TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Gutulyş Uçgynlary

28th November 2007

Gutulyş Uçgynlary


Ýalňyzlygym Seniň bilen ikiçäk
Oturyp derdimi dökesim gelýär.
Hasratly ýürekde küle öwrülen
Umyt uçgunlarny ýakasym gelýär.
 
Ýaňadan köz edip ol uçgunlary,
Lowlap duran oda öwresim gelýär,
Ynsanlaryň buza dönen kalplarny
Şol oduň howruna çoýasym gelýär.
 
 
Razy, eger görüp bilsem buzlaryň
Ot öňünde ejizleýän pursatyn.
Onda ykbaldanam bolardym razy,
Bagş edenine ýalňyzlygyň kysmatyn.


 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • "Her kim diňe öz peýdasyny däl-de, beýlekileriň hem peýdasyny gözlesin. Mesih Isada bolan bu pikir sizde-de bolsun. Ol Hudaýyň häsýetine eýe bolsa-da, Hudaý bilen deňligi olja hasap etmän, gaýtam, gul häsýetini alyp, adam keşbine girdi, Özüni hiç etdi. Sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi. Şonuň üçin hem Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belen ady berdi. Ol muny Gökdäkileriň, Ýerdäkileriň we Ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň Şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrat etsin diýip etdi!"
  • Filipililer 2:4