TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşuşyk

16th November 2008

Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşuşyk

Gijäniň içindäki…durmuş özgerdiji duşyşyk…

 

Iýerusalim şäheri gyzgalaňly şäherleriň biridi. Günde ol ýere gelip gidýänleriň sany müňlerçedi. Ol döwürde Iýerusalim biziň döwrümiziň iň gyzgalaňly şäherleri ýalydy. Ýeriň dürli künjeklerinden ol ýere adamlar gelerdi. Bu şäher şol döwrüň söwda merkezidi. Biziň döwrümizdäki ýaly otaýdaky adamlar hem gündelik aladalary bilen, arzuwlary we kynçylyklary bilen ýaşaýardylar. Ýene bir bellemeli zat Iýerusalimiň mukaddes şäherdigidir. Çünki, otaýda diri Biribar Hudaý diýip tanalýana ybadathana gurlupdy we ol ýere Biribara sežde etmäge-de dürli obalardan we şäherlerden adamlar gelerdi.

Mundan başgada, Iýerusalim birhudaýlyk ylahyýet taglymatynyň merkezi hem bolup durýardy. Ol ýerde şol döwürde belli bolan ylahy mekdepleri bardy, alymlary ýaşardylar we olaryň köpüsi durmuşynyň köp wagtyny Hudaýyň Kitaplary bolan Töwrat, pygamberler ýazgylaryny, Zebur ýaly kitaplary gije-gündiz öwrenip,olary başgalara öwrederdiler. Olar bu kitaplary göçürmek, originaly we göçürilen täze nusgalary saklamak, olary goramak bilen meşgullanardylar. Ol alymlar iki topara bölünerdiler, olaryň birine “fariseýler” beýlekisine hem “sadukeýler” diýip at bererdiler.

Iki müň ýyl mundan ozal şol şäherde Nikodimos atly fariseý başlyklaryndan bolan dini mugallym bardy. Nikodimus Iýerusalimde bolup geçýän wakalardyr täzeliklerdir bilen gaty ýakyndan gyzyklanardy. Gününiň köp wagtyny Hudaýyň kitaplaryny öwrenmek bilen geçirerdi, Sabat günlerinde ýahudylar ybadat etmäge ybadathana barardylar we otaýda Hudaýyň sözüni wagyz ederdiler, wagyz diňlärdiler. Nikodimos hem otaýa baryp Hudaýyň sözüni wagyz ederdi.

Ol günlerde Nasyra şäherinden bolan bir gudratly täze mugallymyň obalara we şäherlere aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny aýdyp, uly gudratlar we alamatlar bilen wagyz edýändigi baradaky habar hemme ýere ýaýrapdy. Köp adamlar Ol dünýäni halas etjek Halasgär Mesihmiş diýip hem gürrüň edýärdiler. Ol baradaky habarlar Nikodimosyň hem gulagyna gelip ýetipdi…

Nikodimos dini däp-dessurlary ýerine ýetirmäge näçe çalyşsa-da, ylahy kitaplary gowy bilse-de, içinde diri Hudaý bilen aragatnaşyk ýokdy Hudaý meni kabul edermikä, onuň Öňünde meniň dogrulygym ýeterlikmikä, näme üçin Ol menden şeýle uzakda ýaly görünýär?» diýip hemişe oýlanardy.

