TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Ýüregiňiň Gapysyny Halasgär Kakýar

1st November 2007

Ýüregiňiň Gapysyny Halasgär Kakýar

Ýüregiňiň Gapysyny Halasgär Kakýar

Ýapyk gapylar agzynda durup,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Jogap ýok, şonda-da dur garaşyp,

Kimdir biri kakýar.

Gaýtalama:

Gapynyň agzynda Halasgär dur,

Mähir bilen ýuwaş kakýar!

Kalbyňa çagyr, Ol halas eder,

Ene Isa kakýar.

Ýürekde şatlyk ýok, diňe gaýgy,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Ýürege rahatlyk bermek üçin,

Kimdir biri kakýar.

Ynsap ýürege dynçlyk bermeýär,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Çagyryş sesleri gaýtalanýar,

Kimdir biri kakýar.

Çagyryş güýçli eşidilip dur,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Günäkär ýürekden ýüzlen Oňa!

Kimdir biri kakýar.

posted in Radio | 0 Comments

30th October 2007

Gökdäki Öýüm

GÖKDÄKI ÖÝÜM

Gökdäki Öýüm

Gökdäki öýüm Isaň ýanynda.

Ol ýerde täze durmuş bolar.

Garyndaş, dostlar hemmämiz bile,

Alkyş aýdarys Atamyza.

Gaýtalama:

Gökdäki öýüm meniň islegim,

Baky ýaşaryn men ol erde.

//Hudaýa baky alkyş aýdaryn,

Ýerdäki durmuşym geçende//2 gez.

Şatlykly bolar ol baky öýde,

Halasgärimi görerin men.

Günäler üçin Golgofda ölüp,

Hudaýa tarap ýol görkezdi.

Agy, gözýaşlar indi, gerek däl!

Hudaýa alkyş aýdarys biz.

Unudarys aýralyk - keseli,

Hudaýa alkyş aýdarys biz.

posted in Radio | 0 Comments

30th October 2007

Gör Nähili Men Bagtly

 Hudaýa iman getirenler her bir zatda Hudaýa öwgüler getirmäge çalyşýarlar! Olaryň käbirleri günälerden, şeýtanyň garaňky tümlüginden we dowzah odundan Hudaýyň beren ajaýyp gutuluşyny aýdym-sazlarda wasp edýärler. Olar özlerinde dörän täze umytly durmuşlary üçin Biribara minnetdarlyk bildirýärler. Bilşimiz ýaly Ýaradyjy Hudaý ähli milletleri ýaratdy we olara dürli diller berdi we bu sebäpden oňa dürli dillerde öwgüler, dilegler, şükürler edilýär. Bu ýerde biz Turkmenistanly ildeşimiziň 28 ýyllap hakykaty bilmän şeýtanyň tümlüginde ezýet çekip, hiç bir erden we dinden gutuluş tapman ýaşan we durmuşda umytsyz gezen, emma Hudaýyň Isa Mesihdäki merhemeti we rehimi aýan bolanda beýik gutulyşa eýe bolan we Isany Reb we Mesih hökmünde kabul edip täze, tämiz, şatlykdan we dynçlykdan doly durmuşa eýe bolan ýigidiň döreden öwgi sazyny we aýdymyny size hödürleýäris! Bu aýdymyň üsti bilen ol Isa Mesihdäki durmuşyny wasp edýär! Bu sazyň we aýdymyň üsti bilen hem Hudaý size hakykatyny açar diýip umyt edýäris!!!

Gör nahili men bagtly

Gör Nähili men bagtly.

Hudaý-Halasgärim

Mukaddes gökde men üçin

Ajaýyp jaý taýyn.

Gaýtalama:

Şöhratlaýan Guzyny,

Men üçin ejir çekdi.

//Oňa alkyş. Omyn// 2gez

Dünýä baýlygy deň bolmaz

Ol altyn şähere.

Hudaý meni hiç taşlamaz,

Bolaryn ol erde.

Garaňkylyk ýitip gider,

Ebedi nur sönmez.

Alkyşlap joşar ýürekler

Indi gözýaş bolmaz.

posted in Radio, Шахсы шаятлык | 0 Comments

25th October 2007

Halas bolandygyňa ynamy nähili gazanmaly

thinking_man.jpg

Halas bolandygyňa ynamy nähili gazanmaly

Dünýäde ýüzlerçe din bardyr. Olar, öz halas boluşyňa ynamy bu durmuşda gazanyp bolmaýandygyny, diňe öleniňden soň ruhuň nirä düşýänini bilip bolýandygyny tassyklaýarlar. Emma öz halas boluşyňa ynamy gazanmak mümkindir. Munuň üçin birnäçe şertler bardyr.

Halas bolmak üçin, Injile görä ähli zerur zatlary edendigiňize doly göz ýetiriň.

  1. TOBA EDIŇ. «….. Ýöne toba etmeseňiz, siziň hemmäňiz şeýle heläk bolarsyňyz» (Luka 13:3). Eger, günäden saplanmasaňyz, sizde halas boluşa hiç hili umyt bolmaz. Öz günälidigiňi inkär etmek ýa-da ony ýaşyrmaga çalyşmak bidereklikdir.

«Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler»

(Süleýmanyň tymsallary 28:13).

  1. REB ISA MESIHE IMAN EDIŇ. «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» (Resullaryň Işleri 16:31) — Hudaýyň Sözi şeýle diýýär. Hudaý bizi günämizden halas etmek üçin, Özüniň ýeke-täk Ogluny iberdi. Ol biziň günälerimiz üçin öldi we aklanmagymyz üçin direldi. Ol — biziň Ýeňijimiz we Baky Halasgärimizdir. Ol Öz üsti bilen Hudaýa gelýän her bir adamy halas edip bilýär. Özüňize ýa-da öz şahsy dogrulygyňyza bil baglamaň, ybadathana gullukçysyna, hatda öz iň ýakyn dostuňa-da bil baglama. Reb Isa Mesihe iman etseňiz halas bolarsyňyz. Oňa Öz Halasgäriňiz hökmünde ynanyň: Oňa, edil halas bolmaga Hudaý tarapyndan gurlan ýol hökmünde ynanyň. Şeýle hem, Oňa öz durmuşyňyzyň Ýolbeletçisi we Hojaýyny hökmünde umyt baglaň.

«Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin, Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16).

  1. REBBIŇ ADYNDAN ÇAGYRYŇ. Öz ýagşy işleriňize bil baglamaň, bu doga-dileg etmek üçin ybadathana gelen fariseý ýalydyr, emma salgytçy boýun egmek bilen rehimdarlyk diläp, Rebbiň adyny çagyrýar (Luka 18:9-14). Diňe Reb Isa sizi halas edip biler —muny, Onuň hut özüňiz üçin etmegini soraň.

«Dogry adamyň dertleri köpdür; ýöne Reb olaryň ählisinden ony halas edýändir» (Zebur 34:19).

«Çünki Rebbiň adyny çagyran adam gutular» (Riml. 10:13).

  1. ÇOKUNDYRYLMAGY KABUL EDIŇ. «… günäleriňiziň ötülmegi üçin ähliňiz Isa Mesihiň adyna çokundyrylyň. Ine, şeýdip, siz Mukaddes Ruhuň sylagyny alarsyňyz» (Resullaryň işl. 2:38). Bu, her bir “çokundyrylan perzendiň” şeýle sylagy aljagyny we halas boljagyny aňlatmaýar. Petrus uly adamlara ýüzlenip, olary diňe toba edip, öz günälerine ýürekden gynananlaryndan soň, çokundyrylmaklyga çagyrdy. Petrus, öz Hatlarynyň birinde suw bilen çokundyrylmagyň halas boluşa nähili gatnaşygynyň bardygyny düşündirýär.

«Bu wakanyň nusgasyna görä, bedeniň kiriniň ýuwulmasy däl, eýsem, Hudaýyň huzuryna päk ynsap talaby bolan çokunmaklyk hem indi sizi Isa Mesihiň direlmegi arkaly gutarýar» (1 Petrus 3:21).

Adamlar eden günälerine toba edip, öz Halasgäri hökmünde Isa Mesihe doly berlenlerinde, olar özlerini halas edip biljek Ýeke-täk Ada çokundyrylmaklaryny islemelidirler. Isanyň Özünde hiç hili günä ýokdy, Oňa çokundyrylmak gerek däldi, Ol muny “ähli dogrulygy berjaý etmek üçin” kabul etmek isledi. Onuň ýerdäki iň soňky sözleriniň biri-de şulardy:

«Kim iman edip çokundyrylsa, halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler» (Markus 16:16).

  1. ISANY REBBIŇIZ HÖKMÜNDE WAGYZ EDIŇ. Özüňiziň Isa ynanmagy we Onuň yzyna eýermegi karar edendigiňizi adamlara gürrüň beriň. Eger siz Ony utandyrsaňyz, Ol hem sizi utandyrar. Isa Mesihde aýdyň boluň. Ol — siziň Rebbiňiz we Halasgäriňizdir. Islendik ýerde we islendik wagty bu hakda adamlara gürrüň bermekden gorkmaň.

«Çünki sen agzyň bilen Isany Reb hökmünde ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldendigine ýüregiň bilen ynansaň gutularsyň» (Rimliler 10:9).

  1. ÄHLI ZATDA ISA BOÝUN EGIŇ. Isa — siziň baky Halasgäriňizdir, eger siz adamlaryň öňünde Reb Isany wagyz etmäge taýýar bolsaňyz, şoňa mynasyp hem hereket etmelisiňiz. Wepaly boluň. Eger siz Isanyň özüňizi halas etmegini isleseňiz, onda Oňa özüňizi soňuna çenli alyp gitmäge rugsat ediň. Ähli zatda Oňa boýun egmejek bolsaňyz, Ony Rebbim diýip atlandyrmaň. Eger Isa siziň durmuşyňyzyň Hojaýyny bolmaýan bolsa, onda Ol siziň üçin Reb däldir. «Iman hem amallar bolmasa ölüdir» (Ýakup 2:26) diýip, Hudaýyň Sözi aýdýar. Isa — diňe bir siziň Halasgäriňiz bolman, eýsem Ol siziň üçin göreldedir.

«Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Patyşalygyna girmez, diňe Gökdäki Atamyň islegini berjaý eden girer» (Matta 7:21).

«Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi. Kämilleşdirilip, Hudaý tarapyndan Melkisedek düzgüni boýunça Baş Ruhany adyny aldy» (Ýewreýler 5:8-9).

Siz Injile esaslanyp, halas bolanlaryň hataryna goşulmak üçin, ähli zerur zatlary edýändigiňize göz ýetiriň.

1. ISA HEMIŞE YNAM BILEN BAKYŇ. Eger siz Isany söýýän bolsaňyz, Onuň parzlaryny berjaý edip, mukaddes durmuşda ýaşamalysyňyz. Halas bolmak üçin öz dogrulygyňyza bil baglamaň-da, Isa tarap bakyň. Dogry adam öz güýjüne daýanmak bilen diňe bir bagyşlanmagy kabul etmän, eýsem ol “iman bilen ýaşar” (Gal. 3:11).

«Çünki başlangyçdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, bu Mesihe şärik boldugymyzdyr» (Ýewreýler

3:14).

2. «REBBIMIZ HEM HALASGÄRIMIZ ISA MESIHIŇ MERHEMETINDE, BILIMINDE ÖSÜŇ. …» (2 Petrus 3:18). Ösümlik ýa-ha ösýär, ýa-da ölýär. Hudaýdan aýra düşmejek bolsaňyz, siz ösmelisiňiz. Ýyl saýyn özüňizi heläkleýji durmuş synaglaryndan geçmek üçin, öz köküňizi her gün berkidiň. Ruhy taýdan ösmek üçin, Hudaý tarapyndan bellenen ähli usullary ulanyň: 1). Yhlas bilen Hudaýyň Sözüni okaň — «Gutulyş üçin ol arkaly öser ýaly, ýaňy dogan çagalar kimin ruhy, hilesiz süýdi küýsäň» (1 Petr 2:2). 2). Üznüksiz dileg ediň, özüňizde “oňat işi” Başlana we «Mesih Isanyň gününe çenli muny bitirjek» (Filip. 1:6) güýçleriň Gözbaşyna ýakyn boluň. 3) Mesihileriň ýygnaklaryna yzygider gatnaşyň. Mähirli mesihi gatnaşygy size zerur goldaw bolup durar.

«Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam, ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýewreýler 10:25).

3. DIŇE MUKADDES RUH SIZIŇ BAŞTUTANYŇYZ BOLUP BILER. «Çünki Hudaýyň Ruhy arkaly ideklenýänleriň bary Hudaýyň ogludyr» (Rimliler 8:14). Siz dünýä ruhunyň öz üstüňizden hökümdarlyk etmegine ýol bermäň. Teniňiz we kalbyňyz bilen Rebbe beriliň. Erkiňi ynsan jemgyýetiniň eline bermäň, Mukaddes Ruha aňyňyzyň täzelenmegi bilen özüňizi üýtgetmäge mümkinçilik beriň.Ynsan jemgyýetiniň aglabasy günälidir, onuň maksatlary we däp-dessuralry düýbünden ahlaksyzdyr.

„Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň. Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi Atadan däl, dünýädendir“ (1 Ýahýa 2:15-16).

«Reb şeýle diýýär: „Munuň üçin olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň, murdara galtaşmaň, Men hem sizi kabul ederin“. Her zady başarýan Reb: „Men siziň Ataňyz bolaryn, siz hem Meniň ogul- gyzlarym bolarsyňyz“ diýýär» (2 Korintoslylar 6:17-18).

Özüňizde halas bolan adamyň alamatlarynyň bardygyna göz ýetiriň

1. BOÝUN EGMEK.

Siz Isa gulak asýaňyzmy? Onuň yzyna her gün eýerýäňizmi? Onuň Injilde beren parzlaryny berjaý edýärsiňizmi?

2. SÖÝGI.

Isa bize diňe biri-birimizi däl-de, eýsem duşmanlarymyzy hem söýmegi öwretdi. Ol bize Öz Ruhuny — söýgi Ruhuny iberdi. Siziň bagyşlap ýa-da söýüp bilmeýän kişiňiz barmy? Siz hakykatdan hem başgalary söýýärsiňizmi?

3. PARAHATLYGY SÖÝMEK WE MUKADDESLIK.

«Parahatlyk döredýänler bagtlydyr, çünki olara Hudaýyň ogullary diýler» (Matta 5:9).

Durmuşy Hudaýyň Sözi bilen gabat gelýän adamlar özleriniň halas bolandyklaryna şübhelenmeli däldirler.

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

18th October 2007

Özbek Imanly Doganlaryň Hudaýa Öwgüleri

Bilşimiz ýaly, dürli milletler Ýaradyjy Biribara öz dillerinde öwgi-senalar döredýärler we olaryň üsti bilen Hudayýň gutuluşyny, adamzada bolan söýgüsini we maksadyny beýan edýärler. Hudaý hemme milletleri Isa Mesih arkaly Özi bilen ýaraşdyrýar we olary bir maşgala, ýagny Hudaýyň maşgalasyna goşýar. Bu günki gün, haýr-dogalar, öwgüler, aýdym-sazlar dürli milletleriň dillerinde Eke-Täk Hudaýy şöhratlandyrýarlar.

Diňlaň we bereketleniň!

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

10th October 2007

Isa Geler —Belki, Şu Gun Geler

ISA GELER – BELKI, ŞU GÜN GELER

Gadymy mesihi resminamalarynyň biri-de, resul Pawlusyň häzirki Gresiýanyň çäginde ýerleşýän ýygnaga ýazan hatydyr. Bu hatda Pawlus şeýle diýýär: “Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys: biz diriler, Rebbiň gelmegine çenli galanlar, ölen imanlylardan asla öňe çykmarys. Çünki Rebbiň Özi emirli gygyryş bilen, baş perişdäniň sesi bilen, Hudaýyň surnaýy bilen Gökden iner, şeýlelikde, ilki bilen Mesihe degişli ölüler direler” (1 Sel. 4:15-16).

Tolgundyryjy beýannama! Ölen adam şeýle beýannamany nädip edip biler? Bu sözlere üns beriň: “Rebbiň sözüne daýanyp, size şuny aýdýarys…”. Bulary aýtmak bilen, Pawlus öz pikirini aýan etmedi-de, eýsem ol, bulary Hudaýyň Özüniň gönüden-göni ruhlandyrmasy bilen ýazdy.

Mesihiler, eýýäm iki müň ýyla golaý özleriniň Rebbi we Halasgäri bolan Isa Mesihe garaşyp ýaşap ýörler. Olar Oňa, diňe bir Mukaddes Ýazgyda bu barada ýazylandygy üçin däl-de, eýsem Isa Mesih açykdan-açyk hyzmat eden döwründe, Özüniň ikinji gezek geljegini aýdanlygyny bilýändigi üçin garaşýarlar. Mysal üçin, Isa Mesih özüniň ýerdäki durmuşyny ahyrynda, Öz şägirtleriniň uly bolmadyk toparyna ýüzlenip: “Şonda Ynsan Oglunyň bulutlar içinde uly gudrat hem şöhrat bilen gelýänini görerler. Şonda Ol perişdelerini ýollap, Öz saýlanlaryny dört tarapdan Ýeriň ujundan tä Gögüň ujuna çenli ýygnar” (Mark. 13:26-27).

Hawa, Isanyň geljek güni mukaddesler üçin şöhratly gündür, emma, oňa taýyn däller üçin bolsa, bu – höküm bolar. “Hudaýyň öňünde, dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarjak Mesih Isanyň öňünde Onuň gelmeginiň, Patyşalygynyň haky üçin saňa ündeýärin” (2 Tim. 4:1).

Bu makalany ine şu ere basmak bilen dolylygyna okap bilersiňiz: ISA GELER

posted in Durmuşyň Manysy näme, Kitaplar, Гозлеглер ве ачышлар | 0 Comments

3rd October 2007

Türkmen imanlynyň döreden sazy

Hudaýa iman getirenler her bir zatda Hudaýa öwgüler getirmäge çalyşýarlar! Olaryň käbirleri günälerden, şeýtanyň garaňky tümlüginden we dowzah odundan Hudaýyň beren ajaýyp gutuluşyny aýdym-sazlarda wasp edýärler. Olar özlerinde dörän täze umytly durmuşlary üçin Biribara minnetdarlyk bildirýärler. Bilşimiz ýaly Ýaradyjy Hudaý ähli milletleri ýaratdy we olara dürli diller berdi we bu sebäpden oňa dürli dillerde öwgüler, dilegler, şükürler edilýär. Bu ýerde biz Turkmenistanly ildeşimiziň 28 ýyllap hakykaty bilmän şeýtanyň tümlüginde ezýet çekip, hiç bir erden we dinden gutuluş tapman ýaşan we durmuşda umytsyz gezen, emma Hudaýyň Isa Mesihdäki merhemeti we rehimi aýan bolanda beýik gutulyşa eýe bolan we Isany Reb we Mesih hökmünde kabul edip täze, tämiz, şatlykdan we dynçlykdan doly durmuşa eýe bolan ýigidiň döreden öwgi sazyny we aýdymyny size hödürleýäris! Bu aýdymyň üsti bilen ol Isa Mesihdäki durmuşyny wasp edýär! Bu sazyň we aýdymyň üsti bilen hem Hudaý size hakykatyny açar diýip umyt edýäris!!! Bu aydym ors dilinde, yone tizara bu imanly doganyn Turkmen dilinde hem aydym aydar diyip umyt edyaris! Ors diline dushunmediklere, terjimesini erleshdireris!

posted in Durmuşyň Manysy näme, Шахсы шаятлык | 0 Comments

14th September 2007

Isa film Epizod 2

jesus.jpg

Biz size bu bölümde Isa filminiň wideo we audio ýazgylaryny hödürleýäris. Bu film Injile esaslanyp taýýarlandy. Bu arkaly siz Halasgär Isa Mesihiň size bermek islän “gurply ýaşaýyşyna” düşünersiňiz we Ony kabul edip günälerden we dowzah odundan gutulyşa eýe bolmagyňyzy arzuw edýäris. Isa Mesih sizi gutulyşa etirenden soň, size gundelik durmuşyňyzda hem nähili dynçlykdan, ruhy manydan we şatlykdan doly ýaşaýyş bilen ýaşamagy öwreder!

Isa filminiň audio ýazgysyny diňlemek isleseňiz bulara basyň:

Epizod 2 

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

17th August 2007

Injilden Audio Ýazgylar

Bu bölümde siz Injilden audio ýazgylary diňläp bilersiňiz! Giriş

 

 

posted in Kitaplar, Radio | 0 Comments

1st August 2007

Isa Filmi audio ýazgysy

jesus.jpg 

Biz size bu bölümde Isa filminiň wideo we audio ýazgylaryny hödürleýäris. Bu film Injile esaslanyp taýýarlandy. Bu arkaly siz Halasgär Isa Mesihiň size bermek islän “gurply ýaşaýyşyna” düşünersiňiz we Ony kabul edip günälerden we dowzah odundan gutulyşa eýe bolmagyňyzy arzuw edýäris. Isa Mesih sizi gutulyşa etirenden soň, size gundelik durmuşyňyzda hem nähili dynçlykdan, ruhy manydan we şatlykdan doly ýaşaýyş bilen ýaşamagy öwreder!

Isa filminiň audio ýazgysyny diňlemek isleseňiz bulara basyň:

Epizod 1

Epizod 2

posted in Durmuşyň Manysy näme, Radio | 1 Comment