TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Bu Gün üçin Pozitiw Pikir (2)

29th May 2008

Bu Gün üçin Pozitiw Pikir (2)

Bu Gün üçin Pozitiw Pikir (2)

AKYLDARLYK

Pozitiw Pikir

Geçmişden öwren, geljegiňe goýum goý.

Mukaddes Ýazgy

“Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käemek, ýola getirmek, dogrulykda terbielemek üçin peýdalydyr.”(2Timoteos 3:16-17)

Doga (Hudaý bilen gepleşmek)

Gudratygüýçli Hudaýymyz, biziň durmuşymyz üçin ýol görkezýän gymmatly Sözüň üçin minnetdar! Biz ol arkaly ynsan bilen seniň taryh jümmüşlerinde iş salyşandygyňy we olar akly näme eksek bü dünýäde-de o dünýäde-de ekenimizi orýandygymyzy öwrenýäris. Patyşalygyňyň haky üçin dogrulyk tohumyny ekmäge kömek et. Daş töweregimdäkileri özümi söýüşim ýaly söýmäge we olary iman gözleri bilen görmäge ýardam ber! Seniň Adyň beýgelsin! Omyn.

Bu gün üçin bolan bu pikir meniň gündelik durmuşyma nähili täsir edýär?

Bu gün üçin bolan bu pikir meni nädip gowy adam eder?

posted in Kitaplar, Шахсы шаятлык | 0 Comments

28th May 2008

Bu gün üçin pozitiw pikir

Bu gün üçin pozitiw pikir

JOGAPKÄRÇILIK

Pozitiw Pikir

Şu gün saýlajak durmuş ýörelgeleriň seniň geljegiňe täsir eder.

Mukaddes Ýazgy

Biz paýhasly ýürek ediner ýaly, günlerimizi sanamagy bize öwret. (Zebur 90:12)

Doga (Hudaý bilen gepleşmek)

Rebbim, biziň hiç birimiz hem näçe ýyl ömrümiziň bardygyny bilmeýäris, munuň üçin bu günki edip biljek ýagşy işleri ertä goýmazlyga kömek et. Erine etirmeli iň wajyp zatlary birinji erde goýmagy öwret. Dogry durmuş saýlawlaryny saýlamagym üçin maňa Sen Ruhyň bilen ýol görkez. Meniň üçin bolmadyk her bir gapyny ýap we meni erbetlikden gora. Bütin akyldarlykdan ýokary bolan Hudaýyň Isa Mesihdäki parahatçylygy meniň ýüregimi we akylymy goraýandygy üçin Sen Biribara minnetdar! Omyn.

Bu gün üçin bolan bu pikir meniň gündelik durmuşyma nähili täsir edýär?

Bu gün üçin bolan bu pikir meni nädip gowy adam eder?

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

28th May 2008

Dünýä Söýgüsi

Dünýä söýgüsi

Dünýä Söýgüsi

Durmuşy ýürekden söýen adamlaň

Gözleri bu dünýäň baýlygyny görýär.

Özün oda alyp barjak ýollary

Agtaryp, çarp urup, galýarlar görgä.

Bakman ýolundaky şeýtan alyna

Adamlar bu dünýä ynanýar, uýýar.

Olaň depesinden Hakykat Ruhy

Rehim-söýgüsini bedrelp guýýar.

Bu dünýäň yşkyndan doly gursaklar,

Bakman Hudaýymyň merhemetine

Ah, adamlar…

Düşünsedi şu pursat

Dünýäň özge dünýä degişlidigine.

posted in Radio | 0 Comments

27th May 2008

Adamyň soraglary—Hudaýyň Jogaplary

Adamyň Soraglary;

Hudaýyň Jogaplary

1- nji Bölüm

Salam gadyrly ildeşler.

Gadyrly dostlar, bize Mukaddes Ýazgynyň taglymatlary hakynda soraglar berip ýazan hatlaryňyz üçin minnetdarlyk bildirýäris. Biziň size ýollan hatlarymyz, kitaplarymyz we kasetalarymyz peýdaly bolandyr diýip umyt edýäris. Hatda bize hat ýazmasaňyzda, Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşiklerimizi yzygiderli diňlän diňleýjilerimizede minnetdarlyk bidirýäris. Goý Gudratyguýçli Hudaýymyz siziň her biriňiz bereketlesin we Özüniň döreden Gutulyş ýoluna siziň düşünmegiňizde size ýardam bersin.

Bu günki gepleşigimizde we indiki gepleşigimizde biz birazajyk üýtgeşik bir zatlar etmegi maslahat etdik. Gadyrly diňleýjilerimiz bolan sizden alan käbir soraglarymyz bilen ähli diňleýjilerimiz bilen paýlaşmak isledik. Ol soraglaryň her birine jogap bermekde biz diňe Mukadde Ýazgylary ulanarys, çünki diňe Hudaýyň Sözi bize tümlükde ýagty ýol saçyp ýol görkezip bilýär. Zeburda bu hakynda şeýle diýip ýazylan: “Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdyr!” (Zebur 119:105)

Häzir bolsa soraglar. Bize bu gün soraglary okaman ýardam bermek üçin stüdiýamyzda biziň dostymyz bize soraglary okap berer.

1) Sag boluň. Biziň hat üsti bilen alan birinji soragymyz: Dogrylyk Ýoly atly radio gepleşigi döredýänleriň dini näme?

Köp wagt mundan öň Hudaý biziň ýüregimize hakykaty—Onuň Hakykatyny gözlemegi goýdy. Biziň özümiz hak Hudaýyň Sözlerini bilmek isledik. Biz Mukaddes Ýazgyny, ýagny Töwrady, Zebury, Pygamberleriň kitaplaryny we Hoş Habary, ýagny Injili okap başladyk. Şeýlelikde ähli pygamberleriň ýazan Halasgäriniň Isa Mesihdigini bildik. Adamzadyň günäsi üçin bolan kämil we iň soňky gurbanlyk Isadyr we muňa iman eden her kes Ol arkaly Hudaýyň huzyrynda baky bolup biler. Hudaýdan gelen Isa eke täk bizi Hudaýa etirip biler. Biz bütin umydymyzy Oňa baglamalydyrys.

Onda biz kim? Biz Isa Mesihiň yzyna eýerijilerdiris ýagny şägirtlerdiris. Gurhan bizi şeýle diýip atlandyrýar “Ahl al-Kitab,” bu Kitabyň adamlary diýmegi aňladýar. Başgalar bize Mesihiler, ýda Hristianlar diýip at berýärler, bu diýmek, Mesihiň adamlary diýmegi aňladýar. Biz Mesihiler ýada Hristianlar diýmek bilen, biz size köp adamlaryň özlerine hristianlar diýipde olar hak ýüzünde Mesihiň yzyna hakyky eýerijiler daldigini biz size ýatlatmak isledik.

Suwda ýatan töňňäniň krokodile öwrülmeýşi ýaly, Hristianlaryň edýan zatlaryny etmek hem Mesihi bolmaýar. Diňe Isa Mesih ynsany Hudaýa getirip bilýär. Mesihiň biziň Halasgärimizdigi, Rebbimizdigi we Dostymyzdygy üçin biz nähili bagtly!

Ol bize Hudaý bilen bolan nähili ajaýyp bu gatnaşygy we ölüm bilen ýüzbe ýüz bolmakda ynamlylyk berdi. Her gun Ol bize bolan ynamlylygyny we söýgüsini görkezýär. Reb Isa Mesihde Hudaý bize baky ýaşaýşa degişli bolan ähli bereketleri berdi! Onda ýüregimize gerek bolan ähli zatlar bizde bar!

2. Sag boluň. Indiki sorag gaty wajyp we anyk jogap berilmegi gerekdir. Bir diňleýjimiz bize şeýle diýip ýazypdyr: Bir zat meni gaty ynjaldýar. Men Gurhanda Muhammet pygamberimiziň ähli musulmanlara Mukaddes Kitapdaky ýagny Bibliýadaky käbir kitaplary, ýagny Töwrady we Injili okamagy buýurupdyr. Men Mukaddes Ýazga hormat goýýan we ony okap başladym. Ýöne meniň dostlarym Bibliya üýtgedilipdir, we şonuň üçin biz oňa big baglap bilmeýäris diýip maňa aýdýarlar. Olar meniň okaýan Mukaddes Kitabym ol ilkinji ýazylan Mukaddes Kitapdan tapawutly diýip aýdýarlar. Siz bu hakynda näme diýersiňiz?

Bu soraga jogap bermezden öň bizde, şol, “pygamberleriň ilkinji ýazan kitaplary üýtgedilipdir” diýýän adamlardan käbir soraglary soramak isleýäs. Bibliýanyň ýagny Mukaddes Kitabyň üýtgedilendigi hakdaky pikiriň çeşmesi näme? Beýle aýgytly edilýän günä ýoňkemeleriň esasy nämede? Aýdyň bize Mukaddes Ýazgy haçan üýtgedilipdir? Nähili üýtgeşikler girizilipdir? Bize ekeje bolsa-da bir subutnama berip bilersiňizmi?

Eger siz dogrulyk we päk ýüreklilik bilen Mukaddes Kitap hakyndaky faktlar hakynda gözlek geçirseňiz, onda Hudaýyň Öz pygamberlerini ylhamlandyryp beren Mukaddes Sözüni gorandygyny bilersiňiz. Mukaddes Ýazgy üýtgedilipdir diýip ynanýanlar, bir esasly subutnama esaslanman bir gep gürrüňlere esaslanýarlar. Bibliýanyň, ýagny Mukaddes Ýazgynyň üýtgedilendigi hakynda hiç bir esasly delil ýokdyr. Munuň deregine Mukaddes Ýazgynyň üýtgedilmändigine bolan subutnamalar gaty köpdir.

Bu günki gün dünýäniň belli muzeýlerinde we uniwersitetlerinde Injiliň we bütin Täze Äht kitaplarynyň iň gadymy golýazmalary bardyr. Hatda bu gadymy Injiliň golýazmalary Muhammet ýaşamazdan birnäçe ýüz ýyllar bolupdyr öň hem bolupdyr we Köne Äht kitaplary ondan öňräkden bari bardy. Eger biziň elimizdäki kitap bilen şol gadymy golýazmalary deňeşdirseň, onda Hudaýyň Öz Sözüni nähili doly gorandygyny görersiňiz. Biziň şu günki okýan Bibliýamyz şol Muhammediň döwründäki kitapdyr.

Pygamberler Hudaýyň Sözlerini haýwanyň derisinden we agaçdan ýasalan sahypalara ýazypdyr. Ewreý hat göçürijileri bolsa Hudaýyň Sözini täze sahypalara her gezek göçüripdirler. Gowyja tälim alan bu göçürijiler bu işde gaty seresapdylar, olar goçirmeleriň esasy golýazmalar bilen doly gabat gelýändigini doly gazanýardylar. Kitapdaky ähli harplar sanalýardy we hasaba alynýardy we sözüň ortadaky harpy belgä alynýardy we şeýdip göçürilen ýazgynyň dogrydygy barlanýardy. Eger bir ýalňyş bolaýsa onda bütin golýazma ýok edilýärdi! Bu ewreý göçürijiler, Hudaýyň Sözi bilen iş salyşmagyň Hudaýyň Özi bilen iş salyşmak ýaly görýärdiler! Belki siz, 1947-nji ýylda Öli Deňizinden tapylan belli golýazmalar hakynda eşidensiňiz. Şol Köne Äht golýazmalaryň Isa dogulmazyndan ýüz ýyl öň ýazylandygyny siz bilýärsiňizmi? Şol gadymy golýazmalar müň ýyl soňra göçürilen golýazmalar doly gabat gelýär. Mukaddes Ýazgy üýtgedilmändir!

Hiç kim Mukaddes Kitaby üýtgedip bilmeýär. Eger biri Mukaddes Kitaby üýtgetjek bolsa onda ol Mukaddes Ýazgynyň ähli göçürmelerini üýtgetmeli bolardy. Ýöne muny etmek düýbünden mümkin däl! Isa Mesihiň döwründe alymlar Bibliýany ýazylan original dilinden ýagny Ewreý, Arameý we Grek dillerinden başga dürli dillere terjime edip başlapdyrlar. Hiç kim dünýädäki ähli Bibliýalary üýtgedip bilmeýär! Bü günki gün Mukaddes Kitap, ýagny Bibliýa bütinleý ýada bölekleýin dünýäniň iki müňden gowrak dillerinde ýazylan. (Iňlis dilinde Bibliýanyň onlarça ajaýyp terjimeleri bar we bu iňlis dilinde gürleýänler üçin uly bereket) Hudaý Öz Sözüni gorapdyr we Onuň hyzmatkärleri ony dünýäniň halklarynyň dillerine terjime edýärler, çünki Hudaý her bir adamyň ony öz gulaklary bilen eşitmegini, öz aňlary bilen düşünmegini we öz ýüreklerine kabul etmegini we şeýdip halas bolmagyny isleýär.

Gudratygüýçli Reb Hudaý Öz Sözüni Şeýtandan we ony üýtgetmek we zyýan etirmek isleýän erbet adamlardan goramagy başararmy?

Elbetde! Ol ony goramagy başarar we Ol ony gorady! Allahu Akbar! Hudaý beýikdir! Şeýtanyň başlangyçdan bäri adamlaryň aňynda Hudaýyň sözüniň nädogry düşünilmegini we üýtgedilmegine synanyşyp gelýändigini elbetde biz bilýäris. Mysal üçin, eger ýadyňyzda bolsa Mukaddes Kitapdaky birinji kitapda, Hudaý Adam ata şeýle diýipdi: “Bu agaçdan iýen günüň ölersiň!” Emma Şeýtan bolsa Hudaýyň Adam atan we How enä aýdanyny ret edip, olara şeýle diýdi: “Siz ölmersiňiz!” Şeýlelikde Şeýtan Hudaýyň Sözüni üýtgetmäge synanyşdy. Bilşiňiz ýaly Adam ata we How ene Şeýtanyň ýalanyna ynandylar we gadagan edilen agajyň miwesinden iýdiler. Munuň netijesinde bolsa, olaryň ruhlary öldi we olaryň tenleri garrap başlady we öldi, we bular edil Hudaýyň aýdyşy ýaly boldy. Şeýtan ýalançy we aldawçydyr. Şeýtan adamlary aldamak isleýär we adamlaryň Mukaddes Kitabyň üýtgedildi diýip ynanmagyny isleýär. Ýöne Reb Isa Mesih şeýle diýýär, “Ýazgy bozulmaýar ahyryn! (Ýahýa 10:35) “Gök hem er öter, ýöne Meniň sözlerim asla ötmez!” (Matta 24:35)

3. Şeýle açyk düşünikli jogap bereniňiz üçin minnetdar. Indi üçünji sorag. Näme üçin Isa siz Hudaýyň Ogly diýýärsiňiz? Hudaý dogulmandyr we dogmaýandyr hem onda Isa nädip Onuň Ogly bolar?

Biz bu soraga eýýäm birnäçe gezek jogap beripdik. Ýöne ene-de gaýtalap jogap bermäge şat. Beýle wajyp zada biperwaýlyk etmek gaty elhençdir! Atalar sözünde, “biperwaýlyk seni öldürende bilmän galarsyň” diýýilýär. Sorag beren şeýle diýip sorag beripdir, “Näme üçin siz Isa Hudaýyň Ogly diýýärsiňiz? Birinjiden, biz Isa “Hudaýyň Ogly” diýen ady bermän Hudaýyň Özüniň Oňa “Özüniň Ogludygyny” tassyklandygyny size ýatlatmagy wajyp diýip hasapladyk! Ikinjiden, “Hudaýyň Ogly” diýen at, Hudaý öýlenipdir ýada aýal alypdyr we ogly bolupdyr diýmegi aňlatmaýar! Biziň görşümiz ýaly Isada ýüzlerçe atlary we titullary bolandygyny biz Mukaddes Ýazgyda görýäris. Ol atlar bize Isanyň kimdigine gowy düşünmäge ýardam edýär. Mysal üçin, Oňa gapy” diýilip at berilen, ýöne bu diýdigi Isanyň agaçdan ýada bir demirden ýasalan gapydygyny aňlatmaýar. Ol ene-de, Ýaşaýyş beriji Iýmit” hem diýilip atlandyrylan, ýöne bu diýildigi onuň biziň iýýän tüwiden bişirilen palawdygyny aňlatmaýar. Hudaýyň pygamberi Isany “Hudaýyň Guzysy” diýip atlandyrdy, ýöne bu Ol goýundyr diýip aňlatmaýar. Muňa meňzeşlikde, haçanda Hudaý Isany Özüniň Ogly diýip atlandyranda, munuň Hudaý aýal aldy we çaga emele geldi diýip aňlatmaýandygyna siz hökman düşünmeli! Beýle pikir etsek onda bu Hudaýa dil etirmedir!

Eger men ýurdumdan başga bir ere göçüp gitsem, maňa “Turkmenistanyň ogly” diýýärler, çünki men Turkmenistandan. Emma beýle diýildigi, Turkmenistan aýal alypdyr we ogly bolypdyr, diýildigi däldir! Muňa meňzeşlikde, Mesihiň gökden Hudaýdan gelendigi üçin Hudaý, perişdeler we pygamberler Oňa “Hudaýyň Ogly” diýdiler. Isa päk el degirilmedik gyzdan dogulýar. Onuň erden bolan atasy ýokdur. Hatda Ol erde dogulmazyndan öz Gökde ýaşaýardy, çünki Ol “Kalimat Allah” bu ozal başda Hudaý bilen bolan Söz diýmegi aňladýar. Mukadde Ýazgy şeýle diýip yglan edýär:

“Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady,Söz Hudaýyň Özüdi. Söz jan-ten bolup aramyzda ýaşady;biz Onuň şöhratyny, Atasynyň ýazňyz Oglunyň merhemetden, hakykatdan doly şöhratyny gördük. Hudaýy hiç kim hiç haçan gören däldir. Ony bize Atasynyň gujagynda bolan ýalňyz Olgy tanatdy!” (Ýahýa 1:1,14,18)

Isa Hudaýyň baky Oglydyr, ynsan teninde ere inen Hudaýyň Sözüdir. Hudaýyň Sözi näme? Belki siz şeýle diýip jogap berersiňiz, Hudaýyň Sözi bu Hudaýyň pygamberlere ylham berip ýazdyran Ýazgylarydyr. Bu dogrydyr. Hudaýyň pygamberleriniň ýazgylary Hudaýyň Sözüdir we olar Hudaýyň bize ýollan hatlary ýalydyr. Ýöne geliň biz sizden siziň bir başga şäherde ýaşaýan dostyňyz hakynda sizden soralyň. Siz haýsysyny isläsiňiz: dostyňyzyň diňe hat ýollap ýoremeginimi ýada onuň sizi görmäge özüniň gelmegini isleýärsiňiz? Elbetde siz onuň özüniň siziň ýanyňyza gelip ýüzbe ýüz görüşmegini islärsiňiz. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň hemme zat başarýandygy üçin we adamlara Özüniň nähilidigini we biz üçin isleginiň nähilidigini bildirmek islese, onda Onuň bize diňe yzygiderli hat ýollarmy ýada Özi gelermi? Dostlar, pygamberleriň yglan eden hoş habary Hudaýyň Özüniň günäli adamzady görmäge gelmegidir!

Injilde, biz Hudaýyň adamlary günäsinden halas etmegi üçin Öz Sözüni adamlaryň arasynda Ynsan bolup ýaşamak üçin iberendigini görýäris. Gökden gelen Ynsan bu Isa Mesihdir. Ozal başda Hudaý bilen bolan Sözdügi üçin, Isa Hudaýyň Ogly diýilmäge mynasypdyr. Isa Hudaýyň Baky Ogludyr, adamzada Hudaýyň hakyky häsiýetini aýan eden kämil wekilidir. Köplenç biz bir ýaş oglana, “Ol edil kakasy ýaly” diýýäris. Isa bilen hem edil şeýledir. Isa Hudaýyň keşbini göterýär. Isany bilmek Hudaýy bilmekdir we Onuň nähilidigini bilmekdir. Şeýlelikde, ýazgy şeýle diýýär:

“Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir. Ol soňky wagtlarda hem bar zadyň mirasçysy edip belläni we Ol arkaly älemi ýaradan Oglunda biziň bilen gepleşdi. Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň göklere Şöhratlynyň sagynda oturdy.” (Ewreýler 1:1-3)

Bu hakunda soňky söz. Hudaýyň Isa Özüniň Ogly diýmeginie nämedigine siziň doly düşünmegiňizi Hudaý sizden soraman, siziň Oňa ynanmagyňyzy soraýar. Hudaýyň Dawudy şu aşakdaky sözleri ýazmaga ylhamlandyran Birdigini ýatda saklaň, “Ogly öpüň, Ol gaharlanaýmasyn we siz ýoluňyzdan ýok bolaýmaň, çünki Onuň gahary tiz lowlaýandyr. Oňa sygynýanlaryň hemmesi bagtlydyr!” (Zebur 2:12)

Injilde resul Ýahýa şu sözleri ýazmaga ruhlandyran Hudaýdygyny hem ýatdan çykarmaň:

“Isa şägirtleriniň ýanynda bu kitapda ýazylmadyk başga-da köp alamatlar görkezdi. Ýöne bular siziň Isanyň Hudaýyň Ogly Mesihdigine iman etmegiňiz we iman edip, Onuň ady bilen ýaşaýşa gowuşmagyňyz üçin ýazyldy. (Ýahýa 20:30,31)

“Ogla iman eden ebedi ýaşar. Ogla iman etmedik ýaşaýyş görmez, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar!” (Ýahýa 3:36)

Diňläniňiz üçin köp sag boluň. Hudaýyň erki bilen indiki radio eşitdirmämizde biz başga soraglara jogap bermegimizi dowam etdireris.

Şu aşakdaky Mukaddes Ýazgynyň yglan edýänleri hakda oýlanmakda Hudaý size pata bersin diýip siziň bilen hoşlaşýaryn. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär:
”Bütin adamzat ot ýaly we ynsanyň bütin şöhraty otuň güli ýalydyr. Ot gurar, güli hem döküler. Emma Rebbiň sözi ebedi galar!” (1Petrus 1:24,25)

posted in Radio | 0 Comments

23rd May 2008

Uzak Yurtdan Hat

 

Uzak ýurtdan hat
Size Abdyl Kadyr hakdaky gürrüňi diňlemegiň gyzykly boljakdygyny men bilýärin. Onuň ata-enesi ýogalypdy. Ol wagt Abdyl heniz iki hem ýaşamandy. Olar öz ogluna uly baýlyk we birnäçe jaýlary miras galdyrdylar. Çaga we onuň emlägine kakasynyň dogany hossarlyk edip ugrady. Adaty şertlerde şeýle ylalaşyk doly amatly bolardy. Emma Abdylyň daýysy örän zalym adamdy. Ol çagany başga bir daş erdäki garyndaşlarynyňka iberdi, olar-da çaga barada hiç bir alada etmeýärdiler. Soňra daýysy Abdyl Kadyr ölüpdir dien myş-myş ýaýratdy. Ol özüniň şahsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin Abdylyň emlägini satyp, pullary harçlapdy.Abdyl ulalanda ol özüniň adamlaryň rehmine mätäç, öýsüz-öwzarsyz etimdigine göz etirdi. Şu döwürden başlap, ol bir döüm çörek üçin meýdanda agyr zähmet çekmelidi. Şonuň netijesinde ol zordan okamagy we ýazmagy öwrendi. Ýyllar geçip, Abdyl ýigrimi iki ýaşady. Bir gün giç agşam, eke özi öýünde otyrka, oňa öz adyna iberilen bir bukja gelip gowuşdy. Ol –hatdy! Siz onuň togunmasyny bir görsediňiz! Ertesi ol meýdana gelensoň, töwerekde hiç kimiň görmeýändigine göz etirip, bukjany açdy we kynlyk bilen okamaga durdy:
Hormatly Mübärek ogly Abdyl Kadyra: saňa parahatlyk bolsun!Haty ýazýan men-Abdyl Eziz, ejeň dogany. Birnäçe ýyl ozal men seniň nähili ýagdaýlara düşendigiňi eşitdim. Seniň diridigiňe men şatlygymdan iki bolup bilmedim, çünki sen meniň tenimden ten we ganymdan hem gansyň. Meniň ýüregim saňa ýüzlenýär.
Gadyrly Abdyl Kadyr. Kakaň saňa goýup giden mal-mülkünden mahrum eden duşmanlaryňyň arasyndadygyňa sen heniz güman hem etmeýärsiň. Men şeýle gynançly hakykat barada eşidenimde, ene-de saňa degişli bolar ýaly, seniň emlägiňi yzyna satyn almagy karar etdim. Indi, köpýyllyk tagallalar bilen men uly töleg tölänimden soň, seniň ägirt uly emlägiň babatda dokumente eýe boldum. Ol document Kazynyň elinde, onuň adyny we adresini hatyň ýanyna goşandyryn. Ol dokumentde seniň eke goluň kemlik edýär we şonda ähli emläk seniňki bolar. Indi bolsa şu haty al-da Kazynyň ýanyna bar we özüňi tassykla. Ertesi biz duşuşanda bile şatlanarys.
Beýle zady Abdyl öz ömründe hiç haçan eşitmändi. Ol namä ynanjagyny bilenokdy. Ýaş, garyp ýigit galan ömrüni bir döwüm çörek ugrunda gul ýaly geçirmelimi? Ýa hakykatdan hem ol ägirt uly baýlygyň eýesimikä? Şeýle howsala düşenligi üçin ol haty näçe gezek okandygyny hem bilmeýärdi. Ahyr soňy hojaýyn görmez ýaly ol haty daşyň astynda gizledi. Emma ertesi irden ol ähli zady hojaýynyna gürrüň berdi. Hojaýyn güýçli gazaplandy. “Sen nähili samsyk ýigit! Sen, name, dünýäde Abdyl Kadyr eke men diýip pikir edýäňmi? Bu hat seniň üçin däl, başga bir Abdyl Kadyr üçin nietlenen”. Muňa ýaş ýigit, şeýle jogap berdi: “Şeýle bolmagy-da mümkin, ýöne her halda hatda meniň hem adym bar. Men ol ere giderin we ähli zat barada bilerin, soňra name boljagyny göreris!”
Hojaýyn Abdyl Kadyry haty görkezmäge yryp ugrady. Hatda onuň haýbat atmagy hem biderek bolup çykdy. Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda Abdyl Kadyr haty gizlän erine gizlinlikde geldi. Ol ony öwran-öwran okap çykdy. Şol agşam nahardan soň, käbirleri Abdyl Kadyra şeýle diýdiler: “Ýigit, bizi diňle-de, parasatly maslahaty Kabul et. Saňa gelen ol hata ynanma. Kimdir biri seniň üstünden güljek bolyp, seni aldaýar. Bu hat ýalan we ondaky gol hem galp. Biz haty getiräý, biz onuň toslamadygyny subut ederis”. Bu gezegem Abdyl Kadyr olaryň aýdanyny etmedi. Ýaşulylar örän gaharly bolsalar-da, hiç zat edip bilmejekdigini duýdular.
Şeýle hem bolsa, ýaşulylar Abdyl Kadyryň ýüreginde şübhe döretdiler. Aýdaly olar dogrumyşyn. Ertesi ol bazaar gidend adamlardan bu barada soramagy ýüregine düwdi. Köp soraglap, ahyr soňy hatyň iberilen eri barada bilýän adamy tapdy. Ol dam bir ýyl mundane öň ol şäherde bolan eken. Gürrüňini dowam etdirip, ol adam şeýle diýdi: “Ol şäherde Abdyl Eziz atly bir adam ýaşaýar. Şäher adamlary onuň aýratyn häsietli we oňat adamdygy barada gürrüň edýärler. Olaryň aýdyşyna görä, ol örän gurply adam, ýöne soňky bir ýylyň dowamynda güýçli işläp, girdejisini nähilidir bir geň maksat üçin süýşürip, özi garyp ýagdaýda ýaşapdyr”.
Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksady gürrüň berýäne düşnüksiz ýaly bolup görünsede, Abdyl Kadyr muňa düşünýärdi. Onuň ýüregi umyt we şatlyk bilen güpürdäp, şu wagta çenli bilmedik duýgulary başdan geçirýärdi. Ol Abdyl Eziziň agyr zähmetiniň maksadynyň söýgüdigini bilýärdi. Onuň ozone, Abdyl Kadyra bolan söýgüdi.
Abdyl Kadyr ol şähere gitmäge hyýallanýandygyny ene bir ýola hojaýynyna bildirdi. Hojaýyn türmä basaryn diýip, ene-de haýbat atdy. Ol şeýle hem etid. Emma Hudaý Abdyl bilendi. Ol diwaryň aşagyndan çykalga etmek üçin gije güýçli işledi. Çykalga edip, ol gaçdy. Aýyň ýagtysynda gizlän hatyny tapdy-da, Abdyl Eziziň şäherine ugrady. Adamlardan ugur sorap, birnäçe hepdeläp ýol ýörenden soň, şähere etdi we Kazynyň öýüni tapdy. Eden syýahatynda ol ene-de ençeme gezek haty okady! Hat ony ruhlandyrýardy, umyt berýärdi.
Kazy kakylýan gapysyny açanda gözi düşen ýaş ýigidi uly emlägiň eýesine meňzemeýärdi. Abdyl Kadyr ýola azyk almak üçin özüniň bar bolanja ähli zadyny satypdy. Eşigi ýyrtykdy, aýagy ýalaňaçdy, emma şeýle hem bolsa Kazy Abdyl Kadyryň özüniň tanyş edip, haty görkezmeginden hoşal boldy. Ol: “Sen gowy edipsiň” diýdi. “Abdyl Eziz seni gelmäge mejbur edesi gelmedi. Özüniň beren wadasyna ynanyp, seniň şeýle ýoly söküp gejekdigiňi bilmek isledi. Şondan soň sen öz emlägiňe eýe bolup bilerdiň”. Şol gije ýatanynda Abdyl Kadyr özüni nähili duýýandygyny siz göz öňüne getirip bilersiňizmi? Ýok, ol bularyň düýş däldigine doly ynanmalydy. Ol hakykatdan hem uly baýlygyň, birnäçe jaýlaryň eýesidi. Ol özüniň täze emlägini dogry ulanjakdygyna wada berdi.
Şol günden başlap Abdyl Kadyryň şatlygy barada we özünde bar zatlaryň gözelligine guwanyşy barada aýdyp oturmagyň geregi ýok. Emma ähli zatdan artyk ol Abdyl Eziz bilen duşuşjak gününi arzuw edýärdi. Sebäbi ol özüniň ähli emlägini hut Abdyl Eziziň satyn alayp, sowgat edendigini ýatdan çykaryp bilmeýärdi. Hakykatda ol satyn alyjyny satyn alnan zatlaryndan gymmat hasaplaýardy!
Gadyrly dostum, mende seniň adyňa uzak ýurtdan gelen hat bar. Bu hat-gökden gelen Mukaddes Injil. Ol seniň üçin Hudaýyň gökde taýýarlan mirasy hakda gürrüň berýär. Ol çüýremez mirasdyr, erdäki wagtlaýyn baýlyklara meňzeş däldir, arassadyr, kämildir we ebedidir. Şol ebedi mirasyň hazynalarynyň arasynda-günäleriň geçilmegi, täze ýaşaýyş we Hudaý bilen ýaraşyk bardyr. Özüniň gökdäki mirasyny saňa we ähli adamzada Hudaýyň eýýäm wesýet edendigini, sen bilýäňmi?
Bu hatda şeýle hem Hudaýyň ol mirasy seniň üçin nähili edip taýýarlandygy barada aýdylýar. Onda seniň üçin Hudaýyň Isa Meishih agyr jebirlere iberendigi aýdylýar. Seniň bähbidiň üçin Isa Mesih Göklerdäki Patyşalygynyň şöhratyny hem-de baýlygyny taşlap, Özüni gurban berdi. Ol Öz janyny seniň üçin bermäge ynsan kimin bu dünýä geldi. Onuň ölülerden direlmegi bolsa Onuň mirasynyň hakykatdan saňa degişlidigi baradaky Hudaýyň beren subutnamasydyr.
Emma name üçin Mesih seniň üçin bu zatlary etdi-kä? Sebäbi, bu hatda aýdylyşy ýaly, sen duşman-şeýtanyň elindesiň. Ol seniň mirasyň ogurlamak isledi. Ol seniň bu zatlar barada hiç zat bilmezligiň üçin seni garaňkylykda we gapyllykda saklamak isleýär. Hudaýyň seni söýýänligi sebäpli, seniň mirasyňy halas etmek we seni şeýtanyň zynjyrlaryndan azat etmek üçin Mesih kän zähmet çekdi.
Gadyrly dostum, sen Hudaýyň bu wadasyna ynanýarsyňmy? Ozalky günäli ýaşaýşyňy we şeýtanyň elindäki gulçulygy taşlamaga sen erk edip bilermiň? Sen Hudaýyň berjek bolýan beýik sowgadyny almaga taýynmy? Elbetde, bu zatlar ýalan diýip käbir adamlaryň seni yryp ugrajagy şübhesizdir. Olar seniň ozalky ýaşaýşyň dogrudygyny subut edip ugrarlar. Beýlekiler bolsa bu hat, Injil, seniň üçin däl, başga biri üçin ýazylan diýerler. Ene birileri bu hat hakyky däl, onuň mazmuny galplaşdyrylypdyr, ähli wadalary bolsa-ýalan dierler.
Her niçik-de bolsa, gadyrly dost, bu hat ähli günäkärler bilen birlikde saňa ýollanandyr. Ony açyk ýürek bilen üns berip oka. Haçanda onuň hakykylygyny göreniňde we ebedilik mirasyň gymmatyny bileniňde, seniň ýüregiň hem edil Abdyl Kadyryň ýüregi ýaly özüniň eýe bolan täze zatlaryna guwanar. Sen Isa Mesihiň seniň üçin gazanan günäleriň geçilmegine, rahatlyga hemde täze ýaşýaýşa eýe bolarsyň. Sen hem Onuň bilen duşyşyga sabyrsyz garaşarsyň
Hudaý beýik! Onuň ähli eden işleri üçin Oňa şöhrat bolsun!
“Emma Ol Özüni Kabul edenlere, adyna iman edenlere Hudaýyň ogullary bolma hakyny berdi.” (Ýahýa 1:12)
“Şeýlelikde, sen indi gul däl-de, ogulsyň. Ogul bolsaň onda Isa Mesih arkaly Hudaý seni mirasçy hem edendir.” (Galat. 4:7)
 

 

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

20th May 2008

TAÝYN BOL!

HUDAÝYŇ BILEN DUŞUŞMAGA TAÝYN BOL!

Siziň bu okaýan ýüzlenmäňiz Injildäki tekste esaslanandyr. Hudaý: “Şonuň üçin Men seniň bilen şeýle edýärin, Ysraýyl; seniň bilen näme edýändigimi görä-de, öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol, Ysraýyl” (Amo 4:12). Bu aýat, Hudaýyň öňündäki ebedi ýörelgäni habar berýär. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” - bu, islendik nesile edilýän çakylyk we duýduryşdyr.

Amerikadyky iň uly demir ýol kompaniýasy, demir ýol geçelgelerinde polat parawozlar bilen awtoulagdyr ýük maşynlarynyň arasyndaky döreýän howply çaknyşyklaryň öňüni almak maksady bilen, geçelgelerde duýduryş hökmünde hyzmat etjek iň gowy üç sözi tapan adama 2,500 amerikan dollaryny baýrak berjekdigini yglan etdi. Akylly we bagtly adamlaryň biri, baýragy almak üçin häzirki wagtda geçelgelerde gabat gelýän: “SAKLAN! ÄGÄ BOL! GULAK AS!” diýen sözleri teklip etdi. Bu sözleriň her biri 833 dollara barabardy. Eger şol sözler berjaý edilmese, geçelgäni kesip geçýän üçin olar düýbünden peýdasyz boljakdy. Eger adamlar saklanmak islemese, “SAKLAN!” sözüniň peýdasy näme? Eger hiç kim ägä bolmak islemese, “ÄGÄ BOL!” sözünden nähili peýda bolar? Eger biz gulak asmak islemesek, “GULAK AS!” sözi nähili duýduryşy aňladar? Eger siz gulak asmasaňyz we taýynlanmasaňyz, ebedilik taýynlyk baradaky çakylyklary, edil ýaňky mysallar ýaly ýene köp gezek eşidip bilersiňiz.

1. Ýönekeý sözlere üns beriň. Mysal getirilen tekstiň her biz sözünde adatdan daşary ýönekeýlik bardyr. Injilde: “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – diýlipdir. Taýynlanmak – bu, taýyn bolmagy aňladýar: ölüme taýyn bolmak, Höküme taýyn bolmak, Rebbiň gelmegine taýyn bolmak. Mukaddes Ýazgy adamlaryň bu dünýä gelip dogulaly bäri, Hudaý bilen duşuşyga taýyn däldigine şaýatlyk edýär. Hudaý, islendik adamyň kanunsyzlykda dogulandygyny aýdýar. Beýle diýildigi, biziň Hudaý bilen bu dünýäde duşuşmagymyz üçin, günälerimiziň bizden aýrylmalydygyny aňladýar. Injil hem Isa Mesihiň ganyndan başga hiç zadyň günäni ýuwup bilmejekdigini anyk yglan edýär. Resul Ýahýa öz hatynda: “… Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden tämizleýändir” – diýýär (1Ýah. 1:7). “Taýyn bol” sözi – örän ýönekeý sözdür, onda hiç hili zat gizlenen däldir. Bu tekstiň sözleri matematikanyň meselesi-de däldir. Islendik adam olaryň näme aňladýandygyny bilýändir. “Öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol” – jümlesi, Hudaý bilen duşuşmaga taýyn bolmagy aňladýar. Bu, edil smolanyň (gara sakgyz – şepbeşigiň) garyň ýüzündäki zolagy ýaly aýdyňdyr. Köp adamlar, nähili-de bolsa bu ýönekeý sözleri nädogry kabul edýärler. Birleri öýlenmäge taýynlanýar, başga birleri dynç alyşa gitmäge taýynlanýar. Köp adamlar çagalaryny mekdebe taýynlaýar. Köpler, pensiýa üçin goýlan pullary garran çaglary ulanmak üçin, garrylyga taýynlanýar. Ýöne olar, diňe özleriniň durmuşynda wajyp zat bolan, ebedilikde Hudaý bilen duşuşmaga taýynlanmaýarlar. Dost, Injiliň bu ýönekeý sözlerine gulak goý, – öz Hudaýyň bilen duşuşmaga taýyn bol.

2. Hudaý bilen boljak duşuşyk gutulgysyzdyr. Bir zat şübhesizidir. Ol hem, ähli adamyň Hudaý bilen duşuşmagydyr. Isle baý bolsun isle-de garyp, isle garry bolsun isle-de ýaş, isle bilimli bolsun isle-de bilimsiz – hemmeler Hudaý bilen duşuşarlar. Siz, bu dünýäde, bu durmuşyňyzda, şertlenen ähli duşuşyklaryňyzy üýtgedip bilersiňiz. Emma, ýekeje duşuşyk – hemişe öz güýjünde galýandyr. Size, özüňizi ýaradan Hudaý bilen ýüzbe-ýüz duşuşmak garaşýandyr. Mukaddes Ýazgy: “Her kişi özi üçin Hudaýa jogap berer” – diýýär (Rim.14:12).

Belki, bu, duýdansyz ölüm bolup biler. Sizi hem, öňünden duýdurmazdan Hudaýyň ýanyna alyp giderler. Bir garry şotland wagyzçysy bir gezek öz obadaşynyň dükanyna gidipdir. “Wagyzçy, gapyny kakman, bir söz aýtman dükana girende, men bir iş bilen gümra bolup ýördüm” – diýip, soň şol dükanyň eýesi gürrüň berýär. Wagyzçy: “Siz maňa garaşýaňyzmy?” – diýýär. “Ýok, jenap, garaşmandym.” – diýip, dükanyň eýesi jogap beýär. Wagyzçy biraz dymyp duransoň, ýüzüni gamaşdyryp: “Eger bu ölüm bolsa näme?” – diýýär-de, gelişi ýaly basym çykyp gidýär. Dükanyň eýesi, soň bu ýagdaý barada gürrüň berip, wagyzçynyň aýdanlarynyň özüni oýlanmaga mejbur edendigini ýatlaýar. Netije-de, dükanyň eýesi Reb Isa iman etdi. Mesihi üçin Hudaý bilen duşuşmak örän ajaýyp başdan geçirme bolar. Resul Pawlus öz ömrüniň soňunda: “Çünki men eýýäm Hudaýa hödürlenen şerap kimin dökülip durun, meniň bu dünýäden ötmeli wagtym geldi” – diýýär (2Tim. 4:6). Ol bu sözleri aýdanyndan soň, basym ölüm hem gelip ýetdi. Hatda, imanly üçin Hudaý bilen duşuşmak – gorkuly synagdyr. Injil şeýle diýýär: “Diri Hudaýyň eline düşmek elhençdir” (Ýew.10:31). “Reb sabyrlydyr we rehimdardyr, Ol kanunsyzlygy we jenaýaty bagyşlaýandyr” (San.14:18). Emma Ol günäkäri-de jezasyz goýmaýar. Eger siz Hudaýyň söýgüsini äsgermeseňiz, Onuň berýän gutulyşyny ret etseňiz, Onuň duýduryşlaryna üns bermeseňiz, onda Onuň öňünde durjak günüňiz, siziň üçin elhenç gün bolar.

3. Soňa goýmak bolgusyzlykdyr Biziň her birimiz Hudaýyň garşysyna köp günä etdik. Hudaýyň adalatlylygy günälerimiz üçin jeza berilmegini talap edýär. Hudaýyň bize bolan söýgüsi bolsa, adalatlyk talabyna jogap berýär. Bu jogap hem – Hudaýyň Ýeke-täk Oglunyň ölümi bilen düşündirilýändir. Işaýa pygamber: “Hudaý Oňa biziň hemmämiziň günälerimizi ýükledi” – diýýär (Iş.53:6). Mesihiň ölmüniň biziň günälerimize hakykatdan hem töleg bolmagy üçin, bize Ony öz ýüregimize kabul etmek zerurdyr. Emma, köp adamlar muny soňa goýmaga ýykgyn edipdirler. Soňa goýmak – bu, “yza süýşürmekdir”. Injil Resul Pawlusyň (Iudeýiň rim hökümdary) Felikse Hudaýyň halas ediş ýoly barada wagyz edendigini beýan edýär. Şonda Feliks gorkup: “Häzirlikçe git, pursat tapan mahalym seni çagyrdaryn” – diýýär (Res.işl. 24:25). Biziň islendik birimiz agşama çenli ýaşamazlygymyz mümkin – bu, tassyklama-da degişme däldir! Biz ölümiň haçan geljekdigini bilmeýäris, emma Hudaý bizi çagyran wagty – biz barmaly bolarys. Käbir adamlar sagadyň 11 bolmagyna garaşýarlar, şondan soň olar öz ýüregini Hudaýa bermek isleýärler. Emma, sagadyň 11 bolmagyna garaşanlaryň köpüsi 10.30-da öldüler. Şunlukda, olar muny hiç wagt etmediler. Soňa goýmak – hemişe howpludyr! Durmuşyň sagady diňe bir gezek tow alýandyr Has giç ýa-da ýene irki wagtda – Olara täzeden şol bolmak berilende Hiç kimiň hem bir zat aýtmaga erki ýokdur

4. Mesihi inkär etmek – akylsyzlykdyr. Gutulyş – bu sylagdyr. Ony gazanyp bolmaz. Injil: “Sebäbi günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” – diýýär (Rim.6:23). Bu ýerde, günä, edilen iş üçin hak (muzdy) tölenýän hojaýyn bilen deňeşdirilýär. Eger, “günäniň muzdy ölüm” bolýan bolsa, onda aýatyň ikinji böleginde şeýle diýilmeli ýaly: “Dogrulyk üçin sylag – ýaşaýyşdyr”. Emma, aýatda sadaja seýle diýilýär: “Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr” . Ebedi ýaşaýyş – bu, sylagdyr. Hudaý gutulyşy satmaga büs-bütin garşy bolýar. Emma, Injiliň soňky sahypasynda, siz jemleýiji çakylygy taparsyňyz: “Ruh we gelin: “Gel!” diýýär. Her eşiden “Gel!” diýsin. Suwsan gelsin. Dilän gelip, ýaşaýyş suwuny mugt alsyn” (Ylh.22:17). Gutulyş – Hudaýyň sylagydyr. Köpler, özleriniň eden oňat işleri arkaly, öz dininiň işine we däplerine işjeň gatnaşýanlygy arkaly, Hudaý bilen boljak duşuşyga taýynlanýarlar. Emma Injil, Hudaýyň bizi “dogrulyk bilen bitiren işlerimiz üçin däl-de, Öz rehimdarlygy bilen gutarýandygyny” – aýdýar (Tit.3:5). Hiç kim: “Men muny etdim, beýleki zatlary etdim, indi maňa Hudaý gutulyş bermelidir” – diýip, aýdyp bilmez. Mesihiniň durmuşyndaky oňat işler adatdan daşary wajyp zatlardyr, emma olar, günälerimiz üçin töleg bolup hyzmat edip bilmez. Biz, bu dünýä gelip, Öz Ganyny haçda döken we biziň ählimiziň günälerimizi Öz üstüne alan Isa Mesihe eden imanymyz arkaly halas bolup bileris. Reb, Özüniň haçdaky gahrymanlygyny berjaý edip, bize, günälerimiz üçin rehimdarlyk gazanyp berdi. Ine, Hudaýyň rehimdarlygynyň netijesi-de – bize berlen gutulyş sylagydyr.

Elbetde siz, sylag kabul edilmese, sylag bolmajakdygyna, rehimdarlyk inkär edilse, rehimdarlyk bolmajakdygyna göz ýetirýänsiňiz. Amerikanyň taryhynda adaty bolmadyk sud işine garamagyň biri, Jorj Wilsonyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde, Endrýu Jekson Birleşen Ştatlaryň prezidentidi. Wilsona jeza birilmegine üç hepde galanda, Endrýu Jekson, Jorj Wilsonyň köp dostlarynyň towakgasyny nazarda tutup, onuň günäsiniň geçilmegi üçin perman çykardy. Ýöne, hemmeleri geň galdyran zat, Wilsonyň öz günäsiniň geçilmegini inkär etmegidi. Hatda, ol suduň kararyna görä jeza berilmegini-de talap etdi. Şonda, Jorj Wilson, günä geçiş kabul edilmese – günä geçiş däldigini yglan etdi. Taryhda öň hem, söň hem döremedik hukuk ýagdaýy ýüze çykdy duryberdi. Sebäbi, hemişe günä geçiş barada perman çykarylanda, ony şatlyk bilen kabul edýärdiler. Suduň Wılsona jeza bermek baradaky karary ýerine ýetrilmelimi ýa-da günä geçmek baradaky prezidentiň permany berjaý edilmelimi? Kanun, bu sorga jogap berip bilmänsoň, Jekson gutarnykly karar kabul edilmegi üçin Ýokary Sud geňeşligini çagyrdy. Gutarnykly Karar şeýleräk yglan edilipdi: “Günä geçiş – berilýän adamyň kabul edip-etmeýändigine garamazdan, hakyky resminamadyr. Ölüm jezasy berileniň günä geçişi kabul etmejekdigini göz öňüne getirmek kyndyr: emma, günä geçiş inkär edilýän bolsa – günä geçiş ýokdur. Jorj Wilsona ölüm jezasy berilmelidir”. Şunluk bilen, Jorj Wilsony dardan asdylar. Elbetde, köp adamlar, Wilson tarapyndan günä geçilşiň kabul edilmezligini akylsyzlyk hasaplarlar. Ýöne şonda-da, köp adamlar Hudaýyň ýollan günä geçişinden her gün diýen ýaly boýun gaçyrýarlar. Eger siz, bu gün halas edilmedik bolsaňyz, siz – günäniň hökmüniň astyndaky we tüm garaňky dowzahdaky ebedi ejire höküm edilen günäkärsiňiz. Emma Hudaý, bu gün size, ýene günäňiziň geçilýändigini teklip edýär. Ol size ölmegiň zerur däldigini, siziň üçin Isanyň ölendigini aýdýar. Akyl taýdan sagdyn kimdir-biriniň Hudaýyň söýgüsine ýugrulan, Isanyň haçda gazanan günä geçişini inkär edýändigini göz öňüne getirmek kyndyr. Eger siz, ondan boýun gaçyrýan bolsaňyz – onda günä geçiş ýokdur. Beýle bolýan bolsa, günäden gazanylýan netijeleri, özüňiz, öz başyňyzdan geçirmeli bolarsyňyz.

Hudaý Öz Sözünde şeýle çagyryşlary edýär: “Reb Isa iman et” – (Res.işl. 16:31). “Toba ediň, günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz” (Res.işl. 2:38). Muny, şu gün berjaý ediň!

posted in Kitaplar | 0 Comments

13th May 2008

Sen haýran galýarmyň?

Sen haýran galýarmyň?

Isa Mesihiň ýere gelişi, ýaşaýşy, öwredýän taglymatlary, ölümi we direlişi, göge galyşy haýran galdyryjydy! Ol patyşalardyr garamaýagy, akyldardyr bilimsizleri, baýlary we garyplary, yaşulylary we yaşlary, ekekdir aýallary haýrana goýan, haýrana goýýan we goýjak biridir!

Isa Mesihe haýran galanlaryň köpüsi bar zatlaryny taşlap Onuň yzyna eýerdiler! Ine aşakdaky taryh munyň bir şaýady:

Bir gün halaýyk Hudaýyň Sözüni diňlejek bolup, Isanyň daşyny alyp durka, Ol Jenesaret kölüniň kenarynda durdy. Şonda Isanyň gözi kölüň ýakasynda duran iki gaýyga düşdi. Balykçylar gaýyklardan düşüp, torlaryny ýuwup durdylar. Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň gaýykda oturan erinden halka sapak bermäge durdy. Sözüni gutaranda Simuna: “Çuň ýere gidiň-de, aw üçin torlaryňyzy suwa zyňyň” diýdi. Simun Oňa şeýle diýdi: “Ussat! Bütin gije zähmet çekip, hiç bir zat tutup bilmedik, ýöne Seniň sözüň hatyrasyna torlary zyňaýyn”. Muny edenlerinde, şeýle köp balyk tudylar welin, torlary ýyrtylyp ugrady. Beýleki gaýykdaky ýoldaşlaryna gelip kömekleşmekleri üçin ellerini bulap yşarat etdiler. Olar hem gelip, iki gaýygy-da balykdan doldurdylar. Gaýyklar tas suwa batypdy. Simun Petrus muny görende: “Ýa Reb, meniň ýanymdan aýryl, çünki men bir günäkär adam!”diýip, Isanyň dyzyna ýykyldy. Sebäbi tutan balyklarynyň köpdügine ol we ýanyndakylaryň hemmesi-Simunyň ýoldaşlary Zebedeýiň ogullary, Ýakup bileh Ýahýa hem haýran galdylar. Isa Simuna:”Gorkma, sen mundan beýläk ynsanlary tutarsyň” diýdi. Şeýlelikde, olar gaýyklaryny kenara çykaryp, bar zady taşlap, Onuň yzyna düşdüler.”

Isa Mesihiň ynsanlaryň Halasgäridigini we gudratly Rebdigini bilenlerinde, olar ikirjiňlenmediler-de, bar zadyny taşlap Onuň yzyna eýerdiler. Isadaky gymmatlygyň belentligine düşünmedik biri bar zadyny taşlap Onuň yzyna eýerermi? Yok, elbetde beýle etmez. Balykçylyk işi bilen özlerini we maşgalalaryny üpjün edýän adamlar üçin elbetde balykdan doly gaýyk iň wajyp zat bolup bilerdi, emma olar mundan beýläk balykdan düşýän gazanç, baýlyk, üpjün bolmak hakynda alada etmän durmuşlaryny Isa Mesihe bagş etdiler! Sebäbi olar Isanyň “Bütin dünýä eýe bolup janyňy ýitirseň, saňa näme peýda” diýen sözüne düşünipdiler. Bu balykçylaryň ýolbaşçysy bolan Simun Petrusyň ýokarda aýdan sözlerine üns ber. Ol Isa Mesihiň öz ýanyndan aýrylmagyny sorapdy, munyň sebäbiniň bolsa özüniň günälidigi üçindigini aýdypdy. Biz hem muňa meňzeşlikde, Hudaýyň öňüne günälidigimizi boýun alyp, toba edip gelmegimiz we Isa Mesihiň biziň günälerimiziň jezasyny töländigine iman edip, Ony halasgärimiz we Rebbimiz hökmünde kabul etmegimiz, we bar zadymyzy taşlap Onuň yzyna eýermegimiz gaty wajypdyr. Çünki diňe bir Simun Petrus günäli bolman, ählimiz hem Hudaýyň kanunlaryny bozup günälidiris. Hiç bir dogry adam ýok, hemmeler günä edip Hudaýyň şöhratyndan aýryldylar we Hudaýyň günä üçin jezasyna, gazabyna sezewardyrlar.

Bu jezany hiç kim öz güýji, dini ýada eden ýagşy işleri bilen töläp bilmeýär. Käbir adamlar muňa, “Hudaý rehimlidir, Ol ýöne bagyşlar, munuň üçin töleg hem gerek däl” diýýärler. Emma rehimli bolan Hudaý, adalatly Hudaýdyr hem. Hudaýyň adalatynyň erine etmegi uçin bolsa günäniň jezasy tölenilmelidir. Mysal üçin eger sen adam öldürip ýada ogrulyk edip kazynyň öňünde duran bolsaň, we toba etseňde gowy we dogry kazy rehimli bolsada kanunyň talap eden jezasyny saňa bermeli bolar. Mysal üçin ol saňa uly jerime tölemeli diýip höküm çykardy diýeli, $50000 dollar jerime tölemeseň sen köp ýyllyk türmä gitmeli bolarsyň diýse. Bu pul sende ýok, sen näçe bagyşlama sorasaňda, ökünseňde, sen ol jerimäni tölemeli bolarsyň, diňe şony töläniňde sen türmeden halas bolup bilersiň. Muňa meňzeşlikde Hudaýyň kanuny hem günäniň jezasynyň tölenmelidigini talap edýär. Şol pursatda kimdir biri seniň üçin $50000 müňi tölese, sen bu üçin nähili bolardyň? Men şol adam üçin bütin ömür minnetdar bolardym. Muňa meňzeşlikde, Hudaý adalaty boýunça bizi eden günämiz üçin höküme sezewar etsede, merhemeti bilen şol jezany çekmäge Isa Mesihi biziň Halasgärimiz bolmak üçin iberdi. Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ezýet çekdi, Onyň teni biziň üçin urlyp-ýenjildi, haça çüýlenip öldürildi!

Her gün 150000 adam bu dünýäni terk edip bakyýete gidýärler we Biribaryň höküm tagtynyň öňünde durýarlar. Ölum biziň hiç birimiziň ret edip bilmejek faktymyzdyr. Ölum bizden soraman, duýdansyz biziň bilen duşuşar. Bu sebäpden, biz Hudaý bilen ýaraşmagy ilkinji we gaýragoýmazdan çozmelidiris. Isa Mesih şeýle diýipdi: “syrkaw adam lukmana mätäçdir…”

Bu ajaýyp gutulyşa eýe bolmak üçin bolsa, ilki bilen özüňiň günälidigiňe we Hudaýyň jezasyna mynasypdygyňa düşünip boýun almaly we toba etmeli (toba etmek bu, günäleriň üçin ökünmek we şol günälerden ýüz öwürmek),

Isa Mesihi öz Halasgäriň hökmünde kabul etmeli we Onuň seniň günäň üçin gurbanlygyna minnetdarlyk bildir we bütin durmuşyňy Oňa tabşyr, ýagny ýöne bir ynanmak däl, Oňa doly bil baglamalysyň!

Ynsanyň janynyň dowzah odundan gutulmagyndan wajyp zat bolup bilermi? Elbetde bolup bilmez! Dowzah ody iň elhenç ýerdir we ol şeýtan we onyň yzyna eýerenler üçin bolan sönmez ezýet mekanydyr. Hudaý seniň ol elhenç ýere düşmegiňi islemeýär, seniň özüňiň öz özüňi halas edip bilmejegiňi bilýän Hudaý Isa Mesihde gutulyş üpjün etdi! Bu sebäpden hem, Isa Mesihiň dünýä gelmegine Hoş Habar (Injil) diýilýär!

“Hiç kim göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan” Isa Mesih”çykandyr. Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, “Isa Mesihde” ýokaryk galdyrylmalydyr. Şeýlelikde Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar. Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, “Isa Mesihe” iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, …”Isa Mesihi” berdi. Hudaý “Isa Mesihi”dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň …“Mesihine”iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir.”

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

9th May 2008

Isa Mesihin yaralary arkaly biz gutulysh aldyk!

Isa Mesih bizin gunalerimizin tolegini cheken ezyetleri we hachdaky elhench olumi bilen toledi! Muny kabul etmek bilen biz Hudayun bizin gunalerimize bolan gazabyndan we dowzah odundan gutulysh alyp bileris. Bize Hudayun merhemeti gerek! Bu merhemeti Huday Isa Mesihde bize gorkezdi. Bizin uchin bu merhemet gazanylmadyk bolsada, Isa Mesih bu merhemetin bahasyny ejir chekmegi we olumi bilen toledi! Bize bolsa muny chyn yuregimizden gunalerimize toba edip, Isa Mesihin tolegini kabul edip minnetdarlyk bildirip, durmushymyzy Hudaya bagsh etmek galyar!

Shu ashakdaky inlis dilinde bolan aydym we video klip arkaly Isanyn senin uchin getiren beyik gurbanlygyna dushunersin diyip umyt edyaris!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

8th May 2008

Ol Patyşalaryň Patyşasy, Rebleriň Rebbidir!

Mukaddes Ýazgylar: “Ol, Patyşalaryň Patyşasy, Rebleriň Rebbidir!” diýýär.

Sen Ol hakynda bilýärsiňmi? Muňa bolan seniň jogabyň näme? Seniň bu hakykata bolan gatnaşygyň we jogabyň bakyýet üçin iň wajyp soraglaryň biridir!

Biz bu ýerde iňlis dilinde bolan wideo maglumaty siziň üçin hödürleýäris. Mumkin boldugyndan munuň türkmençe terjimesini size hödürlemäge çalyşarys.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

7th May 2008

Azaşypdyk

Azaşypdyk

(Işaýa pygamber 53:6-10)

Azaşypdyk goýunlar kimin

Her birimiz öz ýolumyza.

Günä edip, şöhratyňdan mahrum bolduk.

Ýöne Seniň huzuryňda baky ýaşap,

Seniň şöhratyňy görmek isleýäs.

Taňrym! Günämizi bagyşla,

Täze durmuş ber bize.

Toba edip, Saňa gelýäs.

Seň ýanyňda bolmagy biz isleýäs.

Adamlar tarapyndan ýigrenilip,

Gurban boldy Isa Guzy kimin.

Biziň üçin günäniň jezasyn Ol aldy.

Hudaýym! Isaň gany bilen bizi ýuwup,

Özüňiň mukaddes jaýyňa getir!


posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments