TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Gökdäki Öýüm

19th February 2008

Gökdäki Öýüm

Diňläp hakykata göz ýetiriň!

Audio klip: Adobe Flash Player (9-njy gornush yada ondan yokarky gornushi) bu audio klipi oynamak uchin gerekdir. Ine shu salgylanmada songky gornushini indirip al here.
Yene-de browserinde JavaScript-e rugsat berilen bolmaly.

Gökdäki Öýüm

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

15th February 2008

Adam ata we How ene we Jennet Bagy

Adam ata we How ene we Jennet Bagy

Gelip Çykyş 2

Salam gadyrly diňleýjiler. Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

. Bu günki gepleşigimizde, Ozal başda bolan zatlary öwrenmegi dowam etdireris we Adam ata we How ene hakynda we olaryň erdäki ilkinji güni hakynda öwrenip geçeris. Biz eýýäm Töwratda ine bu aýatlary okadyk: “Alty günde Reb gögi we eri, deňizi we olardaky ähli zatlary ýaratdy.” (Çhykyş 20:11) Ondan başgada Hudaýyň adamy altynjy gün döredendigini hem öwrenipdik. Hudaý adama beden we jan berdi. Bu Hudaýyň adamyň janynda, onuň Hudaýy tanap bilmegi üçin, ruh ýaratdy, we ynsanyň Hudaýy söýüp bilmegi üçin Hudaý ynsana kalb (ýürek) hem berdi. Ondan başgada ynsanyň Hudaýa boýun bolmagy we bolmazlygy saýlamagy üçin ynsana erk-isleg berdi.

Hudaý ilkinji adamy ýaradandan soň Öz eden işinden dem dynç almazyndan öň ene-de käbir başga zatlar etmelidi. Geliň häzir Töwratdan dowam etdireliň we Gelip Çykyş kitabynyň ikinji babyna seredeliň. Edinji aýatdan okarys. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär:” 7Reb Hudaý ýeriň1 topragyndan adam2 ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. 8Reb Hudaý gündogarda ýerleşen Eremde3 bag oturdyp, adamy şol ýerde ýerleşdirdi.” (Gelip Çykyş 2:7,8)

Bu aýatlar, Öz ýaradan ynsany üçin Hudaýyň ajaýyp bir bag ýaradandygyny aýdýar. Ol baga Erem ýada Jennet Bagy diýip at beripdirler. Käbir adamlar bu bagyň gökde bolandygyny aýdýarlar. Ýöne, Ýazgy ol bagyň erde bolandygyny, ýagny gündogarda, häzirki Irak döwletiniň erleşýän erlerde bolandygyny tassyklaýar.

Hudaýyň pygamberleriniň ýazgylary erdäki bolan Erem bagy ýagny Jennet bagy bilen Gökde Hudaýyň huzyrynda bolan Jennet bagy bilen hiç haçan garyşdyrmaýarlar.

 

 

 

Mukaddes Ýazgynyň indiki aýatlary şeýle diýýär:

. 9Reb Hudaý ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş berýän daragty hem-de ýagşy-ýamany saýgaryş daragty bardy.

10Erem bagyny suwarýan derýa, Eremiň içinden akyp geçip, bagyň gutaran ýerinde dört derýa bölünýär. 15Erem bagyny işläp bejereri we oňa gözegçilik ederi ýaly, Reb Hudaý adamy ol bagda ýerleşdirdi.” (Gelip Çykyş 2:9,10,15)

Şeýlelikde, ilkinji ynsan bolan Adam atanyň şeýle ajaýyp gowy durmuşda ýaşap bilmegi üçin Hudaýyň şeýle bir gowy er ýasandygyny görýäris. Şeýle bir owadan we süýji miweleri berýän agaçlardan doly bolan bagda Hudaý adamy erleşdirdi. Ine şol şeýle bir ajaýyp erde, ähli zat kämildi we owadandy. Adam atanyň düýgulary diridi; onuň gözleri bu owadanlyklardan lezzet alýardy, onuň gulaklary agaçlarda saýraýan guşlaryň sesinden lezzet alýardy we ol bagdaky gülleriň ysyndan lezzet alýardy. Hudaý Adam ata onuň şatlygy üçin ähli zady berdi. Hudaý Öz gowylygynda, onyň begenç bilen erine etirjek işini: baga seretmegi Adam ata berdi.

Iň ajaýyp zat hem, Hudaýyň Özüniň ol baga Öz keşbinde ýaradan ynsany Adam ata bilen gepleşmäge gelmegidi. (seret Gelip Çykyş 3:8) Näme üçin Hudaý Adam atany görmäge geldi? Hudaýyň Adam atanyň ýanyna gelmeginiň sebäbi, biziň eýýäm bilişimiz ýaly Onuň adamy Özi bilen gatnaşykda bolmak üçin ýaradandygydyr. Hudaýyň nieti, Öziniň we adamlaryň bilelikde gatnaşykda bolmagy, bilelikde şatlanmagy we bir ýürek we bir düşünjede baky birleşen bolmakdy. Hawa, Hudaý adamyň Özi bilen çüňňür we ajaýyp gatnaşykda baky ösmegini isläpdir. Ilkinji ýaradan adamyny erleşdiren Hudaýyň bagy hakynda biziň bilmeli başgada zadymyz bar. Bagyň ortarasynda, Hudaý gaty wajyp bolan iki sany agajy-da erleşdirdi. Olaryň birine ýaşaýyş agajy beýlekisine bolsa ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajy diýilýärdi. Hudaý ýaşaýyş agajyny ol erde erleşdirmek bilen Özüniň baky ýaşaýşyny ynsan bilen paýlaşmak nietiniň bardygyny Adam ata ýatlatmak isläp erleşdiripdi. Ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajyny bolsa Hudaý Adam atany synamak üçin ol bagda erleşdiripdi. Mukaddes Ýazgynyň bu diýýänlerine üns ber: 16Reb Hudaý adama şeýle emr etdi: «Sen bagdaky islän agaçlaryň miwesinden arkaýyn iýip bilersiň. 17Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň». (Gelip Çykyş 2:16,17)

Näme üçin Hudaý ýagşylygy we ýamanlygy bilme agajyndan iýmezligi buýurdy? Hudaý gysgançmy? Ýok, Ol gysganç däl! Çünki, Onuň bir ady şeýle diýilip tutulýar “Ol Jomartdyr!” Hudaý Adam ata şeýle diýdi, “Sen şu birinden başga her bir agajyň miwesinden iýip bilersiň.” Bu buýruk kyn buýrukdymy? Ýok, ol kyn däldi. Adam ata bagly bolar ýaly rehime baý Hudaý oňa gerek bolan ähli zady berdi. Ýagşy bolan hiç bir zady Hudaý ondan gaýgyrmady. Ýöne, Adam atanyň Hudaýa öz söýgüsini boýun bolmak arkaly görkezip bilmegi üçin Hudaý kämil bolan maksadyna laýyklykda onuň öňünde bir ýönekeý synag goýdy. Reb Hudaý Öz Sözünde şeýle diýýär: Kim Meni söýýän bolsa, sözümi tutar;…Meni söýmeýän Meniň sözümi tutmaz.” (Ýahýa 14:23,24) Hudaý Adam atanyň söýgüsini we onuň oňa bolan gatnaşygyny barlap görmek isledi. Şonuň üçin Hudaý bu ýönekeý synagy oňa berdi. Hudaý ýöne bir maşyn ýaratmady. Hudaý adamy aňly, kalbly we azat-erkli edip ýaratdy. Çünki Ol muny Adamyň söýmegi we boýun bolmagy öz islegi bilen saýlamagyny isledi.

Gadagan edilen agajyň miwesinden iýse Adam ata näme bolar diýip Hudaý aýtdy? Geliň Ýazgyny täzeden okalyň. Hudaý diýdi, 17Ýöne sen ýagşy-ýamany saýgaryş daragtynyň miwesinden iýmegin, çünki şondan iýen günüň sen hökman ölersiň!». Şeýlelikde, Hudaý Özüniň büýrugyna boýun bolmazlygyň ölümi emele getirýändigini duýduryş beripdi. Hudaý öz ýaradan adamyny gowy görýärdi; şonuň üçin ol ine bu kemsiz sözler bilen oňa duýduryş berdi: Adam eger sen maňa boýun bolmasaň ölersiň, çünki meniň mukaddes kanunym “günä eden janyň” ölmelidigini talap edýär. (Ezek. 18:20)

Beli kimdir biri şeýle diýip sorar: Günä näme? Ýazgylar şeýle diýýär: “Günä kanunsyzlykdyr.” (1Ýahýa 3:4) Her bir ýamanlyk günädir.” (1Ýahýa 5:17) “Kim ýagşylyk etmegi bilip-de, etmeýän bolsa, ol günäkärdir.” (Ýakyp 4:17) Günä “öz ýoluňdan” gitmekdir. (Işaýa 53:6) Hudaý bilen razylaşmaýan her bir zat günädir. Hudaýyň garşysyna günä edenlere näme bolar? Hudaýyň Sözi bu soraga şeýle jogap berýär, “Günä eden kişi ölmelidir!” (Ezek.18:20) Başga bir aýatda şeýle hem diýilýär, “günäniň muzdy ölüm (Rim.6:23) Ölüm näme? Köpler, ölüm bu ýok bolmak; hemme zat gutarýar we sen hiç zat bilmeýärsiň, diýip hasaplaýarlar. Emma, eger biz Pygamberleriň Ýazgylaryna esaslansak onda, munuň beýle däldigini görýäris. Mukaddes Ýazgylarda ölüm sözi aýralygy aňladýar. Ölüm ýaşaýyşdan aýrylmak. Haçanda Hudaý Adam ata: “ Ýagşylygy we ýamalygy bilme agajyndan iýen günüň hökman ölersiň” diende, Ol oňa: ondan iýen günüň sen Menden aýrylarsyň, diýipdi. Eger sen maňa boýun bolmasaň, men bilen ýakyn aragatnaşykda bolup bilmersiň. Men mukaddes we Men günä we Meniň ýolumy ret edýänlere çydam edip bilmerin. Men Lusiferi we onuň perişdelerini günä edenlerinde Öz huzyrymdan kowdum we seni hem günä etseň kowaryn. Ondan başgada, ol gadagan edilen agajyň miwesinden iýen günüň seniň bedeniň hem garrap başlar we soňra öler, şeýdip seniň janyň bedeniňi taşlap gider. Ýöne bu bilen gutarmaýar. Eger sen maňa boýun bolmasaň, diňe bir bedeniň ölmän, seniň janyň hem Şeýtan we onuň jyn-arwahlary üçin taýýarlanan ere gider. We ol erde sen menden ebdi aýrylarsyň!

Şeýlelikde, biz günäniň şeýle elhenç üç sany aýralyk emele getirýändigini görýäris. Birinji, seniň janyň erde Hudaýdan aýralykda bolýar. Ýagny, Mukaddes bolan Birbar bilen ýüregiňdäki günäň netijesinde hiç hili gatnaşygyň bolmaýar. Ikinjiden, seniň janyň ölen günüň bedeniňden aýrylýar. Şeýdip, seniň bedeniň ölýär we janyň höküm edilmegiň üçin Hudaýyň öňüne barar. Üçünjiden, seniň janyň we bedeniň ot kölüne zyňylyp Hudaýdan baky aýrylýar.

Hudaýyň Sözüne esaslananda, ölüm näme? Gysgaça aýdanda, ölüm Ýaşaýyş Hudaýyndan aýrylmakdyr. Günä adamy hakyky ýaşaýşyň çemesi bolan Hudaýdan aýyrýar. Hudaý mukaddesdir we günä bilen ylalaşyp bilmez. Günä eden jan agaçdan döwülüp aýrylan şaha ýalydyr. Agaçdan aýrylan şaha näme bolar? Çapylyp aýrylan şaha dirimi? Ýok, ol ölendir! Elbetde ýapraklary şol bada guramaýar, ýöne olar ölüp başlandyr. Muňa meňzeşlikde, sen hem Hudaýyň döreden günälerden bagyşlanma ýoluna iman etmeseň, sen pikir edersiň diri diýip, emma Hudaýyň Sözi bolsa seniň Hudaýyň öňünde, “ýazyk we günäleriň zerarly ölüdigiňizi” (Efes.2:1) “emma günäleriňiz sizi Hudaýdan aýyrdy; günäleriňiz zerarly Ol ýüzüni sizden gizledi.” (Işaýa 59:2) Siz şaha kimin kesilip taşlanarsyňyz we gurarsyňyz. Ýygyşdyryp oda atylýan we ýanjak şahalarsyňyz (Ýahýa15:6)

Agaçda bolmadyk şaha miwe öndürip bilmez. Günäli hem Hudaýyň öňünde ine şeýledir. Ol Hudaýa ýakymly hiç bir zat öndürip bilmez, çünki onuň “Hakykyk Agaç” hakyky ýaşaýşyň Çeşmesi bolan Hudaý bilen gatnaşygy ýok. Günäliler Hudaýyň adyl hökümünden başga zada garaşyp bilmezler. Ýöne, Pygamberleriň Ýazgylary, Hudaýyň biziň Özüniň öňünden dogry saýylyp bilmegimiz üçin we günälerimiziň bizden aýrylmagy üçin bir ýoly aýan edendigini yglan edýärler.

Geljek gepleşiklerimizde biz olar hakynda öwreneris.

Bu gepleşigimizi tamamlamazdan öň okan babymyzyň galan erini okamak isledik. Ol erde Mukaddes Ýazgy, Hudaýyň nädip ilkinji aýaly ýaradandygy hakynda aýdýar. Diňläň: 18Reb Hudaý: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.

21Reb Hudaý adamy agyr uka giderdi; adam ukudaka, Reb onuň bir gapyrgasyny alyp, boşap galan ýerini et bilen örtdi. 22Reb Hudaý adamyň bedeninden alan şol gapyrgasyndan aýal ýaratdy we ony adamyň ýanyna getirdi. 23Adam ony görüp: «Ine, süýegi öz süýegimdendir, teni öz tenimdendir; ol aýal4 bolar, çünki ol ärinden5 alnandyr» diýdi. 24Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar. 25Adam-da, onuň aýaly-da ýalaňaçdylar, olar heniz utanmany bilmeýärdiler. (Gelip Çykyş 2:18,21-25)

Şeýlelikde, nikanyň Hudaý tarapyndan döredilendigini görýäris.

Birini söýmegi we durmuşyny bilelikde paýlaşmak we bagtly maşgala bolup Hudaýy şöhratlandyrmaklary üçin Hudaý bir erkek we bir aýal ýaradypdyr. Adam atany gowy görýän we onuň doly bagtly bolmagyny isleýän Hudaý oňa ajaýyp sowgat: aýal beripdir. Hudaý Adam atanyň aýalyny aýawly saklamagyny, ony üpjün etmegini we özüni söýüşi kimin aýalyny hem söýmegini isläpdir. Ondan hasda wajyby, Hudaý olaryň Özi bilen çüňňür gatnaşykda bolup Ony tanap, söýüp we baky boýun bolmagyny hem isläpdir. (seret Efesliler 5:21-33; 6:1-4)

Şeýlelikde, Hudaý ýaradyş işini tamamlady. Ýazgy şeýle diýýär:

31Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi. 1Şeýdip, tutuş älem-jahanyň we olardaky ähli zatlaryň ýaradylyşy tamamlandy 2Hudaý ýedinji günde ähli işini tamamlap, Ol şol gün dynç aldy.3Hudaý ýedinji güni aýratyn gün hökmünde mukaddes etdi, çünki Ol şol gün ähli ýaradyş işlerini tamamlap, dynç aldy. (Gelip Çykyş 1:31-2:3)

Näme üçin Hudaý edinji güni dynç aldy? Ol ýadandygy üçin dynç aldymy? Ýok, çünki Hudaý hiç haçan ýadaýan däldir! Ýazgy muňa şeýle diýip jogap berýär, “işlerini tamamlady!” Ähli zat kämildi. Şonuň üçin Hudaý eden işinden edinji güni dynç aldy. Şeýdip şonuň üçin bir hepdede hem edi gün bar.

