TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Gutulyş Uçgynlary

28th November 2007

Gutulyş Uçgynlary


Ýalňyzlygym Seniň bilen ikiçäk
Oturyp derdimi dökesim gelýär.
Hasratly ýürekde küle öwrülen
Umyt uçgunlarny ýakasym gelýär.
 
Ýaňadan köz edip ol uçgunlary,
Lowlap duran oda öwresim gelýär,
Ynsanlaryň buza dönen kalplarny
Şol oduň howruna çoýasym gelýär.
 
 
Razy, eger görüp bilsem buzlaryň
Ot öňünde ejizleýän pursatyn.
Onda ykbaldanam bolardym razy,
Bagş edenine ýalňyzlygyň kysmatyn.


 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments