TÜRKMEN ILIME HOŞ HABAR

Gutulyş Uçgynlary

28th November 2007

Gutulyş Uçgynlary


Ýalňyzlygym Seniň bilen ikiçäk
Oturyp derdimi dökesim gelýär.
Hasratly ýürekde küle öwrülen
Umyt uçgunlarny ýakasym gelýär.
 
Ýaňadan köz edip ol uçgunlary,
Lowlap duran oda öwresim gelýär,
Ynsanlaryň buza dönen kalplarny
Şol oduň howruna çoýasym gelýär.
 
 
Razy, eger görüp bilsem buzlaryň
Ot öňünde ejizleýän pursatyn.
Onda ykbaldanam bolardym razy,
Bagş edenine ýalňyzlygyň kysmatyn.


 

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

27th November 2007

Musurli musulman radikal islamçynyň Isa Mesihe imany barada wideo ýazgy!

khalil-b.jpg
Musulman radikalçynyň Isa Mesihi düýşünde görüp täze durmuş alyşy barada wideo ýazgy!

Halil (Musürli) – Müsürli radikal terorist, zalym adamöldüriji Isa Mesih oňa düşünde görünenden soň bagyşlaýşy, söýgüden doly ynsana öwrülýär. Yahudileri we Mesihilileri ýigrenýän Mukaddes Kitaby ýalana çykarmak üçin işleýär emma Mukaddes Kitabyň dogrudygyna göz etirende we Isa Mesih oňa görünende onuň durmuşy dolylygyna çalyşýar!

Siz bu wideo ýazgyny arab dilinde görüp bilersiňiz, onda iňlis dilinde subtitle bar! Biz geljekde bu ýazgyny Turkmen diline terjime edip size hödürläris! Şu aşakdaky linke basyň:
Halil

posted in Durmuşyň Manysy näme, Гозлеглер ве ачышлар, Шахсы шаятлык | 26 Comments

27th November 2007

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Kalba aralaşar Mukaddes söýgi

Taňryny tanamak—söýgüleň beýgi

Göwnüňden ýok bolar gussadyr gaýgy

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Biynjalyk etmez dünýe gaýgysy

Gulagyňa ilmez şeýtanyň sesi

Ýardam berer her dem Rebbiň söýgüsi

Hudaý duçar etse merhemetine

 

Hudaýyň Mukaddes Ruhundan dogan

Adamzat ýazygyn üstüne alan

Direlip, Atanyň sagyna baran

Isa duçar etsin merhemetine

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd November 2007

Halasgärim Sereder

Adam gussa batanda,
Hudaý diýip ýüzlener
Çyn kalbyndan çagyryp
Ýüreginden er berer.

Halasgärim sereder
Onuň perýat ahyna
Günälerin bagyşlap
Oň kalbyna nur berer

Huzyryndan gaçmaň siz
Iblise ýol açmaň siz
Ýaşaýyş, hak, ýol barka
Başga ýola gitmäň siz

Şöhratlalyň biz Ony
Aýdym aýdyp şanyna
Buýrugyn berjaý edip
Baralyň Oň ýanyna.

posted in Шахсы шаятлык | 0 Comments

22nd November 2007

Mattanyň Hoş Habary

Matanyň Hoş Habary

posted in Kitaplar | 0 Comments

20th November 2007

Penamdyr Taňrym

Penamdyr Taňrym

Adam ogly senden alyp dowamat,
Ten içre jan beren binamdyr Taňrym.
Iman edenlere berip keramat,
Müň beladan goran galamdyr Taňrym.

Seň ugruňda ençe çekdim pygany
Dowzahyň ýolundan sowduň bu jany
Ogluň gany bilen ýuwdyň günämi
Isa halasgärim penamdyr Taňrym

Bu dünýäde ömür salym Sendedir
Mukaddes Ruhuňda halym Sendedir
Ähli barym dunýe malym sendedir
Dilimde dessanym senamdyr Taňrym.

Ynsan üçn gökde gurup bossany
Halas etdiň iman eden hassany
Näçe aýtsam ýürekdäki kyssamy
Sözleriň röwşeni kelamdyr Taňrym

 

posted in Durmuşyň Manysy näme | 0 Comments

1st November 2007

Duşuşyk Çadyry


Salam gadyrly ildeşler, biz size “Duşyşyk Çadyry” atly radio gepleşigimizi hödürlemek isleýäris! Diňläp bereketlenersiňiz diýip umyt edýäris! Bu gepleşik Hudaýyň Mukaddes Ýazgysy bolan Töwratdan taýýarlandy.

Duşuşyk Çadyry

posted in Radio | 0 Comments

1st November 2007

Ýüregiňiň Gapysyny Halasgär Kakýar

Ýüregiňiň Gapysyny Halasgär Kakýar

Ýapyk gapylar agzynda durup,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Jogap ýok, şonda-da dur garaşyp,

Kimdir biri kakýar.

Gaýtalama:

Gapynyň agzynda Halasgär dur,

Mähir bilen ýuwaş kakýar!

Kalbyňa çagyr, Ol halas eder,

Ene Isa kakýar.

Ýürekde şatlyk ýok, diňe gaýgy,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Ýürege rahatlyk bermek üçin,

Kimdir biri kakýar.

Ynsap ýürege dynçlyk bermeýär,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Çagyryş sesleri gaýtalanýar,

Kimdir biri kakýar.

Çagyryş güýçli eşidilip dur,

Kimdir biri ýadaman kakýar!

Günäkär ýürekden ýüzlen Oňa!

Kimdir biri kakýar.

posted in Radio | 0 Comments

  • Gundelik Yazgy

  • "Hudaý bize bolan söýgüsini biz entek günäkärkäk, Mesihiň biziň ugrumyzda ölmegi bilen görkezdi. Şeýle, Onuň gany bilen şu wagt aklanyşymyz ýaly, Ol arkaly gazapdan gutuljagymyz hem has anykdyr. Sebäbi duşmankak, Oglunyň ölümi arkaly Hudaý bilen ýaraşan bolsak, ýaraşyk edenimizden soň, Onuň ömri bilen gutuljagymyz has anykdyr. Diňe bu hem däl, Rebbimiz Isa Mesih arkaly Hudaý bilen magtanýarys. Biz ýaraşygy Mesih arakly aldyk."
  • Rimliler 5:8-10