Gadyrly dostlar, diňläniňiz üçin köp sag boluň. Indiki gezek, Hudaý nesip etse, günäniň nädip dünýä girendigini göreris…

Hudaýyň Sözündäki bu aýdyljaklar hakynda oýlanmakda Ol size pata bersin:

“Günäniň muzdy ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa,…ebedi ýaşaýyşdyr!” (Rim.6:23)

 

 




1ýer  — Bu ýewreýçe «adama».

2adam  — Bu ýewreýçe «adam».

3Erem — Ýewreýçe bu at «hezillik»diýmekligi aňladýar.

4aýal — Ýewreýçe «işa».

5är — Ýewreýçe «iş».

posted in Radio | 0 Comments

11th February 2008

Hudaý Näme Üçin Adamy Ýaratdy

Hudaý Näme Üçin Adamy Ýaratdy

Gelip Çykyş 1,2

Salam gadyrly diňleýjiler. Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

Geçen gepleşigimizde, Hudaýyň nädip gögi, eri, deňizleri we olardaky ähli zatlary ýaradyşy hakynda öwrenip geçdik. Hudaý ähli zady Öz Sözi arkaly alty günde ýaratdy. Hudaýyň näme üçin dünýäni ýaradandygyny hem öwrendik. Ol dünýäni Öz şöhraty üçin ýaratjak adamlary üçin ýaradypdy. Ynsanyň hakyky gurply ýaşaýyşda ýaşap bilmegi üçin şeýle ajaýyp we owadan eri ýaradan Hudaý nähili gowydyr!

Bu gün biz Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi dowam etdireris we Hudaýyň nädip ilkinji adamy ýaradandygyny öwreneris. Hudaýyň kömegi bilen, Onuň adamy näme üçin ýaradandygyny hem düşünmeklige çalyşarys. Töwradyň birinji kitaby, Gelip Çykyşyň birinji babynyň ýigrimi altynjy aýadynda, Hudayň Sözi şeýle diýýär,

26Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.” 27Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy.” (Gelip Çykyş 1:26,27)

Biziň öňümizde düşünmeli bolan belli we ajaýyp bolan ine şu hakykat bardyr: Hudaý ilkinji adamy we aýaly Öz keşbinde ýaratdy! Bu hakynda oýlan! Hudaý adamy Özine meňzeş edip ýaratdy! Hakykatdan hem, ynsan Hudaýyň ýaradanlarynyň içinde iň wajybydyr. Diňe ynsan Hudaýyň keşbinde ýaradyldy.

Onda Hudaýyň Sözünde aýdylan bular näme aňladýar: 7Reb Hudaý ýeriň1 topragyndan adam2 ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.” (Gelip Çykyş 2:7)

Hudaý ilkinji adamy ýaradanda, Ol ynsany iki sany zatdan ýasady, tenden we jandan emele getirdi. Adam diňe bir tenden durýan däldir.

Ynsan bedenden we jandan durýandyr.

Hudaý adamy iki ädim bilen ýaratdy. Mukaddes Ýazgynyň näme diýýändigine gulak asyň: Birinji: “Hudaý adamy eriň tozundan ýasady” Ikinji: “Hudaý adamyň burnuna ýaşaýyş demini üfledi, we adam janly boldy.”

Mukaddes Ýazgylardan biz Hudaýyň ynsany ýaradanda, ilki bilen onuň bedenini ýasady. Näme üçin Hudaý ilki bilen ynsanyň bedenini ýasady? Hudaý ilki bilen adamyň bedenini ýasady çünki, soňra Hudaý ol taýda adamyň janyny erleşdirjekdi. Seniň bedeniňiň, seniň janyňyň wagtlaýynça bolýan öýidigini sen bilýärmisiň? Bu hakynda Mukaddes Ýazgy şeýle diýip öwredýär, “biziň bu dünewi öýümiz, çadyr ýalydyr.” (2Korintoslar 5:1) Hudaý adamyň bedenini onda onuň janynyň bolmagy üçin ýasady.

Hudaý adamyň bedenini nämeden ýasady? Ýazgy bize, Hudaýyň ony toprakdan ýasandygyny aýdýar. Bu ýaşaýan häzirki zamanymyzda, biz eriň topragynyň düzümi ýigrimi sany dürli himiki maddalardan durýandygyny bilýäris. Alymlar bize şol ýigrimi sany himiki maddalaryň hemmesiniň biziň bedenimizde bardygyny aýdýarlar. Şonuň üçin Hudaýyň pygamberi Dawut Zeburda şeýle diýip ýazýar, “Çünki Ol biziň nähili ýaradylandygymyzy bilýär, toprakdandygymyz Onuň ýadynda!” (Zebur 103:14) Hawa, adamyň bedeni toprakdan ýasaldy, ýöne bu diýdigi ol bahasyz diýildigi däldir! Adam bedeninde, etmiş trilion bölekler bar, biz olara öýjükler diýýäris. Olaryň hemmesi bilelikde örülen we kämil ylalaşykda işlemek üçin döredilen. Ynsan bedeni gudratdyr! Biziň bedenimizde, Hudaý beýni, ýüregi, aşgazany, bagry, böwregi, suňkleri, derini, gözleri, gulaklary, burny, agyzy we köp sany başgada ajaýyp bölekleri erleşdirdi. Her bir bölek özüniň erine etirmeli zadyny “bilýär”. Diňe Hudaý şeýle edip ýaradyp bilýär! Şonuň üçin Dawut pygamber şeýle diýip hem ýazypdyr, “Saňa şükür ederin, çünki men gaty gorkunç we täsin tärde ýaradylypdyryn; seniň işleriň ajaýyp, janym muny gaty oňat bilýär!” (Zebur 139:14)

Hawa, adamyň bedeni ajaýypdyr! Ýöne, bu beden Hudaýyň keşbinde ýaradylypdymy? Ýok! Bu beýle bolup bilmez, çünki Hudaý ruhdyr. Hudaý adamyň fiziki bedenini Öz keşbinde ýaratmady. Onda Ýazgy, “Hudaý adamy Öz keşbinde ýaratdy dieýende nämäni gözünde tutýar? Bu, Hudaý adamyň janyny Öz keşbinde ýaratdy diýmegi aňladýar.

Hudaýyň ilki bilen adamy eriň topragyndan ýasanda, onuň jansyzdygyny gördük. Ol diňe bir bedendi. Jany içine goýmazdan öň näme üçin Hudaý bedeni ýasady? Näme üçin hemme zady başarýan Hudaý adamy ýönekeý bir ädimde, başga ýaradylanlary ýaradyşy dek ýaratmady? Belki, Hudaý munuň üsti bilen adamyň özüniň ýaşaýşyň üstünden güýjüniň ýokdygyny bize öwretmek üçin şeýle edendir. Adam özüne ýaşaýyş berip bilmeýär we adam ýaşaýan hiç bir zady ýasap bilmeýär. Hudaý Ýaşaýşyň Rebbidir we diňe Onda ýaşaýyş tapylýar. Ýaşýaýyş adamdan gelmeýär; ol Hudaýyň sowgadydyr! Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär, “Reb Hudaý…onuň burnuna dirilik demini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy.” Hudaýyň ýasan bedeni ýaşap başlady. Näme üçin ol diri boldy? Çünki Hudaý, Ýaşaýşyň Rebbi, oňa jan berdi! Hudaý Özüniň ýaşaýşyny bedene üfledi. Hudaýda bar bolan ýaşaýayş, indi ynsanda hem boldy. Şeýlelikde, adam ýaşaýan barlyk boldy.

Şeýdip, Hudaýyň Öz keşbinde ýaradany nämedi? Jandy. Hudaý adamyň janyny Öz keşbinde ýaratdy. Hudaýyň Ruhynda bar bolan birnäçe belli häsýetleriň adamda hem bardygyny siz bilýärsiňizmi? Bu günki sapagymyzy jemlemezden öň, Hudaýda bar bolan we  adamda hem tapylýan häsýetleriň üçüsiniň üstünde durup geçmek  isleýäris. Hudaýdaky ýaly bizde bolan bu üç häsýetler hakynda öwrenmek bilen, Mukaddes Ýazgynyň, “ Hudaý adamy Öz keşbinde ýaratdy” diýenlerine hem gowy düşüneris. Hudaýyň adamyň janynda erleşdiren bu üç häsiýeti ine bulardyr:

Birinji:onuň Hudaýy tanap bilmegi üçin  Hudaý adama aň (ruh) berdi.

Ikinji: onuň Hudaýy söýüp bilmegi üçin, Ol adama ýürek (duýgular) berdi.

Üçünji: adamyň Hudaýa boýun bolup bilmegi üçin, Hudaý adama erk (saýlamaga azatlygy) berdi.

Hudaýda aň, duýgy we erk bolandygy üçin, Ol adamyň janynda hem aň, duýgy we erk goýdy. Geliň bu hakynda oýlanyp geçeliň.

1)   Birinji, adamyň Hudaýy tanamagy üçin we Hudaý ýaly oýlanyp bilmegi üçin oňa berdi. Özi bilen gaty ýakyn gatnaşykda bolmagy üçin, Hudaý adamda şeýle bir güyçli aň ýaratdy. Hudaýyň pygamberi Ybraýym hakynda biz öwrenenimizde, biz Ybraýyma Hudaýyň dosty diýilendigini görýäris. Ybraýym Hudaýy tanaýardy we ol bilen ýakyn gatnaşykda bolupdy. Ýöne, Hudaýyň dosty bolmak mümkinçiligi diňe bir Ybraýyma berilmändi. Biz hem “Hudaýyň dosty” bolup bilýäris. Hudaý biz bilen hem ýakyn gatnaşykda bolmagy isleýär. Şonuň üçin, Özüniň ruhy bilen sazlaşykly gatnaşykda bolup bilmegi üçin Hudaý ynsanyň janynda aň (başgaça aýdanda ruh) erleşdirdi.

Belki, bu aýdýanlarymyzy ine bu sorag bilen anyklaşdyryp bileris. Haýwandan ynsany näme tapawutlandyrýar? Aň ýada ruh. Adamyň aňy we ruhy haýwanyň aňyndan tapawutlydyr. Näme üçin haýwanlar bu radio gepleşigimize düşünip bilmeýär? Çünki olarda bizdäki bar bolan aň ýok. Gadyrly dostlar, näme üçin siz biziň aýdýan sözlerimize düşünip bilýärsiňiz? Sebäbi sizde-de, şol bir aň düşünje bar. Şonuň üçin, müňa meňzeşlikde, adamyň ruhyda Hudaýyň Ruhy bilen sazlaşykly gatnaşyk edip bilmegi üçin ýaradylan.

Elbetde, beýle diýdigimiz, Hudaýyň aňy bilen adamyň aňy akyldarlykda we bilimde deň diýip bolmaz. Hiç haçan! Hudaýyň akyly çüňňürdyr we onuň bilimi adamyň  biliminden has ýokarydyr. Biziň düşünmeli zadymyz ine şudur: Diri Hudaý bilen manyly gatnaşykda şatlanyp bilmegi üçin Ol adama ruh berdi. Hudaý seniň Hudaýy tanap bilmeýän haýwan ýaly bolmagyňy islemeýär! Haýwanda beýni bar, emma Hudaý hakynda pikirlenip bilmeýär. Haýwanda-da agzy bar, emma iýmit üçin Hudaýa şükür aýdyp bilmeýär. Onuň gulagy bar, ýöne Hudaýyň Sözüni diňläp bilmeýär. Emma welin, Hudaýyň keşbinde ýaradylan adam, Reb Hudaýy tanap bilýär. Hawa, bizi diňleýän dost, sen Hudaýy bilip bilersiň! Onuň döreden gutuluşyň dogrulyk ýolyny kabul etseň, Ýaradyjyň bilen ajaýyp gatnaşykda bolup bilersiň. Hudaýyň gutulyş ýoly hakynda biz indiki gepleşiklerimizde has anyk düşündireris, ýöne biziň şu gün bilmeli zadymyz Hudaýyň adama Özüni tanamaga ukyply bolmak üçin ruh berendigidir.

2) Hudaý ynsany Öz keşbinde ýaradanda onuň janynda başga-da zat ýaratdy. Ýürek. Ynsanyň Ony söýmegi üçin Hudaý oňa ýürek berdi. Biz gan pürkýän ýürek hakynda gürrüň edemizok. Biziň gürrüň edýänimiz seniň janyňdaky duýýan zatlaryň, duýgylaryň we seniň pikirleriň hakyndadyr. Biz seniň ýüregiňiň islegleri hakynda gürrüň edýäs. Hudaý ilkinji adama Özüniň duýýan duýgularyny duýmaga duýgy beripdi. Hudaý söýüp, ýigrenip, begenip, gyýylyp we rehmi gelip bilýär. Şonuň üçin, söýgi we ýigrenmek duýgusyna ukyply boljak ýüregi ynsanyň janynda ýaratdy. Hudaý adamyň Hudaýyň söýýän zadyny söýmegini we Hudaýyň ýigrenýän zadyny ýigrenmegini isleýär. Hudaý biziň Ony bütin ýüregimiz bilen söýmegimizi isleýär. Şonuň üçin Hudaý adamy öz keşbinde ýaratdy we oňa kalb (ýürek) berdi.

3) Öz keşbinde ýaradan ynsanyna Hudaý mundan başgada bir zat berdi. Hudaý adamyň janynda erk erleşdirdi. Hudaý her bir ynsana öz ýoluny saýlamaga rugsat berýär. Hudaýyň özi hem bir zat etmekde Özi saýlaýar. Hudaýyň Özi hem erklidir. Hudaý ynsany Onuň islegini hemişe bir robot ýaly erine etirer ýaly erksiz hem ýaradyp bilerdi. Ýöne welin, adamyň Hudaýa boýun bolmalydygyny saýlap seçip bilmegi üçin Hudaý ony erkli edip ýaratdy.  Hudaý adamy, her gün bellenen wagtynda ertir irden çykýan, emma hiç hili erki bolmadyk Güne meňzedip hem ýaradyp bilerdi. Bilşiňiz ýaly Gün Hudaýyň erkine laýyklykda hereket edýär. Ýöne adam bilen beýle däldir. Adam aýratyn bir ýaradylyşdyr. Hudaý bizi özi üçin ýaratdy. Biziň Oňa boýun bolmagy we Ony söýmegi saýlamagymyzy Hudaý isleýär. Hudaý adama uly jogapkärçilik ynanýar! Adamyň özi Şeýtanyň ýada Hudaýyň yzyna eýermegi, Hudaýyň Sözüni hormatlamagy ýada ony ret etmegi özi üçin saýlamalydyr. Hudaý Öz Sözüne hiç kimi zorluk bilen ynandyrmaýar. Özüni söýmäge we boýun bolmagada Hudaý bizi güýç bilen mejbur etmeýär. Zorluk bilen söýdirilen söýgi – söýgi däldir. Hudaý biziň her birimize haýsy ýoldan gitmegi saýlamaga rugsat berýär. Emma, Onuň Patyşalygyny ret edenleriň ählisini Hudaý höküm eder, çünki Hudaý adamy Özi üçin ýaratdy. Munuň şeýledigini Mukaddes Ýazgy aýdýar.

Biz er ýüzünde Hudaý üçindiris. Biz bu dünýäde özümiz ýada pul üçin, ýada başga bir zat ýada kimdir biri üçin däldiris. Hudaý bizi Özi üçin ýaratdy; Öz şöhraty üçin ýaratdy. Hudaý bizi Ony tanap bilmek, Ony baky söýüp we boýun bolup bilmek ukyby bilen ýaratdy! Ebedi Hudaý biziň her birimize ebedi jan berdi. Hudaý bilen bü gün, ertir hem we bütin bakyýetde çüňňür we ajaýyp gatnaşykda bolup bilmegimiz Hudaýyň erk-islegidir. Biz şu aşakdaky Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň erk islegi hakynda aýdýan sözler bilen siziň bilen hoşlaşmakçy:”Hudaýymyz Reb eke-täk Rebdir. Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý! (Markus 12:29,30)

Diňläniňiz üçin köp sag boluň. Nesip bolsa, indiki gepleşigimizde ilkinji ynsan bolanlar Adam ata we How ene hakynda öwreneris…

Aýdylan iň beýik tabşyryk hakynda Hudaý size düşünje bersin we sizi bereketlesin: “Öz Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý! (Markus 12:30)




1ýer  — Bu ýewreýçe «adama».

2adam  — Bu ýewreýçe «adam».

posted in Kitaplar, Radio | 0 Comments