Bü gün bolsa günüň jöwzasy düýnkiden hem has ýandyryp barýardy. Nikodimos bolsa jaýyň içinde ol jöwzadan goranmak üçin we günortan naharyny iýmäge maşgalasy bilen oturypdy. Birdenkä, şäheriň merkezine öz işi bilen giden uly ogly jaýa girip, kakasy, ejesi we beýleki öýdäki doganlary bilen hal-ahwal soraşyp, şäherde bolan bir, öň eşidilmedik  habary aýtmaga gyssandy: “ Bu gün men Süleýmänyň Hudaý üçin salan Mukaddes Ybadathanasynyň daşky howlusyndaky bazara öýe gerek zat almak üçin barypdym, “öňler otaýy bazar däldi…” diýip babam dagy aýdardylar, men hem onuň ybadathana bolsa näme üçin bazara dönderendiklerine birhili bolýardym, ybadathana Hudaýa ybadat edip sežde etmeli ýer dälmi eýsem diýip oýlanardym, emma   beýlekiler ýaly  men hem hiç bir sesimi çykarmaga welin milt etmezdim, bu gün bolsa gaty haýran galdyryjy biri we erk-ygtyýarly gürleýän biri  ýüpden bir dürre örüp, goýunlardyr sygyrlary bilen birlikde baryny ybadathanadan kowdy, pul çalyşýanlaryň pullaryny dökdi, öňlerindäki tekjelerini ýykdy…olara “Bulary bu ýerden aýryň, Atamyň öýüni dükäna öwürmäň…diýdi. Bazarda uly galagolplyk döredi. Ýanymdakylaryň käbiri: “Bu Isa Mesih, ynsanlaryň Halasgäri…”diýişdiler. Hemmeler bu Adama haýran galdylar.. Olaryň köpüsi Oňa gaharlanyp: “Sen şeýle etmäge ygtyýaryň barlygyny bize näme alamat görkezersiň”diýip soradylar. Isa olara: “Siz şu ybadathanany ýykyň, Men ony üç günüň içinde dikelderin” diýip jogap berdi.

Men bu Adamyň edenlerine we sözlerine gaty haýran galdym, meniň kalbymda birzatlar bolup geçýärdi we men Oňa ýanynda galmak isledim…

“Kaka, ol hakykatdan hem biziň halkymyzyň garaşýan Halasgäri Mesihmikä?” Nikodimos: “Mesihiň geljekdigni Hudaýyň pygamberleriniň köpüsi (ýüzlerçeden hem köp) ençeme gezek pygamberlik edipdirler. Mesihiň geljekdigine biz garaşýarys. Emma Onuň Mesihdigini men şu wagt bilemok…”diýip ogluna jogap gaýtardy-da, içinden: «Men hökman Ony görmeli we Onuň kimdigine özüm göz ýetirmeli …emma muny ybadathana ýolbaşçylary bilse…maňa gaharlanarlar, meni ybadathanamdan kowarlar…dinini satan diýerler-ä…» diýip içinden oýlandy. “Nätsemkäm… men Onuň bu gün bolýan ýerini bileýin…soňra bir gün gijäň içinde hiç kime bildirmän, Onuň ýanyna bararyn we Ondan soramaly zatlarymy soraryn…ybadathananyň golaýynda ýaşaýan, hemme zatdan habarly bolýan dostumam bar, ol maňa kömek eder” diýip içinden pikirlenmegini dowam etdirdi.

Bu habary eşidip, Mesih diýilýäniň şäherdedigini bilen Nikodimos oturyp bilmän, öýlän onuň bolýan ýerini bilmek üçin şäher merkezine ugrady. Nikodimosyň şäher merkezinde ýaşaýan, hemişe-de oňa ýakyn bolan we hiç wagt ony ýazgarmaýan,  hemişe köp zatdan habarly bolan dosty ýaşaýardy. Nikodimos şol dostunyň öýüne tarap atyna münüp ýola düşdi…

Nikodimos dostuny öýünde tapanyna gaty hoşal boldy. Dosty hem onuň gelenine begendi, çünki ol hem şäherde bolan haýran galdyryjy waka barada dosty bilen gürleşmäge garaşypdy. Olar özaralarynda, bu günki bolanlar barada we ondan başga-da bu Isa atly mugallymyň at-owazasynyň dürli ýerlere ýaýrandygy, Onuň şeýle bir erk-ygtyýar bilen Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýändigi, alamatlar, mugjyzalar görkezýändigi, syrkawlara gudrat bilen şypa berýändigi, hatda jynlary hem kowýandygy we başga-da kän zatlar barada Nikodimos dosty bilen gürrüň etdiler. Ol Isa baradaky bu gürrüňleri eşidip, öýünde:«Gije gizlin baryp, Ony görerin…»diýen maksady ýüregine düwdi. Dosty gürrüň edip bolandan: “Dostjan, sen Isanyň nirede bolýandygyny bilýärmisiň?” diýip sorady. Dosty bolsa, şeýle dindar mugallymyň näme üçin Isanyň bolýan ýerini soraýandygyna düşünmäge çalyşdy ,ýöne düşünmedi. Nikodimos bolsa özüniň pikiriniň duýulmagyndan heder edip: “aý neme-dä… biz tarapdaky ruhanylar bu hakynda bilmek isledilerdä…”diýip howatyrlandy.  Dosty: “Men Onuň nirede bolýandygyny bilýän…”diýip Nikodimosa Isanyň bolýan jaýyny salgy berdi. Nikodimos muňa içinden şeýle bir begense-de, dostuna bildirmejek boldy. “Meniň şäherde başga-da işim bar…”diýip, gaýtmak bilen boldy. Dosty: “Nikodimos, garaňky-da düşüp barýar, bizde galyp, ertir öýüňize gaýdarsyňda.. diýip, ýatarlaýyn galmaga Nikodimosy yrmaga çalyşdy…. Munuň sebäbi — ol Nikodimos bilen Hudaýyň kitaplaryndaky Mesihiň gelmegi baradaky pygamberlikler barada çekeleşmegi  gowy görerdi…” Nikodimos bolsa öýüne barmalydygyny nygtap, dosty bilen hoşlaşdy.

Köçä çykanda gije garaňkyrapdy, köçede käbir adamlar bardy. Nikodimos öýüne tarap köçä ugramakçy boldy, ýöne: “Içindäki Isany görüp ol bilen gürleşmek islegi şeýle bir güýçli bolansoň, bu gijäni başga bir gijä goýup bilmeýärdi. Ol atyny yzyna dolady-da, dostunyň salgy beren jaýyna tarap ugrady. Nikodimos Isanyň bolýan jaýyna ýakynlaşdygyça, eýläk-beýläk garanjaklaýardy, “meni tanaýan ruhanylardan ýa-da başlyklardan hiç kim göräýmesin” diýip içini gepledýärdi. Ine, ol şol salgy berlen jaýa ýakyn ýetip geldi. Ol atyny bir garaňkylykda, agaja daňdy-da, ýuwaşja ýöräp jaýyň gapysynyň agzyna geldi. Gapyny kakanda, öý eýesi gapyny açyp Nikodimosdan habar sorady, şeýle başlyk bolan fariseý mugallymyň Isany görmäge gelenine haýran bolan öý eýesi ony Isanyň bolýan jaýyna geçirdi. Nikodimos Isany görende aljyraňňydy…,ýöne otaga girip Isanyň huzyryna gelende, oňa şeýle bir dynçlyk aralaşyp, Nikodimosyň kalby şeýle bir rahatlandy welin, ol beýle duýguny hiç haçan başdan geçirmändi. Isa Nikodimosy gaty hoş garşylady we hal-ahwal sorap Nikodimos bilen tanyşdy we gürrüň etmäge başlady. Nikodimos Isa şeýle diýip ýüzlendi: “Mugallym, biz Seniň Hudaýdan gelen bir Mugallymdygyňy bilýäris, çünki Hudaý özi bilen bolmasa, hiç kim Seniň görkezen alamatlaryňy görkezip bilmez”. Isa bolsa Nikodimosyň näme gözleýändigini, Hudaýyň patyşalygyna girmäge men mynasypmy… men nädip muny başararyn… meniň eden işlerim ýeterlikmikä…”diýip içinden beren soraglaryny bilýärdi. Bu sebäpden, Isa gös-göni Nikodimosyň kalbyndaky bar soraglara jogap bermäge başlady. Isa oňa: “Hakykatdan-da saňa dogrusyny aýdýaryn, gaýtadan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez”diýip jogap berdi. Nikodimos bu jogaba aňk-taňk boldy-da, Oňa: “Garran adam gaýtadan nähili doglup biler? Ol ýene-de enesiniň göwresine girip doglup bilermi?” diýdi. Isa mylakatlylyk bilen şeýle jogap berdi: “Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny aýdýaryn, suwdan we ruhdan dogulmadyk adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez. Bedenden doglan bedendir, ruhdan doglan ruhdur. Saňa gaýtadan dogulmalysyňyz diýýänime geň galma. Ýel islän ýerinde öwüsýär, sen onuň şuwwuldysyny eşidýärsiň-de, nireden gelip, nirä barýanyny bilmeýärsiň. Ruhdan doglanlaryň ählisi hem şeýledir.” Nikodimos beýle düşündirişi hiç haçan hem eşitmändi. Haýran galyp, Ondan: “Bu nähili bolup biler?” diýip sorady. Isa oňa şeýle jogap berdi: “Sen ysraýylyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýärsiňmi? Hakykatdan-da, Men saňa dogrusyny diýýärin, biz bilenimizi aýdýarys, görenimize güwä geçýäris, ýöne siz biziň güwäligimizi kabul etmeýärsiňiz. Meniň ýerdäki zatlar barada aýdýanlaryma ynanmasaňyz, onda Gökdäki zatlar barada aýtsam, nähili ynanarsyňyz? Hiç kim Göge çykan däldir; oňa diňe Gökden inen we Gökde bolan Ynsan Ogly çykandyr...” Nikodimos Isany diňledigiçe Onuň diýýänlerine düşünip ugrady, ol sözler onuň kalbynda orun tapýardy we ony has-da galkyndyrýardy, çünki ol bütin ömür gözlän we garaşanyna duşupdy…”Musanyň çölde ýylany ýokaryk galdyryşy ýaly, Ynsan Ogly-da ýokaryk galdyrylmalydyr. Şeýlelik-de, Oňa ynanýanlaryň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowşar…” “Heläk bolmaz…ebedi ýaşaýyş…bular eýsem meniň durmuşymyň dowamynda gözleýänlerim dälmi eýsem…men Hudaýyň öňünde günäli…men heläk bolmak islämok!!!…men ölüp ýok bolup gitmek islämok… maňa ebedi ýaşaýyş gerek….” bular Nikodimosyň aňynda we kalbyndan çykýan sözlerdi…
 Musa baradaky bu sözler Nikodimosa has düşüniklidi. Musa pygamber ysraýyl halkyny Müsürden gulçulykdan çykaryp
, kyrk ýyllap çölde wada edilen topraga alyp gidende, bir haýran galdyryjy we Hudaýyň rehimine we söýgüsine esaslanan ajaýyp bir gutulyş bolupdy. Şol döwürde, ysraýyllylar Hudaýa garşy günä edip, Musanyň diýýänlerine-de gulak asman, erbetlikde ýaşap başlanlarynda, Hudaý olaryň üstüne jeza ýollaýar, ýagny zäherli ýylanlar çölde ysraýyllylary çakyp öldürip başlaýar. Bu ýagdaýda, ysraýyllylar bu jezadan gutulmak üçin haraý isläp, Musanyň ýanyna baryp ýalbarýarlar. Musa-da olar üçin Hudaýa ýalbarýar. Hudaý hem Musa, misden bir ýylan ýasap ony hasasynyň daşyna çolap ýokaryk galdyrmagy we şoňa seredenleriň halas boljakdygyny wada berýär. Musa hem Hudaýyň görkezme berşi ýaly ýerine ýetiripdi we ýylany ýokaryk galdyrypdy, muňa ynanyp seredenleriň hemmesi şol jezadan gutulypdy…Nikodimos bu mysal arkaly Isanyň hem adamzadyň günäsiniň jezasy üçin gutulyş getirmäge gelendigine düşündi, özüniň bolsa günälidigini we Hudaýyň jezasyna mynasypdygyny, emma Hudaýyň ony söýýändigini we rehim edip Isany Mesih Halasgär hökmünde ýollandygyny, Isa ynansa heläk bolmajakdygyna doly düşündi we Isa Mesihe kalbynda eýýäm iman getirdi.Onuň kalby şeýle bir şatlykdan, joşgundan we dynçlykdan dolupdy…

Isa sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: “Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç bir heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň  ýeke-täk Ogluny berdi. Hudaý Ogluny dünýäni höküm etsin diýip däl-de, eýsem, dünýä Ol arkaly halas bolsun diýip iberdi. Oňa ynanýan höküm edilmez, ynanmaýan bolsa, Hudaýyň Oglunyň adyna iman etmeýänligi üçin eýýäm höküm edilendir…”

Bu sözler Nikodimosyň Isanyň Halasgär bolan Mesihdigine bolan täze ynamyny berkitdi… Nikodimosyň Isa Mesih bilen bu gürrüňdeşligi daňa çenli dowam etdi. Isa Mesih Nikodimosy ýene-de köp sözler bilen ruhlandyrdy, Nikodimos Isanyň ýanyndan aýrylasy gelmedi, ýöne ol öýüne dolanmalydy we özünde bolup geçen bu ajaýyp gutulyşy, özüniň dünýäniň Halasgäri Isa Mesihe duşandygyny we Ony kabul edendigini, bu imanyň oňa beren gutulyşy, ebedi ýaşaýşy, kalbynda bolýan dynçlyk we joşgunyny maşgalasy bilen hem paýlaşmaga howlugýardy…

 

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

12th November 2008

Aýak Yzlary…

AÝAK YZLARY

 

Bir gün gije bir adam düýş görüpdir. Ol düýşünde Reb bilen bile kenaryň ýakasynda aýlanyp ýörmüş. Asmanda onuň dumuşynyň görnüşi şöhlelenipdir. Her bir görnüşde ol çägede iki dürli aýak yzlaryny görüpdir. Olaryň biri Rebbe, beýlekisi özüne degişlidi. Durmuşyndan alnan soňky görnüş huzurynda şöhlenende, ol aýak yzlaryna nazaryny dikipdir we öz durmuş ýodalarynda diöe bir aýak yzyň bolandygyny görüpdir. Şeýle hem ol, munuň öz durmuşynyň iň pes we gaýgyly pursatynda bolandygyny ýadyna salypdyr. Bu hakykatdan hem ony alada goýdy we ol bu babatda Rebden sorady: “Rebbim, bir gün men Seniň yzyňa eýermegi kara edipdim we Özüň tutuş ýoly meniö bilen ýörejekdigiňi aýdypdyň. Emma men durmuşymyň iň hasratly günlerinde hem diöe aýak yzyň bardygyny gördüm. Sen iň gerekli pursatda näme üçin meni taşlap gidýändigiňe düşünmeýärin”.

Reb şeýle jogap berdi:

“Meniň gadyrly, gymmatbahaly çagam, Men seni söýýärin we Men seni hiç haçan ýeke taşlamaryn. Seniň agyr synagly hem hasratly günleriňde diňe bir aýak yzy görmegiň, bu-Meniň şol pursatlarda seni göterip ýörändigimdir!”

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

7th November 2008

Dogrulyk Ýoly..

Bu sahypada siz biziň “Dogrulyk Ýoly” atly radio gepleşiklerimizi diňläp bilersiňiz. Bu radio gepleşikleri radio üsti bilen hem Türkmenistanyň her bir künjeginde hem diňläp bilersiňiz. Ine şu aşakdaky wagtlarda we tolkunlarda siz biziň radio eşitdirmelerimizi diňläp bilersiňiz: Her gije sagt 22:25-22:40 aralygynda, Orta Tolkunlaryň (AM/MW) 1467kgs (204m), 864 kgs (347m) we gysga tolkunlarda (SW) 5855 kgs (49m)

Dogrulyk Ýoly 03

posted in Radio | 0 Comments

7th November 2008

Bu gün üçin Pozitiw Pikir

Bu Gün Üçin Pozitiw Pikir

Hakykaty Sözlemek

 

Positiw Pikir

      Eger sen hemişe hakykaty sözleseň, onda saňa gowy ýatkeşlik gerek bolmaz

 

Mukaddes Kitap

 

        “Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp, Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin, täzelenen täze ýaradylyşy geýnenligiňiz sebäpli, biri-biriňize ýalan söz aýtmaň.” Koleseliler 3:9-10

 

Dileg

      Gadyrdan Rebbim, her bir sözüm we ýerine ýetirýan zadymda dogruçyl we ynamly bolmaga ýardam ber maňa! Seniň Ýagtylygyňa dünýä ýaýmagym üçin dogry bolany ýerine ýetirmäge maňa güýç we batyrlyk ber! Omyn.

 

Bu pozitiw pikir baradaky okanlarymy men gündelik durmyşymda nähili ulanyp bilerin?

 

 

Bu günki bu taýda okanlarym maňa gowy adam bolmaga nähili kömek eder?

posted in Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

5th November 2008

Towşana -dogduk depe…

Tmolympiad websaýtynda, dogulyp önüp-ösen ýeriňi küýsemek baradaky gürrüňe bir ildeşimiziň ruhy garaýyş bilen jogabyny we Magtymguly şahyrmyzyň bu tema degişli goşgusyny şu taýda ildeşlerimiziň okap tanyşmagy üçin goýmak isledik.

Magtymguly şahyrymyzyň “Yzlamaýan bolarmy” goşgysy

Bir käkilik aldyrsa körpe balasyn,

Saýraý-saýraý, yzlamaýan bolarmy?

Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin,

Hasratyndan sözlemeýen bolarmy?

 

Kürresi elinden gitse eşegiň,

Telmirip tört ýana gözlär uşagyn,

Akmaýa aldyrsa elden köşegin,

Bagryn bozup, bozlamaýan bolarmy?

 

Bala sesin diňlär, asyp gulagyn,

Döke-döke göz ýaşynyň bulagyn,

Ak jeren aldyrsa elden owlagyn,

Mäleý-mäleý gözlemeýen bolarmy?

 

Agsagyň elinden alsaň agajyn,

Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn,

Bir güýçli duşmana duşsa mekejin,

Jojugyny gizlemeýen bolarmy?

 

Aýralyga adam ogly neýlesin?

Kim galar, görmeýen ajal hilesin?

Magtymguly, haýwan bilse balasyn,

Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy?

 

Adamyň öz dogulyp ýaşan ýerlerini küýsemek bu ynsana berilen zatmyka diýýän, ylaýtada hemişe bir ýerde oturymly bolan halk üçin has hem güýçli duýgy! Emma şol bir hatarda, dogdyk depäňde wagtyň bolsa başga bir ýerlere gitmek küýsegi hem adamda bar bolýan zat, bu bolsa ynsanyň içindäki boşlugyň hiç bir zat bilen dolup bilmeýändiginden we ruhymyzyň bolandygy üçin ruhy mekany, ýagny Hudaýyň ýanyndaky öýi küýseýänligindenmikä diýip düşünýän! Bu sebäpden biz tä baky öýümize barýançak bizde beýle küýsemeklik bolar! Bu dünýäde bolsa dogry we manyly ýaşamak üçin bolsa bize hakykata bolan iman gerek! Mukaddes Ýazgylarda şeýle sözler bar, ýagny bizden öň ýaşap geçen iman gahrymanlary Habyl, Hanok, Nuh, Ybraýym, Yshak, Yakyp,Sara we başgada kän gahrymanlar barada aýdyp söňunda hem olar hakynda şeýle diýýär: “Bu adamlaryň bary ölýänçe imandan dänmedi. Wada edilenlere gowuşman, olary uzakdan görüp, hoş garşylap, özleriniň ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar. Beýle gepleýänlr özleriniň bir watan agtarýandygyny açyk görkezýärler. Aslynda olar çykyp gaýdan ýurtlaryny ýatlaýan bolsalar, onda yzlaryna dönmäge pursatlary bolardy. Emma olar has gowusyny, ýagny asmandaky watany arzuwlaýardylar. Şonuň üçin hem Hudaý Özüni olaryň Hudaýy diýip atlandyrmakdan utanmaýar. Çünki olar üçin bir şäher taýarlady!”
Iň esasy sorag: biz şol Hudaýy tanaýarysmy we Onuň döreden şäherine girip biljegimize bolan iman bizde barmy?
Çünki biz nirede ýaşasak hem, nähili ýaşasak hem bir güni bu wagtlaýyn dünýäden gitmelidiris we bakyýetde -iki ýeriň-birinde -ýa dowzahda -ýada Hudaýyň şäheri bolan -jennetde boljakdyrys?! Biziň ruhymyzyň küýseýäni hem şol baky öý!
Her biriňize şol Hudaýyň baky şäherine bolan ýoly tapmaga we düşünmäge we ol ýola iman edip Hudaýyň şäherinde her biriňiz bilen görüşmegi arzuw edýärin!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

4th November 2008

Baky Dünýä

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

27th October 2008

Günäli Ten we Mukaddes Ruh

Günäli ten we Mukaddes Ruh

 

“Eý doganlar, siz azatlyga çagyryldyňyz, ýöne bu azatlygy günäli teniň nepi üçin ulanman, biri-biriňize söýgi bilen gulluk ediň. Çünki bütin kanun şu iki sözde jemlenendir: “Goňşyňy özüň ýaly söý!” Biri-biriňizi çeýnäp, iýýän bolsaňyz, onda biri-biriňizi ýok etmegiňizden habardar boluň! Ine, men diýýärin, Ruhda geziň, şonda teniň höweslerini ýerine ýetirmersiňiz. Çünki ten Ruha garşy bolana, Ruh hem tene garşy bolana höwes edýändir. Siz isläniňizi etmez ýaly, bular bir-birlerine garşydyr. Ruh size ýol görkezýän bolsa, onda kanun astynda dälsiňiz. Ten işleri bellidir. Olar zynahorluk, murdarlyk, ahlaksyzlyk, butparazlyk, jadygöýluk, duşmanlyk, dawa, görüpçilik, gahar, jenjel, bölünişik, pyrgalar, içigaraçylyk, adam öldürmeklik, serhoşluk, aýşy-eşret we şunuň ýaly zatlardy. Bulary edýänleriň bary Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny ozal aýdyşym ýaly, ene-de aýdýaryn.

Ruhuň miwesi bolsa söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr. Bu zatlara garşy çykýan kanun ýokdur. Mesih Isa degişli bolanlar bedeni hyjuw hem höwesleri bilen birlikde haça çüýländir. Ruha görä ýaşaýan bolsak, onda Ruha görä-de gezeliň. Biri-birimizi gaharlandyryp, bir-birimize içigaraçylyk edip, şöhratparaz bolmalyň!

 

Gadyrdan dost, eger sen günäden azat durmuşda, teniň erbet işlerinden azat bolmak we Mukaddes Ruhyň durmuşyňa getirjek: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmakdan dolylyga eýe bolmak isleseň –Hudaýyň Isa Mesihine iman et, çünki Isa Mesihe bolan iman arkaly sen Mukaddes Ruh sylagyna eýe bolarsyň!

Bu ruhy azatlyk baradaky habara Hoş Habar diýlýär-bu hem Isa Mesihdir!

Biz seniň ruhy azatlyga ýetmegiň üçin dileg edýäris! Eger sen bular hakynda biz bilen habarlaşmak isleseň bu taýda öz pikirleriňi galdyryp bilersiň!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

22nd October 2008

Söýgi

Söýgi

 

“Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr…”

 

“Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbaldyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin. Ähli zadymy paýlap ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur.

Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir. Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir. Adalatlsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr. Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr. Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar…Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir!”

 

Söýginiň çeşmesi bolan Hudaýy tanamak we Onuň bilen şahsy aragatnaşykda bolup, Onuň söýgüsinden doly durmuşda ýaşamak isleseň – Hudaýyň Isa Mesihdäki gutulyş sowgadyny kabul et! Şonda sen Söýgi Bolan Hudaýyň balasy bolmak hukugyny eýe bolarsyň! Biziň günälerimiz Hudaý bilen aragatnaşygy bozdy, bu sebäpden bizde ol ýitirilen gatnaşyk ýok. Biz näçe synanyşsakda, din arkaly bolsun, ýa-da gowy işler arkaly bolsun bu ýykylan gatnaşygy dikeldip bilmeýäris. Çünki günäniň tölegi gaty uly, bu sebäpden biziň muny hiç haçan öz güýjumiz bilen başarmajagymyzy bilen Hudaý –çykalga açdy we biz günäkärleri şertsiz söýgi bilen söýdi we ol jezany Isa Mesihde töledi, Özi bilen ýaraşmagy Isa Mesihde bize üpjün etdi! Biz bolsa muňa iman etmelidiris, günälidigimizi Hudaýyň öňünde boýun alyp toba edip Hudaýyň Isa Mesihdäki beren merhemetini we söýgüsini kabul etmelidiris!

Injil şeýle diýýär: “Sebäbi günäniň muzdy (jezasy) ölüm, Hudaýyň sylagy bolsa, Rebbimiz Mesih Isada ebedi ýaşaýyşdyr…Hudaý bize bolan söýgüsini, biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr…Biz ýaraşygy Mesih arkaly aldyk.

Imandan bolan dogrulyk bolsa şeýle diýýär: “Öz içiňden: Mesihi düşürmek üçin Göge kim çykar? Ýa-da: Mesihi ölümden çykarmak üçin çuňluga kim iner diýme” (ýagny Isa Mesihiň Halasgärdigini –gökden inip, haçda seniň günäň tölegi üçin ölüp, ýene-de direlendiginie şübhe etme)Gör, näme diýýär? “Hudaýyň sözi saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda, seniň ýüregiňdedir,” ýagny wagyz edýän iman sözümiz. Çünki sen agzy bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň. Aklanmak üçin ýürek bilen iman getirilýändir, gutulyş üçin agyz bilen ykrar edilýändir. Çünki Mukaddes Ýazgy :”Oňa iman eden kişi utandyrylmaz” diýýär.”

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd October 2008

Şalyk Bile

Şalyk Bile

 

Deň bolar diýp saýmagyl işiň bet ykballyk bile,

Hiç haçan deň bolmagaý eşek-bedew şalyk bile,

Gardaş olma hyz-haramy, pitne-ryswalyk bile,

Başyňny gowgaýa salma, maly-dünýälik bile,

Tur säher, ýat et hudany, ýygla tenhalyk bile.

 

Bardy Turuň dagyna, ha bir boldy ol Kelim,

Ötdi anlar, galdy dünýä, geçdi eýýamyl-kadym,

Ýatsa, ýer boldy düşek, örtünjesi parça kilim,

Ne hebesdir, ne hata- bakdy goýun Musa kelim,

Çölde gezdi daýyma raz aýdyşyp halyk bile.

 

Eý aty ýüwrük ýigit, özi goçak gülgün-kaba,

Munda jebr etgen kişi o günde bolgaý ruýsyýa,

Her kişi zor ile mal alsa, o gün bergeý saba (jogap),

O weliler serweri solan Weýis dek öwlüýä-

Düşegi, örtünjesi boldy gara halyk bile.

 

Ýakup ogly Ýusubnyň käkilinden tutdular,

Urdular, aglatdylar, eltip müsürde satdylar,

Niç ýyl Eýýup pygamber tenni gurt iýp ýatdylar,

El-aýagyn baglaýyp, Ýunusny derýä atdylar,

Ençe wagt tagat çekip, “huw” diýdi bir balyk bile.

 

Sen niçik, Magtymguly, ýamanlygyň unutmadyň?

Kähi-kähi zalym olduň, görgeniňden gaýtmadyň?

Kähi-kähi sopy bolduň, hiç haramdan datmadyň,

Bilmedim, sen kaýsy bolduň, ber bir iş tutmadyň…

Ne sypahylyk bilen, ne bir mollalyk bile.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

20th October 2008

Golgot düzliginde öldürilen Halasgär Isa

Golgot düzlügi

(Matta 27:29-31,33-35; 18:11)

 

Golgot düzlüge ölüme,

Reb Isa gelýär.

Masgaralyk, nälet haçyn,

Özünde alyp gelýär.

 

Uzak we bu daşly ýolda,

Gan yzlaryn görýän men.

Hudaýyň gurban guzysy,

Men üçin ejir çekdi.

 

Gogotda ejir çekmäge,

Reb Isa gelýär.

Agy seslerin eşidýär,

Ýolunda Isa.

 

Agyr haçyň astynda Ol,

Güýçden gaçyp ýykyldy.

Adamlar üçin Reb Isa,

Kynçylyga döz geldi.

 

Golgot düzlüge serediň,

Guzy öldürildi.

Günaliler üçin Halasgär,

Haça çüýlendi.

 

Çüý kakylan aýaklara,

Toba edip gelýän men.

Asyrlar boýy Oň bilen

Ýaşamagy isleýän men.

 

Golgotdaky ölümine,

Günäkär seret!

Adamlaryň Halasgäri,

Gujak açyp garaşýar!

 

Onuň öňünde dyza çök,

Günäňi sen Oňa aýt.

Ol günäňi bagyşlaýar,

Saňa ýaşaýyş berýär.

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments