzyna gaýtaryp berdim. Bu bolsa meni

Hudaýa mugt hyzmat etmegime meni erkin etdi.

Biz şeýle diýip sorag bermeli: Men zat üçin ýaşajakmy? Meşhurlyk üçinmi?

Men basyşlar netijesinde durmuşymy herekete getirjekmi? Günäkärlik duýgusy

bilenmi? Gazaplanmak? Materializm bilenmi? Ýada men Hudaýyň meniň durmuşym

üçin maksatlary bilen herket ederinmi?

Men her gün irden oýananymda, düşegimiň gyrasynda oturýaryn-da, şeýle

diýýärin: Hudaýym, eger men bu gün hiç bir zat edip bilmesem-de, Seni köpräk

tanamak we gowyrak söýmek isleýärin. Hudaý meni bu ýaşaýyşda, diňe bir erine

etirmeli bolan işler sanawyny berjaý etmek üçin goýmady. Ol meniň näme erine

etirýändigimden ötri, meniň nähilidigim bilen köp gyzyklanýar.

Bu sebäpden biz işleýän ynsan diýip däl, ýaşaýan ynsan diýip at berildik.

(Ýaşamak üçin işläp bolýar, emma işlemek üçin ýaşamaly däldiris)

Bagtly pursatlarynda, HUDAÝA ÖWGI AÝT

Kyn pursatlarda, HUDAÝY GÖZLE.

Parahat pursatlarda, HUDAÝA SEJDE ET.

Jebir-jepaly pursatlarda, HUDAÝA BIG BAGLA.

Her bir pursatda, HUDAÝA MINNETDAR BOL.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

16th June 2008

Uly Gutulyş!

Meniň adym Atamyrat. Men Türkmenistanda musulman maşgalasynda 1978 ýylda eneden doguldym. Meniň ýaşlygym 12 ýaşyma çenli känbir kynçylyksyz geçdi. Ejem we kakam bize ýagny bäş çagaly, maşgala üçin elinde baryny edýärdiler, gündelik durmuş üçin gerek bolan zatlary upjün edýärdiler, emma olaryň özleriniň welin gatnaşyklar känbir gowy däldi. Men olaryň biri biri bilen uruşýandygyny, kakamyň ejemi tizden tizden urýandygyny, erbet sözler aýdýandygyny görýärdim. Olaryň näme üçin beýle edýändiklerine çagalygymda kän düşünmezdim. Men ulalyp başlanymda olaryň urşy köpelip, bize bolan ünslerini-de mundan beýläk berip bilmediler. Men bu wagt şäherde dürli oglanlar bilen gezip, käbir gara işlere garyşyp başlapdym. Men her gezek bir erbetlik edenimde, ol işi gaýtalamajak bolup dyrjaşýardym, emma ene we ene-de gara işleriň beterlerini edýärdim. Meniň günäm şeýle bir köpelip barýardy welin gowy bolmaga hiç bir mümkinçilik ýokdy, maňa kömek berer ýalyda hiç kim we hiç zat ýokdy. Meniň ýaşlykdan öwrenen dinim musulmançylykdaky düşünjeler maňa kömek berip bilmeýärdi, Alla menden gaty uzakda-dy, men onuň söýgüsini ýada aladasyny duýup bilmeýärdim. Meniň dinim maňa ýardam berip bilmeýärdi, şol bir hatarda musulman bolan ähli dostlarym hem, garyndaşlarym hem maňa ýol görkezip bilmediler. Haçanda men 16 ýaşamda, meň ejem we kakam aýrylyşdylar we biziň maşgalamyz doly döwüldi. Men bolsa günsaýyn garaňkylyk batgasynda çümüp gidip otyrdym. Men beňňiçilik, arakkeşlik, ogrulyk, zynagärlik ýollarynda başagaý bolup gidipdim. Bir gün bolsa men eden günälerimiň netijesinde, höküm edilip 17 ýaşymda türmä düşdim. Türme bolsa garaňkylykdaky işleriň has belenträk görnüşlerine meni taýýarlady, emma meni dogry ýola getirip bilmedi. Men ol taýda köp ezýet çekdim, emma ol ezýetler meni aklyma aýlandyrmady. Türmeden çykandan soň bolsa, tizden tiz ene-de erbet dostlarymyň arasyna bardym we oňky edýän işlerimden beterlerini edip durmuşymy dowam etdirdim. Meniň kakam men türmeden çykandan soň birnäçe günden soň dünýäden ötdi. Meniň iň ýakynym dünýäden ötdi, bu bolsa meniň durmuşymy öňküsinden hem beter manysyz etdi: näme üçin ölüm bar? Näme üçin biz wagtyndan öň ölmeli? Nädip günälerim geçilerkä? Durmuşyň manysy näme we ş .m. Jogap ýokdy. Soňra men ene-de erbetlikde tutulyp türmä salyndym. Bu sapar türmede men beňňiçiligiň ýokary nokady bolan, geroinçilik işine baş goşdym, ýagny men özüme geroin urup başladym. Bu sapar men türmeden çykyp gelenimde, men eýýäm diňe özüme dälde, ejeme, doganlaryma hem zyýanly boldym. Men geroin üçin pul tapmanymda olara ezýet berýärdim. Bu aralykda men ene-de türmä düşdim. Geçen gezekler türmä düşemde, prezidentiň her ýyl boşatmak düzgünine düşüp tiz arada bir iki üç ýylyň içinde çykyp gelýärdim. Bu gezek köp gezek sud edilendigim üçin beýle ýagdaýa laýyk görülmeýärdim. Emma bir zat boldy welin bu sapar hem men çykmaly wagtymdan ir türmeden çykaryldym. Türmeden gaýdyp gelenimde men iň erbet geroinşikdim. Men işlemeýärdim, ejemi we doganlarymyň pulyny alýardym, olar bermejek bolsalar men olara howp salýardym. Men özüm hem durmuşymdan doýupdym, meni birnäçe gezek narkomanlar merkezine hem kömek berjek bolup äkidipdiler, ol taýdan hem maňa hiç hili kömek bolmandy. Men durmuşymdan şeýle bir doýdym welin, özümi öldürmegi ýüregime düwdüm. Men bir gezek öz gan damary kesdim, emma öýdakiler bilip men keselhana äkidip ýetişipdirler, ölmän galdym. Soňky gezek men geroin köp urup ölmekçi boldum, bu sapar hem kimdir biri dadyma etişip keselhana äkidip, ölümden alyp galdylar. Emma öýümdäkiler hem meniň erbetligimden, geroinşik durmuşymdan şeýle bir doýupdylar welin olar hem meniň ölmegimi isläp başladylar. Birgezek men öz aýal doganymdan şeýle diýip pul soradym “men köp doza geroin edip ölmekçi, men ýadadym, sizi hem ýadatdym, maňa ölmäge bu dünýäden dynmaga kömek et, pul ber” diýdim. Ol hem aglap aglap maňa soran pulumy berdi, beýleki doganlaryma hem aýdypdyrlar, ejem hem munyň şeýle bolmagyna razy bolupdyr. Men kwartiramyz erleşýän jaýyň podwalyna gidip soňky gezek durmuşymy gutarmak üçin özüme iň köp geroin dozany etdim. Men ölüme garaşyp, gynalyp şol podwalda ýatynymda goňşylardan biri görüp öýdäkilere aýdypdyrlar, olaryň bolsa habary bardy. Olar biri birine: “gitme, belki indi dynandyr” diýip saklapdyrlar, emma soňra goňşylar näme diýer diýip göterip jaýymyza äkidipdirler we bir otaga taşlapdyrlar, men ol ýerde öljek bolup tenim gara gana aýlanyp, gögerip ýatypdyryn. Olar bolsa, aglaşyp beýleki jaýda gaýgy we gam bilen, bir tarapdan men belki ölüp mundan halas bolaryn diýip, beýleki tarapdan hiç hili kömek berip bilmejeklerine gynanyp gijäni geçirýärler. Mende ýaşamaga we täze ýaşaýşa umyt ýokdy. Hatda ejem dagy hem “goý öljek bolsa ölsün, çünki bu dünýäde muňa umyt ýok” diýipdirler. Emma näme üçindir men ene-de ölmän galypdyryn, ertesi gün men ene-de diri ekenim. Şol günden birnäçe gün soňra men bir tanyş dostuma duşdym, ol gelip maňa bu dünýäde we geljekd Hudaýyň ýanynda hem täze ýaşaýyş berip biljek Biriniň bardygyny aýtdy. Onuň adynyň hem Isa Mesihdigini, Onuň meniň günälerim üçin iki müň ýyl mundan öň gelip ähli ynsanlaryň günäleri üçin haçda töleg täländigini we Oňa iman eden her kişä günälerden, Hudaýyň jezasy bolan dowzah odundan halas bolmagy berjekdigini aýtdy. Onuň beýleki pygamberler ýaly ölip giden dälde, ölüp direlendigini we bu gün hem her bir iman edene manydan we şatlykdan we ýürekdäki parahatçylygy berjekdigini aýtdy. Ol maňa Isa Mesihiň bütin durmuşyny, taglymatyny, eden işlerini gürrüň berdi. Men olar hakynda eşitdigimçe, ýüregime täsir edip başlady, çünki men Isa Mesih ýaly hiç kime duşmandym. Isa Mesih hakynda hakyky taryhy eşidenimde mende iman döräp başlady we men Isa Mesihe öz Halasgärim hökmünde ynandym we Onuň eden ähli işlerine iman getirdim we Ondan meni ähli erbetliklerden, narkomanidan halas etmegini soradym. Şol günden başlap men azat boldym, ýüregime şatlyk, täze umyt we parahatçylyk geldi. Men Isany kabul edemde, diňe bir çilim çekmek, arak içmek dälde, meniň durmuşymy iň soňky umytsyz batgasyna çenli batyran geroini hem taşladym. Bu bolsa, meniň dowzah odundan halas bolmagymdan soňra, Hudaýyň meniň durmyşymda gös göni görkezýän gudratydy! Bu uly gutulyşy gören meniň doganlarym we ejem Isa Mesihe iman getirdiler! Meniň goňşylarym, dostlarym, garyndaşlarym meni ähli zatdan gutulanymy görüp gözlerine ynanyp bilmeýärdiler. Çünki narkomania derdinden gutulýanlar ýok diýen ýalydy, olar ölüp dünýäden ötüp gitmeseler, olaryň azat bolandygy jemgyýetimizde ýok diýen ýalydy. Hudaý maňa merhemet edip, ölümden saklapdy, çünki men ol wagt ölen bolsam onda günälerim üçin göni dowzaha gitmelidim, emma Hudaý maňa rehim edipdir, we maňa ene bir gezek mümkinçilik beripdir we şol wagt hem Özüniň gutulyş Hoş Habaryny aýtmaga birini iberdi we maňa gutulyş berdi! Men Rebbim Isa Mesihe görkezen bu belent merhemeti üçin, azatlygy üçin, dowzah odundan gutulyşy üçin, täze baky ýaşaýşy üçin bütin ömrüme minnetdar! “Indi men ölmek islemeýärin-de, maňa manyly durmuş beren iman arkaly Hudaýyň adyny başgalara bildirip, hakykatda ýaşamak isleýärin!” Injilde Isa Mesihiň bir şägirdi şeýle diýýipdi: “Indi men ýaşaman, eýsem, Mesih mende ýaşaýar. Şindi tende geçirýän ýaşaýşymy Hudaýyň meni söen, meniň ugrumda Özüni pida eden Ogluna (Isa Mesihe) bolan iman bilen geçirýärin.” Bu sözleri bü gün men hem aýdýaryn, we saňada bu gudratly Halasgär bolan Isa Mesihe iman etmäge çagyrýaryn!

Ynsan janynyň duşmany bolan şeýtan seniň Hoş Habary eşitmegiňi, eşidip iman getirmegiňi islemeýär, bu sebäpden ol ynsanlary dürli ýollar bilen garaňkylykda saklaýar, bu garaňkylyk kimdir biri üçin, meniň durmuşym ýaly, narkomania, ogrulyk we başgada erbetlikler bolsa, beýleki biri üçin öz özünden razy bolmak, din ýada bilim, baýlyk ýada başgada her bir sebäp bilen Hoş Habara üns bermän gezmegini şeýtan gazanmak isleýär. Isa Mesih bolsa din däl, Ol “YOL, HAKYKAT we ÝAŞAÝYŞDYR!”

Bu sebäpden, durmuşyňdaky ähli zatlary gyra goýda Hudaýyň uly gutulyşyna iman getir! “Şonuň üçin eşidenlerimizden daşlaşmaz ýaly, olara has köp üns bermelidiris. Çünki perişdeler arkaly aýdylan söz berk bolup, her bir jenaýat, söz gulak asmazlyk öz adalatly almytyny alan bolsa, onda şeýle uly gutulyşy görmezlige salsak, biz (ol jezdan) nädip gaçyp bileris? Bu gutulyşy ozal başda Reb (Isa Mesih) yglan etdi, Ondan eşidenler bolsa ony bize tassykladylar. Hudaý hem muňa alamatlar, mugjyzalar, dürli gudratlar, Öz islegi bilen paýlan Mukaddes Ruh sylaglary bilen güwälik etdi.”

Hudaýymyň bu uly gutulyşy iň erbetleriň biri bolan, iň bir umytsyzlaryň biri bolan mende hem orun tapdy, Isa Mesih meniň durmuşymda hem gudraty bilen Özüni görkezdi! Men bolsa Onuň bu gutulyşyny ýüregimden çykýan aýdymlarda wagyz ederin!

Meniň şaýatlygym okan gadyrdan ildeşim, bu “ULY GUTULYŞY” görmezlige salma, muny ret etmede, iman et we ýaşaýşa eýe bol!

Bu aşakdaky aýdan aýdymymdan Gutulyş hakynda bilersiň we iman getirersin diýip umyt edýärin! (bu imanly ildeşimiziň aýdymyny ors dilinde aýdypdyr, onuň käbir türkmen dilinde hem aýdan aýdymlaryny, ýakyn geljekde bu websaýtymyzda goýmaga çalyşarys)

Audio clip: Adobe Flash Player (version 9 or above) is required to play this audio clip. Download the latest version here. You also need to have JavaScript enabled in your browser.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

16th June 2008

Türkmen ildeşlerimiziň käbir soraglaryna jogaplar

Käbir ildeşlerimiz Muhammet hakynda Injilde aýatlar ýazylan diýip bize käbir soraglar beripdiler bulara jogap edip, Injildäki Isa Mesihiň gürrüň edýänleriniň Muhammede hiç hili degişli däldigini subut etmek üçin Injilden jogaplar ýazdyk.

Şu taýda bir zat welin bellenip geçilmeli, ýagny yslamçy alymlar we ol dine uýýanlar, Injil uýtgedilipdir, diýip aýak direýärler, ýöne şol bir hatarda Injilden özleriniň pygamberiniň Hudaýdandygyny subut etjek bolup, Isa Mesih muny tassyklady diýip, şol uýtgedilen diýýän Injilini hem ulanýarlar. Injiliň bolsa uýtgedilip bilinmejegini bolsa boýun almakdan boýun gaçyrýarlar. Eger Injil Hudaýyň sözi bolsa, onda Hudaý Öz Sözüni gorap bilýändir. Hudaý diňe Injili däl, ondan öňki gelen kitaplar Töwrat, pygamberleriň birnäçe beýleki ýazgylaryny, Zebur, Suleýmanyň akyldarlyk sözleri kitaplaryny hem gorandyr we olaryň ilkinji golýazmalary muzeýlerde we ylmy barlak institutlarynda saklanýandyr.

Ildeş, wagt tapyp öz pikirleriňi bu taýda bildireniň üçin köp sag bol!

Indi bolsa seniň getiren aýatlaryň hakynda, gel tazeden şol Injiliň aýatlaryna seredip geçeliň. Ýöne seretmezden öň Isa Mesihiň kimlere bu sözleri aýdýandygyny we haçan aýdandygyny hem oýlanyp geçeliň. Isa Mesih bulary özüne şol döwürde iman eden ilkinji şägirtlerine bu dünýäden gidip barmagyna yakyn wagt galanda, ýagny erdäki soňky günlerinde aýdandygyny ýatdan çykarmalyň. Mundan başgada bu aýatlary bütin kontekstden aýryp düşündiriş bermeli däl. Isa Mesihiň ol aýatlardan öňki we soňky aýdýanlary bilen bilelikde düşündirilmeli. Beýle bolmasa kimdir biriniň aýdan sözüni özüňçe ýorup ýda düşündirip bolýar. Bu sebäpden her bir tekst kontekst esasynda öwrenilmelidir. Saňa bolsa maslahat Yahýanyň Hoş Habarynyň 14-nji babyny başyndan okap gör we oňa iman et. Onda hakyky imanly bolarsyň. Mukaddes Kitabyň bir ýada başga bölegine iman etmän her bir sözüne iman etmegimiz bolsa wajypdyr.

Seret Isa Mesih näme diýýär şägirtlerine: Yahýa 14:15-19 “Meni söýýän bolsaňyz, buýruklarymy berjaý ediň. Mende Atama ýalbararyn, Ol size, hemişe siziň bilen bolar ýaly, başga bir Göwünlik Beriji, ýagny Hakykat Ruhuny berer. Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz….” şol babyň 26 aýady “ Meniň adymdan Atanyň iberjek Göwünlik Berijisi (paraclete) —Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.”

Gel bular hakynda oýlanyp geçeliň: Isa bu wadany Özüniň ilkinji şägirtlerine wada berdi we tiz wagtdan Göwünlik beriji bolan Mukaddes Ruhy aljakdyklaryny aýtdy. Ol Mukaddes Ruhyň bolsa olaryň hemişe içinde boljakdygyny aýtdy. Isa Mesih ölüp direlenden soň, şägirtlerine görünip şeýle diýdi. Şol Yahýa kitaby 20nji bap 19-22: “Hepdäniň şol ilkinji güni agşamara Isanyň şägirtleri ehudylardan gorkularyna gapylary gulpla, bir öýde üýşüşip otyrkalar, Isa geldi. Isa olarayň ortalarynda durup: “Size parahatlyk!” diýip, olara ýüzlendi. Muny aýdyp, olara Öz ellerini, böwrüni görkezdi. Şägirtleri Rebbi görüp şatlandylar. Isa olara ene: “Size parahatlyk! Atamyň Meni iberişi ýaly, Men-de sizi iberýärin” diýdi. Soňra bolsa olaryň üstüne üfläp goýberdi-de: “Mukaddes Ruhy alyň. Siz kimiň günäsini bagyşlasaňyz, ol bagyşlanar, kimiň günäsini geçmeseňiz, ol geçilmez” diýdi. Bu barada Mukaddes Ýazgynyň başga bir ýerinde şeýle diýip ýazylan: “Isa görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi. Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: “Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň (ýagny wada edilen Göwünlik Beriji Mukaddes Ruha) Siz ol wadany Menden eşitdiňiz…Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Yahudada, Samariýada, Eriň tä soňuna çenli Men iň şaýatlarym bolarsyňyz.” Bular nämäni görkezýär, ýagny Göwünlik beriji –Mukaddes Ruhyň olara tiz wagtda ýagny Isa ölüp direlip, göge çykandan soň ilkinji birnäçe günlerde Mukaddes Ruh Onuň şägirtlerine inýär we olar Mukaddes Ruhdan dolýarlar. Bu wada hiç bir ýagdaýda Muhammet bilen baglanyşykly däldir, Muhammet Isa göge gideninden 560 ýyl soňra dünýä geldi we ýaşap ölüp gitdi. Mukaddes Ruh wadasy olaryň içinde Isanyň beren wagtyndan başlap hemişe bardy we tä Muhammediň döwrüne çenli hem, ondan soň hem, bu gün hem her bir Isa Mesihiň adyndan iman edenlerde bar bolandyr we baky bolar. Bular gysgaça Mukaddes Ruhyň geljek wagty barada.15 bap 26-27 “Atadan size iberiljek Göwünlik Berijim, ýagny Atadan çykan Hakykat Ruhy gelende, Men hakda guwälik eder. Siz-de güwälik edersiňiz, çünki başdan Meniň bilen bilediňiz.” Bu aýat esasynda Mukaddes Ruhyň, ýagny Göwülik berijiniň (Paraçlete) güwäligi barada. Ýokardaky tekst we başga tekstler “Parakletiň” kim hakda güwä geçjekdigini aýdýar? Paraklete Isa Mesih hakynda güwälik eder, şägirtler kim hakynda güwälik eder, Isa Mesih hakynda dünýäniň soňuna çenli güwälik ederler. Dünýäniň soňy geldimi, elbetde ýok, dünýäniň ähli halklary Hoş Habary eşitdimi, köpüsi eşitdi, emma heniz hemmesi däl. Muhammediň döwrüne çenli ähli milletlere Isa Mesih hakyndaky HOŞ HABAR wagyz edilip etişildimi? Ýok! Göwünlik Berijini —Mukaddes Ruhy kim kabul edip bilýär, Isa Mesihe iman edenler, çünki başgalar Ony tanarmy, ýok, çünki Isa ýokardaky aýatda şeýle diýýär: “Hakykat Ruhuny dünýä kabul edip bilmez, çünki dünýä Ony ne görýär, ne-de tanaýar. Ýöne siz Ony tanaýarsyňyz, çünki Ol siziň araňyzda ýaşaýar we siziň içiňizde bolar. Men sizi etim goýmaryn, ýanyňyza gaýdyp gelerin. Az salymdan soň dünýä Meni görmez, ýöne siz görersiňiz, çünki Men ýaşaýaryn, siz-de ýaşarsyňyz….” Bular esasynda, Mukaddes Ruh arkaly Isanyň Özüniň olaryň arasyna gaýdyp geljekdigi aýdylan. Ondan başgada “ Mukaddes Ruh size ähli zady öwreder, Meniň aýdan ähli zatlarymy ýadyňyza salar.” Bilşimiz ýaly, Isanyň ilkinji şägirtleri, Isanyň taglymatyny eşiden, Onuň durmuşyny gören, ol bilen gije gündiz ýöräp Ol barada şaýat bolanlardyr, bu sebäden Mukaddes Ruh gelip olaryň içinde ýaşap, olara Isa Mesih hakynda ähli zatlary ýadyna salyp öwretdi, bu sebäpden Isanyň şägirtleri, bilşimiz ýaly, durmuşlarynyň ahyryna çenli Isa Mesih hakynda wagyz etdiler, imanlylara öwüt ündew etdiler we Isa Mesihiň tagltymatyny düşündirdiler we bular bilen bir hatarda olar hakynda ýazgylar galdyryp Hoş Habaryň wagyz edilmegi ugrunda janlaryny hiç kime zyan salmazdan gurban etdiler.

Isleseň Paraklete hakynda gaty köp zat aytsa bolar, emma hazirlikçe bu hakynda şular.

Soňunda bolsa seniň oýlanyp görmegiň üçin: Isa Mesih hakynda Hoş Habary Onuň şägirtleriniň wagyz edişi ýaly edip Muhammet wagyz etdimi? Isanyň şägirtleriniň Isa Mesih hakynda halklara parahatçylyk bilen wagyz edip, Onuň adynyň hatyrasyna yzarlanyp, özleri bolsa hiç kime zyýan ýetirman, öldürilişleri ýaly, Muhammet we onuň yzyna eýerýanler, Isa Mesihiň adyny wagyz edip, şolar ýaly boldylarmy? Bu gün Islam Isa Mesih hakyndaky hakyky HOŞ HABARY wagyz edýärmi, ýada munuň deregine, Isanyň Hoş Habaryna garşy göreşýärmi?

Indi bolsa Injiliň orginal dili hakynda, Injiliň käbir bölekleri Arameý dilinde ýazylan bolsa, seniň mysal getiren bölegiň bolsa şol döwürdäki ysraýyllaryň ýaşan ýerlerinde esasy orun tutan dil bolan grek dilinde ýazylan. Isanyň Ýahýa atly resuly, ol kitaby grek dilinde ýazypdyr. Injiliň original iň gadymy golýazmalary, biziň bü günlerimize saklanyp galan, elbetde Kurandan tapawutly, Injil we beýleki Mukaddes Ýazgylar dünýäniň dürli dillerine terjime edilen, çünki bu HOŞ HABARYŇ maksadyna laýykdyr we wajypdyr. Injiliň tekstiniň dogruçyllygyna diýseň gaty uly taryhy ýüridiki faktlar bar. Munuň üstesinede, Injil üýtgedilipdir diýseň onda Hudaýa dil ýetirdigiň bolar, Hudaý Öz Sözüni hiç haçan hem üýtgedilmegine ýol bermez, ylaýtada HOŞ HABAR bolan INJILE şeýle bolmagyna ýol bermez. Hudaý elbetde her bir millediň bu hakynda eşitmegini isleýär we Öz Sözüni goramagy başarýandyr. Injil üýtgedilipdir diýýän taglymaty öňe sürüp, ondaky hakykatlara iman etmezligiňi bolsa Hudaýyň duşmany we ynsan janynyň dowzah odunda ýanmagyny isleýän şeýtan öňe sürendir we sürýändir. Çünki şeýtan Isa Mesihe garşy göreşijidir. Sebäbi şeýtan Isa Mesihiň Hudaýyň iberen ähli ynsanlary dowzah odundan halas etjek Halasgärdigini bilýändir we Hudaýyň Ony Gutulyş ýoly edendigini bilýändir, ol muňa garşy ozaldan bäri göreş alyp barýar we soňuna çenli göreş alyp barar, emma Isa Mesih ony eňendir we ahyrzamanda Ol gaýdyp gelip şeýtany we onuň yzyna eýerenleriň ählisini ebedilik ot kölünde ýakar!

Bu sebäpden, ol ýalan zatlara ynanyp günä galyp ýörmede, hakykaty biljek bolsaň Injili çyn ýüregiňde öwren we olarda ýazylanlaryň hemmesine, diňe käbir bölegine däl, ählisine iman et we baky ýaşaýşa eýe bol!

posted in Шахсы шаятлык | 2 Comments

9th June 2008

Gökdäki Öýüm!

Gökdäki Öýüm!

Gökdäki öýüm isaň ýanynda,

Ol ýerde täze durmuş bolar.

Garyndaş, dostlar hemmämiz bile,

Alkyş aýdaryrs Atamyza.

Gaýtalama:

Gökdäki öýüm meniň islegim,

Baky ýaşaryn men ol erde.

//Hudaýa baky alkyş aýdaryn,

Erdäki durmyşym geçende.//

Şatlykly bolar ol baky öýde,

Hälasgärimi görerin men.

Günäler üçin Golgofda ölüp,

Hudaý tarap ýol görkezdi.

Agy, gözýaşlar indi, gerek däl!

Hudaýa alkyş aýdarys biz.

Unudarys aýralyk – keseli,

Hudaýa alkyş aýdarys biz!

Diňläp hakykata göz ýetiriň!

Audio clip: Adobe Flash Player (version 9 or above) is required to play this audio clip. Download the latest version here. You also need to have JavaScript enabled in your browser.

Gökdäki Öýüm

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

6th June 2008

Bu gün üçin pozitiw pikir (4)

Bu gün üçin pozitiw pikir (4)

Alada Etme

Pozitiw Pikir

Biziň gaýgy edýän köp zatlarymyz soňy bilen hiç haçan ýerine ýetmeýär. Gaýgy iş bitirmez.

Mukaddes Ýazgy

“Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň. Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar.” (Filipililer 4:6-7)

Doga (Hudaý bilen gepleşmek)

Göklerdäki Hudaýym, sen hiç haçan irkilmeýäň we uklamaýaň . Sen biziň näme mätäçdigimizi bilýärsiň. Biz ähli aladalarymyzy Saňa berip bilýändigimiz üçin minnetdar. Biz Saňa doly umyt baglap bilýäris! Ähli alkyşlar we öwgüler Saňa bolsun! Omyn

Bu gün üçin bolan bu pikir meniň gündelik durmuşyma nähili täsir edýär?

Bu gün üçin bolan bu pikir meni nädip gowy adam eder?

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

4th June 2008

Bu gün üçin pozitiw pikir (3)

Bu gün üçin pozitiw pikir (3)

Saýlaw Seniňki

Pozitiw Pikir

Mumkinçilik däl-de, saýlaw biziň ykbalymyzy anyklar.

Mukaddes Ýazgy

“Bu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň. Emma men we meniň maşgalam Reb Hudaýa gulluk ederis.”(Ýeşuwa pygamber 24:15)

Doga (Hudaý bilen gepleşmek)

Seni birinji orunda goýmagy saýlamaga ýardam et Rebbim, çünki Sen meniň gaýam we halasgärimsiň. Senden başga hiç kimden ýardam gelmez maňa. Sen meniň ähli ýollarymy Yol, Hakykat we Ýaşaýyş bolan Isa Mesih arkaly alyp barýandygyňa düşünmäge kömek ber. Omyn

Bu gün üçin bolan bu pikir meniň gündelik durmuşyma nähili täsir edýär?

Bu gün üçin bolan bu pikir meni nädip gowy adam eder?

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments