TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Hudaý Dünýäni Nädip Ýaratdy

29th January 2008

Hudaý Dünýäni Nädip Ýaratdy

 

Hudaý Dünýäni Nädip Ýaratdy

Başlangyç 1

Salam gadyrly diňleýjiler. Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

Geçen radio eşitdirmämizde, siziň bilen perişdeler we Şeýtan hakynda Hudaýyň pygamberleriniň ýazgylaryny öwrenipdik. Başda, Hudaýyň perişdeler diýilip atlandyrylan millionlarça ruhlary ýaradandygyny öwrendik. Perişdeleriň içinde, akyllylykda we owadanlykda has tapawutlanýan biri bardy. Ol perişdäniň ady Lusiferdi. Ýöne, bir gün Lusifer özüni şöhratlandyrdy we Hudaýyň erine geçjek bolup Oňa görüplik edip başlady. Birnäçe perişdeler hem Lusiferi bu eden günäsinde goldap onuň tarapyna geçdiler. Şeýlelikde, özüne garşy baş göterenlere göz ýumup bilmeýän Hudaý, Lusiferi we erbet perişdeleri Özüniň mukaddes mesgeninden kowdy.

Lusiferiň ady – mundan beýläk Ýalançy diýip aňladýan Şeýtan diýilip aýdyldy. Olary Hudaý Öz ýanyndan kowandan soňra, Ol olar üçin baky sönmejek dowzah oduny döretdi. Bir gün Hudaý, Şeýtany we onuň yzyna eýeren her kimi şol oda taşlar. Ýöne, Şeýtan heniz ol oda zyňylmady. Özi bilen bilen ýok bolar ýaly, kimi aldap bilse aldamak üçin bu dünýädedir.

Bu günki sapagymyz, Pygamberleriň Ýazgylaryndan dördünji sapakdyr. Töwradyň birinji Başlangyç kitabynyň, birinji babynyň ilkinji iki aýady şeýle diýýär,  1Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy. 2Ýer ýüzi şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi.” (Baş.1:1,2)

Başda, Hudaý gökleri we eri ýaradanda, erde hiç zat ýaşamaýardy. Ähli zat şekilsiz we garaňkydy. Diňe Şeýtan bilen onuň jyn arwahlary bu erdedi. Ýöne, Hudaýy tanap bilme, söýmek we Oňa baky boýun bolmak ukyby boljak ynsanlary ýaratmagy Hudaý planlaşdyrdy.

Ýöne, Ol adamy ýaratmazdan öň, olaryň hakyky bagtly ýaşaýyşda ýaşap bilmekleri üçin bir er ýaratmagy Hudaý ýüregine düwdi. Bu gün biz gepleşigimizde, Hudaýyň nädip ýaratjak adamlary üçin bu dünýäni ýaradandygyny we taýarlandygyny öwrenip geçeris.

Hudaýyň dünýäni nädip ýaradandygy hakynda Ýazgylar näme diýýär? Ol şeýle diýýär, 11Çünki Reb Ýeri, Gögi, deňzi we olardaky ähli zatlary alty günde ýaratdy…” (Çykyş 20:11) Geliň häzir bolsa Töwradyň birinji babyna seredeliň we Hudaýyň şol alty günde nämeleri ýaradandygyny öwreneliň.

1) Birinji gün hakynda Ýazgy şeýle diýýär,Suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy.

3Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy. 4Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy. 5Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.” (Gelip Çykyş 1:2-5)

Şeýdip, birinji günde Hudaý garaňkylykda “Ýagtylyk bolsun” diýip emr etdi. Hudaý tegelek bir pökgi ýaly ere, ýigrimi dört sagadyň içinde bir gezek öz okunyň daşynda aýlanmaga emr etdi. Şonuň üçin takmynnan, on iki sagat gündiz we on iki sagat gije bar. Birinji günde ýagtylygy garaňkylykdan aýyryp Hudaý şeýle gowy zady edipdir!

2) Ikinji gün hakynda Ýazgy şeýle diýýär, “6Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi. 7Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy. 8Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.” (Gelip Çykyş 1:6-8)

Ikinji günde Hudaý, eriň daşynda asmany ýaratdy, biz oňa ylmy dilde atmosfera diýýäris. Atmosfera biziň dünýämizi gurşaýar we biziň dem alýan howamyzdan durýar. Atmosfera hemme zady we hemmeleri güniň yssysyndan we başgada köp betbagtlyklardan goraýar. Hudaýyň döreden aýratyn asmany bolmadyk bolsa, onda adam erde ýaşap bilmezdi.

3) Üçünji gün, Hudaý deňizleri, gury eri we ösümlikleri ýaratdy. Ýazgynyň diýýänlerine gulak as:

9Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy. 10Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi. 11Soňra Hudaý: «Ýer dünýäde görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan miweli agaçlary öndürsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy…13Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.” (Gelip Çykyş 1:9-11,13)

Şeýdip, Ajaýyp Dörediji Hudaý deňizleri, derýalary, özüne mahsus dürli miweleri we tohumlary bar bolan müňlerçe agaçlary we ösümlikleri ýaratdy. Dürli tagamly bolan ajaýyp bakja-miweleri Hudaý ýaratdy: üzüm, garpyz, gawun, hyýar, käşir, tüwi, hoz, badam we müňlerçe başgada dürli iýmitleri ýaratdy.

Hudaý ähli ýaradan zatlary hakynda “Bular gowy” diýdi.

Hudaýyň ýaradan zatlarynyň we edýän işleriniň hemmesi gowydyr, ajýyp we kämildir! Hudaý erbetlikden başga ähli zat edip bilýär. Çünki Hudaý gowydyr! Belki käbirleriňiz, “eger Hudaý gowy bolsa, onda näme üçin dünýä erbetlikden doly? Näme üiçn meniň ekin meýdanym gowy hasyl berenok? Näme üçin meniň çagam kesel? Eger Hudaý gowy bolsa, onda näme üçin adamyň üstüne erbetlik adamdan çykýar?” Hakykatdan-da, bu soraglar gaty wajyp soraglar we olara jogaplary biz siziň bilen geljekgi radio eşitdirmelerimizde diňläris. Bu gün bolsa, ine bu ýönekeý hakykaty welin ýatda saklalyň: Hudaý gowydyr we munuň netijesinde Hudaýyň ýaradan ähli zady hem gowydy.

Hudaýyň gowydygy hakynda geliň bir az oýlanyp geçeliň. Üçünji günde Hudaýyň nädip agaçlary ýaradandygyny eşitdik. Özüne mahsus miweleri bolan agaçlary Hudaýyň näme üçin ýaradandygyny bilýäňmi? Hudaý olara mätäçlik çekýärmi? Şeýle bir gowy miweli agaçlary, Hudaý öz açlygyny doýurmak üçin ýaratdymy? Ýok! Ýaradyjy Hudaý hiç haçan aç galmaýar we hiç bir zada mätäçlik çekmeýär. Onda, näme üçin Hudaý olary ýaratdy? Ýazgy bize, ýaradylyşyň altynjy güni ýaratjagy  ynsan üçin Hudaýyň Öz gowylygynda ähli zady ýaradandygyny Ýazgylar bize görkezýär.

Hudaýyň gowylygyny bilip bilýäňizmi? Gawunyň süýji tagamyny dadanyňyzda ýada owadan gülüň atyr ysyny ysganyňyzda Hudaýyň gowylygyny bileňizokmy? Agaja seredip, ony ýaradan Ýaradana minnetdarlyk aýtmaýaňmy? Agaçsyz durmuş ajaýyp bolmazdy! Agaçsyz bizde jaý gurmaga ýada gämi gurmaga zat bolmazdy. Günüň günortasynda saýasynda dem dynç alar ýaly zat bolmazdy, ýada ýapragyndan çaý içmäge, derman almaga zat bolmazdy. Ösümliksiz durmuş bolmazdy. Agaçlar bolsa Hudaýyň biziň bagtymyz üçin ýaradan müçlerçe zatlarynyň diňe biridir. Biziň Özüniň gowylygyny bilmegimizi Hudaý isleýär. Şonuň üiçn Dawut pygamber Zeburda şeýle diýýär, “Rebbiň ýagşylygyny dadyň we görüň!” (Zebur 34:8)

Häzir biz, radio wagtymyz gutarmanka sapagymyzy dowam etdireliň.

4) Dördünji gün Hudaý şeýle diýdi, 14Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin.” (Gelip Çykyş 1:14)

Hudaý ýönekeý emri bilen güni, aýy we ýyldyzlary asmanda emel getirdi. Hudaý ene bir söz aýtdy welin er günüň daşyndan aýlanyberdi. Ol ene buýruk berdi, onda aý eriň daşyndan aýlanyberdi. Dünýädäki ahli zatlary ýaratmakda Hudaý näme ulandy? Mukaddes Ýazgy bu hakynda näme diýýär? Ol şeýle diýýär: “Biz älemiň Hudaýyň buýrugy bilen ýaradylandygyna, şeýle hem görünýän zatlaryň görünmeýän zatlardan dörändigine iman arkaly düşünýäris.” (Ewreýler 11:3) “Ozal-başda Söz bardy, Söz Hudaýdady, Söz Hudaýyň Özüdi. Ol ozal-başda Hudaýdady. Hemme zady Ol ýaratdy, ýaradylan zatlaryň hiç biri Onsuz ýaradylmady.” (Ýahýa 1:1-3) Hudaýyň birinji günde ýönekeýlik bilen gepläp, “Ýagtylyk bolsun” diýendigini eýýäm eşitdik. Ikinji günde Hudaý “Gümmez bolsun” diýip aýtdy. Şeýlede boldy. Üçünji gün Hudaý ene gürledi we Onuň aýdany boldy. Şeýlelikde, Hudaýyň bütin dünýäni ýaradanda ulanan zady näme? Hudaý Öz Sözünden başga hiç zat ulanmady. Onuň bar eden işi diňe gürlemekdi we Onuň aýdany erine etýärdi. Hudaý ähli zady Sözi arkaly ýaratdy, Hudaý ähli zady hem Özüniň Gudratly Sözi bilen hem saklaýar. Asmandaky aý we ýyldyzlar öz bellenen erinde, Hudaýyň Sözüniň güýji arkaly durýar. Hudaýyň buýrugy bilen, gün şol bellenen wagtda her gün çykýar we batýar. Göz öňüňize getirip görüň, eger biz günüň çykjak ýada çykmajagyny bilmesek nähili bolar. Mukaddes Ýazgy bize şeýle diýýär, Hudaý ynamdardyr!” (Ýagny Hudaý wadalaryny saklaýandyr) (1Kor 1:9) Oňa bil baglap bolýandyr. Ol hiç haçan beren sözüni ýykýan däldir. Ol hiç haçan çalyşmaz. “Rebbiň sözi ebedi galar!” (1Petrus,1:25)

5) Bäşinji güni Hudaý, müňlerçe dürli dürli görnüşdäki balyklary we guşlary ýaratdy. Mukaddes Kitap şeýle diýýär,

20Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi. 21Şeýdip, Hudaý äpet deňiz jandarlaryny, suwda ýüzýän dürli-dümen suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi. 22Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi. 23Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi.” (Çelip Çykyş 1:20-23)

6) Altynjy gün bolsa, Hudaýyň haýwanlary we adamy ýaradandygyny, Mukaddes Ýazgy aýdýar.

Gynansakda, bu aýratyn wajyp wakany düşündirip geçmäge biziň bü gün wagtymyz ýok. Hudaý nesip etse, indiki radio gepleşigimizde, Hudaýyň ilkinji ynsany nädip ýaradandygyny we näme üçin ýaradandygyny gowyja öwrenip geçeris.

Bu gün biz Hudaýyň ýagşylygy hakynda oýlanyp geçdik. Hudaýyň pygamberi Dawudyň bu hakynda, “Rebbiň ýagşylygyny dadyň we görüň!” diýenini hem eşitdik.

Dostlar, siz hakykatdan hem Hudaýyň ýagşylygyny dadyp gördüňizmi? Her gün biz Hudaýyň üpjün eden dürli iýmitlerinden dadyp- iýýäris, emma biz hakykatda Hudaýyň gowylygyny “datdykmy” we bilýäsmi? Eger siz hakykatdan Hudaýyň ýagşylygyny datmak we bilmek isleseňiz, onda Hudaýyň Sözüni diňlemelisiňiz we oňa ynanmalysyňyz. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Adam diňe çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr.” (Matta 4:4)

Adamyň diňe bir beden bolman, jandan hem durýandygyny, indiki gepleşigimizde öwreneris. Biziň janymyz Hudaýyň sözlerinden iýmitlenmelidir. Hudaýyň Sözi şeýle bir gowydyr we deňeşdirip bolmajak derejede ajaýypdyr, emma biz ol üçin ajygmalydyrys. Seniň janyň Hudaýyň bilimine we Onuň baky Sözüne, garnyň nahara ajygyşy ýaly ajygýarmy? Eger sen, Hudaýyň Sözi üçin şeýle ajygýan bolsaň, onda sen erde Hudaý bilen kämil parahatçylygy we gökde, jennetde ýitmez, dagamaz mirasy berjek Hakykaty taparsyň. Munuň hakykatdygyny biz bilýäris, çünki Hudaýyň Özi bu hakynda şeýle diýip wada berdi: “Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar!” (Matta 5:6) Omyn.

Ünsli diňläniňiz üçin köp sag boluň. Hudaýyň adamy nähili ýaradandygy we iň esasy hem näme üçin ýaradandygy hakyndaky gürrüňimizi diňlemäge indiki gepleshigimie goşulmaga sizi çagyrýarys.

Goý Hudaý size pata bersin we siz Onuň ine bu ajaýyp çagyryşyny ýatdan çykarmaň:

“Rebbiň ýagşylygyny dadyň we görüň!” (Zebur 34:8)

 

posted in Kitaplar, Radio | 0 Comments

22nd January 2008

Ruhym Şat Saňa

Ruhym Şat Saňa

 

Hudaý Saňa minnetdar

Meni ýaratdyň

Ogluň ere iberip

Özüň tanatdyň

 

Ruhym şat Saňa

Minnetdar Saňa

Näçe waspyň etsem-de men

Şonça az saňa

 

Öz üstüňe aldyň Sen

Ähli günäni

Meniň üçin öldüň Sen

Çekip jezany

 

Üç günden soň direlip

Haýrana goýduň

Meň durmuşyma girip

Arkadag bolduň

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

18th January 2008

Şeýtan we Perişdeler

Şeýtan we Perişdeler

Işaýa14; Ezekiel 28

Salam gadyrly diňleýjiler! Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

Geçen radio gepleşigimizde, Mukaddes Ýazgylardaky ilkinji aýady okadyk: “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.” (Başlangyç 1:1) Hudaýdan başga ähli zatlaryň başlangyjynyň bardygyny biz siziň bilen gördük. Ozal başda hiç zat ýok wagtynda, diňe Biri ýaşaýardy. Ol bar bolan Biride Hudaýdy.

Ozal başda diňe Ol bardy. Hudaý Bakyýet Rebbidir. Hudaý beýikdir we Onuň deňi-taýy ýokdyr. Onuň başlangyjyda we soňyda ýokdyr. Ol hiç zada mätäç däldir. Ol çäklendirilen däldir. Hudaý ruhdyr we hemme erde bir wagtda bolup bilýändir. Ol ähli zatlardan we hemmelerden hem ýokarydyr. Ol ähli zady doldurýandyr. Ol ähli zady görýändir. Ol ähli zady bilýändir. Ol aýratyndyr. Hudaý beýikdir! Şonuň üçin Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Ölümsizligiň eke-täk eýesi, etdirmez nurda ýaşaýan, hiç bir ynsanyň görmedik hem görüp bilmejek Hudaýy Mesihi öz wagtynda görkezer. Hormat hem gudrat baky Onuňky bolsun! Omyn!” (1Tim.6:16)

Bu gün bolsa, Pygamberleriň Ýazgylaryndan üçinni sapagymyzy başlarys. Bu gunki radio eşitdirmämizde, Hudaýyň Sözüniň perişdeler we Şeýtan hakynda öwredýänleri hakynda öwreneris. Perişdeleriň nireden gelendigini bilýärsiňizmi? Ýada Şeýtan we jyn-arwahlarlyň nireden gelendigini bilýärmisiň? Eger Hudaý bu hakynda bize aýtmadyk bolsa, onda biz bulary bilip bilmeýäris. Ýöne Hudaý olar hakynda bize Öz Sözünde aýdýar. Şonuň üçin geliň, Şeýtan we perişdeler hakynda hakykatlary bilmek üçin Mukaddes Ýazgylara seredip geçeliň. Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizde, Pygamberleriň Ýazgylaryny yzygiderli başyndan soňuna çenli öwrenýändigimizi, size ýatlatmak isleýäris. Şonuň üçin, geçen gepleşigimizde biz Hudaý hakynda öwrendi, çünki ähli zatdan öň bolan Hudaýdyr. Indiki gepleşigimizde bolsa, Hudaýyň dünýäni we ondaky ähli zatlry ýaradyşyny öwreneris. Ýöne, Hudaý dünýäni we ondaky zatlary ýaratmazdan öň, başga bir zady: perişdeleri ýaradypdyr.

Hudaýyň Sözi perişdeler hakynda köp zatlar aýdýar. Bu gun biz ýaradylan bu perişdeler hakynda gaty wajyp hakykatlary öwrenmegi jemläris. Ruh bolan Huday köp wagt ozal perişdeler diýip atlandyrylan ruhlary döredipdir. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Perişdeleriň ählisi…ruhlardyr.” (Ewreýler 1:14) “Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir.” (Ewreýler 1:7) Şeýlelikde, perişdeleriň ruhdygyny bize aýdýar. Olaryň bolşy el we ot bilen deňeşdirilen. Biz eli görüp bilmeýäris. Hiç kim ody tutup bilmeýär. Perişdeler hem ine şolara meňzeýär. Hudaý olary biz ýaly tende ýaratmandyr. Biz ynsanlar beden we ruh bilen ýaradylypdyrys. Ýöne, perişdeler bolsa diňe ruhdyrlar. Şonuň üçin biz olary görüp bilmeýäris.

Hudaý näçe sany perişde ýaradypdyr? Ol hakynda Mukaddes Ýazgy näme diýýär? Hudaýyň sanardan köp perişdeleri ýaradandygyny, Ýazgy aýdýar. Belentlerde, Hudaýyň huzurynda, “bir topar perişdeler…olaryň sany müňlerçe müňler, on müňlerçe on müňlerdi.” (Ylham 5:11) Biziň Rebbimiz Hudaý beýikdir! Çäksiz bolan Hudaý, Özi üçin müňlerçe müňler owadan, gowy we akylly perişdeleri ýaradypdyr. Hudaýyň perişdeleriniň beýik güjçiniň bardygyny bize Mukaddes Ýazgylar aýdýar. Olar bizden has güýçlidirler. Ýöne şol bir hatarda, ähli ýaradylanlar ýaly olaryň güýji hem çäklidir. Olar ähli zada güýji etýän däldir. Olar hemme erde bolup bilmeýärler we hemme zady bilmeýärler. Olar hem ýardylyşdyrlar. Diňe Biri çäksizdir. Ol Biride Hudaýdyr.

Perişdeler hakynda biziň bäşga bir düşünmeli zadymyz: Hudaý perişdeleri ýaradanda olaryň ählisi mukaddes ýaradylyşdylar. Başda hiç hili erbet perişde ýokdy. Başda (Iblis) Şeýtan ýokdy. Erbet ruhlar ýokdy. Biz bir zady gowy ýatda saklamaly: Hudaý diňe bir zatdan başga hemme zat edip bilýär. Hudaý erbet zady edip bilmeýär. Muny ýatdan çykarmalyň. Ol gowydyr. Hudaý kemçilik goýberip bilmeýär, çünki Ol kämildir. Günä ondan çykyp bilmeýär, çünki Ol tämiz we mukaddesdir. Hudaýyň oýlaýan we erine etirýän zatlarynyň ählisi gowydyr we kämildir. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir Onuň özi hem hiç kimi synaýan däldri.”(Ýakyp 1:13b) Bäh, onda erbet ruhlar nireden geldilerkä? Muňa bolan Hudaýyň jogabyny biz tiz eşideris. Ilki bilen, nähili bolsada, perişdeler hakynda biziň ene bir bilmeli zadymyz bar.

Näme üçin Hudaý perişdeleri ýaratdy? Gögiň şatlygynda Hudaýy baky söýmekleri, şöhratlamaklary we Oňa hyzmat etmekleri üçin Hudaý olary ýaradypdyr. Hudaý olaryň eýesidi, çünki Ol olaryň hemmesini ýaradypdy. Olaryň hemmesiň, aýdan, günden we ýyldyzlardan-da belentde bolan Hudaýyň “öýünde” mesgen tutýardylar. Hudaýyň mesgen tutýan bir aýratyn eriniň bardygyny bilýärmiň? Dogry, Hudaýyň hemme erdedigini biz geçen gepleşigimizde öwrendik. Şol bir hatarda, bize Hudaýyň mesgen tutýan ýaşaýan we bütin şöhratynyň bolýan mukaddes, nurdan doly we ajaýyp bir eriniň bardygyny Mukaddes Ýazgy öwredýär. Ol eri, Hudaýyň huzyry ýada Jennet diýip Hudaýyň pygamberleri atlandyrypdyrlar. Ine şol erde Hudaý öz mukaddes perişdeleri bilen bolýar.

Perişdeler hakynda biziň bilmeli ene bir zadymyz bar. Ýagny, perişdeleriň hemmesi bir meňzeş däldigidir. Käbir perişdeler beýlekilerinden has owadan we has akyllydyr. Käbir perişdeler Hudaýyň gökdäki tagtynyň daşyny gurşaýandyr. Beýlekileri bolsa adamlara ýardam berýärler we goraýarlar. Başga perişdeler, mysal üçin Jebraýyl perişde we Mikael perişde ýaly, Hudaýyň huzurynda durup, Onuň erde bellän aýratyn buýruklaryny berjaý edýärler. Käbir perişdeler, başga perişdelere ýolbaşçylyk edýärler. Sen Lusifer dien ady eşidipmidiň? Birwagtlar, Lusiferiň Hudaýyň ähli perişdeleriniň üstünden ýolbaşçylyk eden wagtynyň bolandygyny Hudaýyň Sözi aýdýar. Eger sen Lusiferiň taryhyny bilseň onda, Şeýtanyň nireden gelip çykandygyny bilersiň. Hudaý perişdeleri ýaradanda, Lusiferiň olaryň içinde iň owadany, iň güýçlisi we iň akyllysy bolandygyny Ýazgylar aýdýar. Lusifer diýmek şöhle saçýan diýmegi aňladýar. Lusifer ähli perişdelerden bilimde, akyldarlykda, güýçde we ygtyýarda üstündi. Hudaý oňa ölçegden daşary owadanlyk we akyll paýhas beripdi. Lusifer Hudaýa baky sežde etmelidi, Ony söýmelidi we Oňa boýun bolmalydy, çünki Hudaý ony ýaradypdy we köp bereketläpdi. Ýöne, Ýazgylarda biz, Lusiferiň bir gün Hudaýa göripçilik edip, ýüreginiň bolsa tekepbirlik bilen dolandygyny görýäris. Lusifer ýüreginde şeýle diýdi: “Göklere çykaryn. Tagtymy Taňrynyň tagtyndan köp beýiklerde goýaryn…Bulutlaryň üstüne çykjak;özümi Iň Beýik (Hudaý) ýaly ederin.!” (Işaýa 14:13,14)

Gaty haýran galdyryjy! Hudaýyň bereninden başga hiç bir zady bolmadyk, Lusifer Iň Beýik bolan Hudaýyň şöhratyny ogurlamak isledi. Şeýdip, diňe bir Lusifer Hudaýa garşy baş götermän, onuň bilen perişdeleriň üçden bir bölegide Hudaýa garşy öwrülip, Lusiferiň edne günäsinde yzyna eýerdiler. (Ylham 12:4 seret)

Ýöne Hudaý Hudaýdyr we Lusiferiň we onuň yzyna eýeren perişdeleriň näme etjekdigini Ol bilýärdi. Geçen gepleşigmizde öwrenişimiz ýaly, hiç kim Hudaýdan gizlinlikde bir zat edip bilmez, çünki Hudaý bir zat bolmazyndan öň hem bilýändir! Lusiferiň ýüreginde we onuň yzyna eýeren perişdeleriň ýüreginde günäniň bardygyny Hudaý bilýärdi.

Onda soň näme boldy? Hudaý näme etdi? Garşy çykan Lusifere, Özüniň erine geçmäge Hudaý ýol berermi? Hudaý günä göz ýumup bilermi? Hudaý günä, tekepbirlik we başbozaglyk bilen bile ýaşap bilermi? Hiç haçan! Biziň Hudaýymyzyň mukaddesdigini we erbetlige seredip bilmeýändigini, Pygamberleriň Ýazgylary bize öwredýär. Hudaý günä çydam edip bilýän däldir. Ol öz şöhratyny başga birine berýän däldir. Hudaý aýratyndyr; hiç kim Oňuň erini çalyşyp bilmez! Şonuň üçin, Hudaý Lusiferi we onuň yzyna eýeren perişdeleri Özüniň mukaddes huzyryndan kowandygyny Ýazgylar aýdýar. Lusifer we onuň yzyna eýerenler mundan beýläk gökde ýaşap bilmediler, çünki olar Hudaýyň erine geçjek bolup günä etdiler. Şonuň üçin Hudaý Lusiferi we onuň perişdelerini kowdy. Mukaddes bolan Hudaý Özüne garşy baş göterýänleri höküm etmeli we jeza bermelidir. Lusifer günä edenden soň, onyň ady çalyşyldy. Ol mundan beýläk, şöhle saçýan biri diýip many berýän Lusifer diýilip atlandyrylman, Şeýtan diýildi. Şeýtan diýmek Ýalançy diýmegi aňladýar. Lusifer Hudaýyň duşmany boldy. Bilşiňiz ýaly, Şeýtan we onuň perişderleri şu wagt hem Hudaýa we gowylyga garşy herket edip gelýär. Ýöne, Hudaý beýik Hökümdardyr we hiç kim Ony eňip bilmeýär! “Ýumurtga daş bilen göreş tutmaly däldir!”

Hudaý Şeýtany we onuň yzyna eýeren perişdeleri kowandan soň, olar üçin baky sönmez dowzah oduny döredendigini Mukaddes Ýazgylar aýdýar. Şeýtanyň, onuň perişdeleriniň we olaryň yzyna eýerjekleriň hemmesini şol oda zyňyljak wagty geler. Şonuň üçin bu hakynda Ýazgyda şeýle diýilip ýazylan: “Olar gije-gündiz ebedilik gynalar.” (Ylham 20:10)

Ýöne, häli Şeýtanyň dowzah oduna taşlanmandygyny Ýazgy aýdýar. Hudaýyň garşysyna göreşip Şeýtan hşli bu dünädedir diýip Hudaýyň Sözi aýdýar. Ol ýykyp ýok edijidir. Ol Hudaýyň işini ýok etmek isleýär. Hudaýyň ýaradan ynsanlarynyň ýok bolup özi bilen dowzaha taşlanmagyny Şeýtan isleýär. Köp adamlaryň Şeýtanyň gol astyndadygyny, ýöne özleriniň muny bilmeýändigini, çünki Şeýtanyň aldawçydygyny Mukaddes Ýazgy aýdýar. Bu hakynda Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär, “Şeýtanyň özi-de nur şerişdesiniň keşbine girýär.” (2Kor.11:14) Hudaýyň Sözüne üns bermesin diýip Şeýtan köp adamlary aldamaga çalyşýar. Şonuň üçin Hudaýyň pygamberiniň biri şeýle diýýär, “Hüşgär boluň, oýanyň; ýagyňyz bilan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir.” (1Petrus 5:8)

Hüşgär boluň! Şeýtan sizi baky ýok etmek isleýär! Ýöne, Hudaýa şükür! Şeýtanyň güjünden gutulmagymyz üçin Hudaý Öz Sözüni berdi. Ýazgy şeýle diýýär, “Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” (Ýahýa 8:32) Şeýtanyň dürli erbet duzaklaryndan azat etjek hakykaty sen bilýärmisiň? Şeýtanyň bizden has akyllydygyny, geliň ýatdan çykarmalyň. Emma Hudaý Şeýtandan has akyllydyr. Şeýtan bizden has güçlüdir. Emma Hudaý Şeýtandan has güýçlüdir. Seni Şeýtanyň güýjünden halas edip biljek Hudaýyň Hakykat Sözüni bilýärmiň? Köp adamlar Hudaýyň hakykatyny diňlemegi gowy görmeýärler. Näme üçin adamlar hakykata gulak asmak islemeýär? Çünki, şeýtan olary aldady. Ol olary hakykat bolmadyk zatlara ynanmaga ruhlandyrýarlar. Hakykaty aýtsak, hakykaty diňlemek gulaga ýakymly däl. “Hakykat ajydyr!” Ýöne, eger siz Hudaýyň hakykat sözüni bilseňiz we oňa iman getirseňiz, Şeýtanyň güýjünden halas bolarsyňyz. Hudaýyň hakykaty adamlary Şeýtanyň ýalanlaryndan azat edip bilýär. Bu üçin siz hakykaty bilmeli we oňa ynanmaly!

Hudaýyň Sözüniň näme diýýändigine gulak sal: “Eý söýgüli doganlar, her bir ruha ynanmaň, ruhlaryň Hudaýdan bölüp-bolmadygyny synap görüň; çünki dünýä köp ýalan pygamberler çykdy.” (1Ýahýa 4:1) “Pygamberlik sözleriniň äsgermezlik etmäň. Her zady synap görüň. Gowy zady gaýym saklaň. Her hili erbetlikden gaça duruň.” (1Selanikler 5:20-22) Hudaýyň pygamberleriniň ýazanlaryny bilýärmisiň? Hakykat Sözüne düşünýäňmi? Sen olara ýüregiňden iman edýäňmi?

Dostlar, diňläniňiz üçin köp sag boluň. Hudaýyň nädip dünýäni ýaradandygy hakynda indiki gepleşigimzde diňlemäge çagyrýaryn.

Bu günki örenenlerimiz hakynda soraglaryňyz bar bolsa onda bize hat ýazyň. Siziň bilen indiki radio tolkunlarymyzda duşuşmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Aşakdaky Hudaýyň Öz Sözünde berýän ajaýyp wadasyna düşünmekde Reb size pata bersin,

“Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder!” (Ýahýa 8:32)

posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 0 Comments

14th January 2008

Hudaý Nahili?

 

Biz size Dogrulyk Ýoly diýip atlandyrylan radio gepleşigimiziň makala görnüşini makalalar bölümizde siziň dykgatyňyza hödürleýäris! Bular hakynda öz bellikleriňizi ýazyp biziň bilen paýlaşyp bilersiňiz!

Hudaý Nähili?

Başlangyç 1

Salam gadyrly diňleýjiler! Biz sizi Özüniň döreden ýoluna her birimiziň düşünmegimizi, kabul etmegimizi we munuň netijesinde Özi bilen baky parahatçylykda bolmagymyzy isleýän Parahatçylyk we merhemet Hudaýynyň adyndan bu gunki Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimize hoş geldiňiz diýýäris!

Bu gepleşiklerimizde Hudaýyň pygamberleriniň aýdyp beren wakalaryny birin birin size aýdyp bereris. Adamlaryň Hudaýyň Öňünde dogry saýylyp bilmegi üçin Hudaýyň döreden dogrulyk ýolyny pygamberleriň ýazgylary bize yglan edýär.

Birinji radio eşitdirmämizde biz Pygamberleriň Ýazgylaryny öwrendik. Olarda biz Mukaddes Ýazgylary ýazan pygamberleriň köp bolandygyny ýöne eke-täk awtorynyň bolandygyny öwrendik.Geçen gepleşigimizde biz size bir wajyp: Hudaý gepledi! dien pikiri beripdik. Hudaý adamzada pygamberler arkaly gepläpdir we Ol her birimiziň Hudaýy diňlemegimizi isleýär. Hudaý bize pygamberleriň Ýazgylary arkaly geplemek isleýär. Hiç haçan Hudaýda, Onuň Sözüde üýtgemeýär. Her bir nesillerde Hudaý Öz sözüni gorady. “Ýazgy bozulmaýar.” Ýahýa 10:35) “Dünýä…geçip gider, emma Rebbiň sözi ebedi galar!” (1Ýahýa 2:17; 1Pet.1:25)

Bu gün biz Mukaddes Ýazgylaryň birinji bölümüne serederis. Ol Töwrat diýilip atlandyrylan. Hudaý bu kitaby Musa atly adamyň aňyna guýupdyr. Musanyň döwründen bäri üç müň bäş ýüz ýyl töweregi wagt geçdi. Musanyň Töwrat kitaby bäş kitapdan ýada başgaça aýdanda bäş bölekden durýar. Birinji bölegi Gelip Çykyş diýip tanalýar. (Göni manysynda: Başlangyç) Gelip Çykyş kitabynda elli sany baplar bar. Birinji kitaba Gelip Çykyş ýada başgaça aýdanda Başlangyç diýilýär çünki ol ozal başda nämeleriň bolandygyny gürrüň berýär.

Biziň Töwratdaky birinji kitaby bilmegimiz gaty wajypdyr, çünki başga kitaplarda Onuň aýdanlaryna düşünmegimiz üçin Hudaý bu kitaby düýp bolsun diýip goýdy. Bu kitaby öwrenmek bilen köp sanly hakykatlarda bilimimizi çüňlaşdyrarys. Biz Hudaý hakynda we Onuň nähilidigi hakynda öwreneris. Biz perişdeler we Şeýtan, gökler we er, haýwanlar we adam hakynda öwreneris. Günäniň nädip dünýä aralaşandygyny we onuň gaty uly derbi dagynlyk we ejir ezýet getirendigini öwreneris. Ýöne şol bir hatarda, Özi bilen ajaýyp gatnaşykda bolup bilmekleri üçin we gaýdyp Hudaýa dolanyp bilmekleri üçin Reb Hudaýyň adamzat üçin döreden gutulyş ýoly hakynda hem öwreneris.

Birinji taryhda, ilkinji adamlary, ilkinji günäni we ilkinji ganhory görýäris. Biz ilkinji ýalan dinler, ilkinji pygamberler we ilkinji milletler hakynda okarys. Biz Adam ata we How enäniň, Kabyl we Habylyň, Nuh we sil, Hudaýyň pygamberi Ybraýym we näme üçin oňa Hudaýyň dosty diýlendiginiň taryhlary barada oýlanyp geçeris. Biz Ysmaýyly we Yshagy, Esaw we Ýakyby, Ýusuby we onuň betpäl doganlaryny göreris. Töwradyň birinji kitaby şulardan we başgada köp wakalardan durýar.

Häzir bolsa dostlar, geliň Pygamberleriň Ýazgylaryny yzygiderli öwrenmäge başlalyň. Töwratda, birinji bapda, birinji aýatda biz şeýle diýip okaýarys: “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.” (Başlangyç 1:1) Ine şu erden biz Mukaddes Kitaplar barasyndaky sapaklarymyzy başlamaly, çünki ine şu erde Hudaý Özüniň Kitabyny başlaýar: “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.”

Bu aýatda biz bir zady oýlanyp geçmeli. Hudaý gökleri we eri ýaratmazdan öň nämeler bardy? Dünýäniň barlygyndan öň näme bardy? Mukaddes Ýazgylar bize Hudaýdan başga hiç bir zadyň bolmandygyny aýdýar. Şonuň üçin, “Başda Hudaý…”, diýip ýazgy aýdýar. Şeýlelikde, ozal başda, ol erde ne gök, ne-de er, ne deňiz ne-de agaçalar bardy, Hudaýdan başga hiç zat ýokdy. Başda Hudaý gökleri we eri ýaratmazdan öň ol erde gün hem, aý we ýylzdyzlar hem ýokdy. Başda, adamlarda we perişdelerde ýokdy. Şeýle bir wagt bolupdy Hudaýdan başga biziň görýän bü günki zatlarymyzyň hiç biri ýokdy.

Şonuň üçin, Mukaddes Ýazgylaryň birinji kitabynyň birinji aýadynda, biz şeýle diýip okaýarys, “Başda Hudaý gögi we eri ýaratdy.” Mukaddes Ýazgylar, “Başda Hudaý we perişdeler ýada “Başda Hudaý we adam” diýmeýär. Ýok. Mukaddes Ýazgylar bize, “Başda Hudaý” diýýär. Başda, hiç bir zat ýaradylmanka, perişdeler ýada adamlar hem ýaradylmanka ol erde ýaşaýan diňe Biri bardy. Ol Biri hem Hudaýdy!

Biziň dünýämizde, käbir adamlar, “Men Hudaýy göremok, şonuň üçin hem Hudaý ýok” diýýärler. Şeýle diýip Hudaýň bardygyny ret edýänlere biz käbir soraglar bermek isleýäris. Sen atom molekulasyny gördüňmi? Ýada dem alýan howaňy görýäňmi? Sen eli heý bir gördüňmi? Sen ýeli görmeseňde, onyň edýän işini görmek bilen onuň bardygyny bilýärsiň. Ýel bolanda agaçlaryň gymyldaýandygyny görýärsiň, emma ýeliň özüni welin hiç kim görüp bilmeýär. Sen ýeli eliňde tutup saklap bilmeýärsiň, emma onuň salkyn degmesini welin bilýärsiň. Hudaý bilen hem edil şeýledir. Biz Hudaýy görüp bilmeýäris, çünki Hudaý adam gözüne görünip bilinmeýändir. Emma welin, Onuň bardygyny Hudaýyň ýaradan zatlaryny görmek bilen bilip bilýäris. Ýazgy şeýle diýýär: “… Onuň göze görünmeýän zatlary, ýagny ebedi gudraty, Hudaýlygy dünýä döredilenden bäri ýaradylan zatlar bilen düşünilýär, görülýär.” (Rim.1:20)

Töwradyň birinji aýadyndan başga bir öwrenip biljek zadymyz: Hudaýyň başlangyjy ýokdyr. Hudaý başda ýaradylmandyr. Hudaý Bakyýet Rebbidir. Biziň bu dünýäde görýän ähli zatlarymyzyň başlangyjy bardyr. Emma Hudaýyň başlangyjy ýokdyr. Onuň gelip çykan eri ýokdyr. Hiç kim Ony dogurmady. Ony hiç kim ýaratmady, we Ol Öz Özüni hem ýaratmady. Ine şonuň üçin Mukaddes Ýazgyda biz şeýle diýip okaýarys: “Başda Hudaý…” Diňe onda başlangyjy ýokdyr. Ol hemişe bar bolan we baky ýaşaýan Biribardyr. Reb (Baky Bar bolan)Onuň adydyr. Ol bu gün nähili bolsa, düýn hem şeýledi, bu gün nähili bolsa, Ol bakyda şeýle bolar. Hudaý hiç haçan üýtgemeýär. “Başda Hudaý gökleri we eri ýaratdy,”dien aýatdan biz başgada zatlar öwrenip bilýäris. Bu hem, Hudaý beýikdir! Ähli zady ýaradan Hudaý her bir zatdan we her kimden hem beýikdir. Ol Ýaradylyşyň Rebbidir. Hakykatdan hem bütin ýüregimiz bilen, “Allahu Akbar!” diýip aýdyp bileris. Munuň arabça dilinden Turkmen dilindäki manysy: Hudaý beýikdir!) Hudaý beýikdir! Onuň deňi taýy ýokdyr. Ol bütin dünýädäki ähli zatlardan- deňizlerden, ýelden, günden we ýyldyzlardan hem beýikdir! Ol ähli perişdelerden-de we adamlardan hem akylly we güýçlidir. Baky şöhrada Ol mynasypdyr! Öý guranyň öýden wajyp bolşy ýaly, Hudaýda ähli zatdan belentdir, çünki ähli zady Ol ýaratdy. Ol öz güýji bilen ýaşaýar. Ol hiç kime bagly däldir. Ol hiç zada mätäçlik çekýän däldir. Oňa hiç kim gerek däl. Ol Beýik Biribardyr!

Ynsan bolan biziň köp mätäçligimiz bar. Her gün biz howadan dem almaly we uklamaly, içmeli we iýmeli. Bize gün we ýagyş, iýmit we suw, egin eşik we öý, ata we ene, dostlar we pul we başgada köp zatlar gerek. Bize gerek bolan zatlar nähili köp! Ýöne, ähli zady ýaradan Reb Hudaýa hiç zat gerek däldir! Ol aç galmaýar. Ol suwsamaýar. Ol hiç haçan ýadamaýar. Onda adamyňky ýaly teni ýokdyr. Onda hiç hili bir çäklendirme ýokdur. Onda gutaryş ýokdyr. Ol Baky Hudaýdyr. Ol Gudratygüýçli Biribardyr.

Indi bolsa, wajyp bir sorag. Eger Hudaý ynsan ýaly bolmasa we adamyňky ýaly bedeni bolmasa, onda Ol nähili? Ýazgy bu soraga anyk jogap berýär. Ol şeýle diýýär, “Hudaý Ruhdyr, Oňa sejde edýänler ruhda, hakykatda sejde etmelidir.” (Ýahýa 4:24) Hudaý nähili? Hudaý ruhdyr. Adam beden we ruhdyr, ýöne Hudaý diňe ruhdyr. Hudaýyň Ruhynyň hiç hili çägi ýok. Ol ähli erde. Hudaý hemmäniň we her bir zadyň ýokarsyndadyr. Ol ähli zady doldurýar. Ol ähli zady görýär. Gije we gündiz Hudaý üçin birdir. Eger sen otagyňda gizlenseň hem, Hudaý ol erdedir we Ol seni görýär. Hudaý ähli zady bilýändir. Ol seniň pikirleriňi we ýüregiňiň isleglerini bilýär. Hudaý beýikdir! Onda Hudaý nähili? Belki biz şu günki öwrenenlerimizi şeýle jemläp bileris: Hudaý hiç kim ýaly däl. Hudaý Hudaýdyr we Onuň deňi taýy ýok. Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşigimizde biz siziň bilen Hudaýyň häsýeti hakynda düşünmegimizi artdyrarys. Mukaddes Ýazgylarda, Hudaýyň ýüzlerçe atlary bar. Ol Reb. Iň Beýik bolan. Gudratygüýçli. Ýaradyjy. Ýaşaýşyň Awtory. Nur. DogryBiribar. Mukaddes. Sabyrly. Söýgi Hudaýy. Ol diri we hakyky Hudaý!

Hakykatdanda, ozal başda gögi we eri ýaradan Hudaý, Beýik Biribar! Ol hakynda Ýazgy şeýle diýýär:

“Hudaýyň baýlygy, akyldarlygy, bilimi çüňdur!…Ähli zatlar Ondan, Ol arkaly we Onuň üçindir.” (Rim11:33,36) “Mübärek, täk Hökümdar, patyşalar Patyşasy, rebler Rebbi, ölümsizligiň eke-täk eýesi, etdirmez nurda ýaşaýan, hiç bir ynsanyň görmedik hem görüp bilmejek Hudaýy Mesihi öz wagtynda görkezer. Hormat hem gudrat baky Onuňky bolsun. Omyn!” (1Tim.6:15,16)

Başga bir bapda, Hudaýyň pygamberi Musa Hudaýy ajaýyp aýdymda wasp edip şeýle diýýär: “Güýji her zada etýän Reb Hudaý, Seniň işleriň uly hem geňdir. Eý milletler patyşasy, Seniň ýollaryň dogry hem hakdyr! Ýa Reb, Senden gorkman, adyňy şöhratlandyrmajak kimdir? Çünki mukaddes diňe Sensiň!”(Ylham 15:3,4) Hudaý hakykatdan hem beýik! Şonuň üçin Hudaýyň Sözüniň birinji aýady bize şeýle diýip öwredýär, “Başda Hudaý!”

Dostlar, bü günki Başda Hudaý! diýip öwrenen hakykatymyzy ýatdan çykarmalyň. Ozal başda diňe Hudaý bardy we şonuň üçin hem diňe Hudaý bize başda näme bolandygyny hem aýan edip biler. Diňe Hudaý mundan soň näme boljakdygyny hem aýan edip biler. Diňe Hudaý Özi hakyndaky hakykaty hem bize aýan edip biler.

Hawa, käbir adamlaryň, “Hiç kim Hudaýy bilip bilmez ýada geljekde näme boljagyny bilip bilmez” diýmegi mümkin. Muňa seretmezden, Pygamberleriň Ýazgylary bize, Hudaýy tanap biljekdigimizi we bakyýeti nirede geçirjekdigmizi bilip biljekdigimizi bize aýdýar. Çünki Hudaýyň Sözi şeýle diýýär, “Men muny size ýazdym…şeýle, siz ebedi ýaşaýşyňyzyň barlygyny biliň, we şeýle siz hak bolan hakHudaýy…we baky ýaşaýyşy bilersiňiz!(1Ýahýa 5:13,20) “Hudaýyň Özüni söenler üçin taýarlan zatlaryny ne göz görendir, ne gulak eşidendir, ne-de adam ýüregi hyýal edendir. Bize bolsa Hudaý muny Öz Ruhy arkaly aýan etdi;sebäbi, ruh ähli zady, Hudaýyň çüň pikirlerini-de barlaýandyr.” (1Kor.2:9,10)

Bizi diňleýän sen, Hudaýy şahsy tanaýaňmy? Ýada Ol, seniň üçin beýik Ýaradyjy seniň aňyň eterden gaty uzakda bolan biri ýalymy? Gadyrly dostlar, Hudaý siziň Ony bilmegiňizi we Ol bilen baky ýaşamagyňyzy isleýär! Pygamberleriň ýazgylary bize nädip Hudaý bilen ajaýyp we ýakyn gatnaşykda bolup biljekdigimiz hakynda öwredýär. Biz bolsa, gulaklarymyzy we aňymyzy we ýüregimizi Hudaýyň aýdýanlaryna açmalydyrys. Öz Mukaddes Sözünde Hudaýyň ine bu dienlerine gulak as, “Bütin er ýüziniň soňlary,Maňa öwrül we halas bol; çünki Men Hudaý we Menden başgasy ýokdyr!” (Işaýa 45:22)

Dostlar, biz şu erde saklanmalydyrys.

Bu yzygiderli sapaklar audio kassetalarynda siziň üçin elýeterli bolup biljegini size bildirmek isleýäris. Eger siz olaryň doly görnüşini edinmek isleseňiz, bize hat ýazyň. Ýada siz, Mukaddes Ýazgylary kitap görnüşünde edinmek isleseňiz, biz size Ýazgylaryň käbir böleklerini ibereris. Biziň gepleşiklerimiziň soňunda beriljek adreslere hat yazyp bilersiňiz.

(Şeýle diýip her sapagyn soňunda, ýada her dort sapakdan aýdyp durýarys)

Biziň bilen radio tolkunlarynda galanyňyza kop minnetdar. Hudaý islese indiki radio eşitdirmämizde, haýran galdyryjy bir taryha: Perişdeler we Şeýtan atly, bölümi eşitdireris. Olaryň nireden gelendigi hakyndaky hak taryhy sen bilýärmisiň?

Şu aşakdaky aýatlar hakynda oýlanmakda we düşünmekde Reb Hudaý sizi bereketlesin:

Hudaý Ruhdyr, Oňa sejde edýänler ruhda, hakykatda sežde etmelidir.” (Ýahýa 4:24)

Biziň radio gepleşiklerimizi her gun gije sagat 22:25den 22:40 aralygynda MW (orta tolkunlaryň) 864kgs-nde diňläp bilersiňiz!

posted in Kitaplar, Radio | 0 Comments

7th January 2008

Hudaý Diýdi

Biz size Dogrulyk Ýoly diýip atlandyrylan radio gepleşigimiziň makala görnüşini makalalar bölümizde siziň dykgatyňyza hödürleýäris! Bular hakynda öz bellikleriňizi ýazyp biziň bilen paýlaşyp bilersiňiz!

Biz bu radio gepleşigimizi Dogrulyk Ýoly diýip atlandyrmagymyzyň sebäbi, munda biziň Pygamberleriň Ýazgylarynda nädip nädogry saýylan adamyň Hudaýyň öňünde dogry saýylyp biljegi hakynda aýan edenleri hakynda öwrenmegimizdir.

Sen haýsy ýolda dogrulyk ýolundamy ýada nädogrulyk ýolunda? Hudaýdan gelýän dogrulyk ýoly hakynda bilmek isleýärmisiň? “Dogrulyga ajygyp-suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar.” (Matta 5:6)

Belki şeýle diýip pikir edýänlerem bardyr, “Biz dogru ýolu eýýäm bilýäris. Bize ilkinji pygamberleriň ýazanlaryny bilmek geregem däl. Biziň bilýänimiz bize eterlikdir!” Eger sende şeýle pikir edýän bolsaň, onda Hudaýyň pygamberi Süleýmanyň ine bu diýänlerini diňle, “Ýol bardyr, adama dogry görünýändir; onuň soňy bolsa ölüm ýollarydyr!” (Süleýmanyň tyms. 14:12)

Hudaýyň kitaby bolan Zebur kitabynda, Süleýmanyň kakasy Dawut pygamber Hudaýyň döreden dogrulyk ýoluna biziň mätäçdigimiz hakynda köp gürrüň edýär. Ol şeýle diýip ýazýar: “Hiç dogry adam ýok, biri-de ýok; hemmesi ýoldan çykdy, olaryň ählisi dereksiz boldy; ýagşylyk edýän ýok, biri-de ýok.” (Zebur 14:1,3; Rim.3:10,12) Ine şonuň üçin Dawut Zeburda şeýle diýip doga edipdir, “Ýa Reb, ýollaryňy maňa salgy ber, ýodalaryňy maňa öwret. Meni Öz hakykatyňda gezdir, maňa öwret; çünki Sen meniň halasgär Hudaýymsyň; men bütin gün Saňa umyt baglaýaryn. (Zebur 25:4,5)

Eger Hudaýyň özi bize hakykat ýoluny görkezmese, onda biziň özümiz bu dogrulyk ýoluny bilip bilmeýäris. Biz bir çölde ýiten goýun ýalydyrys. Emma Hudaýyň Sözi şeýle diýýär, “Hudaý hiç kimiň heläk bolmagyny islemän…Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine etmegini isleýändir.” (2 Petrus 3:9; 1 Tim. 2:4) Dostlar, Hudaýa eltýan hakykat ýoluny bilmekden başga hiç bir zat wajyp däldir. Bu Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşigimizde Mukaddes Ýazgylary yzygiderli öwreneris. Biz Hudaýyň pygamberleriniň taryhyny birin birin başyndan soňuna çenli öwreneris. Hudaýyň Sözüniň başlangyjy we soňy bardyr.

Biz Hudaý we pygamberler hakyndaky gaty wajyp zatlary öwreneris. Şol bir hatarda, Mukaddes Ýazgylary birnäçe pygamberleriň ýazandygyny ýöne olaryň ählisiniň Awtorynyň eke täk Biribar Hudaýdygyny we Ol tarapyndan ylhamlandyrylandygyny göreris. Pygamberler Ýazgylarynyň köplerçe wakalardan we taryhlardan durýandygyny emma diňe bir esasy habardan: adamzadyň Hudaýyň öňünde nädip dogry saýylyp bilmegi hakyndaky Hoş Habardan durýandygydyr.

Şonuň üçin biz sizi bu Dogrulyk Ýoly atly radio eşitdirmämizi yzygiderli we ünsli diňlemeklige çagyrýarys. Atalar sözünde aýdylyşy ýaly, “Sabyrlylyk bilen iş biter” ýada “Guýu başynda sabyrly garaşan suwdan ganar” diýilişi ýaly, Hudaý hem bu hakynda Öz Sözünde Özüniň, “Özüni agtarýanlary sylajakgydygny” aýdýar. (Ewreýler 11:6)

Özüni çyn ýürekden gözleýänlere, Hudaý şeýle diýip wada berýär: “Eger bütin ýüregiň bilen meni gözleseň, sen meni taparsyň!” (Eremýa 29:13)

Bu Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizde biz Hudaý we Onuň Sözi hakynda bilimimizi artdyrarys. Sen Hudaýyň nähilidigini bilýärsiňmi? Ýada Şeýtanyň nireden gelendigini bilýärmisiň? Hudaýyň ynsany näme üçin ýaradandygyny bilýärmiň? Ýada Hudaýyň ýaradan ajaýyp dünýäsine günäniň nädip aralaşandygyny bilýärmiň? Hudaýyň pygamberi Nuh we tupan hakynda ajaýyp taryhy okadyňmy? Hudaýyň pygamberleriniň ýazanlaryny biýärmiň? Ybraýyma näme üçin Hudaýyň Dosty diýilendigini bilýärmiň? Sen öz çagalaryňa we dostlaryňa pygamberleriň ýazgylaryny düşündirip bilýärmiň?

Müňlerçe ýyl mundan öň Eýýup pygamber şeýle diýip sorag beripdir, Nädip adam Hudaýyň öňünde dogry saýylyp biler?” (Eýýup 9:2) Eýýubyň soragyna Hudaýyň beren jogabyny bilýärmisiň? Sen Hudaýyň öňünde nädip dogry saýylyp biljekdigiňi bilýärmiň? Hudaýyň bu soraga we başgada birnäçe soraglara berjek jogabyny bilmek isleseň, bu Dogrulyk Ýoly atly radio gepleşigmizi diňläň. Hakykatdan-da, Hudaýyň Sözi çüňňür, ajaýyp, diri we gudratlydyr. Ene-de başga bir zat, ýagny Hudaýyň Sözi hiç bir zady gizlemeýändir. Ol ynsanyň nähilidigini doly açyk görkezýär. Şonuň üçin Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Hudaýdan gizlin hiç bir mahluk ýokdur, hasap bermeli Hudaýymyzyň gözleriniň öňünde ähli zat ýalaňaç hem açykdyr.” (Ewreýler 4:13)

Bu günki galan wagtymyzda biziň bir gowyja bilmeli bolan bir hakykatymyz bardyr. Ol-da: Hudaý gürledi! Iň Belent bolan Hudaý gepledi! Hudaý adamzada gepledi we Ol saňa­da geplemek isleýär! Eger sen uzak ýurtda patyşalyk sürýän gudratly bir patyşadan hat alan bolsaň okarmydyň? Ol hatynda maňa näme ýazdyka diýip oýlanarmyň? Patyşanyň aýdan sözlerine sen üns berermiň? Onda, biz bilen gepleşýän Iň Beýik bolan Hudaýyň Sözüne nä derejede üns bermeldiris!

Hudaý adama nähili gepledi? Mukaddes Ýazgy bu hakynda şeýle diýýär, “Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir…” (Ewreýler 1:1) Hawa, Hudaýyň adamlara geplän ýolarynyň esasy biri pygamberler arkalydyr. Öňki zamanlarda Hudaý belli bir adamlara Öz sözüni aýan edipdir we olary kitaplara ýazmagy buýurypdyr. Hudaýyň Sözi şeýle diýýär: “Ozaly bilen, Mukaddes Ýazgynyň pygamberlik sözleriniň hiç biriniň öz-özünden many çykarma däldigini bilmelisiňiz. Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler.” (2Pet.1:20,21)

Hudaý Ýazgylary Özi ýada perişdelerine hem ýazdyryp bilerdi. Ýöne Ol muny etmedi. Hudaý ýönekeý adamlary Öz Sözüni ýazmaga çagyrypdyr. Biz ol adamlara pygamberler diýäris. Hudaý olaryň aňyna ýazmaly zatlaryny beripdir we olarda olary Hudaý üçin ýazypdyrlar. Ýöne Hudaý her bir pygambere öz sözleri bilen Rebbiň aýdanlaryny ýazmaga rugsat beripdir. Hudaý her bir sözi ylhamlandyrypdyr, ýöne pygamberiň şahsy aýratynlygynyda ret etmändir. Hudaýyň Sözi diňe bir Onuň göni sözlerinden durman, meniň we seniň ýaly adamlaryň pikirlerinden, dogalaryndan we kynçylyklaryndan hem durýandyr. Ondaky adamlaryň durmuşynda Özüniň nähili hereket edendiginiň üsti bilen Hudaý bize nädip Oňa ýakynlaşyp bolýandygyny görkezmek isläpdir.

Näme üçin Hudaý pygamberlere Mukaddes Ýazgylary ýazmaga ylhamlandyrypdyr? Muny etmek bilen Hudaý her bir nesliň Özüniň olaryň bilmegini islän zatlaryny bildirmek isledi. Saňa we maňa olaryň ýazan zatlarynyň üsti bilen Hudaý geplemek üçin, Ol pygamberlere gepledi. Hudaýyň pygamberlerine aýdan zatlary bu günki gün biziň üçin hem peýdalydyr. Hudaý biziň her birimiziň pygamberleriň ýazgylaryny bilmegimizi isleýär. Belki kimdir biri, “Äý, maňa ilkinji pygamberiň ýazan zatlary gerek däl. Olaryň sözleri meniň üçin wajyp däl. Her bir pygamberiň erine etirmeli bir işi bolupdyr. Pygamber gelipdir, işini erine etirip bu dünýäden geçip gidipdir. Başga biri gelipdir, ol hem öz işini erine etirip dünýänden geçipdir..we şuňa meňzeş. Bu gunki ýaşaýan biz üçin ol ilkinji pygamberleriň aýdanlary gerek dal we bilmek hem hökman däl!” Sen hem bu pikirler bilen razylaşýaňmy? Hudaýyň pikirleri bu pikirler bilen razylaşmaýar. Reb Hudaýyň diýýänlerine gulak as,

“Çünki size dogrusyny aýdýaryn, gök bilen er geçip gidýänçä, ähli zat berjaý bolýança, Kanunyň bir harpy-da, bir nokady-da kemelmez. Muňa görä kim şu iň kiçi tabşyryklardan birini bozsa we şeýle etmegi öwretse, Gökleriň Patyşalygynda iň kiçi saýylar; kim-de bulary berjaý etse we öwretse, ol Gökleriň Patyşalygynda uly saýylar.” (Matta 5:18,19)

“Ýazgylaryň hemmesi Hudaýyň ylhamy bolup, Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, Öwretmek, käemek, ýola getirmek, dogrulykda terbielemek üçin peýdalydyr.” (2Tim.3:16) Hakykatdan-da, pygamberleriň ýazgylary gaty gymmatlydyr, çünki olar her bir ýaşdaky adamlaryň we ähli nesilleriň Hudaýyň gutulyş ýoluny bilmekleri üçindir. Hudaýyň pygamberleriniň ýazgylaryny bilýärmisiň? Hudaýyň sözlerini bilmegmizi, ynanmagymyzy we boýun bolmagymyzy Ol biziň her birimizden isleýär. Mukaddes Ýazgy şeýle diýýär: “Şeýle, pygamberlik sözi biziň üçin has berkedi…garaňky erde nur saçýan çyra ýaly bu söze üns berseňiz, ýagşy edersiňiz.” (2Petrus 1:19)

Hawa, käwagtlar biz Hudaýyň Kitabyna garşy gidip şeýle diýýänleri eşidýäris: “Hiç kim oňa ynanyp bilmez! Ol ýalňyşlardan doly! Ol üýtgedilipdir!” Ýöne, Hudaýyň Hakykat Sözüne garşy göreşýänler, Hudaýyň Özine garşy göreşýändirler! “Yumurtga daş bilen göreş tutmaly däldir.” Hudaýyň Sözi Daş kimindir we adamyň sözi bolsa ýumurtga ýalydyr! Ynsan, Hudaýyň hakykat Sözüni üýtgedip bilmez, munuň erine Hudaýyň hakykat Sözi ynsany üýtgedip biler! Hudaý Gudratygüýçlidir we Öz Sözüni baky goramagy başarýandyr! Şonuň üçin Hudaý Öz Sözi bolan Injilde şeýle diýipdir: “Gök hem er geçer, ýöne Meniň sözlerim asla geçmez!” (Matta 25:35)

Köp adamlaryň Hudaýyň Sözüne garşy göreşdiler, çünki ol olaryň ýürekleriniň hakyky bolşyny aýan edýändir. Hudaýyň Öz Sözi hakynda bu aşakdaky aýdanlaryna gulak sal:

“Hudaýyň Sözi diri hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan hem ruhy, bogunlary hem ýiligi bölýänçä batýandyr, ýüregiň düşünjeleridir nietlerine höküm edýändir. (Ewreýler 4:12)

Hawa, Hudaýyň Sözi diridir we täsirlidir; ol ýürege gepleýändir.Mukaddes Ýazgylar dünýäde iň gadymy kitapdyr, ýöne häli heniz hem her bir adama degişlidir. Hudaýyň Sözünden başga hiç bir zat wajyp däldir. Hudaýyň Sözi gowy iýmit ýalydyr. Iýmitiň biziň tenimiz üçin gündelik gereklidigine biziň hemmämiz razylaşarys. Ýöne men iýmiti iýmesem onda onuň maňa hiç hili peýdasy bolmaz. Men iýmiti iýmeli. Ýönekeýlik bilen, Hudaýyň Sözünden hem men iýmitlenmeli, şonda ol maňa peýdaly bolup biler. Şonuň üçin Hudaýyň Sözi şeýle diýýär: “adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr” diýýär. Diňe dogrulyga ajygyp suwsanlar doýup ganýandyrlar. (Matta 5:6)

 

Sen Hudaýyň Sözüne ajygýaňmy? Ol iýmitdir, gaty tagamly iýmitdir. Ol seniň bedeniňi peýdaly we ýakymly boljak iýmit bolman, ýüregiňe we janyňa peýdaly iýmitdir. Hudaýdan gorkýan we Onuň Sözüne teşne bolan saňa biz şeýle diýmek isleýäris: Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizi yzygiderli diňlemäge çalyş. Eger şeýle etseň, onda sen Hudaýyň Öz pygamberleri arkaly ozaldan aýdan sözleri hakynda bilim alarsyň we Mukaddes Biribaryň öňünde nähili dogry saýylyp biljegiň hakynda öwrenerisiň. Hudaý gepledi we Ol saňa-da geplemek isleýär!

Biz siz bilen hoşlaşmazdan öň ene bir zady anyklamaly. Radio eşitdirmelerimizde biz Hudaýyň Sözünden başga hiç bir zada we hiç kime esaslanmaýarys. Bu gepleşikleri taýýarlan biz, Hudaýyň Mukaddes Ýazgylarda beýan eden Hakykatyndan başga hiç bir zada esaslanmadyk. Şonuň üçin Zekerýanyň ogly Ýahýa pygamber Injilde şeýle diýipdir,

“Adam gökden berilmedik hiç bir zady alyp bilmez.” (Ýahýa 3:27) Biz özümiziň bilimimize daýanmaga tama etmeýäris. Biz diňe Hudaýyň Sözüne daýanýarys. Öz pygamberleri arkaly Hudaýyň yglan edenlerini size bildirmek biziň islegimizdir.

Pygamberleriň ýazgylarynda Hudaýyň näme diýendigini bilýäňizmi? Siz Hudaýyň Sözüne we hakyky dogrulyga ajygyp-suwsanlaryň arasyndamy? Özüniň Mukaddes Sözünde Hudaý Özüni we Özüniň döreden gutuluş ýoluny aýan etdi. Siziň Hudaýyň aýdýanlaryna düşünmegiňiz üçin biz sizi Dogrulyk Ýoly atly gepleşigimizi diňlemäge çagyrýarys. Hudaýyň Sözi bize şeýle diýýär: “Çünki näme öňden ýazylan bolsa, bary çydam arkaly, Ýazgylaryň tesellisi arkaly umytly bolar ýaly, bize taglym üçin ýazylandyr.” (Rim.15:4)

Biz bir zatda welin anyk: Hudaý gepledi we her kimiň Ony eşitmegini we ýaşamagyny isleýär! Ýaşulylar we ýaşlar, erkekler we aýallar, baý we garyp, Hudaý her biriňize: “Gulak as! Gulaklaryňyzy açyň we maňa geliň. Diňläň, we siziň janyňyz ýaşar.” (Işaýa 55:3) diýýär.

Dostlar, soňuna çenli okanyňyz üçin köp sag boluň! Indiki makalamyzda, biz siziň bilen, “Hudaý nähili?” diýip atlandyrylan gurruňi size ýetireris.

Hudaýyň siziň üçin bolan ine bu ajaýyp çakylygy hakynda oýlanmakda Reb sizi bereketlesin: Gulak as! Gulaklaryňyzy açyň we maňa geliň. Diňläň, we siziň janyňyz ýaşar!” (Işaýa 55:3)

 


posted in Kitaplar, Radio | 0 Comments