Musurli musulman radikal islamçynyň Isa Mesihe imany barada wideo ýazgy!

khalil-b.jpg
Musulman radikalçynyň Isa Mesihi düýşünde görüp täze durmuş alyşy barada wideo ýazgy!

Halil (Musürli) – Müsürli radikal terorist, zalym adamöldüriji Isa Mesih oňa düşünde görünenden soň bagyşlaýşy, söýgüden doly ynsana öwrülýär. Yahudileri we Mesihilileri ýigrenýän Mukaddes Kitaby ýalana çykarmak üçin işleýär emma Mukaddes Kitabyň dogrudygyna göz etirende we Isa Mesih oňa görünende onuň durmuşy dolylygyna çalyşýar!

Siz bu wideo ýazgyny arab dilinde görüp bilersiňiz, onda iňlis dilinde subtitle bar! Biz geljekde bu ýazgyny Turkmen diline terjime edip size hödürläris! Şu aşakdaky linke basyň:
Halil

Play

26 thoughts on “Musurli musulman radikal islamçynyň Isa Mesihe imany barada wideo ýazgy!

  1. Yalan bolaymasa dunyanin hich bir habar berish serishdesinde beyle habara gabat gelemok, gelsemem ynanmayan. Kuranda ‘Inneddine innallaha Islam’ diyilyar – Allah gatynda hak din Yslamdyr. Elbetde Hristiyanlyk hem Allanyn dinidir, Isa aleyhisselam hem pygamberdir, emma su wagtky hristiyanlar olaryn yolundan dasharda yoreyarler.

    Sag bolun, okanynyz uchin, Allah sizin kalblarynyzdaky mohurleri achsyn enshallah. (Kalblaryn mohurlenmegi barada Kuranyn Bakara suresinin 7-nji ayatynda agzalyp gecilyar, sol yerden okap bilersiniz.)

  2. Gadyrly Murat, bu video material hakynda galdyran pikirlerin uchin minnetdar!
    Elbetde sen bu Musurli hakynda dunyanin habar berish serishdelerinde eshitmersin. Ol adam Isany kabul edenson musulmanlar tarapyndan olduriljek bolsa ol nadip dunyanin habar serishdelerinde chykar. Eger Isa Alehsalamyn yoly hakyky bolsa onda bashga yol yada din bolup bilmeyar! Sebabi Isa Mesih shely diyyar Injilde :”Men Yol, Hakykat we Yashayshdyryn”!

    Senin ruhy gozlerin achylsyn diyip dileg edyaris!

  3. Gadyrly messenger!

    Men sizin sheyle godek soragyma parasatly jogap berendiginiz uchin minnetdar! Emma men bir zada dushunemok, men Isa aleyhisselamy Allah tarapyndan iberilendigini, onun mukaddes Kitaby Injilin hem Allahyn kelamydygyny bilyan. Yslamyn beyleki dinlerden esasy ozune cekiji tapawutlarynyn biri hem Yaradan bilen yaradylanyn arasynda hich bir koprunin yokdugydyr. Muhammet aleyhisselam jemleyji pygamberdigine garamazdan musulmanlar Yslamyn ybadatlarynyn hich birinde musulmanlar bilen Allanyn arasynda hich hili orny yok, Kurana-da Allahyn sozleri bolanson hormat uly, elbetde Injil hem Allanyn kelamy bolan, emma name uchin onda yazylanlary Isa aleyhisselama yanayanyz, ya-da name uchin onda Isa aleyhisselamyn sozleri yazylan, eger ol kitap mukaddes kitap boljak bolsa onda dine Yaradanyn sozleri bolmaly ahyryn. Ine shol sebaplem Mukaddes Injilde adamyn sozlerini yerleshdirmeginiz mende ona sowuk garayyslar doredyar. Ozem name uchin Yslam Isa aleyhisselamy we Injili kabul edyarde (elbetde hakyky bashdaky Injil hem bizi kabul edendir) siz bizi kabul edenizok?

  4. Gadyrly Murat! Oz pikirlering bilen biz bilen paylashyandygyna kop minnetdar!
    Sen aydyan “men Isa aleyhsalama Allah tarapynda iberilendigine, onun mukaddes Kitaby Injili hem Allahyn kelamydygyny bilyan” emma shol bir hatarda sen Injil uytgedilipdir dien dushunjani one suryarsin. Onda sen mana jogap ber: Allah Injili iberen bolsa onda Gudratyguychli Allada ony goramazmy, elbetde gorar. Ondan bashgada Injilin uytgedildi diyilmegine hich hili delil yok. Injilin uytgedilendigini dine uytgedilmedik gadymy Injil bolan yagdayunda subut edilip bilinyar. Yone yere Injil uytgedildi dienin bilen, Injil uytgemeyar. Injilin uytgedilmandigine bolsa delil nache diysen bar. Injilin in gadymy golyazmalary hatda Kuran dunya gelmanke 3-nji asyrlarda gochurilen golyazmalary we sonraky dowurlere degishli golyazmalary muzeylerde we ylmy barlag institutlarynda saklanyp gelinyar. Shol gadymky golyazmalar bilen shu gunki bar bolan Injilin golyazmalary hich hili tapawut etmeyar. Eger Injil Hudayun Sozi bolsa we ol Isa Mesihin kimdigi hakynda gurrun edyan bolsa onda biz ona ynanmalydyrys.
    Eger Islamda Injil uytgedilipdir dien dushunje one surulyan bolsa onda bu dushunje hatda Kurandaky yazylanlara hem garshy gelyar, chunki Kuran Towrat, Zebur, pygamberlerin yazgylaryny we Injili kabul edip okan we iman edin diyip undeyar. Indi bolsa name uchin Injilin kop boleginin Isanyn sozlerinden we Onun durmushyny beyan edyan taryhdan we taglymatdan duryandygy hakynda. Muna jogap hatda Kurandan hem tapmak bolar. Injil hem Kuran hem Isa Aleyhsalamyn, yagny Isa Mesihin “Kelamallahdygyny” we “Ruhallahdygyny” yagny Hudayn Sozudigini we Hudayn Ruhydygyny tassyklap aydyp gechyar. Bu aydylan hakykat shonun uchin hem Injilde Hudayn Sozunin ozi diriligine oz beyanyny tapyar. Shonun uchin hem butin Injil esasan hem Hudayn Sozi we Ruhy bolan Isa Mesih hakynda we onun taglymaty hakynda gurrun edyar. Gadyrly Murat adamzada gunanin, sheytanyn we dowzahyn guyjunden halas etmek uchin Huday sheyle niet we plan eden bolsa biz ona garshy geler yaly kim bolarys! Munun deregine Hudayn bu gorkezyan belen gudratyna, merhemetine, rehimine minnetdar bolup bu gutulyshy kabul etmeli dalmi eysem!
    Islam we ona ynanyanlar, Isa Aleyhsalama Isa Mesih diyyarlerde, Onun name uchin Mesih diyilendiginin duyp manysyny ret edyarler! Isa Mesih Hudaydan gelipdir diyyarlerde Onun dunya gelmeginin maksadyny ret edyarler! Sheydip hem Hudayn gutulushyna, soygusine, parahatchylygyna, shatlygyna we merhemetine yetip bilman galyarlar! Musulman doganlarymyzyn kopusinin chyn yurekden Allanyn yoluny gozleyandigini we onun yoluna boyun bolmaga synanyshyandygyna gep yok, emma welin Hudayn ajayyplyk, beyik akyldarlyk we gudrat bilen achan yonekeyje “Yolyny, Hakykatyny we Yashayshyny” welin dushunman galyarlar! Emma hakykaty gozlesen we chyn yureginden achyk bolsan onda Biribar hakykaty ayan edyar! Men hem Isa Mesihe iman ediji we Onun yoluna eyeriji bolup enemden dogulmadym, senin yaly bashgada millionlarcha ynsanlar yaly hakykaty gozledim, ol ata babamyn dini bolsa islamdamyka diyip kop agtardym. Biribar bolsa hakykaty mana ayan etdi! Bu hakykat hem meni azat etdi!
    Sanada we bashgada millionlarcha ildeshlerime bu hakykata dushunmegini arzuw edyarin!
    Senin ucin Biribardan yagshy dilegler edyarin!
    Dialogymyz dowam eder diyip umyt bilen bu jogabymy tamamlayan.

