TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Isa Filmi Audio Ýazgysy

10th April 2008

Isa Filmi Audio Ýazgysy

Biz size bu bölümde Isa filminiň wideo we audio ýazgylaryny hödürleýäris. Bu film Injile esaslanyp taýýarlandy. Bu arkaly siz Halasgär Isa Mesihiň size bermek islän “gurply ýaşaýyşyna” düşünersiňiz we Ony kabul edip günälerden we dowzah odundan gutulyşa eýe bolmagyňyzy arzuw edýäris. Isa Mesih sizi gutulyşa etirenden soň, size gundelik durmuşyňyzda hem nähili dynçlykdan, ruhy manydan we şatlykdan doly ýaşaýyş bilen ýaşamagy öwreder! Isa filminiň audio ýazgysyny diňlemek isleseňiz bulara basyň:

posted in Radio | 0 Comments

10th April 2008

Dostum Ýatla…

Dostum Ýatla…

Dostum ýatla, sen näçe gezek

Durmuşyňda dyzyňa çöküpdiň,

Horlaýan şübheleri kowup,

Kyn wagtyň Hudaýa ýüzlenipdiň.

Soň ýüregiňi togundyryp,

Peýda bolupdy şatlykly sesler.

Halas etdi seni ýetişip,

Mähirli we görünmeýän eller.

Ýatla, näçe şol eller seniň

Ýürek agyryňy bejeripdi.

We seni ýolda ýadan wagtyň

Mähirli ýokary galdyrypdy.

Gelen wagty aýralyk birden,

Dökülende ýüzüňden gözýaşlar,

Süpüripdi ýuwaşlyk bilen

Şol owalda görünmeýän eller.

Çüň kakylan, ýaraly eller

Gutulyş berdi günälilere.

Asyrlar bolýy hem şol eller

Gökden pata berýär adamlara.

Gelende günäleriň soňy,

Kyn günler ebedi ýitip gider.

Başyma ýaşaýyş täç berer

Taňrymyň şol nur saçýan elleri.

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 0 Comments