  5. Hormatly messenger! Men sizin bu jogabynyzy okan dessime ilki bilen sizden Yslamda esas bolan imanyn 6 halkasynyn birinin dine bizden tapawut edyandigine goz yetirdim, Allah beyikdir we kalblary owurip chowurendir – kalblar yalnyz Onun (Allanyn) elindedir. Enshalla Allah Tagala bir gun sizem syrat-y mustakime (dogry yola salar) Sebabi Yslamyn habar beren kyyamat alamatlarynyn biri hem kyyamat gopmazdan ozal Hristiyanlyk dininin hem Yslamdan tapawudy bolan sahelce zada goz yetirmek shol hak yola girmegidir. Sheylelikde butin dunya HAKYKATY tanar, kabul eder.
    Indi bolsa senin aydyanlaryn bilen Yslamyn arasyndaky yekeje tapawuda geleli. Siz Muhammet aleyhisselamyn Allanyn guly we resulydygyny (Isa aleyhisselam yaly pygamberidigini) kabul edyanizmi, etseniz ya-da etmeseniz name uchin? Isa aleyhisselam Allanyn ogly daldir, ol yaradylandyr. Alla nadip Adam aleyhisselamy kakasyz dunya inderen bolsa onam shol shekilde dunya inderdi. Allah bolsa doglan hem. dogran hem daldir(Kurany Kerimin Yhlas suresi.) Ol eger Isa aleyhisselamyn kakasy bolyan bolsa ona (asla bolup bilmez)yslam dunyasi Alla diyenok, Yslam dunyasindaki Alla garayshynda Alla doglanam dal, dogranam – Senin shu zatlar hakda pikirlerin nahili?
    * Aslynda sahypanyzda muncha yer dowam etmesin diysen, e-mail-e yazyp bilersin, menem seninka yazaryn. Ozem bu gurrundeshligimize jedel hokmunde garamazlygynyzy hayysh edyarin.
    * Men Ozbegistanyn Yokary Yslam uniwersitetinin uchurymy. Menin goni 8 sany kursdashym – 2-si Moskwaly on hristiyanka son Yslamy saylanlar – Alla her kime hakykaty gormegi nesip etsin!

  6. Musulmanlar gynansanda senin doganlarynyn daldir yenede egerde sen bu aldadyjy geplerin bilen insanlaryn birini saklap galsan hak yolu gormekden onda sen oz gunalerin we beylekilerin gunalerini chekersin

  7. Bu soz menin sozum dalde menin we senin Rabbymyz bolan Allahnyn sozu.(Sura Ankebut,ayat 13, They will bear their own burdens, and (other) burdens along with their own, and on the Day of Judgments they will be called to account for their falsehoods.)

  8. Ahli adamlar Adam atadan we How eneden dogulyp dunya gelendikleri uchin ahli halklar we ynsan diyilyan biri birine gan arkaly dogan bolyar! Bu hakykatdyr. Ruhy tarapdan bolsa dine hakykata we Hudayn gutulysh yoly bolan Isa Mesihe iman edenler hakyky dogan bolyar, muny goz onune tusan onda hemmeler dogan daldir! Eger ruhy birlik bolmasa onda ruhy doganlyk hem yokdur.
    Menin aydyan zatlarymy men oz ozumden aydamok, Biribaryn gudratly sozi bolan Towratdan, pygamberlerin yazgylarynda, Zeburdan we Injilden gurrun beryan we aydyan zatlarymy olara esaslandyryp aydyan! Hudayn sozune iman etmedikler bolsa Gudratyguychlunin onunde ozi jogap berer! Bu website bolsa butin adamzat uchin Hudayn ajayp merhemetinden doly gutulushy hakyndaky Hosh Habardyr! Goy Huday senin yuregini bu ajayup habara dushunmage achsyn!
    Eger sen Hudayn ajayp Hosh Habary Injili ret edyan bolsan onda sen nadip Hudaya ynanyp bilersin!

  9. Dost – a men-a Injili kabul edyan, Isa aleyhisselamam – a sen bolsa Kurany Kerimem, Alemlerin Serweri Muhammed Aleyhisselamam reddetyan. Eysem kiminki dogryka?

  10. Allaha hamdy senalar bolsun! Shu iki habary okap nadereje dogry yoldadygyma goz yetiryarin: Ilki bilen elhamdulillah men Allanyn Yslamy saylan bendesi. Kurany Kerimde Allah ‘Inneddine innallaha Islam’ – Allah gatynda hak din Yslamdyr.

    2007-nji yylyn hosh habarlaryndan………..
    * Ispaniyanyn Sevilla futbol toparynyn Kanoute atly oyunchysy 20 yashynda hakykaty – Yslamy kabul etdi.
    * Afrikanyn gunortasyndaky Zimbabwe dowletinin Mzungerere obasy tutushlygyna Yslamy saylady – musulman boldular.

    Allah dowamyny hasam bereketli etsin enshallah.

  11. Dost- sen Injili kabul edyan diýýärsiňde, Injiliň aýdýanlaryny kabul etmeýärsiň. Şu erde ýazylan her bir makala we radio gepleşik Injile esaslanyp düzülen. Meniň saňa berýän jogaplarym hem Injile we ondan öňki pygamberleriň kitaplaryna esaslanan! Injili kabul edýän bolsaň onda Ony okap gör we ondaky aýdylan sözleri ýüregiňe sal, şonda sen hakykata göz ýetirersiň! Injili okaman we ondaky ýazylanlary kabul etmän durup men olara ynanýan diýmek bolsa, ruhy körlük bolýar!
    Indi bolsa soňky ýazan komentiň barada, naçe adamyň bu dinden ol dine geçeni, bu dinden ol dine geçýänleriň belli ynsan bolmagy o ýoluň ýada bu ýoluň hakdygyny tassyklamaýar. Hakyň hakdygyny, Hakyň sözi tassyklaýar. Hakyň Sözi bolsa Töwrat, pygamberleriň ýazgylary, Zebur, Injilde doly beýan edilendir! Hatda seniň okap ynanýan Kuranyň hem şolara salgylanýar we olary okap iman getirmegi buýurýar! Isa Mesih hakynda bolsa Kuran, Hudaýyň Sözi ýagny RuhAllah we Hudaýyň Ruhy, ýagny RuhAllah diýip şaýatlyk edýär. Eger sen hakykaty kabul etjek bolsa onda Hudaýyň Sözi bolan Isa Mesihi ýüregiňe kabul etmelisiň, şonda seniň ruhy gözleriň açylar, günäleriň bagyşlanyp baky ýaşaýşa ýetersiň, ýüregiňde bolsa baky dynçlyk we şatlyk emele geler!
    Isa Mesihiň dünýä ynsanyň janyny dowzah odundan halas etmäge gelendigi üçin hem Isa Mesih hakynda kitaba Injil, ýagny Hosh Habar diýilýär! Sen Injili kabul edýän diýipde, onuň Hosh Habardygyny ret edýärsiň! Eger sen Hudaýyň seniň uçhin Hosh Habaryny ret etseň, Hudaý seni kabul edermikä? Hudaýyň hakykatyna muňkur gelmek gaty erbetdir!

  12. A sen bolsa her gezek Kurandanam mysallar beryan emma name uchin ony tassyklap tassyklamayanyn sebabini aydanok? Ustesine-de Kuran ahli yerde shol bir Kuran. Shayy bolan Eyranyn Kuranlaram, Turkiyedaki, Saud Arabystandaky Kuranlaram hemmesinin hatda sahypa sany, her sahypanyn gutaryan ayatyna chenli biri-biri bilen den gelyar. Senin shu wagtky undeyan Injilin bolsa her yerde bir hili. Men onun hakyky Alla Tagalanyn Isa aleyhisselama iberen kitabydygyna ynanamok. Hany onun hemme yerde shol bir Injildiginin delilleri? Soraglaryma gatyrganmanda sypdyrman jogap bersen begenerdim DOSTYM!

  13. Gaty gorme welin beryan suwsyz gurak jogaplaryn bilen sizin yolunyza bolan onkuje garayshymam peseldyaniz.

  14. Kuranda kabir hakykatlar aydylandygyny men tassyklayan, eger Kuran ozunden onki Kitaplardaky taglymatlary tassyklasa onda men shol zatlary tassyklayan.
    Sen Injil hakynda hich hili hakykata esaslanmaya musulmanlaryn her gezek ayak dirap dyzap duryan Injil utygedilipdri diyen zady gaytalayan. Injilin utygedilendigine hich hili delil yok. Munun deregine Injilin gadymy golyazmalary yagny hatda Gurhandan hem onki dowurlere, hatda 1-2, 3 asyralar degishli Injilin original golyazmalary shu wagt hem muzeylerde, ylmy barlag institutlarynda saklanyp gelinyar. Bu gunki bar bolan her durli dillerdaki Injil hem shol original dildaki Injilden goni terjime edilendir.
    Musulmanlar 11-12 asyra chenli yagny 1300 yullara chenli Injil utygedilipdir diyen dushunjani hich hachan aytmandyrlar, gelip shol yullarda Kuranyn we Injilin taglymatynyn kop erde gapma garshy gelendigini dushunen kabir musulman alymlar bu dushunjani one surup bashlapdyrlar. Hatda Kuran hem Muhammet hem Injil uytgedilipdir dien dushunjani one surmeyar. Sebabi Kuran Towrady, Zebury, pygamberlerin yazgylaryny we Injili okamagy we ona iman etmegi undyar! Elbetde kabir yagdaylarda Muhammet Yahudileri Hudayn sozuni ozleriche ulanyp nadogrulyklar edendigini tankytlayar, emma bu diydigi Hudayn sozunin uytgedilendigini anlatmayar. Her bir dinde hem hakykata eyerman, Hudayn sozuni ozleriche oz peydasyna ulanjaklar tapylypdyr we tapylar, yone Huday Oz sozuni gorjaklary onun hakykatynda gezjekleri saklayandyr! Eger kimdir biri Hudaydan bolup Hudayn sozi uytgedilyar dise onda ol Hudayn Oz sozuni gorajagyna shubhelenyandir. Huday Oz sozuni gormagay basharyandyr we gorandyr!Shonun uchin dostym hich bir delile esaslanmadyk Injil uytgedilipdir dien dushunjani kellanden ayray, chunki bu dushunje bilen seni Sheytan hakykaty bilmekden saklayar! Injil diymek Hosh Habar diymek, yagny adamzady halas etmek baradaky habardyr, eger bu sheyle in wajyp habar bolsa Onda Huday Injili goramazmy, elbetde gorar, chunki Huday her bir ynsanyn, her bir milletin Oz yanynda gutulmagyny we Onun jennetinde bolmagyny isleyandir!

  15. Sen menin soragyma jogap berenoga. Onda name uchin her yerde Injil bashgacha. Rus dini kanalynda hem Injilin durluligi barada jedelli soraglar hakynda gepleshik berildi. A sen muna name diyjek. Ay bolyarda indi sana soz men gaydyp bu sahypa girjek dal, bu elbetde sana zelel etmez. Allah Semi we Basirdir. Enshallah seninem kalbyny bir gun dogry yola ugrukdyrar, sende iman bar yone nasazrak ugurdarak. Menin bu sozlerime jogap yazjak bolsan onunden aydayyn men seni gutlayan. Sebabi sende hachanam bolsa bir gun dogry yolun tapjakdygyn alamatlary bar. Enshallah sheyle-de bolayadyda.

  16. Dost, men senin soragyňa jogap berdim, ýöne seniň eşitmek isleýän jogabyň däl-di! Hakykat hemişe hem ajy bolýandyr. Injiliň originallary hemişede bir boluşlylygyna galýar we hiç hili tapawutsyzdyr. Olardan bolan terjimeler hem dogry terjime edilendir, elbetde her bir dilde her hili sözler ulanylýar, ýada diňe bir dilde hem gadymy terjimelerden täze terjimeler käbir täze we köne sözleri ulananda tapawutly sözler ulanmagy mumkin, ýöne esasy söz manylary saklanyp galynýar. Kuran hem dürli dillere terjime edilende şeýle bolýar. Bilşiň ýaly Kurhan hem dürli dillere terjime edilip öwrenilýär.
    Sen ene bir gezek Injile şubheli seredip Hudaýyň Gudratyguýçludigine şubhe ýetirýärsiň!
    Ýene bir zat eger Injil üýtgedilen bolsa, sen maňa bütin Injiliň üýtgedilmegini görkezmelisiň, Injiliň üýtgedilendigini aýtmak üçin sende hem delil bolmaly, men bilýän we öwrendim muňa hiç hili delil ýok. Bilýän musulman alymynyň beýleki ilkinji Injile esaslanyp, islamyň taglymatyna garşy gelýän ýerlerini özleriçe üýtgeden 1300 ýullara degişli Injili bar diňe şol, ol hem onuň näme sebäpden ýazandygyny görkezýär. Men birzady öwrenip saňa aýdýan, öz özümden pikirimi aýdamok!
    Eger hakykaty biljek bolsaň diskusiamyzy dowam etdireliň!Başga hiç erde saňa hakykaty düşündürjek we bu hakynda açyk gürrüň etjek er tapmarsyň!
    Saňa ahli ýagşylyklary arzuw edýärin!

  17. Men-de sana bashga zat diyjekdal sen-de hak yoly tapjakdydyna umudym bar…Gork gork ol Allahyn onundaki boljak halyndan. Dunye zynatlandyrlan gecelgedir,munda onatja tohumlar ekip git,hos zatlar orarsyn yaly…

  18. Sen onda su gunki gun Injilin nace gornusi bardygy barada gozleg agtarys et. Men terjime manylaryna diyemok, olaryn duybunden uytgesik boleklerden duzulenleri bar. Bu yagday Injilin hakykatdygyny reddetmeyar, yone onun su gunki gune cenli ruhanylar tarapyndan oz nebislerine gora bozulandygyny gorkezyar. Emma Kuran hemme yerde-de 6666 ayatdan, 30 juzden ybaratdyr. Muny dunyanin islendik kunjeginde bilip bilersin. Hatda senin su wagtky bolyan yerindaki Kuranlary alda okap gor, sonda bilersin. Ozem senem Kurany Kerimi okap gor, ol senin borjun. Cunki adam dunya inende imanly dogyar elbetde. Onsonam men senin bilendiskusiya dowam etmage razy yone dine msn-de… Onun sebapleri kan. Gel wagt belleseli we msn-de dowam edeli. Men sana dine sorag sorayyn, sizem jogap berin.

    Uns berip okanyn ucin sag bolun!

  19. Gadyrly dost, yazan komentin uchin kop minnetdar! Men seni alyp baryan hoshnietli diskusiyan uchin minnetdarlyk bildiryarin! Injilin ahlisi hem biri birine doly manyda dogry gelyarler. Eger biri birinden duybunden tapawutlanyan Injiller bar bolsa sen mana mysal edip birini salgy beray! Eger sen Injildaki dort hosh habar hakynda aydyan bolsan onda olar biri birine gapma garshy gelman biri birini dolduryandyr! Isanyn dort sany shagirdi Isa hakynda gorenlerini we eshidenlerini Hudayn Ruhynyn yolbashchylygynda anyk we dolulygyna yazypdyrlar. Ruhanylarda, dushmanlarda, urush we betbagtchylyklarda, apu-tupanda Hudayn sozuni yok edip bilmeyar, Towrat, Zebur, pygamberlerin yazgylary we Injil bolsa Hudayn Sozudir, shol sebapli Huday Oz sozuni gorayndyr we gorandyr! Senin pikirnche ruhanylar kitaplary oz nebislerine gora uygedipdir diyarsin, emma bizin dowrumizde tapylan birinji asyra degishli we hatda bizin eramyzdan hem onki dowure degishli golyazmalary tapdylar, sholardaky yazgylar hem bizin dowrumizdaki yazgylara gabat gelyar. In esasy hem Isa Mesih shelyle diyyar, “Yer we gok gecher emma menin sozum asla gechmes”
    Men Kurany okap gordum, men ony okamakdan boyun gachyramok! Gurrun bu tayda Hosh Habar hakynda, iki sany hakykat bolup bilmeyar! Menin sana aytjak zatlarym gaty kan we seninde belki diyjek zatlary gaty kopdur, shol sebapli hem gel msn yada skype arkaly gurlesheris! Bu hepde men men gaty ishli, indiki hepde bir wagt bellap gurlesheris! Eger indiki hepdede senin hachan wagtyn bolsa mana email ustunden bildiray!

    Yagshy dilegler bilen,
    messenger

  20. Salam Murat, senden kopden bari habar yok! Sen msn arkaly gurlersheris diydinde, hich hili jogap yazmadyn! Men sana garashyp yorun, heniz bu pikirinde bolsan onda mana bildiray!
    Sana ahli yagshy arzuwlar bilen,
    Messenger

  21. Salam messneger!
    Men onki Myrat, yone men ozume anyk yol hokmunde Yslamy saylap aldym we munun omurlik galmagyny yuregime duwup, Yslam adyny goydum ozume, gechen 1.5 ayymam shol adymy pasportda-da uytgetmek uchin sarp etmeli boldum. Seni garashdyranym uchin ayyplashma, Ehad (yeke tak) bolan Allah nesip etse aprelin 10-laryna pasportda-da adym Yslam bolyar inshallah. Menin onki adymam turkmen ady, yone hakykata – Yslama bagdashyan yeri yok diyen yaly. Ony atam tarap goyupdyrlar, menin ejem ermeni, ozem ynanmak kyn bolsa-da ortadoks hristiyanlaryndan. Inshallah olam bir gun dogry yoly tapar – yone ol Muhammet pygamberin Hakyn resulydygyny kabul edyar, Isa pygamberinem Allanyn ogly dal-de ilchisidigine ynanyar – bu yagday bolsa ol hakynda mende umytlary oyaryar. MSN-e gezek galanda bizde ol yagdayy kynlasdyrdylar, emma men yene-de ertir achmakcy, atiyachdan spisogyna goshay – sheytan.hotmail.com

  22. Salam Yslam ildesh! Senden habar bolanyna gaty begendim! Senin chyn yurekden Hudaya boyun bolup yashamaga chalyshyandygyny we hakykaty gozleyandigin meni begendiryar we sana bolan hormaty mende osduryar. Msn uchin saylap alan adyn welin gaty elhench ekeni, pozitiw at goysan gowy bolardy!
    Men sen bilen dostlykly sohbetdeshligi dowam etdirmage umyt edyarin!
    Gowy arzuwlar bilen,
    messenger

  23. Dost seni hem şu çaka çenli sabyr edip gezenin üçin msn arkaly söhbetdeşlige çagyryaryn. Men ayda 13 gün her günem Aşgabat wagty bilen 12-13 we 19-22 arasy msn-de bolyan. Şonda gürründeşlik geçireli. Bolmasa özüne bolyan güni we sagady mana bildir, men şol wagt inet-e girjek bolaryn. İslesen yahoo-da bolmasa-da msn-de yslam@hotmail.com

    Görüşyançak sag bol

  24. Dost, galdyran yazgyn uchin we hoshnietli gatnashykdalygyn uchin kop sagbol! men hokman sen bilen msn yada yahoo arkaly gurlesherin. Senin shol gorkezen wagtynda men hem internetde boljak bolup chalysharyn! Huday islese, tiz wagtda gurlesheris!
    Sana gowy arzuwlar bilen!

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *